Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Solid Energy Solutions” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Solid Energy Solutions” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy

view-icon 758
Şu gün Şweýsariýa Konfederasiýasynda resmi sapar bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Solid Energy Solutions” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Kun Minne bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk türkmen Lideriniň Ženewa şäherindäki “Prezident Wilson” myhmanhanasyndaky kabulhanasynda geçirildi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny ýokary derejedäki türkmen-şweýsar gepleşikleriniň üstünlikli geçirilendigi bilen gutlady. Munuň özi Şweýsariýada hem, tutuşlygyna alnanda, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda hem Türkmenistan bilen uzakmöhletli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär. Bu barada söz açyp, jenap Kun Minne esasy dünýä kompaniýalarynyň, hususan-da, öz ýolbaşçylyk edýän “Solid Energy Solutions” kompaniýasynyň türkmen tarapy bilen özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, oňyn halkara hyzmatdaşlygy syýasaty ýöredýän Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri we esasy Ýewropa kompaniýalary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge möhüm ähmiýet berýändigini nygtady. Olaryň köpüsi bilen netijeli gatnaşygyň uly tejribesi toplandy.

Duşuşygyň barşynda geljegi uly ugurlaryň birnäçesi, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika toplumy, elektrik beketlerini, elektrik geçiriji ulgamlary gurmak, şeýle hem milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek, şol sanda önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça iri möçberli maksatnamalary ýerine ýetirmek babatda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, jenap Kun Minne birnäçe pudaklaýyn kompaniýalaryň, şol sanda “Solid Energy Solutions” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan, uzynlygy 620 kilometr bolan häzirki zaman Aşgabat-Balkanabat – Türkmenbaşy elektrik geçiriji ulgamyň taslamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi, ol şol konsorsium tarapyndan maliýeleşdiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kompaniýanyň özara gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandygyny makullap, Türkmenistanyň netijeli deňhukukly hyzmatdaşlyk, aýratyn hem ak ýürekli we hökmany hyzmatdaşlar hökmünde özüni görkezen kompaniýalar bilen şeýle hyzmatdaşlyk etmek üçin açykdygyny nygtady.

Jenap Kun Minne Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýyny belläp, öz kompaniýasynyň Türkmenistan bilen ýakyndan işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Munuň özi bolsa, işewürligi üstünlikli ösdürmek üçin zerur şert bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda “Solid Energy Solutions” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy.