Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Döwlet Baştutanlarynyň öňki duşuşygy 2011-nji ýylyň maýynda Daşkentde bolupdy. Şonda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni- gumanitar hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge hem-de döwletara we hökümetara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň ýörelgelerine ygrarlydygyny tassykladylar.
Bu gezek Aşgabatda geçirilýän ýokary derejedäki nobatdaky gepleşikler soňky ýyllarda okgunly, sazlaşykly häsiýete eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge täze itergi berer.
Şu gün irden Prezident Yslam Karimowyň awtoulag kerweni “Serdar” kabulhanasyndan çykyp, “Oguzhan” köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde, baş girelgäniň öňünde döwlet Baştutanymyz öz kärdeşini mähirli garşylaýar. Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhman bilen mähirli görşüp, Köşge girmäge çagyrýar.
Iki ýurduň Liderlerine hormat garawulynyň başlygy hasabat berýär. Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Prezidentler iki ýurduň Döwlet baýdaklaryna baş egýärler. Hormat garawulynyň nyzamynyň öňünden geçenlerinden soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslam Karimowy Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşdyrýar. Özbegistanyň Prezidenti öz gezeginde Türkmenistanyň Baştutanyny öz ýurdunyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Özbek Lideriniň Türkmenistana şu gezekki saparynyň barşynda onuň ýanynda esasy ministrlikleriň ýolbaşçylaryny, şol sanda daşary işler, maliýe, daşary ykdysady aragatnaşyklar, maýa goýumlary we söwda, oba we suw hojalyk ministrlerini, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň döwlet edaralarynyň we pudaklaýyn düzümleriniň ýokary wezipeli wekillerini öz içine alýan wekilçilikli topar bolýar. Munuň özi hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň örän giňdigine şaýatlyk edýär. olary ösdürmegiň meseleleri türkmen-özbek gepleşikleriniň gün tertibine girizildi. Resmi adamlardan başga-da, wekiliýetiň düzümine bu ýurduň iri habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri giripdir.
Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdiler. Soňra olar “Altyn zala” barýarlar, bu ýerde ikiçäk gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň baştutanyny türkmen topragynda mähirli mübärekläp, belent mertebeli myhmana Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu sapar döwletara gatnaşyklaryny, iki ýurduň doganlyk halklarynyň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny bekritmegiň we ösdürmegiň ýolunda täze ädim bolup durýar.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistana gelip, öz türkmen kärdeşi bilen duşuşmaga dörän mümkinçilige örän şatdygyny aýtdy. Yslam Karimowyň belleýşi ýaly, Özbegistan Türkmenistan bilen gadymdan gelýän, ýylsaýyn berkeýän dostluk gatnaşyklaryna uly sarpa goýýar, ony hoşniýetli goňşusy we wagtyň synagyndan geçen ýygtybarly hyzmatdaşy hasaplaýar. Biz öz halklarymyzy nähili kökleriň baglanyşdyrýandygyny hiç haçan unutmaýarys, biziň halklarymyz asyrlaryň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk däplerinde egin-egine berip ýaşadylar, şol däpler bu gün öz mynasyp dowamyna eýe boldy. Ine, şonuň üçin hem Türkmenistanda watanyň beýik taryhynyň gaýtadan dikeldilýändigini, adamlaryň, şol sanda ösüp gelýän nesliň oňa nähili garaýandygyny görmek aýratyn guwançlydyr diýip, Özbegistanyň baştutany belledi.
Yslam Karimowyň nygtaýşy ýaly, ol özüniň Aşgabada şu gezekki saparyny türkmen-özbek gatnaşyklarynyň tutuş toplumyny hemmetaraplaýyn seljermäge, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge, şeýle hem umumy serhetleri bolan iki döwleti deň derejede biynjalyk edýän sebitleýin we halkara häsiýetli meseleler boýunça pikir alyşmaga oňat mümkinçilik diýip hasaplaýar.
Türkmenistanyň özgertmeler ýoly bilen öňe tarap ynamly ädimleri, onuň halkara abraýynyň artmagy ýurduň ýakyn we hoşniýetli dostlaryny guwandyrýar diýip, Özbegistanyň Prezidenti türkmen Liderine ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we berkitmäge goşan uly goşandy üçin çäksiz hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň liderleri ikiçäk gepleşikleriň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belläp, iki ýurduň netijeli syýasy gatnaşyklary has-da ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ymtylýandygyny tassykladylar.
Duşuşygyň çäklerinde şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän sebitleýin we halkara häsiýetli möhüm meseleler boýunça pikir alşyldy.
Türkmen we özbek halklarynyň taryhy - medeni umumylygyna, gadymdan gelýän dostluk we doganlyk däplerine esaslanýan gumanitar ulgamdaky gatnaşyklar söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Prezidentleri bilim, ylym we medeniýet babatda netijeli gatnaşyklary giňeltmek ugrunda birmeňzeş pikire geldiler.
Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda “Soltan Sanjar” zalynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli özbek myhmanyny we goňşy ýurduň wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, Türkmenistan Özbegistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýär we şu gezekki sapara iki doganlyk döwletleriň we halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka hökmünde baha berýär diýip belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesi iri halkara guramalaryň we ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyn hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär.
Şonda bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz sebitleýin we dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça gabat gelýän ýa-da ýakyn garaýyşlara eýe bolup durýar. Munuň özi esasy halkara meseleleri boýunça netijeli çemeleşmeleri döretmäge gönükdirilen özara kabul ederlikli ugurlary işläp düzmäge ýardam edýär.
Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Prezident Yslam Karimowa Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şol başlangyçlar parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, ýurtlary we sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilendir. Goňşy Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmagyň sebitde howpsuzlygy üpjün etmegiň esasy şerti bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurtda parahatçylygy üpjün etmek diňe gepleşikleri geçirmek, syýasy we diplomatik usullary peýdalanmak, şeýle hem owgan halkynyň ykdysady we sosial durmuşyny gaýtadan dikeltmäge gönükdirilen iri düzümleýin taslamalary yzygiderli amala aşyrmak arkaly mümkindir diýip nygtady.
Türkmenistan we Özbegistan terrorçylyga we ekstremizme, neşeleriň binkanun dolanyşygyna we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek bilen bagly meselelerde ýakyndan özara hereket edýärler. Biz bu wehimlere garşy durmak boýunça bilelikdäki işleri ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde dowam etmäge taýýardyrys diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Häzirki wagtda halkara gün tertibinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi aýratyn orun eýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Mälim bolşy ýaly, birnäçe ýyl mundan öň Türkmenistan bu meselä Birleşen Milletler Guramasynda seretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Beýleki döwletler bilen geçirilen bilelikdäki işler netijesinde 2008-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli rezolýusiýasy kabul edildi.
Türkmen tarapy bu başlangyjyny dowam etmek bilen, BMG-niň howandarlygynda halkara bilermenler toparyny döretmegi teklip edýär. Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly ibermäge gönükdirilen täze halkara hukuk usulyny işläp taýýarlamak onuň baş maksady bolar. Şunda Türkmenistan önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we energiýany sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygynyň berjaý edilmegi ugrunda çykyş edýär.
Howanyň üýtgemegi bilen bagly mesele ýene bir ähmiýetli halkara meselesi bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň teklipleri “Rio+20” maslahatynda beýan edildi. Howanyň üýtgemegi bilen bagly ýaramaz täsirleriň öňüni almak boýunça geljekki utgaşykly hereketler üçin howanyň üýtgemegi boýunça sebit merkezini döretmek maksada laýyk bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Orta Aziýada suw-energetika meselesi boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazaryny beýan etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şonuň bilen bagly ähli meselelere halkara guramalarynyň, ozaly bilen BMG-niň bu işe giňden gatnaşmagynda, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara alyp, halkara hukugynyň umumykrar edilen kadalarynyň esasynda seredilmelidir diýip belledi.
Döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ýola goýlan yzygiderli geňeşmeleri has-da işjeňleşdirmek, uzakmöhletleýin döwür üçin degişli hukuk binýadyny döretmek barada pikir aýtdy. Şu saparyň barşynda gol çekmäge taýýarlanan ikitaraplaýyn resminamalar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň çäklerini ep-esli giňelder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýişi ýaly, Türkmenistan we Özbegistan üstünlikli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň we diňe bir iki doganlyk ýurtlary däl-de, eýsem, tutuş sebiti uzakmöhletleýin ösdürmegiň bähbitlerine gabat gelýän bilelikdäki möhüm taslamalary amala aşyrmagyň köpýyllyk tejribesine eýedir.
Energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy we gaýtadan işleýän ulgamlarda, şeýle hem ileri tutulýan beýleki ugurlaryň birnäçesinde özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işi möhüm ähmiýete eýedir. Onuň nobatdaky mejlisi şu ýylyň sentýabr aýynyň başynda Daşkentde geçirildi.
Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ep-esli artmagy hem hyzmatdaşlygyň oňyn depgininiň tassyklanmasy bolup durýar. Ol 2011-nji ýylyň jemleri boýunça ABŞ-nyň ýarym milliard dollaryna ýetdi. “Geljekde biz özara eksportyň we importyň görkezijilerini iki esse artdyryp bileris” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, şeýle hem kärhanalarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek barada aýdyp, milli Liderimiz gös-göni ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak boýunça bilelikdäki işleriň işjeňleşdirilmegi geljekde bilelikdäki kärhanalaryň sanyny artdyrmagyň we olaryň işlerini giňeltmegiň möhüm şerti bolar diýip belledi.
Syýahatçylyk ulgamyny işewür hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzir dünýäde Türkmenistanyň we Özbegistanyň taryhy-arheologik ýadygärliklerine we täsin tebigy desgalaryna, iki ýurduň halklarynyň baý medeni mirasyna uly gyzyklanma bildirilýär diýip belledi. Hususan-da, Gadymy Merwiň, Nusaýyň we Köneürgenjiň, Hywanyň, Buharanyň we Samarkandyň ýadygärlikleri bütin dünýäde tanalýar, munuň özi olara syýahatçylaryň akymynyň artmagyny şertlendirýär.
Halkara syýahatçylyk we şypahana düzümine goşulmagyň mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz özbek hyzmatdaşlary Hazaryň türkmen kenarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga çagyrdy. Bu ýerde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça giň gerimli we geljegi uly maksatnama durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň üstaşyr ulag mümkinçiliklerine ünsi çekip, Türkmenistan we Özbegistan ulag-aragatnaşygyny ösdürmekde uly orun eýeleýär, olaryň ähmiýeti global ykdysady işler bilen baglylykda ýylsaýyn artýar diýip belledi.
Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Omanyň we Kataryň täze “Orta Aziýa – Ýakyn Gündogar” halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda bäş taraplaýyn Ylalaşyk bu ugurda bilelikdäki netijeli işleriň anyk mysaly bolup durýar. Özbegistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça bu resminamanyň “Aşgabat ylalaşygy” diýen ada eýe bolandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Yslam Karimowa bu pikiri goldandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistan üçin “Orta Aziýa – Hytaý” we “Orta Aziýa – Ýewropa” ugurlary ýaly taslamalar hem uly gyzyklanma döredýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-gumanitar ulgamyny türkmen-özbek hyzmatdaşylgynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi. Türkmenistanda özbek halkynyň beýik medeniýetine, onuň görnükli wekilleriniň eserlerine uly sarpa goýýarlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Olaryň esasynda halkyň taryhy-siwilizasiýa kökleri, baý medeni mirasy ýatyr. Olar görnükli şahsyýetleriň atlary bilen şöhratlanyp, tutuş adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygyna öwrüldi.
Görnükli şahyrlar we akyldarlar Magtymguly Pyragynyň we Alişir Nowaýynyň öçmez - ýitmez döredijiligi iki halkyň özara hormatynyň ajaýyp nyşany bolup durýar.
Gumanitar ulgamynda yzygiderli gatnaşyklar netijesinde ruhy we medeni taýdan özara baýlaşmak işi bu gün işjeň ösýär, türkmen-özbek gumanitar gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar. Milli Liderimiziň belleýişi ýaly, Türkmenistan we Özbegistan bu ugurda bilelikdäki işleri dowam edip, ikitaraplaýyn medeni we ylmy alyşmalara hemmetaraplaýyn ýardam eder.
Türkmenistan 2012-nji ýylda GDA başlyklyk etmek bilen Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we Özbegistanyň wekiliýetini şu ýylyň 15-16-njy oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek GDA ýurtlarynyň ylmy we döredijilik işgärleriniň VII forumyna gatnaşmaga çagyrdy.
Sport ulgamy hem bilelikde hereket etmek boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Häzirki wagtda türkmen paýtagtynda häzirki zaman olimpiýa desgalary gurulýar, iri möçberli sport maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy we sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek türgenlerini Aziada- 2017-niň şanly wakalaryndan öň boljak çärelere hem işjeň gatnaşmaga çagyryp, bedenterbiýe we sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Munuň özi biziň gumanitar ugurdaky hyzmatdaşlygymyzyň gerimini giňelder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Türkmen Lideri Özbegistanyň zehinli we zähmetsöýer halkyna iň oňat arzuwlaryny ýollamak bilen, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna, Prezident Yslam Karimowyň hut özüne Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly goşandy üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär.
Türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Yslam Karimow özbek tarapynyň bu sapara medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, dilleriň, däp-dessurlaryň ýakynlygy bilen baglanyşdyrylan halklaryň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň dowamy hökmünde garaýandygyny nygtady. Biziň üçin Türkmenistan ilkinji nobatda bütin dünýäde ykrar edilen Bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurtdur. Ol örän amatly geostrategikik ýagdaýa, ägirt uly tebigy we mineral serişdelere, şol sanda ýangyç çig malynyň uly gorlaryna eýedir. Şol gorlara häzir dünýäniň islendik ýurdunyň gözi gidip bilerdi diýip, Özbegistanyň Prezidenti aýtdy. Biz özbek-türkmen dostluk hyzmatdaşlygyna, soňky ýyllarda taraplaryň erk-islegine laýyklykda yzygiderli ösüşe eýe bolan gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Şunuň bilen baglylykda Yslam Karimow, hususan-da, Türkmenistanyň Baştutanynyň geçen ýylyň maýynda Özbegistana bolan örän üstünlikli we netijeli döwlet saparynyň netijelerini kanagatlanmak bilen belledi.
Ýakyn goňşular we synagdan geçen dostlar hökmünde biz Özbegistanda Garaşsyz Türkmenistanyň syýasy özgertmeler, jemgyýeti ruhy taýdan täzelemek ýolunda gazanýan üstünliklerine, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmak, daşary ýurt maýalaryny çekmek, täze häzirkizaman kärhanalaryny gurmak we öňden barlaryň durkuny täzelemek babatda ýetýän belent sepgitlerine tüýs ýürekden guwanýarys. Bularyň ählisi ýurduň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna öz amatly täsirini ýetirdi diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdirdi. Biz Bitarap Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýyna, oýlanyşykly daşary syýasat ugruna, şeýle hem mundan beýläk-de parahatçylygy, durnukly ösüşi ösdürmäge, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna durnukly iberilmeginiň täze ygtybarly gurallaryny döretmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýarys. Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösmegi, onuň halkara abraýynyň ýokarlanmagy ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygy amala aşyrylýan döredijilikli syýasatyň netijesi bolup durýar diýip, Yslam Karimow nygtady.
Özbegistanyň Prezidenti şu gün ýokary derejede geçirilen gepleşikler barada aýdyp, olaryň örän düýpli we netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. Biz özümiziň bähbitlerimiziň umumylygyny we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn berkitmäge bolan syýasy erk-islegimiziň bardygyny tassykladyk, derwaýys halkara we sebitleýin meselelerini ara alyp maslahatlaşdyk. Şol meseleler babatda biziň ýurtlarymyzyň çemeleşmeleri gabat gelýär ýa-da ýakyndyr diýip, dostlukly ýurduň Baştutany aýtdy. Yslam Karimow özara gatnaşyklar meseleleriniň ileri tutulýan ugurlary, ilkinji nobatda, BMG-niň, GDA-nyň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri barada durup geçip, Özbegistanyň Bitarap Türkmenistanyň syýasatyny tutuşlygyna goldaýandygyny we oňa sebitde parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamagyň möhüm şerti hökmünde garaýandygyny nygtady.
Şunda Özbegistanyň Prezidenti syýasy gatnaşyklaryň öňden görüji häsiýete eýe bolmalydygyny aýdyp, şu jähetden iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn geňeşmeleriň işjeňleşmeginiň ähmiýetini belledi. Biz ýurtlarymyzyň arasynda sebitiň suw serişdelerini ulanmak babatda ýola goýlan gatnaşyklaryna ýokary baha berýäris we şu ugurda biziň garaýyşlarymyzyň umumydygyny kanagatlanmak bilen belleýäris diýip, Yslam Karimow sözüni dowam etdi. Dostlukly ýurduň Baştutany Özbegistanyň BMG-niň 1992-nji ýylyň 17-nji martynda kabul edilen serhetýaka akabalary we halkara köllerini goramak we peýdalanmak boýunça konwensiýasyna Türkmenistanyň goşulandygyny goldaýandygyny aýtdy.
Belent mertebeli myhman söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda türkmen-özbek meselelerine geçip, onuň okgunly ösýändigini hem-de taraplaryň eksport-import haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga taýýardygyny belledi. Yslam Karimow ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň öz ýangyç serişdelerini halkara bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny giňeltmek we üstaşyr kuwwatyny durmuşa geçirmek, şol sanda Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini döretmek boýunça mümkinçiliklerini amala aşyrmak baradaky syýasatynyň möhümdigini nygtady.
Özbek Lideri gumanitar ulgamda hyzmatdaşlyk etmek meselesi barada durup geçip, özara düşünişmegi pugtalandyrmak, iki goňşy ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmak işinde möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda Prezident Yslam Karimow türkmenistanly dostlara geçen ýyl Buharada geçirilen Dostluk festiwalyna gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bu festiwal şondan öňräk Daşoguzda ýola goýlan ajaýap dessuryň dowamy boldy. Öň şol ýerde iki doganlyk halkyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda şeýle ilkinji festiwal geçirildi.
Özbegistanyň Baştutany şu günki duşuşygyň we özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekmäge taýýarlanmagynyň köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna hem-de umumy bähbitleriň gazanylmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Prezident Yslam Karimow Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň Özbegistan üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtap, Özbegistanyň geljekde hem bu ugra meýillidigini belledi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda bu ýurda gelmäge çagyrdy.
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ynanyşmak ýagdaýy biziň ýokary sarpa goýmaly we mundan beýläk-de artdyrmaly baýlygymyzdyr diýip, Özbegistanyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda aýtdy.
Giňeldilen düzümde gepleşikler tamamlanandan soň “Seljuk han” zalynda hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagy bilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2013-2014-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna hem-de Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Taraplaryň döwletleriniň serhetýaka çäklerinde ýerleşen hojalyk desgalarynda ulanyş we abatlaýyş-dikeldiş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky 2008-nji ýylyň 10-njy martyndaky Ylalaşyga üýtgetme girizmek hakynda Teswirnama; Harytlary özara ibermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; 2013-2017-nji ýyllarda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda Şertnama gol çekilýär.
Bu ýere ýygnananlaryň dostlukly el çarpyşmalary astynda iki ýurduň Liderleri Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Mundan başga-da, Prezident Yslam Karimowyň saparynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Hökümetinde iki ýurduň arasynda medeni-gumanitar ulgamyndaky hyzmatdaşlyk baradaky ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň birnäçesine gol çekilendigini hem ýatlatmak gerek. Şonda daşary-ykdysady aragatnaşyklar, maýa goýumlary we söwda ministri E.Ganiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Özbegistan Respublikasyna wekilçilik etdi. Şonda gol çekilen resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Özbegistan Respubliksasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ylmy we tehnologiýalary ösdürmegi utgaşdyrmak boýunça komitetiniň arasynda başlangyç ylmy-barlag taslamalarynyň bilelikdäki bäsleşigini geçirmek baradaky Ylalaşyk, şeýle hem Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň we Özbegistan Respublikasynyň Çeperçilik akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk bar.
Bu resminamalaryň ählisi taraplaryň hyzmatdaşlyk, iki doganlyk halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmek, döwrüň ruhuna gabat gelýän däp bolan dostluk gatnaşyklaryny täze mazmun bilen doldurmak ugruna ygrarlydygyna şaýatlyk edýär.
Dabara gatnaşyjylaryň pikiri boýunça gazanylan täze ylalaşyklar, şeýle hem ozal gol çekilen şertnamalar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde we giňeltmekde emele gelen anyk ýagdaýyň beýany bolmak bilen, ozal bar bolan şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer.
Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň döwlet Baştutanlary “Magtymguly” zalyna ýygnanan metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen we daşary ýurtly žurnalistlere ýüzlenmek bilen, dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň türkmen-özbek gatnaşyklaryna mahsus bolan netijeli we oňyn häsiýetini aýratyn belledi. Olaryň çäklerinde syýasy, ykdysady we medeni - gumanitar ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk dürli ugurlardaky bilelikde hereket etmegiň oňyn tejribesine daýanýar we onuň uly geljegi bardyr.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanandyr. Ýokary derejede geçirilen şu günki duşuşyk hem iki dostlukly ýurduň bu esasy halkara kadalaryna ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklady.
Gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma bildirýän sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunda iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn özara tagallalary güýçlendirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmen-özbek gepleşikleriniň şeýle mazmunly häsiýete eýe bolmagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna we geljegine, şeýle hem ählumumy ösüşiň meýillerine garaýyşlaryň doly özara düşünişmek bilen şertlendirilendir diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Ählumumy durnuklylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy, häzirki döwrüň wehimlerine netijeli jogap bermek meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň we çemeleşmeleriniň ýakyndygyny ýa-da deň gelýändigini bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren halkara başlangyçlaryny goldandygy üçin Özbegistanyň Prezidentine ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan hem öz nobatynda Özbegistanyň halkara derejesindäki oňyn başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna goldaw berer diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Türkmen döwletiniň Baştutany türkmen-özbek söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi barada aýtmak bilen, hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça özara bähbitli gatnaşyklary dowam etmek barada ylalaşyga gelnendigini habar berdi. Şeýle hyzmatdaşlyk ozaly bilen energetika, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy we gaýtadan işleýän pudaklarda dowam etdiriler.
Degişli minisrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem iki ýurduň kärhanalarynyň arasyndaky göni gatnaşyklar ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işi hem ikitaraplaýyn söwdanyň möçberlerini artdyrmak we özara eksport we import harytlaryň sanawyny giňeltmek üçin goşmaça serişdeleri herekete girizmäge ýardam eder.
Gepleşikleriň barşynda türkmen-özbek gumanitar gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly üns berildi. Hususan-da, syýahatçylyk, şypahana işi we sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn özara hereketi ösdürmek üçin mümkin bolan amatly şertleri döretmek barada ylalaşyk gazanyldy. “Biz köp asyrlyk bahasyna ýetip bolmajak däbe daýanýan medeni ugurdaky gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrarys” diýip, türkmen Lideri nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparynyň jemlerine ýokary baha bermek bilen, gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň iki döwletiň halklarynyň bähbidine mundan beýläkki netijeli bilelikdäki hyzmatdaşlygyň berk binýadyna öwrüler diýip, ynam bildirdi.
Türkmen Lideri sözüniň ahyrynda Özbegistanyň doganlyk halkyna parahatçylyk, gülläp ösüş we döredijilikli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisine üns berendikleri üçin minnetdarlyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowa söz berdi.
Geçirilen gepleşiklere ýokary baha berip, özbek Lideri sebit, şeýle hem halkara syýasatynyň çäklerinde meseleler boýunça, ozaly bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan howpsuzlyk meseleleri boýunça öz garaýşyny beýan etdi.
Biz şu saparymyza biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ýokary derejedäki netijeli gepleşikleriň dowamy hökmünde garaýarys diýip, Özbegistanyň Prezidenti ikiçäk duşuşygyň ynanyşmak häsiýetine eýe bolandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Yslam Karimow iki ýurduň ählumumy durnuklylygy, durnukly ösüşi, häzirki döwrüň wehimlerine netijeli jogaplary işläp düzmegi üpjün etmek meselelerine bolan garaýyşlarynda gapma-garşylygyň ýoklugy barada Türkmenistanyň Prezidentiniň aýdan pikirini doly goldady.
Türkmenistan we Özbegistan sebitde asudalygy saklamak üçin çäreleri görmekde öz tagallalaryny birleşdirmäge gyzyklanma bildirýärler diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi. Özbegistan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geljegiň ählumumy strategiýasyny döretmäge gönükdirilen başlangyçlaryny we ädimlerini hemişe goldaýar. Ýakyn goňşular we wagtyň synagyndan geçen dostlar hökmünde biz Özbegistanda ýurdy döwrebaplaşdyrmagyň ýolunda Türkmenistanyň ynamly ädimlerine, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine, ozaly bilen ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň ösüş depginlerine, halkara abraýynyň artmagyna tüýs ýürekden guwanýarys. Bularyň hemmesinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bardyr diýip, Yslam Karimow belledi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdylanda bolsa, olary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Özbegistanyň Prezidenti hyzmatdaşlyk üçin entek ulanylmadyk ätiýaçlyklary peýdalanmagyň gerekdigini aýtdy. Hususan-da, möçberi geçen ýyl 500 million dollara ýeten iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy barada aýtmak bilen, Yslam Karimow bu görkezijiniň özara söwdany işjeňleşdirmekde uly ösüş bolandygyny belledi we bu ulgamda oňyn depginiň gazanylmagy üçin mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Özbegistanyň Prezidenti taraplaryň iki ýurduň ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda gaz geçirijileri, demir ýol we awtoulag ýollaryny gurşap alýan degişli düzümi ösdürmek boýunça meýilnamalary amala aşyrmak bilen bu ýerde açylýan uly mümkinçilikleri nazara alanyňda ulgamlary netijeli peýdalanmaga, olaryň çäklerinden daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýratyn belledi.
Prezident Yslam Karimow türkmen Lideriniň hyzmatdaşlyga täze ölçegi bermegiň zerurdygy barada aýdan pikiri bilen ylalalaşyp, şu günki gepleşikleriň gün tertibine girizilen möhüm meseleleriň çözülmegi ykdysady, medeni-gumanitar ulgamda, şol sanda syýahatçylyk we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini has doly peýdalanmaga ýardam eder diýip belledi.
Türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky däbe öwrülen dostluk gatnaşyklarynyň esasynda bu gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek barada aýdyp, Özbegistanyň baştutany şu günki duşuşygyň jemleriniň iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi. Ähli derejelerdäki bilelikdäki tagallalar we işjeň syýasy, döwletara gatnaşyklary türkmen we özbek halklarynyň bähbidine biziň ýurtlarymyzyň mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam eder diýip, Yslam Karimow belledi.
Gepleşikler tamamlanandan soň Özbegistanyň Prezidenti özi üçin bellenilen resmi kabulhana tarap ugrady.
Günüň ikinji ýarymynda Prezident Yslam Karimow Gypjak obasyndaky Türkmenstanyň ilkinji Prezidentiniň kümmetine gül desselerini goýdy, şeýle hem “Türkmenbaşynyň ruhy metjidine” baryp gördi.
Bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ulag kerweni Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna tarap ugrady.
Özbegistanyň Lideri Konstitusiýa Binasyna gül dessesini goýdy we şol ýerde Hormatly myhmanlaryň seýilgähinde iki halkyň arasyndaky baky dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.
Agşam “Oguzhan” köşkler toplumynyň resmi kabul edişlikler jaýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezident Yslam Karimowyň hormatyna resmi agşamlyk nahar berildi.
Onda döwlet Baştutanlary söz sözlediler.
Agşamlyk nahar tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Aşgabadyň halkara howa menziline ugradylar. Bu ýerde döwlet Baştutanlary birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, duşuşygyň jemlerine kanagatlanma bildirdiler. Şondan soň Özbegistanyň Lideriniň uçary Daşkende tarap ugur aldy.
Iki ýurduň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ýolunda täze sahypany açjak Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy. Onuň çäklerinde geçirilen gepleşikler taraplaryň uzakmöhletleýin esasda iki döwletiň we halklaryň gülläp ösmeginiň hatyrasyna hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň ösdürmäge taýýardyklaryny ýene bir gezek görkezdi.