Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň BÝKM-niň Sebitdäki wekilini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň BÝKM-niň Sebitdäki wekilini kabul etdi

view-icon 531
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky wekili, sebitdäki utgaşdyryjysy türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen jenap Saber Azamy, şeýle hem BMG-niň BÝKM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutany hanym Milagros Leýnesi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny berkitmek, sebitde we dünýäde okgunly ösüş üçin şertleri döretmek işinde BMG-niň jogapkär we ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýan ýurda – Türkmenistana ýene-de gelip görmäge döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden şatdygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Saber Azam hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa BMG-niň Türkmenistanda işleýän düzümleriniň işine berilýän goldaw, şeýle hem soňky ýyllarda täze mazmun bilen baýlaşan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine berilýän yzygiderli üns üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belläp, bu hyzmatdaşlyk türkmen döwletiniň ileri tutulýan esasy ugurlaryna, şeýle hem sebitde we tutuş dünýäde abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine gabat gelýär diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistan-BMG gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanmak bilen belledi. Bu abraýly guramanyň iri düzümleri, hususan-da, BMG-niň BÝKM bilen ysnyşykly gatnaşyklar munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Üstünlikli amala aşyrylan we häzir durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar şol gatnaşyklaryň netijesi bolup durýar.

Duşuşygyň barşynda ilki başdan uzakmöhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygyň ynsanperwer ulgamy ýaly möhüm ugrunda ileri tutulýan jähetleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, bosgunlara kömek bermek we olaryň hukuklaryny goramak boýunça anyk ädimleri ädip hem-de maksada gönükdirilen işleri geçirip, dünýä bileleşiginiň tagallalaryna uly goşant goşýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň esasy halkara-hukuk resminamalaryna, şol sanda Bosgunlaryň derejesi hakynda konwensiýa we oňa Teswirnama, Apatridleriň derejesi hakynda konwensiýa goşulyp, Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryna hem-de döwlet syýasatynyň esasyny düzýän hakyky ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Öz watanlaryny dürli sebäplere we ýagdaýlara görä terk etmäge mejbur bolan bosgunlaryň müňlerçesine türkmen raýatlygynyň we Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarlygyň berilmegi şonuň anyk mysaly bolup durýar.

Öz ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny ählumumy bähbidiň hatyrasyna amala aşyrmaga çalyşmak bilen, türkmen döwleti giň halkara hyzmatdaşlygynyň nukdaýnazaryndan çykyş edip, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge hil taýdan täze çemeleşmeleri görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden beýan eden hem-de dünýä bileleşiginiň goldawyna we ykrar etmegine eýe bolan netijeli başlangyçlary munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maýynda Aşgabatda “Musulman dünýäsinde bosgunlar” atly halkara maslahaty geçirildi. Bu wekilçilikli maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde öňe süren teklibine laýyklykda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi tarapyndan guraldy. Duşuşygyň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi. Ol sebitde we tutuş dünýäde bosgunlaryň hukuklaryny goramak bilen bagly mesele boýunça bilelikdäki hereketleri işläp düzmek üçin oňat esasy goýdy.

Türkmenistan bilen BMG-niň netijeli hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmek barada aýtmak bilen Türkmenistanyň Prezidenti we Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky wekili, sebitdäki utgaşdyryjysy jenap Saber Azam ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine köpýyllyk hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.