Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow, welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Nobatdaky maslahatyň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň depginini ýokarlandyrmak, hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady ösüşiniň toplumlaýyn maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Döwlet Baştutanymyz ilki bilen wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük bugdaý ekişini hem-de pagta ýygymyny geçirmegiň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitde geçirilen ýowaryň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşyna ünsi çekip, welaýatyň käbir etraplarynda güýzlük bugdaý ekişiniň, şeýle hem pagta ýygymynyň pes derejede guralandygyny aýtdy we bu etraplarda, umuman, tutuş welaýatda işiň depginini üzül-kesil güýçlendirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli geçirilýän dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini we 13-nji oktýabrda boljak ählihalk ýowaryna ykjam taýýarlyk görülmelidigini belledi.
Göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, pagta ýygymyny netijeli tamamlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen medeni-durmuş ähmiýetli binalaryň gurluşygynyň barşy barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini güýçlendirmek, welaýatda bar bolan oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gurulýan käbir desgalarda işleriň ýaramaz alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bu desgalaryň tabşyrylmaly möhletinden gijä galýandygyny aýtdy we gurluşyk ulgamynda ýol berlen säwlikleriň gysga wagtda düzedilmegini häkimden berk talap etdi.
Soňra iş maslahatynda hasabat bermek üçin Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew göni aragatnaşyga çagyryldy. Häkim şu gyzgalaňly günlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň -- güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Hususan-da, ol ýyglan hasyl üçin pagtaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyk işleriniň her günde geçirilýändigini belledi. Şeýle hem häkim her hepdäniň şenbe güni geçirilýän ýowarlaryň welaýatyň ähli künjeklerinde giň gerimden alnyp barylýandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda oba hojalyk işleriniň barşy baradaky meselä ünsi çekip, ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginlerini düýpli güýçlendirmek barada anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň käbir etraplarynda güýzlük bugdaý ekişiniň, şeýle hem pagta ýygymynyň ýaramaz guralandygyny aýtmak bilen, bu babatda günübirin zerur guramaçylyk çäreleriniň görülmelidigini nygtady. Mundan başga-da, milli Liderimiz pudakda ýokary öndürijilikli tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz şanly seneler mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow öz çykyşynda sebitde güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk pudagynda derwaýys möwsüm bolan pagta ýygymyny guramaçylykly jemlemek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda habar berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ulgamy bolan oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak we pudakda zerur bolan netijeleri gazanmak häzirki döwrüň baş talaby bolup durýar diýip belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň birnäçe etraplarynda bugdaý ekişiniň ýaramaz alnyp barylýandygyny bellemek bilen, onuň sebäplerini düýpli seljermek, şeýle hem babadaýhanlaryň tutanýnerli zähmeti siňdirilip, ösdürilip ýetişdirilen “ak altynyň” ýekeje übtüginiň hem yrýa etmän, Watan harmannyna tabşyrmak boýunça zerur çäreleri şeçirmek, umuman aýdanyňda welaýatda bu işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowy çagyrdy. Häkim hasabatynda welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bolan bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada aýtdy. Şeýle hem ol welaýatda oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler, sebitiň ilatynyň ýowarlara işjeň gatnaşyp, geçiren abadançylyk işleriniň netijeleri hakynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň oba hojalyk düzümleriniň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin birleşen tagallalaryň zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümlerini öndürijileri goldamagyň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtamak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginlerine ünsi çekdi. Welaýatyň käbir etraplarynda ekiş möwsüminde işleriň ýaramaz guralandygyny, şeýle hem birnäçe etraplarda pagta ýygymynyň örän ýaramaz guralandygyny belledi we bu ugurda işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk ministri R.Bazarow berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygynyň belleniljek ýylynda Türkmenistanda oba hojalyk işleriniň barşy, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem ekerançylyk meýdanlarynda oba hojalyk tehnikasynyň öndürijilikli işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň, hususan-da, pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, oba hojalyk pudagynyň degişli düzümleriniň welaýatlaryň hojalyklary bilen sazlaşykly işlemelidigini tabşyrdy.
“Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy H.Annamyradow ata Watanymyzyň edermen pagtaçylar üçin juda jogapkärli bolan şu gyzgalaňly günlerde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda pagta ýygymynyň barşy, pagtaçy kärendeçiler bilen hasaplaşyk işleriniň guralyşy, şeýle hem pagta kabul edýän bölümleriň bökdençsiz işini üpjün etmek, ýygnalan hasyly isripsiz daşamak boýunça döredilen oňyn mümkinçilikler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň hünärmenleri ýerlerde bolup, pagta ýygymynyň depginleriniň ýokarlandyrylmagy ugrunda işjeň tagalla etmelidirler diýip nygtady we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz pagtanyň daşalyşy bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, ähli ýerlerde, hususan-da, harmanhanalarda ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmegi dogrusynda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini berk talap etdi.
Soňra “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň başlygy Ç.Çarlyýew häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, pagta ýygymynda ulanylýan ýygym tehnikalary we olara tehniki hyzmaty ýola goýmak üçin döredilen ýörite toparlaryň alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda pagta ýygyjy kombaýnlaryň bökdençsiz işledilýändigini habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz şu günler pagta ýygymy möwsüminde iň bir jogapkärli pursatlaryň dowam edýändigini bellemek bilen, “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň ýerlerdäki düzümleriniň degişli gulluklar bilen sazlaşykly işini üpjün etmek we işiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem güýzlük bugdaý ekişinde bolşy ýaly, pagta ýygymynda hem oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Oraznazarow ýurdumyzyň atçylyk sport toplumlarynda alnyp barylýan işler, ahalteke bedewlerine edilýän idegiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de her hepdäniň ekşenbe gününde paýtagtymyzda we welaýatlarda at çapyşyklaryny guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň milli buýsanjy we tutuş adamzadyň ruhy gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň has-da belende göterilmegi, bu ugurda ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy we türkmen bedewleriniň, çapyksuwarlarynyň, seýsileriniň halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara we beýleki çärelere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, güýzlük bugdaý eikşiniň, pagta ýygymynyň depginlerini üzül-kesil güýçlendirmek boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak suwdan rejeli peýdalanmak we gyşky möwsüme taýýarlyk görmegiň çäklerinde maldarçylyk hojalyklarynda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda wajyp möwsümleýin oba hojalyk işleriniň biri bolan pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belläp, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň ähli sebitleriniň oba ilatyna mynasyp durmuş şertlerini döretmek aýratyn möhümdir diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan özgertmegiň milli maksatnamasynyň çäklerinde giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekip, olaryň ählisinde ýokary hiliň üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýratyn nygtady.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylaryň hemmesiniň ünsüni berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösüşine, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen möhüm wezipeleri üstünlikli çözmäge çynlakaý we örän jogapkärli çemeleşmeleriň zerurdygyna çekdi.
Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny tamamlamak bilen, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlik arzuw etdi hem-de olar bilen hoşlaşdy.