Ï Türkmen atçylygynyň ösüşi – halkara hyzmatdaşlygynyň çäginde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen atçylygynyň ösüşi – halkara hyzmatdaşlygynyň çäginde

view-icon 924
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BerdimuhamedowFransiýanyň esasy at çapyşyklarynyň hormatly myhmany boldy

Şu gün irden Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň halkara howa menzilinden Fransiýa Respublikasyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz bu ýere dünýäniň meşhur “Ark de Triumf” at çapyşyklaryna hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Bu at çapyşyklaryna türkmen çapyksuwarlary hem gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiziň uçary 6 sagatdan Fransiýanyň paýtagty Parižiň “Le Burže” Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutanyny Fransiýa Respublikasynyň hökümetiniň resmi adamlary garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz bu ýerden “Lonşan” aýlawyna tarap ugrady.

Baryp XIX asyryň ortasynda gurlan we Bulon tokaýynyň çäginde ýerleşýän meşhur “Lonşan” aýlawy dünýäde iň gowy aýlawlaryň biri hasaplanýar we at çapyşyklaryň muşdaklarynyň ünsüni özüne çekýän iri merkez bolup durýar. 17 gektar meýdany eýeleýän bu aýlaw arassa ganly bedewleriň janköýerlerii üçin däbe öwrülen ýer bolup durýar.

Her ýylyň oktýabr aýynyň birinji dynç günleri bu ýerde Ýewropanyň möhüm atçylyk sport ýaryşlary geçirilýär. 1920-nji ýyldan bäri geçirilýän bu ýaryş “Triumfal arka baýragy” diýen at bilen tanalyp, şeýle hem dünýäniň esasy atşynaslaryny ýygnaýar. Diplomatiki dil bilen aýdylanda, munuň özi hakykatda atçylyk ulgamynyň liderleriniň “ýokary derejedäki” duşuşygydyr. Dünýäniň onlarça döwletinden tomaşaçylaryň 50 müňden gowragy öz ýurtlaryny goldamak üçin bu ýere gelýärler we bu baýramçylykda daşary ýurt dilleriniň ençemesi ýaňlanýar. Bütin dünýäden bir milliarda golaý adam bu at çapyşyklaryna teleýaýlym arkaly tomaşa edýär.

“Ýewropanyň atçylyk sportunyň täjindäki göwher” diýlip atlandyrylýan bu waka at çapyşyklarynyň Halkara tapgyryna girýär we tutuş dünýä üçin şanly waka bolup durýar. 2012-nji ýylda esasy fransuz baýragy ugrunda eýýäm 91-nji gezek ýaryş geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň bu dabara çagyrylmagy Fransiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda hem aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Milli Liderimiziň bu ýurda 2010-njy ýylyň fewralynda amala aşyran ilkinji resmi sapary şol hyzmatdaşlykda täze sahypany açdy. Ýangyç-energetika toplumyny, ulag, aragatnaşyk, şähergurluşyk we beýleki möhüm pudaklaryň birnäçesini öz içine alýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda soňky döwürde atçylyk hojalygy ýaly ugur hem aýdyň boldy.

Häzir bu ulgam oba hojalyk ugrunyň çäklerinden uzaklara ýaýrap, dürli ýaşdaky, dürli dindäki we dürli milletden bolan adamlary medeni, durmuş, hatda syýasy taýdan birleşdirýän möhüm şerte öwrüldi. Ahalteke tohumyndan bolan bedewlere bolan gyzyklanma hem olaryň ösdürilip ýetişdirilýän ýerleriniň çäklerinden uzaklara has öňräk ýaýrady. Ýewropanyň we Amerikanyň birnäçe ýurtlarynda, şol sanda Fransiýada olaryň ösdürilip ýetişdirilýän merkezleri bar.

Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň awgustynda milli Liderimiziň başlangyjy bilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Ahalteke atlarynyň halkara assosiasiýasy döredildi. Türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň taryhyna bahasyna ýetip bolmajak goşandy bolup durýan ahalteke bedewleriniň dünýä dolan şöhratyny artdyrmak we tohumyň arassalygyny saklamak, ahalteke atçylyk hojalyklarynyň daşary ýurtlardaky assosiasiýalaryny bir bitewi gurama birleşdirmek onuň esasy maksady bolup durýar. Türkmenistanda ahalteke atlaryny ösdürmek işine goşan uly goşandy üçin, şeýle hem halkara giňişliginde XXI asyryň döwlet işgäri hökmünde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atlaryny gowy tanaýan adam we “Ahalteke bedewleri--biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” diýen işiň awtory hökmünde Ahalteke atlarynyň halkara assosiasiýasynyň Prezidentligine saýlanyldy. Onuň hataryna Fransiýa Respublikasy hem girýär.

Häzir Türkmenistanda biziň tohum atlarymyzyň baş sanyny artdyrmak, dünýäde ajaýyp bedewlerimiziň şan-şöhratyny ýaýratmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek maksady bilen ähli welaýatlarda soňky ýyllarda gurlan häzirki zaman aýlawlary we atçylyk toplumlary, dünýäniň ähli künjeklerinden bolan myhmanlaryň gatnaşmagynda halkara sergileriň we maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi, şeýle hem her ýyl döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlanylýan “Ganatly bedewleriň” gözellik bäsleşikleri hem şol maksatlara hyzmat edýär.

Häzirki wagtda dünýäde tanalýan atçylyk tohumlarynyň 250-siniň arasynda ahalteke bedewleri iň gadymy bedewleriň biri diýlip ykrar edilýär. Köp barlagçylar olary iň gadymy hem-de has arassa ganly bedewler hasaplaýarlar. Ýyndam bedewler hakyndaky ýatlama Gerodot, Strabon, Aristotel, Gomer, Owidiý, Wergiliý, Ksenofont ýaly gadymy alymlaryň we ýyl ýazgysyny döredijileriň işlerinde duş gelýär.

Mysal üçin, gadymy Rimiň taryhçysy Appianyň (II asyr) ajaýyp we örän takyk teswiri belledir: “Nusaýyň bedewleri öz ähli gözelligi bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Kuwwatly patyşalara mynasyp bolan bu bedewler görnüşi boýunça ajaýypdyr, ýeňil gopýarlar, öz jylawlaryna aňsatlyk bilen boýun bolýarlar, öz belent başyny buýsançly galdyrýarlar we olaryň altynsow şekilleri howada şöhrat bilen lowurdaýarlar...”.

Köp sanly taryhy ýagdaýlar we subutnamalar atçylyk medeniýetiniň gadymy merkezi bolup, Merkezi Aziýa ýaýlasynyň, has takygy, Türkmenistanyň bolup durýandygyny görkezýärler. Megerem, bedewler türkmen halkynyň gadymy ata-babalary tarapyndan ilkinji gezek eldekileşdirilendir.

Türkmenistanyň arheologiki ýadygärliklerinde gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmeginiň netijesinde dürli wagtlarda ýüze çykarylan tapyndylar munuň subutnamasy bolup hyzmat edýär. Amyderýa hazynasy muňa mysal bolup hyzmat edip biler, şonda bedewleriň şekilleri esasy orny eýeleýär. Meşhur alym, professor W.I.Sarianidi tarapyndan Murgabyň gadymy akym ugrunda geçirilen ylmy ekspedisiýanyň tapyndylary uly açyş boldy, şol ýerde Goňur patyşalyk gonamçylyklarynda bürünç şaý-sepleri bilen bezelen jylawyň galyndylary, eýeri aýdyň äşgär bolan bedewiň daş heýkeli, atçylary hatara düzmek üçin habar beriş turbalary, iň esasysy bolsa, Merkezi Aziýada we Ýakyn Gündogarda gadymy bolan gurban edilen taýçanagyň jaýlanan ýerleri ýüze çykaryldy. Munuň özi marguşlylaryň däp bolan durmuşynda öýdekileşdirilen atlaryň biziň eramyza çenli III müňýyllygyň ahyrynda –II müňýyllygyň başynda bolandygyny görkezýär.

Gadymy türkmenleriň durmuşynda bedewiň nähili orun eýeländigini türkmenleriň “Görogly” eposynda çapyksuwara ýüzlenilip aýdylanlar şaýatlyk edýär: “Söweş güni jigidiň hemrasy, men mirasdar hakynda dileg etmedim, men doganym, egindeşim bolan sen hakynda dileg etdim”. Edermen batyr Görogly üçin onuň wepaly dosty Gyratyň gadyr-gymmaty ýokarydyr: “Eger bedew seni öz kalby bilen goýan nyrhy boýunça satyn almak isleýän adam tapylsa, bu nyrh hem seniň üçin örän pes bolar”. Ahalteke bedewleriň görnükli hil-häsiýetleri hakynda bedewler hakyndaky köp sanly halk atalar sözlerinde örän göwrümli aýdylandyr: “Çakgan bedewleriň şeýle häsiýeti bar—olar näçe çapdyklaryça şonça güýçlüdir”. Orta asyrda türkmen esgerleri özleriniň meşhur bedewleri bilen köp döwletleriň hökümdarlarynyň naýbaşy otrýadlaryny köplenç halatlarda düzüpdirler. Soňra türkmen bedewlerini köp sanda Günbatar Ýewropa ýurtlaryna äkidipdirler, şol bedewler şolaryň atçylygyna ep-esli täsir edipdirler. Gürrüňsiz suratda, türkmen bedewleriniň gany arassa ganly çapylýan we beýleki bedewlerde bar. XVIII we XIX asyrlarda türkmen bedewleri Ýewropanyň köp sanly atçylyk zawodlarynda tohumlyk bedew bolup durupdyrlar. Ahalteke bedewleri atçylyk sportunyň dürli görnüşlerinde şöhrat gazandylar. Perepel bedewi bilen (Aşgabat, 1950-nji ýyl) 8 metr 78 santimetr uzynlyga bökmek boýunça rekord gazanyldy. Ýokarlygyna bökmek boýunça ýaryşlarda Arap atly bedewde 2 metr 12 santimetr derejedäki görkeziji gazanyldy. Bu bedewiň nesli bolan, 1952-nji ýylda doglan Absent baş öwretmek boýunça dünýäniň iň gowy atlarynyň biri boldy we öz çapyksuwary S.Filatowa Rimde geçirilen XVII Olimpiýa oýunlarynyň çempiony diýen ady üpjün etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasynyň dogany Aba Annaýewiň hem belli seçgiçi – atşynaslaryň biri bolandygy bellärliklidir. Ol ahalteke bedewlerini kämilleşdirmek işine ägirt uly goşant goşdy. Bu bolsa öz gezeginde milli Liderimiziň ahalteke bedewlerine bolan söýgüsiniň näderejede uludygyny düşündirýär.

Türkmenler hemişe at çapyşyklarynyň janköýerleri bolup, bedewleri taýýarlamak işine düýpli çemeleşip geldiler. Bu işde toplanan tejribe nesilden-nesle geçip geldi. Çapylýan atlary ösdürip ýetişdirmegiň usullarynyň hem Ýewropa biziň sebitimizden baryp ýetenliginiň subutnamalary bar. Türkmen seýisleriniň iş tejribesine bolan zerurlyk daşary ýurtlarda günsaýyn artýar. Oňa daşary ýurtly hünärmenler aýratyn üns berýärler.

Belli “Pegasus Farms Ltd” fransuz kompaniýasynyň direktory Erwe Baržonyň şu ýylyň baharynda Türkmenistana bolan sapary munuň aýdyň mysaly boldy. Münülýän atlaryň öňdebaryjy eýeleriniň sanawynda üýtgewsiz öňdäki orunlary eýeleýän “Pegasus Farms Ltd” kompaniýasynyň çapyşyk ulgamynda Ýewropanyň esasy menejer kompaniýalarynyň biri hökmünde ykrar edilendigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jenap Erwe Baržo bilen ahalteke atçylyk toplumynda bolan duşuşygy daşary ýurtly atçylyk hojalyklarynyň eýeleriniň türkmen kärdeşleri bilen ysnyşykly işewür gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändiginiň ýene bir subutnamasy boldy. Şonda fransiýaly myhman şöhraty äleme dolan saýlama bedewlerimiz we olary saklamagyň şertleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldy.

Türkmenistanyň häzirki zaman atçylygyna Fransiýanyň iri “Equidia” teleýaýlymy hem uly gyzyklanma bildirdi. Bu teleýaýlym atçylyk dünýäsine ýöriteleşdirilen ýaýlym bolup, ol diňe bir Ýewropada däl-de, eýsem, dünýäniň beýleki künjeklerinde yzygiderli alnyp görkezilýär. Teleýaýlym at çapyşyklaryndan we beýleki atçylyk sport ýaryşlaryndan reportažlary (şol sanda Internet arkaly) alyp barýar, atlar hakynda dokumental we çeper filmleri görkezýär, dünýä belli bedewler, çapyksuwarlar we tälimçiler hakynda, dürli halklaryň atçylyk däpleri we beýlkiler hakynda gürrüň berýär. Ýaňy-ýakynda “Equidia” dünýäniň iň gowy atçylyk merkezleri hakynda gürrüň berýän “Dünýäniň has özboluşly athanalary” diýen dokumental filmi ýaýlyma berdi. Şol merkezleriň arasynda Türkmenistanyň atçylyk sport toplumlary hem bar.

Türkmen atçylygynyň halkara pudaklaýyn senagata goşulmagy bolsa diňe bir gymmat bahaly bedewlerimiziň tohumçylyk binýadyny giňeltmäge hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň dünýäniň atçylyk ulgamynda eýeleýän öňdäki orunlaryny berkitmekde ýene bir uly ädim boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň, seýisleriň hem-de atçylyk boýunça beýleki hünärmenleriň türkmen wekiliýetiniň Fransiýa guralan sapary, şeý1e hem Parižiň “Ark de Triumf-2012” Baş baýragy ugrundaky at çapyşyklaryna gatnaşmagy hem hut şoňa gönükdirilendir.

“France Galop” kompaniýasy bu saýlama at çapyşyklarynyň guramaçysy bolup durýar. Ol 1995-nji ýylda döredilip, degişli ugurda öňdebaryjy assosiasiýalaryň birnäçesini birleşdirdi hem-de çapylýan atlaryň tohumyny gowulandyrmaga we atçylyk sportuny ösdürmäge ýardam etmek boýunça utgaşdyryjy merkeze öwrüldi. Häzir kompaniýa Fransiýanyň ähli sebitleriniň aýlawlarynda işläp, pudagyň hünärmenlerini ähli zerur zatlar bilen üpjün edýär. Ol şeýle hem arassa ganly çapylýan milli Stud Buk tohumyny ösdürip ýetişdirmäge ygtyýarly edildi.

Ýokary derejedäki halkara atçylyk sport ýaryşlaryny geçirmek üçin bu tejribäni, şertleri öwrenmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça Pariže iberilen türkmen wekiliýetiniň esasy wezipeleriniň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň Fransiýa şu gezekki sapary ýurdumyzyň atçylyk mekdebini has-da ösdürmek, milli Liderimiziň bu pudagy özgertmegiň esasynda goýan toplumlaýyn ulgamyny, onuň ylmy-barlag işleri, atlary ösdürip ýetişdirmek we seçgiçilik - tohumçylyk işi we elbetde, sport işini ilerletmek, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek bilen gös-göni baglydyr.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni “Lonşan” aýlawynyň esasy gierlegsiniň öňüne gelip saklanýar. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Halkara at çapyşyklarynyň guramaçysy “France Galop” kompaniýasynyň baş direktory Ýuger Monza, şeýle hem “Pegasus Farms Ltd” kompaniýasynyň direktory Erwe Baržo garşylaýarlar.

Türkmen döwletiniň Baştutanyny Prezidentiň münberiniň ýanynda ýerleşýän hormatly ýere geçmäge çagyrýarlar.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Cifal” fransuz komaniýasynyň baş direktory Žil Remi bilen duşuşygy boldy.

Duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, işewür uzakmöhletleýin, özara bähbitli esasda guralýan hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden begenýändigini aýtdy.

“Cifal” komaniýasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, iri fransuz kompaniýasynyň Türkmenistana artýan gyzyklanmasy köp babatda ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy we durmuş-ykdysady ösüşiň çalt depginleri bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, jenap Žil Remi öz kompaniýasynyň eýýäm 20 bäri hyzmatdaşlyk edýän ýurdy – Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryny dowam etmegini göz öňünde tutýar diýip belledi. “Cifalyň” işleri pudaklaryň birnäçesini, şol sanda ýangyç-energetika toplumyny, senagat we raýat gurluşygyny, aragatnaşyk we elektronika, konsalting we bilermen hyzmatlary ulgamlaryny gurşap alýar. Fransuz kompaniýasy oba hojalygyny, hususan-da, pagtaçylyk pudagyny hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlarynyň biri hökmünde görkezip, türkmen pagtasyndan öndürilýän önümleriň dünýä bazarynda bäsleşige ukyply bolup durýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda ileri ututlýan ugurlaryň birnäçesi boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alşyldy. Türkmenistan özara bähbitli işewür gatnaşyklar üçin, ilkinji nobatda, dünýä işewürliginiň öňdebaryjy wekilleri üçin hemişe açykdyr diýip, milli Liderimiz türkmen döwleti ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ulgamlaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we daşary ýurtly hünärmenleriň tejribesini peýdalanmak meselelerine uly ähmiýet berýär diýip belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we myhman ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de geçirilýän giň gerimli özgertmeleri nazara almak bilen guralýan bilelikdäki işlere özara gyzyklanma bildirilýändigini tassyklap, birek-birege geljekde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra täsin tomaşa başlandy. Bu ýere ýygnanan märekäniň içinde köp ýurtlaryň aristokratik gatlagynyň wekilleri, ýaşlar, köp sanly syýahatçylar bar. “Lonşandaky” möwsümiň diňe bir atlaryň çapyşygy bilen däl-de, eýsem, şu çäre üçin ýörite döredilýän özboluşly egin-eşikleriň, aýal-gyzlaryň baş gaplarynyň owadanlygy boýunça bäsleşik bolup durýandygy bilen hem bellidir. Tomaşaçylaryň arasynda bu gün atşynaslaryň we seýisleriň türkmen wekiliýetiniň agzalary milli lybaslarynda, gyrmyzy donlary we ak silkme telpekleri bilen saýlanýarlar. Münberiň üstünde dikilen beýleki döwletleriň baýdaklarynyň arasynda bolsa Türkmenistanyň ýaşyl tugy al asmanda buýsançly pasyrdap dur.

Soňky ýyllarda dünýä belli Pariž binasynyň hormatyna atlandyrylan halkara at çapyşyklarynyň abraýy ep-esli artdy. Munuň sebäbi bolsa, birinjiden, baş baýrak ugrunda ýaryşlardan başga-da aýlawyň maksatnamasyna birinji we ikinji toparlaryň ýene birnäçe çapyşyklary goşuldy. Ikinjiden bolsa, 2008-nji ýyldan başlap, “France Galop” fransuz çapyksuwarlar kluby hem-de Kataryň atçylyk çapyşyk klubynyň (QREC) arasynda hemaýatkärlik ylalaşygy hereket edýär. Şonuň netijesinde çapyşyklaryň baýrak gaznasy 2 million ýewrodan 4 million ýewro çenli artdyryldy. Bir million ýewrodan gowrak serişdäni birinji bolup gelen alar, ýene bir million ýewrony ilkinji bäşlik özarasynda paýlaşar.

Triumfal arka baýragynyň esasy aýratynlygy onuň üçýaşar we uly ýaşar bedewleriň arasynda 2400 metr aralykda geçirilýän çapyşyga goýulýanlygyndadyr.

Ýaryşlara ýüzden gowrak atlary getirýärler, emma çapyşyga olaryň 25-e çenlisi çykarylýar. Çapyşyga 10 minut galanda atlary meýdanyň ýörite bellenilen ýerine –çapyşyklaryň öňýanynda tomaşaçylara atlary görkezmek üçin niýetlenen ýere getirýärler.

Ynha, dabaranyň iň gyzykly pursady başlanýar. Ahli atlar çapyksuwarlary bilen bilelikde badalga pellehanasyna eltilýär. Ol münberden uzakda, çapuw ýodasynyň beýleki tarapynda ýerleşýär. Emma hemme zat ägirt uly ekranda äşgär görünýär. Signal ýaňlanýar, germewler açylýar, bedewler ula gidýärler. Märekäniň ünsi ekrana hem-de teswirçiniň sesine gönügýär. Teswirlemeleriň äheňi we depgini gitdigiçe artýar. Haçan-da, bedewler pellehana tarap göni ýola düşenlerinde olary diňe ekranda däl-de, eýsem, açyk meýdanda arkaýyn synlamak bolýar.

At çapyşyklary örän gyzykly geçip, iň gowy bedewler tizligini sagatda 60-65 kilometre çenli ýetirýärler. Tizligiň rekordy sagatda 69,69 km. deň bolýar.

Prix de l`Arc de Triomphe at çapyşyklarynda iň ýokary görkeziji – 2,24,60-(1997 ý.) bolupdy. Şu gezekki ýaryşa gatnaşýan bedewleriň toparlarynyň örän daýawdygyny we juda sazlaşyklydygyny görmek kyn düşmeýär. Olar çapyşygyň tutuş dowamynda ýoly bir bitewi beden ýaly bolup geçdiler. Görnetin yza galmaýan şeýle çapyşykda köp zady diňe bir atyň topary däl-de, eýsem, çapyksuwaryň tejribesi we ussatlygy çözýär.

Bu at çapyşyklaryna halkara derejeli iri ýaryşlarda köp ýeňiş gazanan çapyksuwarlaryň hem-de dünýä belli bedewleriň ýygnanýandygyny bellemek gerek. Şonuň üçin bu at çapyşyklaryny “ýeňijileriň ýaryşy” diýip atlandyrylmagy hem tötänden däldir.

Bäşinji çapyşykda ýaryşa beýleki çapyksuwarlar bilen birlikde türkmen çapyksuwary Begençmyrat Agamyradow Gülsary diýen bedew bilen goşuldy.

Jogapkärli çapyşyklaryň öň ýanynda geçirilen deslapky ýaryşda biziň çapyksuwarymyz fransiýaly hünärmenleriň we tälimçileriň baha bermegi boýunça örän gowy netije görkezdi. Şonda türkmen çapyksuwary ilkinji gezek nätanyş atynda çapdy. Mundan başga-da, “Lonşan” aýlawynda Ýewropanyň aýlawlarynyň köpüsinde bolşy ýaly, çapuw meýdançasy otly bolup, Aziýanyň aýlawlarynda ol ýerler çägelik bolýar.

Şu gün Begençmyrada deslapky netijesini gowulandyrmak başartdy. Türkmen çapyksuwarynyň dünýäniň ussat çapyksuwarlarynyň abraýly ýaryşyna gatnaşmagynyň özi hem türkmen atçylyk sportunda uly üstünligiň nyşany boldy.

Türkmenistandan 25 ýaşly ussat çapyksuwara Ýewropanyň bu iri ýaryşlarynda biziň ýurdumyza ilkinji gezek wekilçilik etmek hormaty miýesser edip, ol çapyksuwarlaryň neberesinden bolup durýar. Onuň kakasy—belli seýis Kakamyrat Agamyradowyň aýtmagyna görä, onuň ogly at münmegi örän ir öwrenipdir. Begenç biziň ýurdumyzda atçylyk sport ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, baş öwretmek ýaryşlarynda hem tejribe toplady. Mysal üçin, 2010-njy ýylda Özegistanda geçirilen halkara ýaryşynda B.Agamyradow Maýa atly bedewde 60 kilometr aralyga geçirilen çapyşykda birinji orny eýeledi.

6-njy çapyşyk tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Fransiýada iş saparynda bolýan Türkmenistandan hünärmen atçylaryň wekiliýeti bilen duşuşdy.

Türkmen hünärmenleri ähli çapyksuwarlaryň, seýisleriň adyndan döwlet Baştutanymyza Fransiýadaky atçylyk hojalyklarynyň tejribesi we at çapyşyklarynyň guralyşy bilen tanyşmaga döreden mümkinçiligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize geçirilen duşuşuklaryň netijeleri hakynda hasabat berdiler.

Atçylyk babatda iň gowy daşary ýurt tejribesiniň, hususan-da, Fransuz tejribesiniň öwrenilmegine aýratyn üns bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman usullaryny peýdalanmak bilen ýurdumyzda seçgi-tohumçylyk işiniň ylmy esaslaryny yzygiderli giňeltmegiň, ýurdumyzda aýlaw tejribeleriniň we atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini has işjeň ösdürmegiň, ony halkara ulgamyna goşmagyň möhümdigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu pudagyň öňünde durýan esasy wezipeler barada aýtdy. Bu ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň we atçylygy ösdürmek boýunça ippolog hünärmenleriň hereketlerini utgaşdyrmak we tagallalaryny birleşdirmek, şeýle hem atçylyga bagyşlanan duşuşyklary, dürli ylmy maslahatlary, ahalteke bedewleriniň bäsleşiklerini we halkara sergilerini geçirmek bolup durýar.

“Behişdi bedewlerimiz” dünýäde deňi-taýy bolmadyk atlaryň görnüşlerinden bolup durýar diýip, milli Liderimiz döwletimiziň geljekde hem milli buýsanjymyza öwrülen arassa ganly bedewleri ösdürmek, ata-babalarymyzyň iň gowy atçylyk däplerini dowam etmek we bu ulgama ýaşlary çekmek barada alada etjekdigini aýtdy.

Wekiliýetiň agzalary döwlet Baştutanymyzy türkmen seýisleriniň gamyşgulak bedewlerimiziň täze nesliniň öz ata – babalarynyň şan-şöhratyny mynasyp dowam edip, türkmen halkynyň buýsanjyny has-da artdyrmakda öz tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Duşuşyga “Pegasus Farms Ltd” kompaniýasynyň direktory Erwe Baržo gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz oňa atçylyk boýunça türkmen hünärmenleriniň Fransiýa saparynyň ajaýyp guralmagyna, olaryň fransiýaly kärdeşleriniň iň gowy işleri bilen tanyşmagyna, tejribe alyşmagyna we hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga edilen ýardam üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pariže saparynyň maksatnamasy Fransiýanyň döwlet düzümleriniň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny öz içine aldy. Döwlet Baştutanymyz oba, balyk we tokaý hojalygy ministri jenap Stefan Lefol, býujet ministri jenap Jerom Kazuak, senator we “Fransiýa-Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Andre Dýul bilen duşuşyklary geçirdi. Söhbetdeşlikleriň barşynda degişli ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi we hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz fransuz edaralarynyň ýolbaşçylaryny hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine jikme-jik garamak üçin Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň ýokary wezipeli fransuz diplomatlary bilen duşuşygynda daşary syýasy gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz Katar Döwletiniň dolandyryjy neberäniň wekili, jenap Al Tani bilen hem duşuşyk geçirdi. Şonda türkmen-katar gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bulardan başga-da, hormatly Prezidentimiz “Buig” hem-de “Winçi grand prože” iri fransuz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Martin Buig we Alen Bonno, “Total” konserniniň prezidenti Kristof De Maržeri bilen gündelik meseleleri ara alyp maslahatlaşdy, şeýle hem “France Galop” halkara atçylyk guramasynyň Prezidenti Bertran Belingiýe bilen duşuşdy.

“Lonşan” aýlawynda at çapyşyklary tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Parižiň “Le Burže” howa menziline tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň uçary şol ýerden Sýurihe (Şweýsariýa Konfederasiýasy) ugur aldy.

Bir sagatdan soň Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Sýurihiň halkara howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny Şweýsariýa Konfederasiýasynyň hökümetiniň resmi wekilleri mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şweýsariýa Konfederasiýasyna resmi sapary başlandy.