Şu günler GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygynyň - ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Wladimir Garkunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen paýtagtynda saparda bolýar. Myhmanlar Aşgabada saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçiriljek duşuşygyna taýýarlyk görmegiň, hususan-da, onuň maksatnamasy, şeýle hem guramaçylyk meseleleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasyny düzdi. Bu uly ähmiýetli duşuşygy geçirmek 2012-nji ýylda Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde meýilleşdirilendir.
Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyz Arkalaşygyň erkin agzasy bolmak bilen, iş ýüzünde ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ilerletmäge ýardam berip, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek boýunça işjeň orny eýeleýändigini görkezýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň Arkalaşyga başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen umumy bähbitlere laýyk gelýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň barşynda Arkalaşygyň çäklerinde deň hukuklylyk, ykdysady bähbitlilik we däp bolan dostluk hem-de hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan oňyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi baradaky pikiri aýtdylar. Muňa türkmen döwletiniň paýtagtynda boljak ýokary derejedäki duşuşygyň köp babatda ýardam etjekdigine ynam bildirildi.