Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Doýçe bank AG” düzüminiň ýolbaşçylaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Doýçe bank AG” düzüminiň ýolbaşçylaryny kabul etdi

view-icon 847
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Doýçe bank AG” Müdirligine we “Doýçe bank AG” Ýerine ýetiriji komitetiniň toparyna başlyklyk ediji jenap Ýurgen Fitçeni hem-de “Doýçe bank AG”-nyň baş ýerine ýetiriji direktory, Merkezi we Gündogar Ýewropa boýunça jogapkäri jenap Peter Tilsi kabul etdi.

Myhmanlar döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdiler. Şunda dünýäniň onlarça ýurtlarynda özüniň şahamçalary hem-de wekilhanalary bolan Germaniýanyň iri bankynyň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginlerde ösýän Türkmenistan bilen köpýyllyk özara gatnaşyklary dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ugur edinýän Türkmenistanyň köptaraplaýyn innowasion ösüşi nazarlaýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nemes hyzmatdaşlary, şol sanda “Doýçe bank AG” bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler maksatnamasy we iri maýa goýum taslamalary umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin oňaýly mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda biziň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna, hususan-da, bank ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini, innowasion tehnologiýalyryny we halkara ülňülerini giňden çekmegi öz içine alýan giň möçberli özgertmeleri nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada netijeli pikir alyşmalar boldy. Şu jähetden türkmen-german hyzmatdaşlygyny, şeýle hem soňky ýyllarda täze many-mazmun bilen üsti ýetirilýän Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri pikir alyşmalaryň esasyny düzdi.

Ýokary wezipeli wekilleriň belleýişleri ýaly, milli bank-maliýe ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanda durmuşa geçirilýän çäreler ýurduň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň we onuň mundan beýläk-de sazlaşykly häsiýete eýe bolmagynyň baş şertidir. Şunuň bilen baglylykda, işewür hyzmatdaşlygy alyp barmak boýunça oňaýly şertler we amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazarynyň uly geljeginiň bardygy bellenildi. Myhmanlaryň aýtmaklaryna görä, bu ýagdaýlar Germaniýanyň we tutuş Ýewropanyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy giňeldtmäge bolan meýillerini şertlendirýär. Şu jähetden nemes hyzmatdaşlarynyň biziň ýurdumyza öňdebaryjy işläp taýýarlamalar we dürli ulgamlar boýunça täze tehnologiýalar boýunça birnäçe teklipleri bermäge taýýardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň meselelerine şunuň ýaly işjeň we gyzyklanma bildirilýän çemeleşmeleri öňe sürýändikleri üçin myhmanlara minnetdarlyk bildirip, öz tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasy, şol sanda “Doýçe bank” biden özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge meýillidigini aýtdy.

Duşuşugyň ahyrynda “Doýçe bank AG”-nyň ýolbaşçy wekilleri milli Liderimize netijeli gürrüňdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Germaniýanyň öňdebaryjy bankynyň Türkmenistan bilen özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge meýillidiklerini tassyk etdiler.

Hormatly Prezidentimiz we myhmanlar hoşlaşanlarynda birek-birege hormat goýmak we özara bähbit esasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.