Ï Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň baş direktory bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň baş direktory bilen duşuşdy

view-icon 776
Ženewa Konfederasiýasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) baş direktory jenap Frensis Garri bilen duşuşdy. Duşuşyk Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky Bölüminiň Milletler Köşgünde geçirildi.

Jenap Frensis Garri wagt tapyp, kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň derejesine kanagatlanma bildirdi. Halkara guramasynyň baştutany häzirki ösüşiň ýolunda türkmen döwletiniň ägirt uly üstünliklere eýe bolandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjynda we ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän we Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösmegine gönükdirilen oňyn özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli we okgunly amala aşyrylýandygyna haýran galýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BIEG-iň ýolbaşçysyny mübärekläp we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň abraýly halkara düzümleri we guramalary, şol sanda Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Türkmenistan 1995-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Biziň ýurdumyz dünýäniň iň gowy tejribesini milli tejribä, hususan-da, intellektual eýeçiligi goramak baradaky kanunçylyk-hukuk tejribesine ornaşdyrmaga aýratyn üns berýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler intellektual eýeçilige, BIEG-iň işiniň ugurlaryna bolan hukuga degişli kadalaşdyryjy hukuk meselelerini, şol sanda awtorlaryň hukuklary we olary goramak meselelerini çözmekde häzirki zaman dünýä tejribesi babatda pikir alyşdylar. Türkmenistanda intellektual eýeçiligi goramagyň milli ulgamyny kemala getirmegiň aýratynlyklary bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Jenap Frensis Garriniň belleýşi ýaly, özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň esasy wezipeleriniň biri hem BIEG-iň hem-de halkara intellektual eýeçilik ulgamynyň innowasiýalary we döredijiligi höweslendirmegini, bu ulgamda bazar gatnaşyklaryna ýardam etmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Intellektual eýeçiligiň deňagramly we netijeli halkara ulgamynyň kömegi bilen biz ähli ýurtlaryň ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösmegi üçin innowasiýalary we döredijiligi giňden goldaýarys diýip, BIEG-iň baştutany nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň BIEG bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, biziň ýurdumyzyň dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmäge we milli tejribä ornaşdyrmaga aýratyn üns berýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz işewürlik we tehnika ulgamynda özgertmeleriň örän çalt bolup geçýändigi şertlerinde awtorlyk-hukuk goragynyň derwaýyslygynyň artýandygyny aýdyp, türkmen tarapynyň bu ulgamda gatnaşyklary giňeltmek hem-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak mümkinçiligi barada gelip gowuşýan teklipleriň ählisine garamaga we içgin öwrenmäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň baş direktory jenap Frensis Garri özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini belläp, bu ulgamda BIEG bilen netijeli tejribe alyşmaga çalyşýandyklaryny aýtdylar.