Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 768
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyz bilen mähirli görşüp, duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi, şeýle hem pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Şweýsariýa Konfederasiýasyna amala aşyran resmi saparynyň üstünlikli jemleri bilen gutlady. Işewür milli Liderimize berk jan saglyk, abadançylyk, ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan jogapkärli we köp ugurly işlerinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda işewür türk kompaniýasynyň baş potratçylyk etmeginde amala aşyrylýan taslamalaryň ilerleýşi hakynda hasabat berdi. Ahmet Çalyk türkmen bazarynyň geljeginiň örän ulydygyny belläp, ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy halkara işewür toparlarynyň Türkmenistana gyzyklanmasynyň artmagyny şertlendirýär diýip nygtady. Bu ýerde milli ykdysadyýeti düýpli döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzümini döretmäge, durmuş ulgamyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen iri özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň öz daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli işewür hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu gün ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalar netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin örän amatly şertleri döredýär diýip belledi. Bu giň gerimli meýilnamalar ähli ölçegleri boýunça ýokary halkara standartlaryna gabat gelmeli dürli maksatly täze desgalaryň gurulmagyny, şeýle hem dürli ulgamlarda innowasion tehnologiýalaryň, iň täze ylmy-tehniki gazanylanlaryň giňden ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Ahmet Çalyk döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde hem Türkmenistan bilen ygtybarly we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly boljakdygyna ynandyrdy.