Ï Germaniýanyň Bundestagynyň wekiliýetiniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Germaniýanyň Bundestagynyň wekiliýetiniň sapary

view-icon 634
Şu gün german Bundestagynyň Merkezi Aziýa boýunça parlamant toparynyň başlygynyň orunbasary jenap Manfred Grunduň ýolbaşçylygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň wekiliýetiniň paýtagtymyzda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler Ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda duşuşyklar geçirildi.

Milli parlamentde geçirilen gepleşikleriň barşynda ozal ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary nazara almak bilen, oňyn türkmen-german hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňky ýyllarda şol gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy.

Germaniýanyň federal ýygnagynyň wekilleri parlamentara gatnaşyklary meselelerine gyzyklanma bildirip, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işiniň esasy ugurlary we deputatlaryň düzümi bilen tanyşdylar. Bellenilişi ýaly, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasatynyň esasy ugurlaryny nazara almak bilen, milli kadalaşdyryjy-hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň we Germaniýanyň Bundestagynyň agzalary giň möçberli we özara bähbitli ikitataplaýyn gatanaşyklary ösdürmegiň möhümdigini nygtap, iki ýurduň halklaryny parahatçylyga ymtylmak, dostluk we netijeli gatnaşyklary ösdürmek erk-isleginiň baglanyşdyrýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, iki dostlukly ýurduň parlamentarileri oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen duşuşyklaryň barşynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge isleg bildirilýändigi mälim edildi. Duşuşyklarda döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde gumanitar hyzmatdaşlyga aýratyn orun berildi.