Ï Paýtagtyň täze binalarynyň abraýly baýraklary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtyň täze binalarynyň abraýly baýraklary

view-icon 908
Hökümetiň düýnki geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, Aşgabat şäheriniň binagärlik gözellikleri International Prorety Awards Europe halkara baýragyna mynasyp boldy. Indi 18 ýyl bäri geçirilýän bu bäsleşige dünýäniň dürli ýurtlaryndan belli gurluşyk kompaniýalary gatnaşdylar. Baýraklar ugurlaryň 30-sy boýunça gowşuryldy.

Şu ýyl düzümine dünýäniň esasy binagärleri, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary, belli alymlar we ýazyjylar giren wekilçilikli eminler toparynyň garamagyna taslamalaryň müňüsi hödürlendi. Sylaglamak üçin geçirilen seçip almalar netijesinde dünýäniň 29 ýurdundan iň gowy taslamalaryň 128-si sylaga mynasyp boldy.


Ak mermerli paýtagtymyzda ýakynda gurlan ägirt uly inženerçilik –tehniki desgalaryň ikisiniň – «Bagt köşgüniň» we «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň «Jemgyýetçilik desgalarynyň binagärligi» ugry boýunça ýokary sylaga – International Prorety Awards Europe halkara baýragyna mynasyp boldy.

«Türkmenistan» teleradiomerkezi, mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öňýanynda, ýurdumyzyň şanly senesine gabatlanan binagärlik-gurluşyk desgalarynyň açylyş dabaralarynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Birneme soňra paýtagtymyzyň bu binagärlik gözelligi Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onda dürli ugurlarda dünýä derejesinde gazanylanlar hasaba alynýar. «Ginnesiň bütindünýä rekordlary» kompaniýasynyň resmi wekilleri «Türkmenistan» teleradio merkezini bezeýän Oguz hanyň ägirt uly ýyldyzyny dünýäde iň uly binagärlik ýyldyz şekili hökmünde ykrar etdiler.

Köpetdagyň gerşinde bina edilen desganyň sekiz burçly ýyldyzy bu binany Aşgabat şäheriniň islendik ýerinden we onuň eteklerinden görmäge mümkinçilik berýär. Agşamlaryna ýyldyz ýörite çyralaryň kömegi bilen älemgoşaryň ähli reňklerinde lowurdaýar. Türkmen halkynyň we biziň ýurdumyzyň köp sanly myhmanlarynyň eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny belleýän günleri Aşgabat şäherinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze «Bagt köşgüniň» açylyş dabarasy boldy. Bu ajaýyp desga hem International Prorety Awards Europe halkara bäsleşiginde ýokary sylaga mynasyp boldy.


On bir gatly bina üç derejeli desga bolmak bilen, onuň her tarapynyň sekiz burçly ýyldyzy bar. Beýik sütünleriň üstünde seleňleýän köpgyranly kub Türkmenistanyň kartasynyň şekili ýerleşdirilen Ýeriň simwoliki görnüşi – ägirt uly şary öz içine alýar. Türkmen halkynyň däp bolup gelýän berk maşgala gatnaşyklaryny beýan edýän bu köşki-desga berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni alamatlandyrýan paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň uly höwes we buýsanç bilen baryp görýän iň ajaýyp ýerleriniň birine öwrüldi.

«Bagt köşgüniň» açylan güni täze dessur – nikanyň baglaşylmagyny nahal oturtmak bilen bellemek dessury döredi. Daragt mälim bolşy ýaly, dünýäniň ähli halklarynda uzak ömrüň nyşany hasaplanýar. «Bagt köşgüniň» töwereginde emele gelýän gülzarlyk hem ynsan düşünjesinde täze maşgalanyň döremegi – çäksiz bagtyň, abadançylygyň we söýginiň döremeginiň beýany bolup durýar.

Biziň ak mermerli paýtagtymyz günsaýyn gözelleşip, özboluşly binalary we desgalary bilen öz gaýtalanmajak keşbini täzeleýär. «Ertekilerdäki ýaly gözel şäher!» diýip adatça biziň paýtagtymyza ilkinji gezek gelýän adamlar seslenýärler. Aşgabat şäheriniň ajaýyp binagärlik desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi we abraýly baýraklar bilen bellenilmegi bolsa mizemez hakykatyň gürrüňsiz subutnamasy bolup durýar.