Ï Türkmenistanyň Prezidenti Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň Baş direktory bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň Baş direktory bilen duşuşdy

view-icon 590
Şweýsariýa Konfederasiasynda resmi sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky Bölüminiň Milletler Köşgünde Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (HEB) Baş direktory jenap Hamadun Ture bilen duşuşdy. Bu birleşik BMG-niň maglumat –kommunikasiýa tehnologiýalary (MKT) ulgamynda BMG-niň esasy edarasydyr.

Köp ugurly hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri, şeýle hem MKT ulgamynda sebitleýin we halkara syýasatynyň käbir meseleleri boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, HEB-iň Baş direktory özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň netijeli gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, netijeli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Hamadun Tureni mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleýin edaralary bilen özara gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir diýip nygtady. Bu daşary syýasat strategiýasy bolsa oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Dürli ulgamlarda möhüm bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem-de bu işiň netijeli dowam etdirilmegi şol syýasatyň aýdyň netijesidir.

Duşuşygyň barşynda jenap Hamadun Ture döwlet Baştutanymyzy Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň radioýygylyk spektriniň bilelikde ulanylmagyny utgaşdyrmak, emeli hemralar üçin orbital orunlary paýlamakda halkara hyzmatdaşlygyna ýardam etmek, ösýän ýurtlardan elektroaragatnaşyk düzümini kämilleşdirmek we bütindünýä standartlaryny döretmek boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Olar giň zolakly ulgamlardan başlap, täze simsiz tehnologiýalaryna, howa we deňiz nawigasiýasyna, durnukly we ykjam telefon aragatnaşygyny sazlaşdyrmaga, Internete we radioýaýlymlar tehnologiýalaryna çenli aragatnaşygyň giň ulgamlarynyň özara sazlaşykly gatnaşyklaryny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwletiň durmuşynyň ähli ulgamlaryna ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň, täze ýokary düşewüntli ekologiki tehnologiýalaryň, şol sanda aragatnaşyk ulgamyndaky tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň aýratyn üns berýän ugurlarydyr. Munuň özi ýurdumyzda ykdysmadyýeti okgunly ösdürmäge mümkinçilik berýär. Telekommunikasiýa ulgamynyň maýa goýum derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň hasabyna bolsa simli, öýjükli aragatnaşygyň we Internetiň ýaýraýyş derejesi ýokarlanýar, aragatnaşygyň optiki-süýümli ulgamlarynyň çekilmeginiň netijesinde ýaýlymlaryň sany artýar.

Duşuşygyň çäklerinde ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, şol sanda Türkmenistanyň Milli kosmos agentliginiň döredilmegi we geljekde türkmen emeli hemrasynyň äleme çykarylmagy jähtden gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, türkmen döwletiniň Baştutany we HEB-iň Baş direktory bu möhüm ulgamda ýola gýlan oňyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň we giňeldilmeginiň möhümdigini aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Halkara elektroaragatnaşyk ulgamynyň Baş direktory jenap Hamadun Ture Türkmenistan bilen BMG-niň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamyndaky iri düzümleýin edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.