Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň gündelik wezipeleri we möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Aşgabat şäheriniň häkimi, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary çagyryldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp, gün tertibine girizilen meseleleriň möhümdigini belledi we hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Ol öz gözegçilik edýän düzümlerinde we pudaklarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işi hakynda hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny yzygiderli we hemmetaraplaýyn goldamagyň netijesinde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli maksatnamalary, şol sanda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" amala aşyrmaga kiçi we orta telekeçiligiň gatnaşmagy işjeňleşdi. Täze iş orunlaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalaryny uzakmöhletleýin karzlar bilen üpjün etmek maksadynda önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda ýöriteleşdirilen hususy kärhanalary we telekeçileri ýeňillikli karzlaşdyrmak ýola goýuldy.
Şu ýylyň dokuz aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça umumy haryt dolanyşygy 1,6 milliard manada deň boldy, ösüş depgini bolsa 120 göterime ýetdi. Ilata 119 million manatlyk möçberinde hyzmatlar edildi, şonda ösüş depgini 123 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde ilaty iş orunlary bilen üpjün etmek boýunça görkeziji 1,5 esse ýokarlandy. 2012-nji ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan bahasy 1 milliard 290 million manatlyk gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 2,1 esse köpdür.
Türkmen telekeçileri Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän sergilere, işewürlik maslahatlaryna we ýarmarkalaryna işjeň gatnaşýarlar. Bularyň hemmesi ýurdumyzyň hususy ulgamynyň sazlaşykly ösýändigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Döwletimiziň geljekde hem telekeçiligi höweslendirmek we maksatlaýyn goldamak meselelerine uly üns berjekdigini belläp, milli Liderimiz durmuş-ykdysady ösüşiň maksatnamalaryny we täze taryhy eýýamda ýurdumyzda amala aşyrylýan düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmekde hususy ulgamyň kuwwatyny we mümkinçiliklerini has işjeň ulanmagyň möhümdigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Döwlet protokoly we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri M.Nazarow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň 1-2-nji oktýabrda ýurdumyza boljak resmi saparynyň maksatnamasy barada hasabat berdi. Aşgabada boljak saparyň çäklerinde ýokary derejede türkmen-özbek gepleşiklerini geçirmek we onuň jemleri boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan oňyn daşary syýasat ugruna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklamak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň öňde boljak resmi sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypany ýazar diýip nygtady. Ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň okgunly depginini kanagatlanmak bilen belläp, hormatly Prezidentimiz türkmen we özbek halklarynyň mizemez dost-doganlyk aragatnaşyklary bu netijeli özara hyzmatdaşlygyň berk binýady bolup hyzmat edýär diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu gürrüňi dowam etmek bilen, hyzmatdaşlyk boýunça ozal toplanan baý tejribäniň nukdaýnazaryndan nobatdaky ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň ähmiýetine ünsi çekip, olaryň iki tarapyň hem bähbitlerine we goňşy ýurtlaryň abadançylygyna gabat gelýändigini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň maliýe ministri D.Sadykow özüniň ýolbaşçylyk edýän edarasynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem 2013-nji ýyl üçin ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, esasy maliýe meýilnamasynyň düzülmegi durnukly ykdysady ösüşi saklamaga, ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmäge, döwlet çykdajylarynyň netijeliligini üpjün etmäge we umuman, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň döwlet býujetiniň girdeji bölegi nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk ýaly möhüm önümçilik pudaklarynyň hasabyna düzüldi. Obasenagat toplumy, ulag, aragatnaşyk, dokma we azyk senagaty hem okgunly depgine eýe bolar. Garaşylyşy ýaly, 2013-nji ýylda girdejiler döwlete degişli bolmadyk kärhanalaryň işini ösdürmegiň we höweslendirmegiň, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegi üçin amatly şertleri döretmegiň hasabyna ösdüriler.
Öz hasabatynyň çäklerinde maliýe ministri şu ýylyň oktýabr aýynda türkmen wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasyna boljak saparyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. Biziň wekiliýetimiz ykdysady meseleler boýunça Ýewropa toparynyň forumynyň işine gatnaşar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny, umuman, makullady we Mejlisiň deputatlarynyň garamagyna hödürlemegiň boljakdygyny aýtdy. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň ähli agzalaryna ýüzlenip, welaýatlaryň häkimleri bilen bilelikde bu möhüm maliýe resminamasynyň taslamasyny ýene-de bir gezek ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.
Täze ýyl üçin Döwlet býujeti düzülende, biz ýurdumyzyň etraplarynyň ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmäge, ilkinji nobatda, ilaty arassa agyz suw bilen üpjün etmek baradaky Baş maksatnamany durmuşa geçirmäge uly üns bermelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz medeni we bilim ulgamlarynyň desgalarynyň, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna gönükdirilýän serişdeleriň möçberleriniň artdyrylmagyny göz öňünde tutmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz dünýäniň ähli döwletleri we esasy halkara düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini nygtap, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar üçin daşary ýurtlaryň maýa goýumlaryny çekmek maksadynda Ykdysady bähbitleriň Ýewropa toparynyň birinji Ýewraziýa ykdysady telekeçilik maslahaty ýaly derwaýys çäräniň mümkinçiliklerini giňden ulanmagyň wajypdygyny aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa çykyş edip, milli parlamentiň alyp barýan jemgyýetçilik we kanun çykaryjylyk, durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esasyny pugtalandyrmaga we ösdürmäge, Türkmen döwletiniň halkara başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilen çäreler hakynda aýtdy. Mejlisiň ýolbaşçysy häzirki wagtda işlenip taýýarlanylýan we degişli edaralaryň hünärmenleri bilen ara alyp maslahatlaşylýan täze kanunlaryň taslamalary barada habar berdi. Hususan-da, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillendirilmegine, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, elektron resminamalaryň girizilmegine, ilatyň durmuş goraglylygyna, milli taryhy-medeni mirasy goramaga, standartlaşdyrmaga we beýlekilere degişli kanunçylyk namalarynyň taýýarlanylyşy hakynda aýdyldy.
Mejlisiň Başlygy şeýle hem döwlet Baştutanymyza deputatlaryň Lebap we Mary welaýatlaryna bolan iş saparlarynyň netijeleri barada habar berdi. Deputatlar etraplaryň birnäçesine baryp, ýerlerde ýaşaýyş-durmuş düzümleriniň ösdürilişi, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň, söwda we medeniýet edaralarynyň, hususy kärhanalaryň we beýlekileriň işleri bilen tanyşdylar. Saparlaryň çäklerinde ýerli ýaşaýjylar, şol sanda geňeşleriň agzalary, ýaşulular, pagtaçy kärendeçiler we oba hojalyk önümlerini öndüriji telekeçiler bilen duşuşyklar geçirildi. Şol duşuşyklaryň jemleri boýunça maslahatlar geçirilip, ýüze çykarylan kemçilikleri düzetmek we milli ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmegi tizleşdirmek babatynda ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Ýaşulularyň maslahatyny guramaga we geçirmäge görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, Mejlis tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, welaýat häkimlikleri we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde oňa taýýarlyk görmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, ýurdumyzda syýasy medeniýetiň derejesini ýokarlandyrmaga, raýat edaralarynyň kemala gelmegine we demokratik gymmatlyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen, parlamentiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna Mejlisiň deputatlarynyň ünsüni çekdi. Hormatly Prezidentimiz ähli kanun çykarjylyk işi jemgyýetiň bähbitlerine gulluk etmelidir diýip aýtdy, çünki halkyň saýlan wekilleriniň esasy wezipesi ähli ilatyň bähbitlerini goramakdan, ýerlerdäki ýagdaýlara öz oňyn täsirini ýetirmekden ybaratdyr. Şunda anyk işlerde adamyň kanuny hukuklarynyň üýtgewsizdigini üpjün etmegiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz döwletiň ileri tutýan durmuş syýasaty we milli kanunçylyk berjaý edilmelidir diýip nygtady.
Kanun çykarjylyk işinde öňdebaryjy tejribäniň öwrenilmeginiň we milli hukuk tejribesine ornaşdyrylmagynyň möhümdigini nygtap, milli Liderimiz şunuň bilen birlikde Mejlisiň deputatlarynyň jemgyýetçilik düzümleri, ýerli häkimiýet edaralary bilen Ýaşulularyň maslahatynda garaljak meseleleri taýýarlamak boýunça bilelikde işlemeginiň möhümdigini aýratyn belledi.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy B.Şamyradow 18-21-nji sentýabrda Awstriýa Respublikasynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň garrylygyň meseleleri boýunça ministrleriň derejesinde geçirilen maslahatynyň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
«Ähli ýaşdakylar üçin jemgyýetiň kepillikleri: garrylaryň ýaşaýş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak» diýen şygar bilen geçirilen maslahata Ýewropadan, Amerikadan, GDA-dan gatnaşan kyrkdan gowrak döwletiň wekilleri gartaşan adamlaryň durmuş gurşawynda, şol sanda zähmet bazary ýaly ugurda birleşmegi, tutuş ömrüniň dowamynda hünär bilimini dowam etmek mümkinçiligi, saglygy goraýşy we beýleki ugurlarda möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaşuly nesil, olaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada edilýär diýip belledi. Pensiýa çykan ýaşululara eger işlemek isleseler ýardam berilýär. Olara saglygy goraýyş we gündelik durmuş hyzmatlarynda ýeňillikler döredilýär.
Her ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanda, bütin dünýäde bolşy ýaly, Ýaşulularyň halkara güni giňden bellenip geçilýär. Oňa umumymilli dabaranyň derejesi berildi. Bu hem ýaşululara uly hormat goýulýandygyny aňladýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygyna, wise-premýerlere hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýaşuly adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, şeýle hem bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, zerur bolan halatynda bu babatda degişli teklipleri taýýarlamak bilen bagly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Ýaşulularyň halkara gününi baýram etmek bilen bagly meseläni gozgap, bu senä gabatlanan çäreleri giňden we dabaraly ýagdaýda geçirmek, ýaşuly nesliň wekillerine toý sowgatlaryny gowşurmak barada görkezme berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamynda geçirilýän işler, şeýle hem döwlet Baştutamyyzyň medeniýet we habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň öňünde goýýan wezipelerini amala aşyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.
15-16-njy oktýabrda Aşgabatda GDA-nyň agzasy bolan ýurtlaryň döredijilik we ylmy işgärleriniň VII maslahatyna taýýarlyk görmek hasabatyň esasy meselesi boldy. Bu maslahata görnükli medeniýet, ylym we bilim işgärleri, döwletara düzümleriniň, halkara guramalarynyň we Arkalaşygyň ýurtlarynyň jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşar.
Alnyp barylýan taýýarlyk işleri hakynda jikme-jik habar berildi. Hususan-da, döwletara maslahatynyň guramaçylyk meselelerine we baý mazmunly maksatnamasyna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerinde türkmen paýtagtynda GDA-nyň agzasy bolan ýurtlaryň ylmy we döredijilik işgärleriniň nobatdaky maslahatyny geçirmegiň aýratyn möhümdigini belledi.
Öňde boljak maslahatyň goňşy ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmäge we berkitmäge, Arkalaşykda gumanitar hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we netijeli gatnaşyklaryň täsirli usullaryny döretmäge gönükdirilendigini belläp, milli Liderimiz maslahatyň maksatnamasy boýunça meýilleşdirilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmegiň meselelerini gozgap, olary berk gözegçilikde saklamagyň, degişli düzümleriň sazlaşykly işlemeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berildi. Ol ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Hususan-da, bellenen meýilnama laýyklykda welaýatlarda pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaýyň ekişiniň dowam etdirilýändigi bellenildi. Galla ekilen meýdanlarynyň köpüsinde eýýäm endigan gögeriş gazanyldy. Mundan başga-da, maldarçylyk hojalyklarynda gyşa taýýarlyk görmek işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi baradaky meseläniň üstünde durup geçip, welaýatlarda, aýratyn hem Ahal we Balkan welaýatlarynda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglanyşykly käbir düýpli bellikleri aýdyp, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryndan degişli çäreleri görmegi hem-de ýol berlen kemçilikleri aradan aýyrmagy talap etdi.
Milli Liderimiz şeýle hem täze hasylyň binýady goýulýan ekiş möwsümini öz wagtynda tamamlamagyň möhümligini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň öňünde duran jogapkärli wezipelere ünsi çekip, olaryň toplumlaýyn çemeleşmeler esasynda çözülmelidigini belledi. Şunda oba ilatynyň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmaga aýratyn üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradowa söz berildi. Ol Baş prokuratura tarapyndan Aşgabadyň daş-töwereginde agaç nahallaryny oturtmak işleriniň alnyp barlyşy we olara talaba laýyk ideg edilişi boýunça geçirilen barlaglar barada hasabat berdi. Şol barlaglaryň barşynda düýpli kemçilikleriň birnäçesi ýüze çykaryldy. Hususan-da, bu Suw hojalygy, Demir ýol uluglary, Gurluşyk, Maliýe ministrlikleriniň, şeýle hem «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň we «Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň işlerine degişlidir. Baglara ideg etmek babatda paýtagtymyzda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda kemçiliklere ýol berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekilen agaç nahallaryna şeýle geleňsiz garalmagynyň ylalaşyp bolmajak ýagdaýdygyny aýdyp, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň örän möhümdigini nygtap, onuň adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin wajyp ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýüze çykarylan kemçilikleri çalt aradan aýyrmagy talap edip, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ählisine degişli meýdanlarda baglara göwnejaý ideg edilmeginiň talabalaýyk ýola goýulmagynyň üpjün edilmegi barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory A.Oraznazarow atçylyk sportuny ösdürmekde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak we tejribe alyşmak üçin, 20-25-nji sentýabrda Awstriýa Respublikasyna bolan iş saparynyň netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Ol iş saparynyň barşynda Imperator athanasyna, atly gezimiň ýokary mekdebine, athanalara barlandygyny, şol ýerde bedewleri ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan hünärmenler bilen duşuşyklaryň geçirilendigini aýtdy.
Soňra A.Oraznazarow at çapyşyklaryny guraýjy «Grand-Pri-Pariž» komitetiniň döwlet Baştutanymyza Fransiýa gelmek baradaky çakylygyny gowşurdy. Ol ýerde, meşhur «Lonşan» aýlawynda abraýly «Ark de Triumf-2012» atly atçylyk sport ýaryşlary geçiriler, oňa türkmen çapyksuwarlary hem gatnaşar.
Döwlet Baştutanymyz, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çakylygy kabul edip, şu ugurda Türkmenistanda geçirilýän giň gerimli işleriň esasy maksady ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýä dolan şöhratyny artdyrmak, şeýle hem daşary ýurtlarda arassa ganly ahalteke bedewleriniň hasaba alynmagyna gözegçilik etmek, halkara atçylyk sport ýaryşlaryny guramak, daşary ýurtly atçylyk guramalary bilen tejribe alyşmak arkaly hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar diýip belledi.
Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň atşynaslaryndan, seýislerinden, çapyksuwarlaryndan we atçylyk bilen meşgullanýan beýleki hünärmenlerinden ybarat bolan toparyň bu möhüm ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, Pariže boljak sapary dünýäde ahalteke bedewleriniň taryhy gymmaty, türkmen seýisleriniň we çapyksuwarlarynyň sungaty bilen tanyşdyrmaga ýardam eder diýip, Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara şol toparyň iş saparyny guramak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Bize Türkmenistanda hem iri halkara atçylyk sport ýaryşlaryny geçirmek üçin degişli şertleri döretmek, bu ugurda iň gowy dünýä tejribesini düýpli öwrenmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Biziň ýurdumyzda atçylyk pudagyny we atçylyk sportuny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär, mundan başga-da, çapyksuwarlar üçin egin-eşikleri, atçylyk sporty bilen meşgullanmak üçin beýleki serişdeleri satyn alar ýaly ýöriteleşdirilen dükan açylsa, maksadalaýyk bolardy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa we «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory A.Oraznazarowa ýüzlenip, ýurdumyzyň atşynaslaryndan, seýislerinden, çapyksuwarlaryndan we atçylyk bilen meşgullanýan beýleki hünärmenlerinden ybarat bolan topary Fransiýa Respublikasyna iş saparyna ibermek boýunça zerur işleri geçirmegi, bu meselä örän jogapkärli çemeleşmegi tabşyryp, Gran-Pri Pariž-2012 «Ark de Triumf» atly halkara at çapyşyklaryna ykjam taýýarlyk görmek barada anyk görkezmeleri berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew öz gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy we gurluşyk senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat bilen çykyş etdi. Döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar bermek bilen, wise-premýer Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak baradaky teklipleri aýtdy. Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasynda» bellenilen ileri tutulýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda bina edilýän iri panelli ýaşaýyş jaýlaryndaky gurluşyk işleriniň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen Aşgabatda we Abadan şäherinde ýerleşýän iri panelli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin gurluşyk materiallaryny öndürýän zawodlaryň, şeýle hem Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigi yglan edildi. Onuň jemleri boýunça «Türkmen Enjam» hojalyk jemgyýetiniň taslamasy kabul edildi.
Hasabatyň çäklerinde her ýylyň oktýabr aýynyň 6-synda Türkmenistanda bellenilýän Milli matam gününe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Türkmenistanda senagat we durmuş-medeni maksatly desgalaryň ýüzlerçesiniň bina edilýändigini bellemek bilen, gurluşyk senagaty pudagynda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň peýdalanylmagynyň we iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Munuň özi ýurdumyzda öndürilýän köp görnüşli, ýokary hilli gurluşyk we timarlaýyş materiallaryň öndürilişini artdyrmaga ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Milli Liderimiz hödürlenen Kararyň taslamasyny tutuşlygyna makullap, oňa gol çekdi we onuň öz wagtynda we gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Milli matam güni bilen baglanyşykly mesele barada durup geçip, 1948-nji ýylda Aşgabat ýertitremesinde wepat bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan çäreleriň ählisini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça 23-25-nji sentýabrda London şäherine (Beýik Britaniýa) amala aşyrylan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Saparyň barşynda türkmen wekiliýetiniň agzalary International Prorety Awards Europe abraýly halkara baýragynyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşdylar.
Bu abraýly bäsleşigiň ýeňijileriniň hataryna ilkinji gezek Türkmenistan hem girdi. Şäheriň häkimi baýraga «Bagt köşgi» we «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň taslamalarynyň mynasyp bolandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu gazananlary tassyklaýan resminamalary gowşurdy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň okgunly ösýändigni, daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýandygyny belläp, jemgyýetimiziň medeni we ruhy durmuşynda uly özgerişlikleriň amala aşyrylýandygyny kanagatlanmak bilen nygtady. Häzirki döwürde paýtagtymyzy ösdürmegiň şähergurluşyk maksatnamasynyň ägirt uly özgertmeleri öz içine alýandygy bellärliklidir. Aşgabadyň ajaýyp ýerleriniň ikisiniň abraýly halkara sylagyna mynasyp bolmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we degişli ýolbaşçylara welaýatlaryň merkezleriniň ählisinde şeýle desgalaryny gurmak barada degişli tabşyryklary berdi.
Soňra mejlise çagyrylan Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew häzirki alnyp barylýan işler we döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda edaranyň düzüminiň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösdürilmegi netijesinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň möçberiniň artmagy, ähli pudaklar we ulgamlar boýunça döwlet maksatnamalarynyň hem-de meýilnamalarynyň kabul edilmegi bilen baglanyşyklylykda, olaryň bellenilen möhletde we ýokary hilli ýerine ýetirilişine, işleri döwrebap kämilleşdirmek maksady bilen, edaranyň müdirlikleriniň we bölümleriniň iş ugurlary boýunça alnyp barylýan guramaçylyk işleri barada döwlet Baştutanymyza hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýokary gözegçilik edarasynyň häzirki döwürde alnyp barylýan döwlet ähmiýetli işlerde kadalaşdyryjy hukuknamalaryna gözegçiligi güýçlendirmek, baglaşylýan şertnamalaryň kanunylygyny üpjün etmek üçin zerurdygyny belläp, hukuk meseleleri boýunça gözegçilik müdirligini döretmäge hem-de hereket edýän müdirlikleriň işlerini alnyp barylýan iri maýa goýumlaryň netijeli özleşdirilişine we gurluşyklaryň öz wagtynda gurlup tamamlanmagyna berk gözegçilik etmekleriniň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem milli Liderimiz edaranyň ähli pudaklardaky işleriň ýagdaýyna geçirilýän barlaglaryň netijeliligini üpjün etmegi, bina edilýän desgalaryň ýokary hilli we öz wagtynda ulanylmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy we Ýokary gözegçilik edarasynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew ulag we aragatnaşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek boýunça geçirilýän işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer pudaklaýyn kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler, öz garamagyndaky desgalarda gurluşyk işleriniň barşy hakynda hem aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ulag toplumynyň düzümlerini ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulag-aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeleri we çäreleri tiz amala aşyrmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ähli gurluşyk işlerini bellenilen düzgüne laýyklykda we ýokary hilli geçirmegiň möhümdigini belläp, şu maksat bilen degişli edaralaryň işlerini utgaşdyrmak boýunça zerur işleri alyp barmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, howa gämilerine tehniki taýdan hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak we degişli ugurda Türkmenistanyň ilatyna edilýän hyzmatlary artdyrmak boýunça görülýän çäreleriň möhümdigine ünsi çekdi.
Soňra hökümet Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Hasabatyň çäklerinde ol gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, olaryň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, ulgamlary dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýer Sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň meseleleri barada habar berip, milli Liderimiziň garamagyna degişli kararlaryň taslamalaryny hödürledi.
Şeýle hem zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, zehinli çagalaryň arasynda her ýyl geçirilýän we öz hatarlaryna tutuş ýurdumyz boýunça ýüzlerçe çagalary çekýän bu bäsleşik ösüp gelýän ýaş nesli ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek, çagalaryň döredijilik taýdan ösmegini höweslendirmek we olaryň başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen guralýar. Ýarym ýyllap dowam eden bäsleşigiň jemini jemlejek, gowulardan-gowularyň gatnaşmagynda saýlama tapgyrlarynyň ýeňijileriniň – ýaş artistleriň uly konserti paýtagtymyzda geçiriler we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine badalga berler.
Hökümetiň Başlygynyň orunbasary 2014-nji ýylda giňden baýram ediljek beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berdi. Bu şanly senä bagyşlanyp geçiriljek çäreleriň maksatnamasynda şahyryň eserleriniň dürli dillerdäki kitaplaryny, onuň durmuşy we döredijiligi hakyndaky ylmy işleri çap etmek, dokumental we çeper filmleri döretmek, ylmy duşuşyklary guramak hem-de «Magtymguly Pyragy we umumadamzat gymmatlyklary» atly halkara ylmy maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Bellenilişi ýaly, öňde boljak dabaralar eýýäm häzirden başlap köp sanly daşary ýurtly hünärmenleriň we iri ylmy merkezleriň gyzyklanmasyna eýe boldy. Hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň «Juma al-Majid» Miras merkezinden Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty bilen bilelikde şu ýylyň noýabr aýynda Dubaý şäherinde beýik türkmen nusgawy şahyrynyň döredijiligine bagyşlanan halkara maslahatyny geçirmek barada teklip gelip gowuşdy. Bu Miras merkezi Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyny arap dilinde neşir etmek baradaky teklip bilen çykyş etdi. Şol halkara maslahatynda täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy hem geçiriler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda yzygiderli amala aşyrylýan düzümleýin özgertmeleriň bu pudaklary dünýä ülňüleriniň derejesine çykarmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň we Sport baradaky döwlet komitetiniň meseleleri hakyndaky Kararlara gol çekmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti bu ileri tutulýan milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ähli meseleleriň berk gözegçilikde saklanylmagyny, bu işde öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini hasaba almagyň zerurdygyny nygtamak bilen, milli aýratynlyklary hem nazara alyp, işleriň depginlerini gowşatmazlygy talap etdi. Gürrüň diňe bir düzümleri ösdürmek barada bolman, ýaş işgärleri taýýarlamak, halkara taslamalaryna gatnaşmak, bu pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň netijesinde dörän ähli mümkinçilikleri ýerlikli peýdalanmak barada barýar.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli bilim we terbiýe beriş ulgamlarynyň barha ösýän orny hakynda aýtmak bilen, milli Liderimiz zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda we goldamakda, türkmen ýaşlarynyň başarnyklaryny doly açmaga ýardam bermekde däp boýunça geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ähmiýetini nygtap, onuň jemleýji tapgyryny ýokary guramaçylyk derejesinde baýramçylyk dabarasynda geçirmek barada tabşyryk berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek işlerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Magtymgulynyň beýik döredijiligi türkmen halkyna bütin dünýäde şöhrat getirdi we diňe bir biziň halkymyzyň däl, eýsem, dünýäniň beýleki halklarynyň hem edebi hazynasyna uly goşant goşdy diýip, milli Liderimiz nygtady. Magtymguly Pyragynyň eserleri, çeperçilik kämilligi we paýhas çuňlugy bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolup, ol türkmen medeniýetiniň taryhyny öwrenýän edebiýatçy alymlaryň, köp ýurtlaryň Gündogary öwrenijileriniň ünsüni özüne çekýän iň meşhur şahsyýetleriň biridir. BAE-niň alymlarynyň bilelikde maslahat geçirmek we türkmen şahyrynyň eserlerini arap dilinde çap etmek baradaky tekliplerini goldamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde, halkara ynsanperwer gatnaşyklarynyň ägirt uly mümkinçiliklerini peýdalanmakda şunuň ýaly çäreleriň möhümdigini aýratyn nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.
Şeýle hem Türkmenabadyň himiýa zawodynda önümçilik kuwwaty ýylda 500 müň tonna barabar bolan kükürt kislotasyny öndürmäge niýetlenen sehiň gurluşygy babatda alnyp barylýan guramaçylyk işleri barada aýdyldy. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bu taslamany «Mitsubişhi Corporation» (Ýaponiýa) we «Renaissance» (Türkiýe) kompaniýalary bilen bilelelikde durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamanyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti üçin wajyp ähmiýetiniň bardygyny nygtap, ady agzalan kompaniýalar bilen degişli şertnama baglaşylmagyny makullady hem-de onuň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere degişli görkezmeler berdi. Şeýle hem milli Liderimiz täze önümçilik desgasynyň gurulmagynyň ýurdumyzyň himiýa senagatyny döwrebaplaşdyrmak we ony täze tehnikalar bilen üpjün etmek babatda möhüm ädim boljakdygyny aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisini dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz nygtaýşy ýaly, ägirt uly mineral serişdelerine eýe bolan Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmegiň strategiýasy ýerli çig maly doly ulanmaga, ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynyň himiýa önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň köpýyllaryň dowamynda suwa ýaşaýşyň we gülläp ösüşiň çeşmesi hökmünde garandygyny belledi. Suwa aýawly çemeleşmek baradaky sargytlar nesilden-nesle geçip gelipdir. Milli Liderimiz biziň ata-babalarymyzyň çylşyrymly suwaryş ulgamlaryny gurmak sungatyny doly ele alandygyny belläp, olaryň hatda çölde hem gülzarlyklary döredendigini aýtdy. Mysal üçin, Etrek derýasynyň aşaky akymynda Dehistan atly gadymy ekerançylyk mekany ýerleşipdir. Ol Maşat-Misserian diýlip hem atlandyrylypdyr. Eýýäm biziň eýýamymyzdan öňki III müň ýyllygyň ahyryndan biziň eýýamymyza çenli ata-babalarymyz bu ýerde ösen suwaryş ulgamynyň esasynda ekerançylyk bilen meşgullanypdyr.
Häzirki wagtda suwa aýawly çemeleşmek baradaky parasatly däpler täze eýýamyň giň möçberli özgertmelerinde üstünlikli dowam etdirilýär. Suwdan rejeli peýdalanylmagyny, ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek wezipelerini halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdik. Munuň özi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge oňyn täsirini ýetirýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz wise-premýerler A.Ýazmyradowa, B.Hojamuhammedowa we A.Ýegeleýewe ýüzlenip, Hazaryň kenarynda deňiz suwuny arassalamak boýunça birnäçe desgalary gurmak boýunça meseleleriň üstünde işlemegi tabşyrdy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi Balkan welaýatynda Maşat-Misserian tekizliginde tarp ýerleri özleşdirmäge we degişlilikde, bu ýerde täze oba hojalyk meýdanlaryny döretmäge kuwwatly itergi berer. Şol ýerlerde dürli oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmäge oňat mümkinçilik dörär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew çykyş edip, gözegçilik edýän düzümleriniň işine, ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň birnäçesini jikme-jik beýan etdi.
Hasabatyň çäklerinde biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň 22-24-nji oktýabrda Dubaý şäherinde (Birleşen Arap Emirlikleri) geçiriljek «Bütindünýä energetika maslahaty-2012» atly maslahata gatnaşmaga görülýän taýýarlygyň barşy hakynda habar berildi.
Global energetikany mundan beýläk-de ösdürmek, sazlaşykly energetika syýasatyny geçirmek we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly meseleler bu maslahatyň esasy meselesi bolar diýlip bellenildi. Munuň özi dünýäniň ykdysady we durmuş abadançylygynyň ösüşiniň möhüm şertleri bolup durýar. Bu maslahata BMG-niň agzasy bolan döwletleriň, iri halkara guramalaryň, dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalarynyň we ylmy-barlag merkezleriniň wekilleriniň, abraýly bilermenleriň we bu ugurda beýleki hünärmenleriň iki müňe golaýynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýişi ýaly, baý tebigy serişdelerine eýe bolan Türkmenistan olara milli ykdysadyýeti sazlaşykly ösdürmegiň möhüm şerti, türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň özboluşly kepili hökmünde garaýar. Şundan ugur almak bilen, biziň ýurdumyz öz energetika strategiýasyny yzygiderli amala aşyrýar. Tebigy gazyň çykarylýan we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak, dünýäniň iri bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak şol strategiýanyň möhüm ugurlary bolup durýar. Dünýä bazarlarynda bolsa energiýa serişdelerine bolan isleg durnukly artýar.
Şunda türkmen döwleti energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşmek bilen, köp ugurly gaz geçiriji ulgamyny döretmek babatda iri taslamalary amala aşyrýar, şeýle hem ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda öz halkara başlangyçlaryny oňe ilerledýär.
Gürrüň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda gyzyklanma bildirýän döwletleriň, kompaniýalaryň, halkara maliýe edaralarynyň gatnaşmagynda Sebitara energetika merkezini döretmek hakynda barýar. Ol önüm öndürijileriň, üstaşyr geçiriji ýurtlaryň we energiýa serişdelerini sarp edijileriň hukuklaryny we borçlaryny takyk düzgünleşdirmelidir.
Nýu-Ýorkda şu günler geçirilýän BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisiniň garamagyna hödürlenen Türkmenistanyň täze teklipleri şu işjeň nukdaýnazaryň tassyklanmasy boldy.
Energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň şu günüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň «Bütindünýä energetika maslahaty-2012» atly maslahata gatnaşmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk hem-de öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmek üçin alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.