Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 651
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti , ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, şeýle hem geljekde öňde durýan wajyp wezipelere, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga degişli meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, biz döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine pugta eýerýän, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranmak häsiýetli Harby doktrinasynyň esasynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny geljekde has-da pugtalandyrarys diýip belledi. Harby gullukçylarymyz we olaryň maşgala agzalary barada hem yzygiderli alada edýäris, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, netijeli işläp üstünlik gazanmaklary, oňat dynç almaklary üçin amatly şertleri döretmek boýunça möhüm işlerimizi durmuşa geçirýäris. Biz bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan buýana-da yzygiderli dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň gün tertibine geçmek bilen, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatyny diňledi.

Mejlisde ýerine ýetirilen işler baradaky hasabat bilen ilki Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew çykyş etdi. Ol döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan harby özgertmelerini durmuşa geçirmegiň barşy, ministrlik tarapyndan şu ýylyň dokuz aýynda amala aşyrylan anyk çäreler, şeýle hem konstitusion gurluşy goramak hem-de berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň öňünde duran beýik maksatlara üstünlikli ýetmegiň kesgitleýji şerti bolan durmuş-jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamak maksady bilen görülýän anyk çäreler barada habar berdi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew özüne ynanylan düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, mähriban Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak ýaly örän jogapkärli wezipäni ýerine ýetirýän serhet goşunlarynda watansöýüjilik ýörelgelerini has-da pugtalandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Soňra ýurdumyzyň goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýargyly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ministrlik tarapyndan şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada habar berdi. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli geçiriljek harby ýörişe görülýän taýýarlyk baradaky maglumat hasabatyň esasyny düzdi.

Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow öz gezeginde şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işler, şeýle hem ýurdumyzda jemgyýetçilik tertip-düzgünine gözegçilik etmek we dürli görnüşdäki hukuk bozmalaryň öňüni almak boýunça IIM-niň edaralarynyň öňünde durýan jogapkärli wezipeleri nazara almak bilen polisiýanyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi alyp barýan prokuratura edaralarynda soňky döwürde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiň başlygy A.Hallyýew şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny has-da kämilleşdirmek, onuň alyp barýan işlerini döwrüň we umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň talaplaryna kybap getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra çykyş eden Türkmenistanyň adalat ministri M.Garryýew gözegçilik edýän düzümlerinde ýurdumyzyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem yzygiderli guralýan raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişlikleriniň çäklerinde maslahatlary bermek arkaly hereket edýän kanunçylygy ilata düşündirmek boýunça geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýewe söz berildi. Ol özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň dokuz aýynda amala aşyrylan işler, ýurdumyzyň serhetlerinden geçýän ýüklere degişli gözegçiligi üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow neşeleriň ýaýradylmagynyň we ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow öz hasabatynda şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda durmuşa geçirilen işleriň jemleri we ozal beren tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde ýurdumyzyň myhmansöýerlik däpleriniň ykrar edilmegi boýunça durmuşa geçirilýän sazlaşykly çäreler barada aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlaryny diňläp, Milli howpsuzlyk ministrliginiň alyp barýan işlerine ýurdumyzyň jemgyýetçilik ösüşini berkarar etmekde möhüm ornuň degişlidigini nygtap, düzgün-tertibiň, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygyň, jemgyýetde agzybirligiň we jebisligiň saklanmagyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen serhetçileriniň öňünde durýan wezipeleriň juda möhümdigi barada aýtmak bilen, geljekde hem ýaş esgerleriň harby taýýarlygy we watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, şeýle hem olaryň üstünlikli gulluk etmegi hem-de ýokary derejede dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi barada guramaçylykly işleri alyp barmak barada A.Garaýewe tabşyryk berdi. Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumlarynyň taslamalary bilen tanşyp, watan goragçylary üçin amatly durmuş şertleriniň döredilmeginiň möhümdigi belledi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini tehniki taýdan enjamlaşdyrmak bilen bir hatarda, harby gullukçylar hakynda edilýän alada ýurdumyzda durmuşa geçirlýän giň möçberli harby özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biridir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň mundan beýläk-de türkmen halkynyň parahatçylykly hem-da abadan durmuşynyň üpjün edilmeginiň, ertirki gününe uly ynam bilen garaýan döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň kepili bolan ýurdumyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak meselelerine uly üns berjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralar hakyndaky gürrüňe gaýdyp gelmek bilen, Milli goşunyň söweşjeň kuwwatynyň özboluşly gözden geçirilişi bolan harby ýörişi, däp bolşy ýaly, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini berk talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda kanunçylygyň we hukuk tertibiniň üpjün edilmeginde Içeri işler ministrligine möhüm ornuň degişlidigini belledi hem-de raýatlaryň kanuny hukuklarynyň we azatlyklarynyň hemmetaraplaýyn goralmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem IIM-niň harby bölümleriniň işini döwrebap guramak maksady bilen, gurulmagy meýilleşdirýän desgalaryň taslamalary hem hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz döwletimizde we jemgyýetimmizde kanunçylygyň hem-de tertip-düzgüniň berjaý edilişine gözegçilik etmek maksady bilen prokuraturanyň düzümleriniň alyp barýan işleriniň wajypdygy barada aýtmak bilen, döwlet edaralyrynyň we hususy düzümleriň işine mundan beýläk-de yzygiderli gözegçilik etmek we her bir işe ýokary jogapkärçilikli çemeleşmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzyň kazyýet ulgamynyň işgärleriniň öňünde durýan wezipeleriň örän jogapkärlidigini belledi hem-de işgärleri seçip almak we ýerli-ýerine goýmak bilen baglanyşykly meselelere geljekde-de yzygiderli üns bermek barada anyk tabyşyryklary berdi. Adamlaryň ykbalyna dahylly iş alyp barýan kazy diýen belent derejä diňe kanunlaryň rüstemligini ykrar edip, päk ýürekli we zandyhalal adamlar mynasyp bolmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Milli Liderimiz Döwlet gümrük gullugynyň alyp barýan işiniň juda wajypdygyny aýratyn nygtap, Türkmenistana girýän we onuň çäginden çykýan ýükleriň gözegçiliginiň kada laýyk bolmagy üçin ähli çäreleri görmegiň we gümrük gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň degişli ugurda işleri yzygiderli we netijeli geçirmeginiň zerurdygyny nygtap, şol işleri hukuk goraýjy edaralaryň, saglygy goraýyş, bilim ulgamynyň edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işi bilen anyk utgaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Biz tutuş adamzada wehim salýan neşe serişdeleriniň hyýanatçylykly peýdalanylmagyny we ýaýradylmagyny aradan aýyrmak üçin bilelikde aýgytly iş alyp barmalydyrys diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyza gelýän daşary ýurt raýatlary hasaba almak boýunça örän jogapkärli wezipäni amala aşyrýan migrasiýa gullugynyň alyp barýan işlerine baha bermek bilen, öňünde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirmek üçin gullugyň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, işgärleriň öz üstüne ýüklenen wezipelere jogapkärçilikli çemeleşmekleri barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemini jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny aýtdy we şol edaralaryň şahsy düzümleriniň arasynda geçirilýän terbiýeçilik işlerini ýokarlandyrmak, işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmek, şeýle hem olaryň özlerine ynanylan ýerlerde işleriň ýagdaýyna jogapkärçiligini artdyrmak ýaly möhüm meselelere ähmiýet berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde meseleleriň başga-da birnäçesine seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, olaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi türkmen topragynda parahatçylygy we howpsuzlygy, netijede, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini we halkymyzyň abadançylygyny üpjün eder diýip nygtady.