Şu gün Şweýsariýa Konfederasiýasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ženewada Birleşen Milletler Guramasynyň Bölüminiň Milletler Köşgünde BMG-niň Ýewropa Ykdysady Toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary Swen Alkalaý bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler biri-biri bilen mähirli görşüp, nobatdaky ikiçäk duşuşykda Türkmenistanyň we BMG-niň Ýewropa Ykdysady Toparynyň arasyndaky häzirki we geljekki hyzmatdaşlygyň dürli jähetlerini, şeýle hem halkara syýasaty boýunça özara gyzyklanma döredýän wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga oňaýly mümkinçiligiň dörändigi babatda kanagatlanma bildirdirdiler.
Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň noýabrynda Şweýsariýanyň paýtagtynda hökümetara guramasynyň nobatdaky 19-njy mejlisinde Türkmenistan BMG-niň Ýewropa Ykdysady Toparynyň durnukly energetika boýunça Komitetiniň Býurosynyň wise-başlyklygyna saýlandy, munuň özi Ýewropa Ykdysady Toparynyň türkmen döwleti bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş assambleýasynyň belent münberinden öňe süren "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" diýen başlangyjyny iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi ugur edinýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi.
Türkmen Lideri BMG-niň Ýewropa Ykdysady Topary bilen ýola goýlan netijeli gepleşigiň ýokary derejä ýetirilenidigi babatda kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm ähmiýetli başlangyçlar bilen çykyş edýändigini hem-de şol başlangyjyny amala aşyrmak ugrunda anyk çäreleri görýändigini we yzygiderli ädimleri ädýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň hususan-da, energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryna ygtybarly we durnukly ýagdaýda ýetirilmegini kepillendirýän netijeli halkara-huku mehanizmini işläp taýýarlamagyň hasabyna, energetiki howpsuzlygy üpjün etmegiň täze ählumumy binýadyny döretmek baradaky başlangyçlaryna BMG-niň Ýewropa Ykdysady Topary tarapyndan goldaw berilmegine ýokary baha berdi.
Öz gezeginde, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işine oňyn baha berlendigi üçin hoşallyk bildirip, dünýä bileleşiginiň Türkmenistanda amala aşyrylýan we bar bolan mümkinçiliklerden has dolulygyna peýdalanylmagyna giň ýol açýan durmuş-ykdysady özgertmelere aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Jenap Swen Alkalaý Ýewropa Ykdysady Toparynda dünýä bileleşiginiň arasynda uly at-abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyga Ýewropa Ykdysady Toparynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň we goşulyşmagyň pugtalandyrylmagyna, häzirki döwürde yzygiderli ösüşiň we rowaçlygyň gazanylmagyna gönükdirilen işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmüde garalýandygyny belledi.
Toparyň ýolbaşçysy BMG-niň Ýewropa Ykdysady Toparynyň durnukly energetika boýunça Komitetiniň Býurosynyň işiniň ähmiýeti barada durup geçip, energetika boýunça sebit we sebitara hyzmatdaşlygynyň höweslendirilmegini, energetika toplumynda, hususan-da, gaz senagatynda, elektroenergetikanyň önümçiliginde, energiýany tygşytlamakda we energiýanyň netijeliligini artdyrmakda energetika syýasatyny we bazar ykdysadyýetine mahsus özgertmeleri amala aşyrmakda döwletlere, energiýa serişdeleriniň ählumumy derejede netijeli ulanylmagyna ýardam etmek maksady bilen, durnukly energiýa ulgamlaryny ösdürmegiň strategiýasynyň işlenip taýýarlanmagyna goldaw berilmegini şol Býuronyň üstüne ýüklenen wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Şunuň bilen baglylykda, jenap Swen Alkalaý türkmen Lideriniň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we howpsuz ýetirilmegini üpjün etmek boýunça hemmetaraplaýyn mehanizmleriň işlenip taýýarlanmagy üçin BMG-niň howandarlygynda bilermenleriň toparyny, geljekde bolsa, “energetika degişli meseleleriň tutuş toplumyny yzygiderli, hünärmenler tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin, syýasy formaty we guramaçylyga degişli şertleri” üpjün etmek boýunça BMG-niň Energetika Geňeşini döretmek babatda öňe süren başlangyjynyň wajyp ähmiýetlidigini aýtdy.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti milli we umumy bähbitleriň oňaýly derejede göz öňünde tutulmagynyň, özara peýdalylygyň, deň hukukly hyzmatdaşlygyň türkmen döwletiniň dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda we ösdürmekde esasy ýörelgeler bolup durýandygyny belledi.
Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň beýleki jähetleri, ählumumy parahatçylykly ösüşe we abadançylyga gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalamalary we maksatnamalary amala aşyrmagyň geljekki mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler geçirilen gepleşik babatda kanagatlanma bildirip, BMGäniň çäklerinde mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek arkaly, Üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna ýetmek ugrunda ilkinji nobatdaky wezipeleriň berjaý edilmegine anyk goşant goşulmalydygyny aýtdylar.