Ï Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň wekillerini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň wekillerini kabul etdi

view-icon 704
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň GDA-nyň işleri we watandaşlar bilen aragatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Leonid Sluskini we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň geňeşçisi Mihail Krotowy kabul etdi.

Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Sergeý Naryşkiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler. Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasynda Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp, häzirki taryhy eýýamda täze mazmun bilen baýlaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasy bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň amala aşyrýan daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi. Şol syýasat parahatsöýüjilik, açyklyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanandyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz giň gerimli uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň okgunly depginini kanagatlanmak bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz we myhmanlar duşuşygyň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň geljegi hakynda pikir alyşdylar hem-de söwda-ykdysady, şeýle hem gumanitar-medeni gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunda türkmen-rus gatnaşyklarynyň ähmiýetli ugurlarynyň biri bolup durýan ýygjam parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň eýeleýän möhüm orny bellenildi.

2012-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi bilen bagly meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynda dürli derejedäki möhüm çäreleriň ençesmesini, şeýle hem iri maslahatlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Olaryň arasynda GDA gatnaşyjy döwletleriň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň 15-16-njy oktýabrda Aşgabatda geçiriljek VII forumy hem bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy boýunça hyzmatdaşlyk Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna gabat gelýär diýip belledi. Abraýly sebit we halkara guramalary hem-de düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek şol ugurlaryň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyz Arkalaşygyň giňişliginde açyk we deňhukukly gatnaşyklara ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezip, netijeli gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde giňeltmäge çalyşýar. Türkmenistan GDA-nyň döwletleri bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklara tüýs ýürekden sarpa goýýar we taryhy taýdan kemala gelen bu gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanma bildirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan GDA-da başlyklyk etmeginiň esasy maksadyny özara gatnaşyklaryň köptaraply mümkinçiliklerini amala aşyrmaga, Arkalaşyga girýän döwletleriň halklarynyň bähbidine gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygy höweslendirmäge ýardam etmekde görýär diýip belledi.

Biziň ýurdumyzyň bu ugry we döredijilikli başlangyçlary Russiýa Federasiýasynyň we GDA-nyň beýleki döwletleriniň giň goldawyna eýe bolýar diýip bellemek bilen, jenap Leonid Sluski Türkmenistanyň Arkalaşygyň giňişliginde dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýyny berkitmek işine mynasyp goşant goşýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhmanlar hoşlaşyp, hil taýdan täze derejä çykan döwletara türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin gatnaşdy.

* * *

Şu gün Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň GDA-nyň işleri we watandaşlar bilen aragatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Leonid Sluskiniň ýolbaşçylyk edýän topary Türkmenistanyň Mejlisinde we Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmek we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak bilen bagly meseleler, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.