Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Hökümetinde Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda medeni-gumanitar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyklaryň birnäçesine gol çekildi.
Gol çekilen resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşini utgaşdyrmak boýunça komitetiň arasynda başlangyç ylmy-barlag taslamalarynyň bilelikdäki bäsleşigini geçirmek hakyndaky, şeýle hem Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyklar bar.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ylmy-tehnologiýa hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyk gazanyldy. Bu iki dostlukly ýurduň ylmy toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge täze itergi berdi.
Ýokary derejedäki türkmen-özbek ylalaşyklarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň subutnamasy bolan şu günki gol çekilen resminamalar iki tarapyň hem gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugruna, iki doganlyk halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk aragatnaşyklaryny giňeltmek, ähli ugurlar boýunça söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ylmy-tehniki we medeni—gumanitar ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyna şaýatlyk edýär.
Däbe öwrülen hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we taraplaryň hoşniýetli erk-islegine, türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky doganlyk aragatnaşyklarynyň mäkäm binýadyna esaslanýan iki dostlukly ýurduň arasyndaky oňyn gatnaşyklar häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça baý tejribä eýedir. Dabara gatnaşyjylaryň pikirine görä, täze kabul edilen we ozal gazanylan ylalaşyklar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlaryny yzygiderli ösdürmekde we giňeltmekde anyk ädimleriň beýany bolup, eýýäm bar bolan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer.
Duşuşyga häzirki wagtda Özbegistan Respublikasynyň daşary ykdysady gatnaşyklar, maýa goýum we söwda ministri E.Ganiýewiň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtynda iş saparynda bolýan wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar.