Şu gün agşam hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini we Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýyl edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň ýaş aýdymçylaryň we zehinli çagalaryň arasynda yglan edilýän “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşdy.
Bu däp bolan döwlet bäsleşigi ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmegi höweslendirýär, şol bir wagtyň özünde intellektual zähmetiň abraýyny ýokarlandyrmaga milli Liderimiz tarapyndan geçirilýän özgertmeler işlerinde we oňyn durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde döredijilik işgärleriniň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden öz döredijiliklerinde berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň durmuşyny beýan etmäge çalyşýan dürli ýaşdaky we hünärdäki müňlerçe adamlar gatnaşýarlar.
Häzirki wagtda Türkmenistanda bolup geçýän möhüm we derwaýys durmuş-ykdysady özgertmeleri döwletimiziň medeni syýasatyna öz täsirini ýetirdi. Häzir oňa berilýän üns örän güýçli, çeýe boldy we jemgyýetçilik durmuşynyň döredijilik hem-de terbiýeçilik, aň-bilim işinden ýurdumyzyň häzirki alyp barýan ugruny durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlaryna we giň möçberli taraplaryna çenli möhüm taraplary gurşap aldy.
Şunda türkmen döwletiniň Baştutany möhüm medeni taslamalara howandarlyk etmek bilen bir hatarda olaryň başyny başlamak, şolaryň amala aşyrylmagyna iş ýüzünde goldaw bermek bilen medeni strategiýany kemala getirmäge gatnaşýar. Hut şu babatda medeniýetiň has giň görnüşde milli mirasy wagyz etmek, milletara medeni gatnaşyklary, köp dürli döredijilik gatnaşyklaryny we alyş-çalşyny işjeňleşdirmek ýaly ugurlary güýçlendirilýär. Soňky ýyllarda içerki medeni düzümi ösdürmek, dürli desgalary gurmak, bilim ulgamyny kämilleşdirmek we başgalar hem täze depgine eýe boldy. Şunuň bilen birlikde häzirki wagtda ýurdumyzyň medeni syýasaty bu görkeziji örän uly hem bolsa diňe bir mukdar ölçegleri bilen däl, eýsem, mazmunlylygy, döredijilik başlangyçlaryny oýarmaga umumy ýagdaýda gönükdirilendigi, ýurdumyzyň durmuşynyň okgunly özgerýän mahaly jemgyýetiň täzeliklere gyzyklanma bildirmeginiň ýokarlanmagy bilen kesgitlenilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýyl ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda medeniýet hepdeliklerini geçirmek hakyndaky ideýasy hem şu maksatlara laýyk gelýär. Hakykatda, täze däpleriň döreýändigi hakynda gürrüň barýar, ol türkmen medeniýetiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyry bolar.
Şeýle hepdeligiň ilkinji gezek 2013-nji ýylda Balkan welaýatynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljekdigi guwançlydyr, ol paýtagtymyz bilen bir hatarda esasy festiwal meýdançasy boldy. Düýn şu ýerde nobatdaky Halkara çagalar festiwaly geçirildi. Bu gün bolsa “Awazanyň” amfiteatrynda ýene-de uly dabara geçirilýär.
Soňky ýyllarda emele gelen däbe görä, döredijilik işgärlerini, şol sanda “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini hormatlamak dabarasy häzirki eýýamyň döredijilikli başlangyçlaryny beýan etmek bilen, gadymy Hazaryň kenarynda geçirilýär. Şu gün bu ýerde aýratyn baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär: aýdym-saz ýaňlanýar, baýdaklar deňiz şemalyna pasyrdaýar. Sazly-yşykly suw çüwdürimleri täsin öwüşginleri döredýär.
Amfiteatrda ählumumy ruhubelentlik we ýokary hyjuwlylyk ýagdaýy höküm sürýär, bu ýere hökümet agzalary, Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, habar beriş serişdeleriniň, döredijilik intelligensiýasynyň ýolbaşçylary, köp sanly myhmanlar we elbetde, umumydöwlet gözden geçirilişiniň ýeňijileri, dürli döredijilik hünärleriniň wekilleri ýygnandylar. Hemmeler döwlet Baştutanymyzyň gelmegine tolgunmak bilen garaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtomobili Amfiteatryň öňündäki meýdança gelýär, şol ýerde owadan lybasly gyzlar milli Liderimize gül desselerini gowşurýarlar.
Döwlet Baştutanymyz Amfiteatra geçýär.Dabara gatnaşyjylar we myhmanlar Türkmenistanyň taryhynda täze eýýamyň ähli ägirt uly işlerini ruhlandyryjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy dik durup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.
Döwlet Baştutanymyz sahnada oturdylan münbere çykyp we bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, döredijilik işgärlerini hormatly atlaryň dakylmagy we “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigiň ýeňijilerine abraýly baýraklaryň berilmegi bilen hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygynyň beýik baýramçylygy bilen gutlap, bu şanly senäni türkmenistanlylaryň belent ruhy hem-de zähmet ýokary göterilişi ýagdaýynda garşylaýandyklaryny nygtady.
Milli Liderimiz häzirki zaman şertlerinde medeniýet ulgamynyň Watanymyzyň gazanan üstünliklerini bütin dünýäde işjeň wagyz edijiler bolup durýan döredijilik işgärleriniň işiniň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, döredijilik hünäriniň wekillerine öz zehinlerini, ruhubelentligini, güýçlerini we ussatlyklaryny, Watanymyzyň bagtynyň hatyrasyna doly bagyşlamak barada aýdyp, döredijilik işgärleriniň geljekde hem öz öňlerinde goýlan ýokary wezipelere üstünlikli hötde geljekdiklerine hem-de öz aýdymlary we sazlary, çeper eserleri bilen mähriban Watanymyzy ýokary derejede wasp etjekdiklerine we halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmak bilen olaryň ruhuny göterjekdiklerine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy dabara gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan ägirt uly üns bilen diňlendi we ençeme gezek şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra hormatly atlaryň dakylmagy hakyndaky Perman we “Türkmeniň Altyn asyry” atly umumymilli bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hakyndaky Karar okalýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan we döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri bolan döredijilik işgärlerine sylaglaryny gowşurýar.
Biziň ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri öz zähmetlerine berlen ýokary baha, döwlet Baştutanymyz tarapyndan türkmen halkynyň ruhy mirasyny dikeltmek we ösdürmek, ýurdumyzda doly bahaly döredijilik işi üçin ähli şertleri döretmek barada edýän ýadawsyz aladasy we berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljekde-de Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna öz ähli güýçlerini, bilimlerini, tejribesini, ussatlyklaryny we ruhubelentligini sarp etjekdiklerine ynam bildirdiler.
Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sylaglananlary ýene-de bir gezek gutlap, olara tutanýerli zähmetleri, umumy işe goşýan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi we döredijilik işgärlerine saglyk hem-de täze üstünlikleri arzuw etdi.
Bu ýere ýygnanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz özi üçin ýörite bellenilen ýere geçýär. Amfiteatryň sahnasynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň, ýaş hünärli we höwesjeň ýerine ýetirijileriň – dürli umumymilli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, iň gowy tans we çagalar toparlarynyň gatnaşmagy bilen ägirt uly baýramçylyk çykyşy ýaýbaňlanýar.
Aýdymçylar we konserte ähli gatnaşyjylar tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilen “Siziň bilen bagtyýar Arkadag!” atly ajaýyp aýdym-saz kompozisiýasy Hazaryň gadymy kenarynda ýaýbaňlanan baýramçylyk çykyşlaryny bezedi. Bu aýdym-sazly çykyş milli Liderimiz tarapyndan ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmek üçin täze giňişlikleri açan berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň özboluşly senasy boldy.
Hemmelere uly şatlyk we hoşniýetlilik paýlan ýurdumyzyň şöhrat gazanan döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp tanslar köp sanly tomaşaçylara ägirt uly şatlyk eçildi. Tomaşaçylar halk we estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijileriň, şeýle hem häzirki wagtda milli sungatymyzyň özboluşly däplerini mynasyp dowam etdirýän folklor toparlarynyň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Ýurdumyzyň tans we folklor topary tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilen we baýramçylyga ajaýyp öwüşgin çaýan “küştdepdi“ gadymy türkmen tansy baýramçylyk konsertiniň esasy çykyşy, türkmen halkynyň öz köp asyrlyk däplerine hem-de medeni-ruhy köklerine ygrarlydygynyň özboluşly nyşany boldy.
Aýdymçylar we konserte gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan ýerine ýetirilen, milli Liderimize bagyşlanylan “Ömrüň uzak bolsun, eziz Arkadag!” atly aýdym döredijilik agşamynyň kuwwatly jemleýji çykyşy bolup ýaňlandy, ol parahat durmuşda ýaşamak we abadançylyk, iň belent we aýdyň arzuwlar hasyl bolýan ýurtda döretmek bagty üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk duýgusy bilen tolgunan dabara gatnaşyjylaryň kalbyny joşdurdy. Şol pursatda uly monitorda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy türkmen döwletiniň Baştutanynyň uly möçberli işini beýan edýän wideoşekiller görkezildi.
Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärleriniň we “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigiň ýeňijileriniň hormatyna geçirilen baýramçylyk öňdebaryjy özgertmeleriň ýoly bilen gadam urýan we milli medeniýetimiziň däplerinde toplanan we beýan edilen ähli gowy zatlary—uly ösüşler amala aşyrylýan, halkymyzyň gujur-gaýratyna many-mazmun hem-de döredijilik güýjüni goşýan gözbaşlar baradaky ýatlamalary aýawly saklap gelýän türkmen halkynyň ägirt uly ruhy we döredijilik mümkinçilikleriniň beýany boldy.
Häzirki wagtda medeniýete döwlet syýasaty derejesinde jemgyýetimiziň jebisleşdiriji we ruhlandyryjy güýji, ahlak hem-de estetiki ölçegleri göteriji, demokratiki we durmuş özgertmeleriň esasy hökmünde, milletimiziň we ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm serişdesi hökmünde baha berilýär.
Biziň ýurdumyzyň dünýä bileleşiginde mynasyp orny eýelemegi üçin häzirki wagtda medeniýet ulgamy, onuň ileri tutulýan ugurlary örän möhümdir. Şonuň üçin hem hut şu meseläni hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda halkara hyzmatdaşlygy babatda hem çynlakaý üns bermeli mesele hasaplaýar.
Ýakynda türkmen paýtagtynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII maslahaty geçiriler. Bu wekilçilikli çäre gumanitar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň, jemgyýetimiziň, ýurdumyzyň, döwletimiziň durmuşynyň möhüm ulgamy hökmünde medeniýet ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim bolar. Gürrüňsiz suratda bu wekilçilikli maslahat bu ugurda täze gatnaşyklary ýola goýmaga, türkmen döwletiniň medeni syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmäge ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, Amfiteatrdan çykdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň awtomobili Türkmenbaşy şäheriniň halkara aeromenziline tarap ugrady, şol ýerden milli Liderimiz Aşgabada uçdy.