Ï GDA ýurtlarynyň halkyň sarp edýän harytlarynyň halkara ýarmarkasy öz işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

GDA ýurtlarynyň halkyň sarp edýän harytlarynyň halkara ýarmarkasy öz işini tamamlady

view-icon 615
Şu gün şäheriň täze we iň owadan künjekleriniň biri bolan, Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän“Çandybil” söwda merkezinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agzalary bolan ýurtlarda öndürilen halkyň sarp edýän harytlarynyň halkara ýarmarkasy öz işini tamamlady.

20-nji sentýabrda işe başlan ýarmarkanyň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar Arkalaşygyň ýurtlarynyň esasy kompaniýalary tarapyndan giňden görkezilen harytlaryň uly topary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Türkmenistan GDA 2012-nji ýylda başlyklyk edýän ýurt hökmünde Arkalyşygyň çäklerinde ilkinji gezek guralan bu forumy özünde geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan ýarmarka 8 döwletden 115 kompaniýany Aşgabada ýygnady. Bu uly möçberli döwletara gözden geçirilişine Russiýa Federasiýasy, Ermenistan Respublikasy, Belarus Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy, Ukraina we Türkmenistan gatnaşdy.

Türkmen paýtagtynda bolan şular ýaly ilkinji forum GDA-nyň döwletleriniň işewür toparlarynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini görkezdi, berk ykdysady we däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary olary baglaşdyrýar. Serginiň bölümlerinde durmuş tehnikasy, gurluşyk materiallary, azyk we ýeňil senagatyň önümleri, parfýumeriýa hem-de kosmetika, durmuşda ulanylýan himiýa önümleri görkezildi. Sergi aşgabatlylaryň we türkmen paýtagtynyň myhmanlarynyň ünsüni çekdi, hödürlenen önümlere uly isleg bildirildi.

Ýarmarka gatnaşyjylaryň bir agyzdan gelen pikirine görä, ol GDA ýurtlarynyň işewür gatnaşyklaryny ösdürmäge anyk hem-de uly goşant goşdy. Işewürligiň we önümçilik ulgamynyň wekilleri, telekeçiler söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýän goňşy döwletleriň hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri babatda gatnaşyk etmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahaşdylar. Maslahatyň çäklerinde geçirilen köp sanly netijeli duşuşyklar, ara alyp maslahatlaşylan täze taslamalar we teklipler eýýäm özara peýdaly ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýär.

Türkmenistan öz ykdysady kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrýar, ornaşdyrylýan innowasiýalar, serişdeler mümkinçilikleri, durmuşyň ähli ugurlarynda geçirilýän uly möçberli özgertmeler muňa ýardam edýär. Bu geljegi uly türkmen bazarynda mynasyp orny eýelemäge, özleriniň sarp ediş harytlaryny hödürlemäge çalyşýan daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döredýär, şu gün öz işini tamamlan ykdysady gözden geçiriliş muny ýene-de bir gezek doly derejede görkezdi.

Maslahatyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara diplomlar we halkara nusgasyndaky güwänamalar gowşuryldy.

Halkara ýarmarkasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, olar şol ýüzlenmede myhmansöýerlik bildirilendigi we maslahatyň ýokary derejede guralandygy, oňyn başlangyçlar we ykdysady hyzmatdaşlygyň giňden goldanylýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.