Şu gün 2010-njy ýylda bilermenleriň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýasyna laýyklykda esaslandyrylan toparynyň Utgaşdyryjysy hanym Salome Zurabişwiliniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň birnäçesinde, şol sanda Daşary işler ministrliginde hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde duşuşyklar geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goldamak boýunça hemişelik hereket edýän edarasynyň wekilleri türkmen döwletiniň jikme-jik oýlanyşykly daşary syýasatyna ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly baştutanlyk etmeginde türkmen döwletiniň parahatçylygy dörediji, oýlanyşykly we öňden görüjilikli häsiýete eýe bolan hem-de sazlaşykly we parahatçylykly ýagdaýda ösüş gazanmak, sebitde we tutuş dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek işinde wajyp ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň halkara derejesinde ileri tutulýan wezipeleriň berjaý edilmegine işjeň gatnaşýandygy we häzirki döwürde dünýädäki derwaýys meseleleri çözmekde hil taýdan täze çemeleşmeleri öňe sürýändigi hem-de gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen, ýüze çykýan jedelli meseleleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar, gepleşikleri geçirmek bilen bagly usullar we serişdeler arkaly çözmek esasynda giňden hyzmatdaşlyk edilmegini, şeýle hem oňyn bitaraplyga mahsus bolan ýörelgä eýerip, taraplaryň netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen hoşmeýilli erkiniň göz öňünde tutulmagyny ugur edinýän döwlet bolup durýandygyny äşgär edýändigi bellenildi.
Ýurdumyz BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriniň doly hukukly agzasy bolmak bilen, dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň jebisleşdirilmegine önjeýli goşant goşýar hem-de türkmen döwletiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň belent münberinden ençeme gezek yglan edilen netijeli başlangyçlaryny mundan beýläk-de amala aşyrmak ugrunda maksada laýyk işleri durmuşa geçirýär we anyk ädimleri ädýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleri türkmen döwletiniň parahatçylyk dörediji başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden oňlanýandygyny we goldaw berilýändigini belläp, özara arkalaşykly hereket etmegiň ugurlarynyň has-da giňeldilmeginiň maksat edinilýändigini aýtdylar.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady ulgamdaky netijeli hyzmatdyşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ileri tutulýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, bu duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem gatnaşdylar.
BMG-niň bilermenleriniň toparynyň wekiliýetiniň ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasy boýunça Türkmenistanyň Maliýe ministrliginde, Demir ýol ulaglary ministrliginde, Awtomobil ulaglary ministrliginde, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynda, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynda, duşuşyklary geçirmek, şeýle hem Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuna we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna baryp görmek göz öňünde tutulýar.