Ï Türkmenistan-ÝB: uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ýoly bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-ÝB: uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ýoly bilen

view-icon 633
Şu gün DEVKO-nyň baş direktorlygynyň edarasynyň başlygynyň orunbasary jenap Mario Rankoniniň baştutanlygyndaky wekiliýetiň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň birnäçesinde, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Maliýe ministrliginde, Bilim ministrliginde, şeýle hem Mejlisinde birnäçe duşuşyklar boldy.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda bolan duşuşygyň barşynda DEVKO-nyň (Development and Cooperation) wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen jemgyýetiniň durmuş-ykdysady abadançylygyny we yzygiderli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ägirt uly özgertmeler işine tüýs ýürekden haýran galýandyklaryny beýan edip, şeýle hem dünýä syýasy giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni görkezen türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň parahatçylyk döredijilige gönükdirilen ugruna ýokary baha berip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny beýan etdiler.

Bütin dünýä boýunça Ýewropa Bileleşiginiň maksatnamalaryny we taslamalaryny ösdürmek hem-de dowam etdirmek babatda ýöriteleşen Ýewropa Bileleşiginiň düzüm birliginiň wekilleriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan ileri tutulýan halkara wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşmak hem-de häzirki dünýäniň möhüm meselelerini çözmäge hil taýdan täze çemeleşmeleri öňe sürmek bilen, ýüze çykan jedelli meseleleri çözmegiň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik, gepleşikler geçirmek usullaryny we serişdelerini ulanmagyň esasynda gyzyklanýan taraplaryň ählisi bilen giňden hyzmatdaşlyk etmek nukdaýnazarynda üýtgewsiz çykyş edýär, şeýle hem taraplaryň netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hoşniýetli erk-isleglerini nazara alyp, oňyn bitaraplyk ýörelgesini goldanýar.

Biziň ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, dünýä bileleşiginiň birleşen tagallalaryna uly goşant goşýar, abraýly halkara guramalarynyň belent münberinden ençeme gezek aýdylan türkmen döwletiniň oňyn başlangyçlaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň ýolunda belli bir maksada gönükdirilen işi hem-de anyk çäreleri geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan oňyn we giň möçberli wajyp meseleleri çözmekde iş ýüzünde toplanan tejribäniň nukdaýnazaryndan Türkmenistan bilen Ýewrwopa Bileleşiginiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli, okgunly ösüşi bu meselede aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

DEVKO-nyň direktorlygynyň wekili we onuň ýany bilen bolýan wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň ähli zerur şertlere hem-de ägirt uly geosyýasy mümkinçilige eýedigini nygtap, sebitiň we tutuş dünýäniň eşreti üçin bar bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Maliýe ministrliginde, Bilim ministrliginde we Mejlisinde bolan duşuşyklaryň çäklerinde hem özara gyzyklanma döredýän esasy meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Wekiliýetiň türkmen paýtagtynda bolmagynyň maksatnamasynda Adalat ministrliginde, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde, Tebigaty goramak ministrliginde, Oba hojalyk ministrliginde, Suw hojalyk ministrliginde, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda hem-de Türkmenistanyň Strategiki meýilleşdiriş we ykdysady ösüş institutynda hem duşuşyklar göz öňünde tutuldy.