Ï GFR-iň wekiliýetiniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

GFR-iň wekiliýetiniň sapary

view-icon 640
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmen-german forumynyň başlygy Klaus-Ýurgen Hedrihiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen paýtagtynda saparda bolýar.

Şu gün germaniýaly myhmanlar milli parlamentde kabul edildi, şol ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bundestagynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleri babatda milli parlamentiň işiniň barşy bilen tanyşdylar.

Söhbetdeşler däbe öwrülen türkmen-german hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, köp ugurlar boýunça özara bähbitli, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar. Şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde, şol sanda iki dostlukly ýurduň parlamentleriniň derejesinde özara bähbitli gatnaşyklar üstünlikli dowam etdirilýär.

Şu jähtden germaniýaly myhmanlar biziň ýurdumyzyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty bilen şertlendirilen türkmen bazarynyň geljeginiň uludygyny bellediler. Türkmen Lideriniň ýöredýän syýasaty döwletimiziň özüne çekiji serişdeler kuwwatyna daşary ýurt maýalaryny işjeň çekmäge ýardam edýär.

Wekiliýetiň agzalary Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň birnäçesinde kabul edildi. Duşuşyklaryň barşynda anyk pudaklarda netijeli türkmen-german hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.