Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi

view-icon 691
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Serdar” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi, ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Bellenip geçilişi ýaly, öz daşary syýasatyny oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlygy ýörelgelerinde amala aşyrmak bilen Türkmenistan oňyn syýasy gatnaşyklary, döwletara derejesinde netijeli söwda-ykdysady we gumanitar-medeni gatnaşyklary ösdürip, şeýle hem abraýly halkara guramalary we düzümleri bilen işjeň gatnaşyk edip, şol ugra gyşarnyksyz eýerýär. Şu ýylyň 9 aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlara, şol sanda Türkiýe Respublikasyna, Ukraina, Belarus Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Hytaý Halk Respublikasyna, Braziliýa Federatiw Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna, Latwiýa Respublikasyna saparlary, şeýle hem biziň ýurdumyza daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylarynyň we ýokary wezipeli wekilleriniň saparlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinen möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Tutuşlygyna alnanda hasabat döwründe dürli derejedäki daşary ýurt wekiliýetleriniň 456-sy Türkmenistana geldiler. Şol bir wagtyň özünde biziň ýurdumyzyň wekiliýetleriniň 482-si daşary ýurtda boldular. Ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistanda daşary ýurt döwletleri we halkara düzümleri bilen bilelikde guralan çäreleriň 189-sy geçirildi.

Ýylyň başyndan bäri 92 sany resminama gol çekildi, olar Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdiler. Häzirki wagtda türkmen döwleti halkara konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň we ylalaşyklarynyň 129-syna gatnaşýar. Olardan üçüsine biziň ýurdumyz şu ýyl goşuldy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň işine möhüm orun berilýär. Bu babatda hasabat döwründe şeýle toparlaryň 16 mejlisiniň bolandygy bellenip geçildi. Pudaklaryň giň topary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge degişli möhüm meseleler olaryň gün tertibine girizildi.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasyna iş saparynyň, şeýle hem döwlet Baştutanynyň 7-9-njy oktýabrda Şweýsariýa Konfederasiýasyna bolan we döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda hil taýdan täze tapgyryň başyny başlan resmi saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna we ykrar etmegine eýe bolan döredijilikli halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler hakynda hem hasabat berildi.

Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Beseskunyň şu ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Türkmenistana boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk hakyda hem aýdyldy. Bellenip geçilişi ýaly, ýokary derejedäki nobatdaky türkmen-rumyn gepleşikleriniň jemleri boýunça mümkinçiliklerini we geljegini nazara almak bilen, däp bolan döwletara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmegi maksat edinen ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitleri üçin dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly özara hormat goýulýan gatnaşyklary, esasy halkara guramalary hem-de düzümleri bilen oňyn gatnaşyklary ösdürmäge tarap alnan ugra ygrarlydygyny nygtady. Milli Liderimiz bu barada söz açyp, BMG-niň belent münberinden aýdylan we häzir adamzady tolgundyrýan meseleleriň göwnejaý çözgütlerini işläp taýýarlamaga ýardam etjek Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek babatda maksada gönükdirilen çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz Şweýsariýa Konfederasiýasyna resmi saparyň jemlerine ünsi çekip, deň hukuklylyk we ayçyklyk ýörelgelerine daýanýan, Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän halkara hyzmatdaşlygy syýasatynyň aýdyň tassyklanmasy bolan, geçirilen ýokary derejedäki türkmen-şweýsar gepleşikleriniň netijeliligini, biziň ýurdumyzyň dünýä derejesindäki barha artýan abraýyny şertlendirip, anyk netijeleri berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Bernde bolan gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli düzümleriň utgaşdyrylan işiniň zerurdygyny nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda boljak ýokary derejedäki türkmen-rumyn gepleşikleriniň möhümdigi hakynda söz açyp, turuwbaşdan uzak möhletli özara peýdaly esasda guralýan iki dostlukly döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek babatda şol gepleşikleriň ähmiýetini nygtady. Milli Liderimiz ýokarda aýdylanlar bilen bir hatarda Rumyniýanyň Prezidentiniň Türkmenistana şu saparynyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim boljakdygyny hem belledi, munuň özi biziň ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň dokuz aýynda geçirilen işler barada hasabat berdi.Wise-premýer öz hasabatynda ýurdumyzyň medeni mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, neşirýat işini we kinematografiýany ösdürmek, milli mirasy aýawly saklamak we ýaýratmak, ilatyň danyç alyşyny guramak boýunça döredilýän şertler we türkmen medeniýetini daşary ýurtlarda mynasyp derejede görkezmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurtda ilata ýokary derejede degişli hyzmatlary amala aşyrýan medeniýet edaralarynyň 1254-si hereket edýär. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen dünýäniň ençeme ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi. Türkmenistanda şeýle hem Eýranyň, Belarusyň, Tatarystanyň, Türkiýäniň medeniýet günleri, Awstriýada we Russiýada bolsa Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirildi. Mary şäherinň 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly halkara çäreleriniň birnäçesi guraldy.

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde 15-16-njy oktýabrda Aşgabatda GDA gatnaşýan ýurtlaryň döredijilik we ylmy işgärleriniň VII maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Bu maslahata görnükli medeniýet, ylym we bilim işgärleri, döwletara düzümleriň, halkara guramalaryň hem-de Arkalaşygyň ýurtlarynyň jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet edaralarynyň jemgyýetçilik guramalary, okuw, bilim beriş edaralary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen bir bitewi medeni giňişligi döretmekde, ýaşlaryň döredijilik işini goldamakda we ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde bilelikde hereket etmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany medeniýetiň döwlet syýasatynyň örän möhüm gumanitar bölegi we durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň netijeli guraly bolup durýandygyny nygtamak bilen, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada wise-premýere tabşyryk berdi. Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda bu ugurda örän peýdaly tejribäniň toplanandygy we onuň türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny öwrenmekde we wagyz-nesihat etmekde ähmiýetiniň örän uludygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň medeniýet ulgamynda işleýän işgärleriň hünär derejesine täze has ýokary talaplary bildirýändigi barada aýdyp, bu meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Türkmen paýtagtynda GDA gatnaşýan ýurtlaryň döredijilik we ylmy işgärleriniň VII maslahatyny geçirmek baradaky meseläni gozgamak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň şu ýyl Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerinde ähmiýetli çäreleriň biri hökmünde aýratyn möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere degişli maslahatyň çäklerinde göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewe söz berildi. Ol şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barylan işleriň netijeleri, şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi.

Hasabatda bellenilşi ýaly, Türkmenistan öz energetika syýasatyny yzygiderli amala aşyrýar. Ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, pudagyň çig mal binýadyny berkitmek, şol sanda soňky ýyllarda açylan täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň, şeýle hem türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp ugurly ulgamyny döretmegiň hasabyna berkitmek şol syýasatyň möhüm ugurlary bolup durýar.

2012-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýyna görä, önümleri paýlaşmak hakynda şertnamalara laýyklykda sekiz taslama amala aşyrylýar. Olaryň bäşisi nebit we gaz çykarmak, üçüsi bolsa geologiýa gözleg işlerini geçirmek boýunça taslamalardyr. Hasabat döwrüniň görkezijilerine geçirilen seljermäniň jemleri Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi boýunça mawy ýangyjyň iberilýän hem-de nebitiň we gazyň çykarylýan möçberleriniň artandygyna şaýatlyk edýär.

Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň Nebit we gaz instituty tarapyndan 67 şertnama we 2 taslama boýunça ylmy barlag işleri geçirildi.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” instituty tarapyndan hasabat döwründe nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlamak, geologiýa gözleg işlerini geçirmek, nebit we gaz çykarmak meseleleri we beýleki ugurlar boýunça degişli işler alnyp baryldy. Institutyň hünärmenleri dürli ylmy-tehniki çäreleriň 26-syny guradylar, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça teklipleri taýýarladylar.

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Ylmy-barlag we geologiýa gözleg instituty tarapyndan işleriň uly möçberi ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistan ykrar edilen energetika döwleti bolmak bilen, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryny özgertmegiň çäklerinde nebitgaz pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär diýip belledi. Şonuň bilen birlikde milli Liderimiz tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika strategiýasyny amala aşyrmak boýunça esasy wezipeler Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda kesgitlendi. Ol ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge we onuň halkara energiýa ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirildi.

Şunuň bilen birlikde milli Liderimiz ýurdumyzda geçirilýän ähli özgertmeleriň ahyrky maksady – halkyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bolup durýar diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz wise-premýeriň ünsüni degişli ugurda işleri dowam etmegiň möhümdigine çekdi we garamagyndaky düzümleriň işine degişli gözegçilik etmegi talap etdi.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylan işleriň jemleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hasabatda durmuş maksatnamalarynyň, ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň barşy, bu ugurlarda, şeýle hem syýahatçylyk we sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň netijeleri barada habar berildi.

Bellenilişi ýaly, geçen döwürde Bilim ministrligi boýunça mekdepleriň 21-si, çagalar baglarynyň 28-si, 1000 orunlyk sagaldyş merkezi, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, şeýle hem Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň täze binalary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi boýunça kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň Berzeňňidäki Ylmy-şypahana bölüminiň täze binasy, häzirki zaman ýaşaýyş jaýy we Aşgabat şäherinde Saglyk öýi, “Mollagara” şypahanasynyň täze binalar toplumy ulanmaga berildi. “Saglyk” kärhanasynyň durkuny täzelemek işleri, şeýle hem Aşgabat şäherinde we Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezleriniň, kordiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň täze binalarynyň, şeýle hem “Daşoguz” şypahanasynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Şu ýylyň dokuz aýynda halkara ylmy maslahatlarynyň ýedisi, iki gezek sergi, halkara ekspedisiýasy we halkara çagalar festiwaly geçirildi. Türkmen mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşikleriniň 21-sine gatnaşyp, 122 medala, şol sanda 20 sany altyn medala, 42 sany kümüş we 60 sany bürünç medala mynasyp boldular. Türkmenistanly türgenler halkara sport ýaryşlarynyň 123-sinde – olimpiýa, dünýä we Aziýa ýaryşlarynda çykyş edip, 66 sany altyn, 74 sany kümüş we 79 sany bürünç medala eýe boldular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär diýip belledi. Türkmenistan ösüşiň innowassiýa ýoluny saýlap almak bilen bilim we ylmy-tehniki ulgamda döwletara gatnaşyklaryny giňeltmäge we işjeňleşdirmäge taýýardygyny görkezýär diýip, milletiň Lideri nygtady. Bu ýagdaýy ikitaraplaýyn ylalaşyklary, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen hem, täze pikirleri, hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça möhüm başlangyçlary yzygiderli öňe sürmek bilen hem tejribä ornaşdyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam eder diýip, döwlet Baştutany wise-premýere mundan beýläk hem ähli degişli meseleleri, şeýle hem ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Soňra ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, ähli şahsy düzümleriniň adyndan Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň döredilen güni bilen gutlady.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary milli Liderimize gül deeselerini gowşuryp, ýurtda harby gullukçylaryň, hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň gulluk we ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylýandygyny, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha pugtalandyrylýandygyny, ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan harby doktrinasynyň berkidilmegi ugrunda netijeli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler we bu düzümleriň işiniň kämilleşdirilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirildi.

Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ähli harby düzümlerde we hukuk goraýjy edaralarda tertip-düzgüniň berk berjaý edilmegi ugrunda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, döwletimiziň bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy babatda ähli tagallalary etjekdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň öňünde durýan wezipeleri netijeli durmuşa geçirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisde gozgalan meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň hem-de ara alnyp maslahatlaşylan ugurlara degişli wezipeleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň zerur bolup durýandygyny belläp, mejlisi tamamlady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisi giňişleýin düzümde dowam etdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barylan işleriň jemleri, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, gazetleriň we durnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşan Ministrler Kabinetiniň mejlisini açyp, milli Liderimiz pudaklaryň dokuz aýda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine baha bereris hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarys diýip belledi. Şol meseleleriň hatarynda Türkmenistanda başy başlanan özgertmeleri amala aşyrmagyň barşy, gurluşyk, oba hojalyk ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, welaýatlary ösdürmek boýunça milli maksatnamany durmuşa geçirmegiň anyk ugurlary bar. Mejlisde ýolbaşçylary wezipelere bellemek bilen bagly meselelere hem garaldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri hakynda hasabat berdi. Bellenilşi ýaly, geçen döwürde Türkmenistan boýunça ykdysadyýeti ösdürmegiň ýokary depginleri saklanyp galdy. Esasy halkara maliýe guramalarynyň oňyn bahalary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça uly işler geçirilýär.

Makroykdysady görkezijilere laýyklykda şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň möçberiniň durnukly artmagy hasaba alyndy.

Türkmen döwletiniň täze taryhy eýýamda alyp barýan daşary syýasy ugry netijesinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen daşary söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şeýlelikde hasabat döwründe daşary söwda dolanyşygynyň möçberi ABŞ-niň 23,3 milliard dollaryna deň boldy. Bu geçen ýylyň degişli görkezijisinden 36,9 göterim köpdür.

Maýa goýum syýasaty durmuş-ykdysady strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Döwletimiziň bu ugurda görýän çäreleri milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine, önümçilik kuwwatyň ýokarlanmagyna, häzirki zaman durmuş, ulag-aragatnaşyk we inženerçilik düzümleriniň kemala gelmegine ýardam edýär. 2012-nji ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň mumuy möçberi 30,2 milliard manada deň boldy.

Döwlet býujetini ýerine ýetirilmegi babatda wise-premýer hasabat döwründe salgyt salmagyň ähli görünüşleri boýunça meýilnamanyň doly ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Hökümetiň Başlygynyň orunbasarynyň belleýşi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça gazanylan üstünlikler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösýändigine hem-de "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda" kesgitlenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Soňra şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda halk hojalyk pudaklarynyň makroykdysady görkezijileri baradaky hasabat bilen Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow çykyş etdi. Bellenilşi ýaly, hasabat döwrüniň jemlerine geçirilen seljerme milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda diýen ýaly, durnukly we depginli ösüşiň saklanýandygyna şaýatlyk edýär.

Mysal üçin, 2011-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümleriň köpüsiniň öndürilişi boýunça ýokary görkezijiler gazanyldy. Aýry-aýry pudaklar boýunça bu görkeziji aşakdaky sanlar bilen häsiýetlendirilýär: elektrik energiýasynyň öndürilişi 106,4 göterim, tebigy gazyň çykarylyşy 108, 5 göterim, nebitiň öndürilişi 105 göterim, benziniň öndürilişi 105,6 göterim, dizel ýangyjy 101,6 göterim, kerosin 107,4 göterim, çalgy ýaglary 116,3 göterim, suwuklandyrylan gaz 117,7 göterim, polipropilen 111,4 göterim, ýod 102,3 göterim, sement 129,1 göterim, magdan däl gurluşyk materiallary 115,7 göterim, armatura we beýleki metallardan ýasalan önümler 131,6 göterim, plastmassa we aýna süýümli turbalar 102,8 göterim boldy.

Dokuz aýyň jemleri boýunça oba hojalygynda hem oňat netijeler gazanyldy. Gurluşykda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýerine ýetirilen işleriň möçberleri 18,6 göterim ýokary boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysynyň ünsüni özüne ynanylan düzümdäki işleri yzygiderli kämilleşdirmek boýunça möhüm wezipeler çekdi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin toplumlaýyn çäreleri kabul etmek hakynda tabşyryk berdi.

Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda Türkmenistanyň Maliýe ministri D.Sadykow hasabat berdi. Bellenilşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maliýe-ykdysady syýasatynyň netijesinde giň gerimli özgertmeler, milli we halkara ähmiýetli iri maýa goýum taslamalary ýokary depginlerde durmuşa geçirilýär, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň hil taýdan ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen netijeli çäreler görülýär.

Býujet syýasaty ýurdumyzyň içindäki durnuklylygy saklamagyň möhüm guraly bolup durýar diýip bellenildi. Şu ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça Döwlet býujeti girdejiler boýunça 16,4 milliard manat ýa-da 139,5 göterim möçberde ýerine ýetirildi, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 41,5 göterim ýokarydyr.

Býujetiň çykdajylar bölegi 10,2 milliard manat ýa-da 95,4 göterim möçberde ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 129,7 göterime deň boldy.

Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 76,6 göterimi durmuş maksatly ulgama gönükdirildi.

Ýerli býujetiň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, maliýe ministri onuň girdejiler boýunça 140,6 göterim, çykdajylar bolsa 96,9 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirildi.

Hasabatyň çäklerinde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda" kesgitlenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen geçirilýän işler barada hem habar berildi. Bellenilşi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynyda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň ýyllyk meýilnamasy 79,5 göterim ýerine ýetirildi. Özleşdirilen serişdeleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 1,6 esse artdy.

Şeýlelikde hasabat döwründe durmuş maksatly binalaryň jemi 88-si işe girizildi. 1420 kilometr suw geçirijileriniň, 506 kilometr lagym geçirijileriniň, 904,7 kilometr awtomobil ýollarynyň, 1236,6 kilometr gaz geçirijileriniň, 1997,3 kilometr elektrik geçirijileriniň, 2590,8 kilometr telefon ulgamynyň we 587,2 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary tamamlandy.

Maliýe düzümleriniň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz maliýe ministrine ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň meýilnamaýyn görkezijileriniň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet özgertmeler maksatnamalaryny hem-de halkara we milli ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmagyň barşyna yzygiderli gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarow bank ulgamynyň edaralarynyň işi hakynda hasabat berdi, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň hasabyna daşary ýurt pulundaky serişdeleriň gelip gowuşmagy hakynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, ministrlikleriň we edaralaryň hasabyna gelip gowşan serişdeleriň möçberi olaryň önümleri satyn almak we ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar üçin sarp eden serişdelerinden ep-esli artdy. Hususan-da, 2011-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 39 göterim ýokarlandy. Türkmenstanyň harytlary daşary ýurtlara ugratmakdan gelip gowuşýan girdejileriniň aglaba bölegi tebigy gaz, nebit önümleri, himiýa önümleri, elektrik energiýa, pagta süýümi, dokma önümleriniň, şeýle hem ulag we aragatnaşyk pudagynda edilýän hyzmatlaryň paýyna düşýär.

Hasabatyň çäklerinde daşary ýurt puluna garanyňda manadyň durnukly hümmetini saklamak maksadynda görülýän toplumlaýyn çäreler hakynda habar berildi. Pul-karz görkezijileri, manadyň satyn alyjylyk ukyby berkedi, banklaryň ykdysadyýetiň önümçilik ulgamyna berýän serişdeleriniň we karzlarynyň möçberi artdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, banklaryň işini düzgünleşdirýän kanunlary kämilleşdirmek boýunça maksada gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek, karz hyzmatlarynyň sanawyny artdyrmak, buhgalterçilik hasaby we maliýe hasabatlylygy ulgamyna halkara ülňülerini ornaşdyrmak, bank hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksada gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz kesgitelenen wezipeleri ýerine ýetirmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew milli ykdysadyýetimiziň senagatynda we beýleki käbir ulgamlarynda maksatnamalaýyn wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek bilen bagly döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda geçirilen barlaglaryň jemleri boýunça hasabat berdi.

Biziň ýurdumyzda halkyň durmuş-derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler geçirilýär diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu ugurda bildirilýän esasy talaplaryň biri degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek, işde öňdebaryjy usullary we täze tehnologiýalary peýdalanmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz B.Atdaýewe bu möhüm meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa şu ýylyň dokuz aýynda milli parlament tarapyndan alnyp barylan işleriň jemleri, hususan-da, döwletiň içeri we daşary syýasatyny, ykdysady we durmuş özgertmelerini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça geçirilen işler barada habar berdi. Bellenilşi ýaly, täze kodeksleri we kanunlary işläp taýýarlamak, şeýle hem hereket edýän kadalaşdyryjy namalara möhüm üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Hasabat döwründe döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlaryň nukdaýnazaryndan we döwlet Baştutanynyň başlangyçlary boýunça durmuşa geçirilýän hukuk özgertmeleriniň çäklerinde kanun taslamalarynyň tutuş toplumy işlenip taýýarlanyldy.

Milli parlamentiň başlygy şeýle hem Uzen (Gazagystan) – Gyzylgaýa – Bereket – Etrek (Türkmenistan) – Gürgen (Eýran) halkara demir ýolunyň Türkmenistanyň çäginden geçýän Bereket – Serhetýaka we Bereket – Etrek böleklerinde bina edilýän demir ýol menzilleriniň birnäçesine we myhmanhana berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk eýýamynyň ruhuna gabat gelýän atlary dakmak baradaky teklipleri taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, durmuş-ykdysady özgertmeleri yzygiderli ilerletmekde milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça parlamentiň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutany şeýle hem, ýurdumyzyň mundan beýläk-de özgertmeler ýoly bilen üstünlikli öňe hereket etmegine ýardam berjek täze kanunçylyk namalarynyň mazmunyny ilat köpçüligine ýetirilmekde deputatlaryň ýerlerdäki alyp barýan işleriniň möhümdigini nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow gözegçilik edýän ulgamlarynda we pudaklarynda işleriň netijeleri hem-de esasy görkezjileri hakynda hasabat berdi. Hususan-da, dokma we haly senagatynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň öndürýän önümleriniň möçberini artdyrmak, şeýle hem söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler hakynda habar aýdyldy. Bu babatda ýurdumyzyň maýa goýum, önümçilik we eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak maksady bilen, görülýän anyk çäreler hakynda hasabat berildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň we Söwda-senagat edarasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň işiniň jemleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, hususan-da, ýurdumyzyň dokma senagaty düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumlaýyn, ulgamlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny we bu pudagyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleri nazara almak bilen kabul edilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen dokmaçylarynyň öndürýän ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleriniň görnüşlerini giňeltmek, olaryň dünýä bazarlaryna eksport edilmeginiň möçberlerini artdyrmak üçin bar bolan ähli mümkinçilikleriň doly derejede peýdalanylmagynyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu meseläni dowam etdirip, Türkmenistanyň daşary-ykdysady gatnaşyklaryny okgunly giňeltmek boýunça işleriň möhümdigini görkezip, biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň gazanan üstünliklerini we mümkinçiliklerini görkezjek, daşary-söwda dolanyşygynyň ýokarlanmagyna, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, maýa goýumlaryny hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary çekmäge ýardam etjek dürli sergileriň we maslahatlaryň geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew geçirilýän işler baradaky, şol sanda şu ýylyň dokuz aýynda gurluşyk, senagat we elektroenergetika pudaklarynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Hususan-da, Gurluşyk ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişiniň ösüş depginleri 122,7 göterime deň boldy.

Senagat ministrligi boýunça 2012-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda ösüş 109,3 göterim boldy. Hususan-da, sement öndürmek boýunça bu görkeziji 129,1 göterime, magdan däl gurluşyk materiallar boýunça 103,2 göterime, metal prokaty boýunça 131,6 göterime deň boldy.

Energetika ministrligi boýunça şu ýylyň dokuz aýynda önümçilikde ýerine ýetirilen işleriň ösüş depginleri 118,1 göterim boldy. Elektrik energiýasyny öndürmek boýunça görkeziji 116,6 göterime deň boldy.

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça şu döwürde geçen ýyl bilen deňeşdirilende, ýerine ýetirilen işleriň möçberi 155,6 göterim boldy.

“Türkmenawtoýollary” Döwlet konserni boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleri öndürmekde ýerine ýetirilen işleriň ösüş depginleri 126,1 göterim boldy. Hususan-da, ýol gurluşygy boýunça bu görkeziji 125,3 göterim, senagat önümlerini öndürmek boýunça 125,8 göterim boldy.

Aşgabat şäher boýunça 2012-nji ýanwar-sentýabr aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna girdejileriň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 142,6 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, häzirki wagtda gurluşyk, senagat we elektroenergetika pudaklarynda ýokary ösüş depginleriniň saklanyp galmagy ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar we ähli bellenilen meýilnamalaryň we uzakmöhletleýin milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy muňa bagly bolup durýar diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany gurluşygyň depginlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň, gurluşyk materiallarynyň öndürilişini artdyrmagyň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtady. Bular häzirki döwrüň iň ýokary talaplaryna we häzirki zaman ülňülerine doly gabat gelmelidir. Milletiň Lideri iň täze tehnologiýalaryň, ýokary netijeli enjamlaryň we tehnikanyň giňden peýdalanylmagyny we pudaklaryň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow özüniň gözegçilik edýän nebitgaz, himiýa senagaty we balyk hojalygy pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda geçirilen işleriň jemleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň ösüş depginleri 105,5 göterime, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy 108,5 göterime deň boldy.

Nebiti gaýtadan işleýän senagatda 2010-njy ýylyň 9 aýynyň derejesinden benziniň öndürilişiniň ösüşi 105,6 göterim, dizel ýangyjynyň 101,6, polipropileniň 111,4, çalgy ýaglarynyň 116,3, suwuklandyrylan gazyň 117,7 göterim ösüşi üpjün edildi.

Himiýa senagatynda şu ýylyň 9 aýynda mineral dökünleriň ähli görnüşleriniň öndürilişiniň ösüş depginleri meýilnama garanyňda 100,8 göterime deň boldy. Tehniki ýoduň öndürilişiniň ösüş depginleri ýokary bolmagynda hem galýar.

Hasabat döwürde balyk hojalygynda önümçiligiň ösüş depginleri 101,6 göterime, balyk önümlerini gaýtadan işlemek 118,4 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, energiýa göterijileriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurt hökmünde Türkmenistan üçin ýangyç-energetika toplumy ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudagydyr. Biziň esasy maksadymyz bu tebigy baýlyklary rejeli peýdalanyp, olary Watanyň we halkyň bähbitlerine gönükdirmekdir diýip, milletiň Lideri aýtdy. Bu maksady amala aşyrmak üçin içeri, şeýle hem daşary syýasatymyzda anyk işler geçirilýär. Şonuň netijesinde Türkmenistan kuwwatly energetika döwleti hökmünde dünýä derejesinde öz ornuny pugtalandyrdy.

Döwlet Baştutany nebitgaz pudagynyň öňünde durýan anyk wezipeler barada durup geçmek bilen, uglewodorod çig malynyň, ýokary hilli nebit önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen iri taslamalaryň birnäçesiniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi talap etdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew gözegçilik edýän ulaglar we telearagatnaşyklar toplumlarynda şu ýylyň dokuz aýynda geçirilen işleriniň jemleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer ulaglaryň ähli görnüşleriniň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly milli Liderimiziň öň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hem döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenip geçilişi ýaly, hasabat döwrüniň tehniki-ykdysady görkezijileri ulag pudagynyň, aragatnaşygyň durnukly hem-de depginli ösüşine şaýatlyk edýär.

Hususan-da, demir ýol pudagynda ýük dolanyşygynyň ösüş depgininiň 118,8 göterime, ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmatlarda bolsa 109,2 göterime barabar bolandygy habar berildi. Şunuň ýaly görkezijiler awtomobil ulaglary ministrligi boýunça degişlilikde 101,4 we 100,8 göterime, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bolsa degişlilikde 120,4 we 137,2 göterime barabar boldy.

Hasabat döwründe aragatnaşyk ulgamy boýunça 119,8 göterime barabar işler ýerine ýetirildi. Hususan-da, telefon nokatlaryny oturtmak boýunça meýilnama 2 esse artygy bilen ýerine ýetirildi.

Wise-premýer hasabatyň barşynda öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek we Internetiň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak boýunça döwlet Baştutanynyň öň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Hususan-da, häzirki günde “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşykdan peýdalanýanlaryň sanynyň 3 million adamdan gowraga ýetendigi habar berildi.

Şu ulgamlarda gazanylan üstünlikler ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň mümkinçilikleriniň durnukly pugtalanýandygyna şaýatlyk edýär. Döwletimiz ýurdumyzyň üstünlikli durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde olara möhüm orun berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen birlikde milletiň Lideri ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak ulgamynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, şeýle hem aragatnaşygyň döwrebap görnüşleri bilen üpjün etmäge berk gözegçiligi ýola goýmaga ünsi jemledi. Döwletimiz geljekde-de howa, awtomobil, demir ýol we deňiz ulaglaryny ösdürmek meselelerine ilkinji nobatda üns berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmen Lideri aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek meselelerine geçip, Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny telefon aragatnaşygynyň häzirki zaman görnüşleri bilen oňat hilli üpjün etmek hem-de “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşygyň milli operatorynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy hakyndaky meseleleriň möhümdigini belledi. Şu wezipeleri çözmekde bu ugurlar hem örän möhüm we hökmany bolup durýan hem bolsa, diňe bir öňdebaryjy tehnologiýalary we iň täze enjamlary ornaşdyrmaga däl, eýsem, bu ugruň bäsleşigini ösdürmäge hem aýratyn üns bermelidigini döwlet Baştutanymyz nygtady. Ýokary tehnologiýalary özleşdirmäge we şeýle enjamlar bilen işlemäge ukyply hünärmenleri öz wagtynda taýýarlamak meselesi hem möhüm bolup durýar diýip, Türkmenstanyň Prezidenti belledi.

Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň işine geçirilen barlagyň jemleri hakynda hasabat berdi. Şonda düýpli kemçilikler ýüze çykaryldy. Hususan-da, Gullugyň ähli bölümlerinde geçirilen barlaglaryň barşynda gödek düzgün bozulmalaryň, şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmezligi, guramaçylyk işleriniň gowşadylmagy ýaly ýagdaýlaryň üsti açyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, M.Mütdikowa deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň işine ýolbaşçylyk etmekde goýberen kemçilikleri üçin düýpli nägilelik bildirdi. Onuň ozal hem pudagyň maddy enjamlaýyn binýadyny berkitmek we bu ugurda zerur işleri geçirmek boýunça degişli çäreleri görmegi barada ençeme gezek duýduryş alandygyny ýatladyp, döwlet Baştutanymyz muňa garamazdan bu ulgamda işleriň ýagdaýynyň gowulanmandygyny aýtdy. Ähli ýerlerde kemçilikler we düzgün-nyzamyň gowşamagy ýaly ýagdaýlar bolup, olar ýurdumyzyň deňiz we derýa gämiçiliginiň işiniň pese düşmegine getirdi.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz M.Mütdikowy işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesinden boşatdy.

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek R.Kutlyýewiň üstüne ýüklenildi.

Ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlar bilen mejlisde welaýatlaryň häkimleri çykyş etdiler.

Mejlisiň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow şu ýylyň dokuz aýynda welaýat boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllyk baýramçylygyny mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem häkim sebitiň senagat düzüminiň önümçiliginiň 17,3 göterim ösendigini habar berip, häzirki döwürde welaýatda pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.

Soňra mejlis Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim hasabatyny hoş habardan başlady. Ol sebitiň babadaýhanlarynyň Watana pagta tabşyrmak baradaky ýyllyk meýilnamany ýerine ýetirendiklerini habar berdi. Şeýle hem ol şu ýylyň 9 aýynda welaýat boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň Watana pagta tabşyrmak baradaky meýilanamany ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary kanagatlanmak bilen kabul edip, ajaýyp zamanada uly hyjuw bilen ruhubelent zähmet çekýän Balkan welaýatynyň pagtaçy babadaýhanlarynyň 5000 tonnadan gowrak “ak altyny” Watan harmanyna tabşyrmagy başarandyklaryny belledi. Döwlet Baştutanymyz weldaýatyň daýhanlaryna oba hojalygynda has belent sepgitleri gazanmakda, meýdanda galan pagta hasylyny soňky übtügine çenli ýygnam almak, bugdaýyň, bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmekde uly üstünlikler arzuw etdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew welaýatda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Hususan-da, häkim mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde berjaý edilen işler barada aýtdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işler, şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy.

Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow öz nobatynda hasabat döwründe welaýatda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de pagta ýygymynyň barşy, şeýle hem sebitde medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim ýetip gelýän şanly sene – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygy mynasybetli guraljak medeni çäreleriň maksatnamasy hakynda aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow şu ýylyň 9 aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň netijeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaýyň ekişiniň dowam edýändigi hakynda hasabat berdi. Maldarçylykda we obasenagat toplumynyň beýleki ugurlarynda işleriň ýagdaýy hakyndaky habar hem aýdyldy.

Hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda esasy oba hojalyk önümleriniň, şol sanda etiň, süýdiň, ýumurtganyň, gök we bakja, miwe hem-de ir-iýmiş önümleriniň öndürilişiniň artandygy bellenip geçildi. Önümleri gaýtadan işleýän senagatda hem oňyn meýiller bar, et, süýt we süýji-köke önümleriniň, miwe - gök önüm konserwleriniň öndürilişi artýar.

Wise-premýer pagta ýygym möwsüminiň barşy hakynda aýdyp, tabşyrylan pagta üçin kärendeçi ekerançylar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda we doly möçberde getirilýändigini habar berdi. Ýurdumyzyň kabul ediş nokatlarynda “ak altyn” hasyly bökdençsiz kabul edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary jemläp, oba hojalyk pudagyny özgertmekde onuň düşewüntliligini has-da ýokarlandyrmaga, onuň senagat düzümini döwrebaplaşdyrmaga, ýokary hilli önümleriň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagy şu günüň möhüm wezipesi bolup durýar, ony çözmek üçin ähli ykdysady mümkinçilikleri ulanmak zerurdyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde baryjy tehnologiýalary we oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny tejribä giňden ornaşdyrmak boýunça işleriň möhümdigini belledi.

Gündelik oba hojalyk işleri barada aýdylanda bolsa, pagta ýygymy möwsümini we güýzlük galla ekişini öz wagtynda tamamlamak, şeýle hem mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin zerur bolan şertleri döretmek zerur bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, türkmen halkynyň abadan durmuşy üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen, şeýle hem wezipelere bellemek bilen bagly birnäçe möhüm resminamalara gol çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, 2012-nji ýylyň dokuz aýynyň jemlerine baha berdi we ýakyn geljek üçin ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.

Çykyş eden ýolbaşçylaryň hasabatlaryndan görşüňiz ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda şu ýylyň 9 aýynda oňat ösüş depginleri gazanyldy diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek bilen, biz ilkibaşdan ony toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçirmek boýunça dogry ýoly saýlap aldyk diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şonuň bilen birlikde, biz ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklaryny ýuwaş-ýuwaşdan ornaşdyryp, döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň usullaryny hem saklap galýarys. Bu bolsa bize halkymyzy durmuş taýdan goramaga, ilatymyza düýpli durmuş goldawyny bermäge ýardam edýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Biz jemi içerki önümiň möçberlerini yzygiderli artdyrýarys. Şu ýylyň 9 aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 11,1 göterime barabar boldy.

Biz öňküsi ýaly ýurdumyzyň ykdysadyýetine uly möçberlerde maýa goýumlaryny goýýarys. Geçen döwür bilen deňeşdirilende maýa goýumlarynyň möçberi 134,7 göterim, zähmet haklarynyň möçberi bolsa, 11,1 göterim artdy. Durmuşa geçirilip başlanan Prezident maksatnamasy, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça geçirýän özgertmelerimiz häzirki döwürde öz anyk netijelerini berýär.

Jemi içerki önümiň umumy möçberinde senagatyň paýy ep-esli artdy diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Geçen döwür bilen deňeşdirilende onuň paýynyň artyşy 13 göterime barabar boldy. Ykdysadyýetde eksporta niýetlenen beýleki pudaklaryň möçberleri hem köpeldi. Bu bolsa döwlet gaznasyna daşary ýurt pulundaky serişdeleriň yzygiderli gelip gowuşmagyny üpjün edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Milli pulumyz bolan manadyň hümmeti bellenen derejede durnukly saklanýar. Puluň hümmetiniň peselmeginiň derejesi hem göz öňünde tutulan kadalaryň çäklerinde saklanýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, bilim, saglygy goraýyş, ylym ulgamlarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar diýip belledi. Gurluşykda, senagatda we beýleki pudaklarda hem ýokary ösüş depdinleri gazanyldy.

Ýurdumyzyň oba hojalygyny özgertmek boýunça durmuşa geçiren çärelerimiz hem öz oňat netijelerini berip başlady diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanmak bilen belledi. Şu ýyl gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi we ýitgisiz ýygnalyp alyndy. Pagta ýygymy hem ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň şu ýerde beren hasabatlarynda tassyklamaklaryna görä, baş baýramymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllyk baýramyna çenli bir million tonnadan gowrak «ak altyn» ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyrylar.

Biz halkara derejesinde hem, ýurdumyzyň içinde hem iri taslamalary amala aşyrmagy dowam edýäris. Kontinentleri birleşdirjek «Demirgazyk–Günorta» demir ýolunyň gurluşygy hem üstünlikli dowam edýär diýip, milli Liderimiz şu ýylyň ahyryna çenli bu demir ýoluň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän bölegininiň gurlup, ulanmaga beriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak, iri gaz geçirijilerini gurmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak baýramçylyk dabaralary barada durup geçmek bilen, oktýabr aýynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk baýramy mynasybetli täze gurlan möhüm desgalary açyp, ulanmaga bermek indi asylly däbe öwrüldi diýip belledi. Şoňa görä-de, biz bu baýram mynasybetli köp sanly dabaraly çäreleri ýokary döwlet hem-de ählihalk derejesinde guramaçylykly geçirýäris.

Şu gün agşam täze gurlan deňiz suw çüwdürimli seýilgähde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk çykyşlary geçiriler. Şeýle hem, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllyk baýramy mynasybetli täze gurlan döwrebap belent ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, ýokary derejeli myhmanhanalary we beýleki durmuş maksatly desgalary dabaraly açyp, ulanmaga bereris.

Biz depginimizi birjik-de peseltmän, şu ýyl başyny başlan işlerimizi üstünlikli dowam etmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde ýakyn wagtda çözülmeli möhüm meseleleriň ýene-de birnäçesiniň durandygyny aýtdy.

Biz ýakynda möhüm çäräni – Ýaşulularyň maslahatyny geçireris diýip, döwlet Baştutanymyz onuň gün tertibine Prezident maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň girizilendigini aýtdy. Şeýle hem, şol maslahatda bu maksatnamany makullamak hem-de obada uly we düýpli özgertmeleri geçirmek boýunça teklipler edilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläniň üstünde durup geçmek bilen, ilatymyz uzak döwrüň dowamynda ýaşamak üçin amatly ýerleri saýlap, ol ýerde öz jaýlaryny gurup, ýaşap gelýärler diýip beleldi. Netijede, häzirki döwürde ýurdumyzda müňden gowrak kiçi şäherçeler emele geldi. Bu şäherçelerde adamlar biziň döwrümize laýyk gelmeýän, häzirki zaman amatlyklary bolmadyk şertlerde ýaşaýarlar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ilatymyz üçin oňat we amatly ýerleri saýlap alyp, şol ýerlerde ähli üpjünçilik ulgamlary bolan, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän nusgawy şäherçeleri gurup, şol şäherçelere bolsa, kiçi şäherçelerde ýaşaýan ilaty göçürmek maksadalaýyk bolar diýip belledi. Şunuň ýaly täze gurlan şäherçede döredilýän ýerli häkimiýete – arçynlyga ýeterlik möçberde maliýe serişdelerini bermeli. Bu bolsa oňa Konstitusiýa esasynda öz üstüne ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem, arçynlyga jemagat gulluklaryny döretmäge mümkinçilik bermeli.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, şol maksatlar üçin her welaýatda bir etraby nusga hökmünde saýlap alyp, ilkibada bu ugurda göz öňünde tutulan özgertmeleri şol etraplarda geçirmeli diýip belledi. Bu bolsa bize bu ugurdan özgertmelerimiziň ähli artykmaç we kem taraplaryny düýpli öwrenmäge mümkinçilik döreder. Soňra toplanan oňyn tejribäni bütin welaýatda ulanmagy teklip etmek bilen, hormatly Prezidentimiz bularyň hemmesi raýatlarymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp, abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek boýunça alyp barýan işlerimizi üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer diýip belledi.

Şäherleriň we şäherçeleriň ilaty ýylsaýyn köpelýär diýip, döwlet Baştutanymyz bu ilatly ýerleriň çäkleri bilen bagly meselelere seretmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe ýüzlenip, geljek hepdede Türkmenistanyň 2013-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleri doly tamamlap, ony Türkmenistanyň Mejlisine ibermek babatda görkezme berdi. Bu mesele Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ählisine degişlidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem, 2013-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmagy, şeýle hem beýleki durmuş tölegleriniň birnäçesiniň möçberlerini köpeltmegi göz öňünde tutmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa noýabr aýynda geçiriljek ýokary derejedäki duşuşyklara, dekabr aýynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 17 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejedäki halkara maslahatyny geçirmäge düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Daşary syýsat edarasynyň işini 2013-nji ýyl üçin guramak babatda döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetleriniň ýurdumyza boljak saparlarynyň we ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara boljak saparlarynyň meýilnamalaryny hem-de geljek ýylda geçiriljek halkara maslahatlarynyň we beýleki çäreleriň tertibini taýýarlap, ony tassyklamak üçin hödürlemegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz wise-premýer A.Ýazmyradowa, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, geljek ýylyň bol galla we pagta hasylynyň düýbüniň şu ýyl tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz häzir alnyp barylýan güýzlük bugdaý ekişini ýokary derejede geçirmegi, geljek ýylyň pagta ekişine taýýarlyk işlerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryna degip geçmek bilen, hökümetiň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna, baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görüp, olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde we obalarda baýramçylyk çärelerini, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny guramaçylykly geçirmeli. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini metbugatda we teleýaýlymlarda giňden beýan etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer A.Ýegeleýewe, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, şeýle hem häkimlere ähli desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şu ýyl gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulan desgalaryň ählisiniň bellenen möhletlerde gurlup, ulanmaga berilmegini gazanmaly diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

«Demirgazyk–Günorta» demir ýolunyň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginde amala aşyrylýan işler bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer R.Seýitkulyýewden bu bölegiň gurluşygyny şu ýylyň ahyryna çenli tamamlamagy talap etdi. Bu meseläni berk gözegçilikde saklamaly diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewe we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa gazhimiýa toplumyny gurmak meselesi bilen düýpli meşgullanmagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz onuň gurluşygy bilen bagly meseleleriň çalt çözülmegini gazanmak gerek diýip, häzirki döwürde bu ugurda birnäçe işleriň alnyp barylýandygyny, ýöne, olaryň depginleriniň pesdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz aýdanlaryny jemlemek bilen, mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hökümetiň agzalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, häkimleriň ünsüni ykdysadyýetde oňat görkezijileri gazanyp, şu ýyly üstünlikli tamamlamagyň möhümdigine çekdi. Munuň üçin bolsa, Prezident maksatnamasynyň durmuşa geçirilip başlanan ilkinji ýylynda ýurdumyzy ýokary depginler bilen yzygiderli ösdürmek üçin oňat esaslary döretmelidiris, ähli pudaklarda bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmak üçin zerur tagallalary etmelidiris diýip milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz şu kabul edilen çözgütleriň Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösdürmek, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi we bu ýere ýygnanlara berk jan saglyk we rowaçylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.