Ï Lebapda şaly orulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebapda şaly orulýar

view-icon 781
Lebap welaýatynyň daýhanlary şaly oragyna goşulyşdylar. Galkynyş etrabynyň “Azatlyk” daýhan birleşiginde hormarly ýaşulular täze hasylyň ýygymyna ak pata berdiler we şalynyň çimwoliki desseleriniň birnäçesini ordular. Ondan soňra däne orujy kuwwatly kombaýnlar ekin meýdanlaryna çykdylar. Bu care okuw-maslahatynyň çäklerinde geçirildi. Bu okuw maslahatynda hünärmenler tehnikany netijeli peýdalanmak, onuň bökdençsiz işledilmegi, ýygnalan hasyly daşamak we saklamak hem-de beýlekiler barada gürrüň berdiler.

Welaýatyň ýer eýeleri ekin meýdanlaryndan bir ýylyň dowamynda iki hasyl almakda görelde görkezýärler. Şlay ekini meýdanlardan bugdaý hasyly ýygnalyp gutarylandan soňra aralyk ekin hökmünde ekilýän oba hojalyk ekini bolup durýar. Welaýat boýunça 10 müň gektar meýdana şaly ekildi. Daýhanlar şonça meýdandan 47 müň tonna hasyl almagy göz öňünde tutýarlar.

„Lebapobahyzmat“ açyk görnüşli paýdaralr jemgyýetiniň hünärmenleri hem möwsüme oňat hilli taýýarlyk gördüler. Kombaýnlaryň elliden gowragy şaly meýdanlaryna çykar. Olaryň köpüsi bolsa „Сlass“ kompaniýasynyň täze tehnikalarydyr. Ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul ediş nokatlaryna daşamak üçin olara ýük awtolaglary berkidildi.