Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Şweýsariýa Konfederasiýasyna resmi sapary tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Şweýsariýa Konfederasiýasyna resmi sapary tamamlandy

view-icon 741
Şu gün, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şweýsariýa Konfederasiýasyna resmi saparynyň jemleýji gününde türkmen döwletiniň Baştutany BMG-niň Ženewadaky Milletler Köşgünde ýerleşen bölümine bardy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn, saparyň birinji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Ewelin Widmer-Şlumpfyň arasynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi. Şol gepleşikleriň üstünlikli bolmagy iki döwletiň we halklaryň dostluk hem-de birek-birege ynanmak, özara bähbitlilik, deňhukuklylyk we hoşniýetli erk-isleg ýörelgelerine esaslanýan doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşmak ugruna gyşarnyksyz ygrarlydygyny tassyklady. Anyk meýilnamalar we işler iki döwletiň Liderleriniň ýola goýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugrudyr. Bernde gol çekilen ençeme resminamalar munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol resminamalar iki halkyň abadançylygynyň bähbidine hyzmat eder. Olar döwletara hyzmatdaşlygyna kuwwatly itergi berip, syýasatda, ykdysadyýetde we gumanitar ulgamda netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri açdy.

Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasyndaky Konwensiýa munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Şu günki günüň jähetinden hem, iki ýurduň durmuşa geçirjek iri möçberli maýa goýumlaryny nazara almak bilen hem bu resminamanyň ähmiýeti örän uludyr.

Häzirki zamanyň ykdysady we syýasy ýagdaýlaryny nazara almak bilen, iki ýurduň Liderleri abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde, şeýle hem sebitleýin möçberde halkara hyzmatdaşlyga täze çemeleşmeler kesgitlenildi. Türkmenistanyň ygtybarly dosty we hyzmatdaşy hökmünde çykyş edip, Şweýsariýa onuň bitaraplyk derejesi bilen baglanyşykly daşary syýasat başlangyçlaryny hemişe goldaýar.

Häzirki zamanyň esasy meseleleri, ilkinji nobatda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meseleleri babatda taraplaryň garaýyşynyň gabat gelýändigini belläp, Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Liderleri häzirki wagtda ýüze çykýan wehimlere garşy diňe ynsanperwerlik ýörelgeleriniň hem-de belent ahlak gymmatlyklarynyň birleşdiriji güýjüne daýanyp göreşmek bolar diýen bir pikiri aýtdylar.

Şu gün, Şweýsariýa saparynyň jemleýji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Bölüminiň Baş direktory K.Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyga şeýle hem biziň ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Milletler Köşgi 1929-njy we 1938-nji ýyllar aralygynda Ženewadaky Ariana parkynda gurlan binalar toplumydyr. Häzirki wagtda ol BMG-niň ştab-kwartirasydyr, onuň depesinde Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagy parlaýar. Köşkde BMG-niň Ženewadaky Ýewropa bölümi ýerleşýär. Ol BMG-niň Nýu-Ýorkdan soň dünýädäki ikinji möhüm kabulhanasydyr.

Bu ýerde şeýle hem MAGATE-niň, UNESKO-nyň, BMG-niň Söwda we ösüş baradaky Konferensiýasynyň, BMG-niň gumanitar meseleleri utgaşdyrmak baradaky müdiriýetiniň, BMG-niň senagat ösüşi boýunça guramasynyň, şeýle hem BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň sebitleýin bölümleriniň edaralary ýerleşýärler.

Her ýyl BMG-niň ştab-kwartirasynda 8 müňe golaý mejlis geçirilýär, olaryň 600-si iri halkara forumlarydyr.

Milletler Köşgüniň binalar toplumy diňe bir meşhur syýasy desga däldir. Her ýyl Köşge syýahatçylaryň 100 müňüsi gelýär, ol eýeleýän meýdany boýunça Ýewropada ikinji Köşkler toplumydyr. Toplumyň umumy uzynlygy 600 metre barabardyr, onda 34 sany mejlisler zaly we 2800 sany edara ýerleşýär.

Prezidentiň awtoulagy Milletler Köşgüniň çägine barýar. Binanyň eýwanynda belent mertebeli türkmen myhmanyny BMG-niň Bölüminiň Baş direktory K.Tokaýew garşylaýar. Ol türkmen Liderini binanyň ikinji gatyna çagyrýar, şol ýerde BMG-niň Bölüminiň Baş direktorynyň otagy ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we K.Tokaýew hormat garawulyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler.

Soňra, iş otagynda, Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň we BMG-niň baýdagynyň öňünde bilelikde surata düşenlerinden soň, BMG-niň Bölüminiň Baş direktory K.Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentini hormatly myhmanlaryň “Altyn kitabynda” ýadygärlik ýazgysyny galdyrmaga çagyrýar. K.Tokaýewiň belleýşi ýaly, dünýäniň belli işgärleri şol kitapda özleriniň ýazgylaryny galdyrdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Bölüminiň Baş direktory K.Tokaýewiň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary we BMG-niň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, jenap Kasymžomart Tokaýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy saparyň uly üstünligi bilen gutlady. Bu sapar türkmen-şweýsariýa gatnaşyklarynyň taryhynda täze möhüm sahypany açdy. Baş direktor ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanjakdygyna we özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti gutlag üçin minnetdarlyk bildirip, sözüň doly manysynda, türkmen-şweýsariýa gatnaşyklarynyň hil taýdan täze tapgyryna badalga berlendigini belledi. Ähli ugurlarda ýokary netijeleri gazanmak şol gatnaşyklaryň esasy aýratynlygydyr.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň hyzmatdaşlyk etmekde, şol sanda halkara giňişliginde gatnaşyk etmekde oňyn tejribesi bardyr. Häzirki zamanyň esasy meseleler boýunça özara düşünişmegiň ýokary derejede bolmagy, taraplaryň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunda Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň özleriniň bitaraplyk derejesine ygrarly bolmagy, özara hormat-sarpa goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan syýasy gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegi esasy ýagdaýlar hökmünde görkezildi. Taraplar Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlygynyň çäklerinde hem üstünlikli gatnaşyk edýärler.

Gyzyklanma bildirilýän halkara hyzmatdaşlaryň ählisi bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmek türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunda, dünýädäki häzikri ykdysady ýagdaýyň şertlerinde ählumumy maliýe çökgünçiliginiň ýaramaz täsirleriniň öňüni almak boýunça netijeli gurallary işläp taýýarlamak we geljekde dünýäniň ykdysady taýdan ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlemek halkara bileleşiginiň möhüm wezipesi bolup durýar. Şu jähtden Türkmenistan dünýä möçberinde, şeýle hem sebit möçberinde ykdysady taýdan ösüş meseleleri boýunça dünýäniň döwletleriniň we esasy maliýe edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň gejegi uly hasaplaýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä bileleşigine ygtybarly ykdysady hyzmatdaş hökmünde görelde görkezýär, onuň milli bähbitleri köp babatda ählumumy ösüşiň giň möçberli taslamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Türkmenistan dünýäniň ykdysady ulgamynda ulag-aragatnaşyk ugrunyň möhüm orun eýeleýändigini nazara almak bilen, “Demirgazyk--Günorta” we “Gündogar--Günbatar” ulag geçelgeleriniň işjeň ösdürilmegini, şeýle hem “Merkezi Aziýa—Pars aýlagy” aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny hem-de Hazar—Gara deňiz sebitinde ulag gatnawlarynyň ösdürilmegini öz syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hasaplaýar.

Türkmenistan biziň döwletimiziň abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäklerindäki ykdysady edaralaryň düzümine işjeň gatnaşyjy hökmünde wekilçilik etmegi babatda hem diplomatik işini alyp barýar. Munuň özi ýurduň ählumumy ösüşine işjeň gatnaşmagynyň goşmaça ugry bolup durýar. 2010-njy ýylda biziň döwletimiz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamanyň başlyklygyna saýlanyldy. Bu maksatnama BMG-niň Ýewropa ykdysady topary tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň 2013-2015-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ykdysady we Sosial geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy baradaky mesele ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary barada ileri tutýan ugurlarynyň gün tertibinde derwaýys wezipeleriň biri bolup durýar. Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň düzümine saýlanandygyny nygtamalydyrys. Ol BMG-niň Ykdysady we Sosial geňeşiniň möhüm düzümleriniň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň ägirt uly serişdeler kuwwatyny nazara almak bilen, ýangyç-energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlaryň geljegi barada hem gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga çalşyp, özüniň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna, şol sanda Ýewropanyň bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek ýörelgelerine ygrarly bolmagynda galýar we netijeli gatnaşyklary üçin hemişe açykdyr.

Häzirki wagtda energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryna ygtybarly we yzygiderli ýetirilmegini üpjün etmek bilen bagly wezipe durnukly ösüşe degişli meseläniň has ileri tutulýan jähetleriniň hatarynda durýar. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistan dünýäniň kuwwatly energetiki döwletleriniň biri hökmünde, ilkinji nobada BMG-niň çäklerinde halkara derejesindäki işleri yzygiderli ýagdaýda amala aşyrýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetiki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça möhüm ähmiýetli we hemmetaraplaýyn aýan edilen teklipleri diňe bir milli däl-de, eýsem sebit we ählumumy derejedäki ösüşiň geljekki mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Baştutany şu meseläni mundan beýläk-de amala aşyrmagyň zerur tapgyry hökmünde, BMG-niň howandarlyk etmeginde bilermenleriň ýörite toparyny döretmegi teklip etdi. Energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlarynyň diwersifikasiýa edilmegi bilen baglylykda, şu toparyň maksady ählumumy energetika düzüminiň howpsuz hereket etmeginiň hemmetaraplaýyn mehanizmlerini işläp taýýarlamakdan ybarat bolup durýar. Häzirki wagtda Türkmenistan şu meseläniň halkara derejesinde ara alnyp maslahatlaşylmagyny işjeňleşdirmegi teklip edýär, munuň özi dünýä derejesindäki syýasata degişli wajyp ähmiýetli meseleleriň biriniň çözülmegini tizleşdirer.

Gumanitar ugur Türkmenistanyň ýöredýän syýasatynyň wajyp ähmiýetli ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan gumanitar hukuk boýunça halkara borçlaryny hemmetaraplaýyn we gyşarnyksyz berjaý edýän döwlet hökmünde özüni tanatdy. Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, bosgunlaryň hukuklarynyň goralmagyna gönükdirilen çäreleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna işjeň ýagdaýda ýardam berer. Galyberse-de, Türkmenistanyň BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilen birlikde, Türkmenistanda raýatsyzlygyň öňüni almak we azaltmak boýunça Maksatnamanyň çäklerinde çäreleriň toplumyny işläp taýýarlady we olary durmuşa geçirýär. Şunda ýurdumyz bosgunlaryň we apatridleriň hukularyny üpjün etmek we goramak ugrunda halkara derejesindäki tagallaryň jebisleşdirilmeginiň işjeň tarapdary bolup durýar.

Türkmen Lideri ekologiýa boýunça abadançylygyň üpjün edilmeginiň wajyp ähmiýetli meseleleriň biri bolup durýandygyny we Türkmenistanyň şu meselä dünýä bileleşiginiň ünsüni çekýändigini belledi. Dünýä bileleşigi tarapyndan köp sanly oňyn başlangyçlary öňe sürýän ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan öňde baryjy hatarlarda çykyş edip, ýöriteleşdirilen halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek arkaly, ekologiýa boýunça bar bolan wezipeleri berjaý etmek we şu ugurda ýüze çykyp biljek meseleleriň duýdurmak boýunça täze çemeleşmeleri teklip edýär. Häzirki wagtda milli we sebit derejesinde durmuşa geçirilýän hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMGäniň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznazy ýaly abraýly halkara düzümleri tarapyndan goldaw berilýän dürli taslamalaryň we maksatnamalaryň 30-dan gowragynyň amala aşyrylmagy muňa aýdyň mysal bolup biler. Türkmenistanyň ähli başlangyçlary Bütindünýä “Rio+20” maslahatynda-da aýan edildi, şol maslahatyň geçirilmeginiň özi bu möhüm ugurda bilelikde utgaşdyrylan hereketleri amala aşyrmagyň zerurdygyny görkezýär.

Biziň döwletimiz ekologiýanyň howpsuzlygy boýunça BMG-niň birnäçe Konwensiýalaryna goşulmak bilen, tebigatyň goralmagyna degişli meseleler boýunça netijeli garaýyşlaryny öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy geljekde-de ekologiýa boýunça BMG tarapyndan göz öňünde tutulýan meseleleriň çözülmegine üns berer. Aral deňzi we Hazar sebitinde daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleleri şolaryň hatarynda görkezmek bolar.

Däp bolşy ýaly, medeniýet we gumanitar ugurda ikitaraplaýyn arkalaşykly hereket etmegiň, hususan-da, işgärleri taýýarlamak we ylmy barlaglary geçirmek, türkmen hünärmenlerini Şweýsariýanyň bilim edaralarynda okatmagyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hem möhüm ähmiýetlidigi bellenildi.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap K.Tokaýewiň ugratmagynda, ozal Milletler Ligasynyň Geňeşiniň mejlisleriniň geçirilen zalyna tarap ugrady. Bu ýerde BMG-niň Bölüminiň Baş direktory türkmen Liderine bu binanyň düýbüniň tutulyşy, onuň içiniň esasan, Milletler Ligasynyň agzalary bolup durýan ýurtlar tarapyndan berlen materiallar bilen bezelişi barada gürrüň berdi. Şunda birinji daşyň aşagynda wagty, Milletler Ligasynyň agzalary bolup durýan ýurtlaryň sanawyny görkezýän esbap, şeýle hem agza ýurtlaryň şaýy pullary goýlupdyr.

Jenap K.Tokaýewiň aýtmagyna görä, şu günler bu ýerde ýaragsyzlanmak baradaky maslahat geçirilýär, soňky on ýylyň dowamynda ýaragsyzlanmaga, ok-ýaraglaryň, ilkinji nobatda bolsa, ýadro ýaragynyň azaldylmagyna ýardam bermek, bu ýaragyň ýaýradylmagyna garşy bilelikde göreşmek we şu ugra degişli islendik howplary aradan aýyrmak bu maslahatyň gün tertibinde durýan esasy meseleler diýlip hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ugra degişli gürrüňi dowam etdirip, Türkmenistanyň ýaragsyzlanmagyň dünýäniň ähli döwletleri üçin möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyna düşünmek bilen, häzirki wagtda ýaragsyzlanmak bilen bagly meselä özüniň daşary syýasat boýunça strategiýasynda ileri tutulýan meseleleriň biri hökmünde garaýandygyny belledi. Döwletimiz ýaragsyzlanmak we ýaragy ýaýratmazlyk boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk edilmegine ygryrlydygyny äşgär edip, ýurduň bitaraplyk derejesini göz öňünde tutmak arkaly, şu ugurda netijeli we maksada okgunly işi amala aşyrýar.

Hoşlaşmak bilen, türkmen döwletiniň Baştutany türkmen-şweýsar gepleşiginiň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, dostlukly ýurduň halkyna ýakymly arzuwlaryny aýtdy.

Soňra K.Tokaýewiň ugratmagynda, Türkmenistanyň Prezidenti Milletler köşgüniň Fransuz salonyna tarap ugrady, bu ýerde halkara guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklyr geçirildi, olaryň arasynda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary Swen Alkalaý, BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary A.Guterreş, Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň Baş sekretary M. Žarro, Intellektual eýeçilik baradaky bütindünýä guramasynyň Baş direktory F.Garri, Halkara elektrik aragatnaşygy birleşiginiň Baş direktory H.Ture bar.

Milletler köşgündäki duşuşyklar tamamlanandan soňra, türkmen döwletiniň Baştutanynyň awtoulagy BMG-niň Bölüminiň Baş direktorynyň kabulhanasyna tarap ugrady, şol ýerde belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna jenap K.Tokaýewiň adyndan nahar berildi.

Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni “Ženewa-Kointrin” Halkara howa menziline tarap ugrady. Şol ýerde türkmpen Liderini ugratmak dabarasy boldy. Uçaryň ýanynda döwlet BaştutanyBMG-niň Bölüminiň Baş direktory K.Tokaýew bilen mähirli hoşlaşyp, ýagşy arzuwlary aýtdy hem-de myhmansöýerlik we mähirli garşylanandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Birnäçe minutdan soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň “Boingi” asmana galýar we ata Watanymyza tarap ugur aldy.