Ï Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ýola goýulýan Halkara hyzmatdaşlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ýola goýulýan Halkara hyzmatdaşlygy

view-icon 592
Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça Halkara ylmy-amaly maslahat boldy.

Ony Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi gurady. Foruma gatnaşmak üçin wekilleriň 300-den gowragy türkmen paýtagtynda ýygnandy. Olaryň hatarynda alymlar, bilermenler, GDA ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň hünärmenleri bar.

Aşgabatda geçirilýän bu halkara çäresine uly gyzyklanma bildirilmegi döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty netijesinde ösüşiň möhüm wezipeleriniň üstünlikli çözülmegini üpjün edýän Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň ägirt uly mümkinçilikleri, oňaýly maýa goýum ýagdaýy, häzirki zamanyň möhüm wezipeleriniň biri bolan azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ýurdumyzyň netijeli daşary syýasat ugurlary türkmen paýtagtynda geçirilýän maslahata bolan ägirt uly gyzyklanmalary şertlendirdi.

Bu ýere ýygananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylary gutlap we olara üstünlikli hem-de netijeli işleri arzuw edip, döwlet Baştutanymyz forumyň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge GDA agza döwletleriň azyk howpsuzlyk ulgamyndaky tejribeleri hem-de ýeten derejeleri barada pikir alyşmalaryny şertlendirdi diýip belleýär.

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, forum täze taslamalaryň hödürlenmegi, azyk üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça özara gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşylmagy üçin oňaýly şertleri döreder.

Soňra dabara gatnaşyjylaryň öňünde GDA –nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň Başlygynyň – Ýerine Ýetiriji sekretarynyň orunbasary A.Dron çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öňe süren başlangyjy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we bu günki açylan forumyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek pudagynda öňde durýan möhüm wezipeleri çözmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Maslahatyň maksatnamasyna GDA ýurtlarynda azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň strategik ugurlary we pudakdaky özara peýdaly gatnaşyklaryň geljegi bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi. Innowasiýalaryň we täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrylmagy we önümleriň gaýtadan işlenilmegi, azyk önümleriniň hiline, howpsuzlygyna gözegçiligiň döwrebap usullary, bioserişdeleriň saklanmagy hem-de tohumçylyk-seçgi işleri, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagy azyk önümleriniň önümçiligi hem-de olary ýerlemek ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy ýaly ugurlara maslahatyň dowamynda aýratyn ähmiýet berildi.

Şunlukda, maslahatda edilen her bir çykyşda bu pudakdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegiň zerurdygy bellenildi, şeýle hem dünýäde azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmaga ukyply Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy barada aýdyldy.

Şeýle hem maslahatda azyk bazarynyň ösüşiniň möhüm meselelerine, Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň we aýry-aýry ýurtlaryň çäginde obasenagat önümçiligiň giňeldilmegine degişli wezipelere seredildi. GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygynyň --Ýerine Ýetiriji sekretarynyň orunbasary A.Dron öz çykyşynda, Türkmenistanyň şeýle ähmiýetli forumy geçirmek baradaky başlangyjynyň arkalaşygyň ýurtlarynda giň goldawa eýe bolandygyny, forumyň özüniň bolsa şu ýylyň dowamynda GDA-nyň çäklerinde geçirilen möhüm wakalaryň birine öwrülendigini belledi.

Türkmenistanyň halk hojalygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän we ilatyň oba hojalyk hem-de azyk önümleri bilen ygtybarly üppjün edilmegine gönükdirilen özgertmeler hakynda maslahatyň dowamynda berlen maglumatlar oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Häzirki döwürde GDA döwletleri toparlaýyn azyk howpsuzlygyny üpjün edilmeginiň, ilkinji nobatda bolsa obasenagat önümçiliginiň sazlaşykly ösüşiniň hasabyna innowasialaryň ornaşdyrylmagynyň üstünde işleýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu ulgamda ägirt uly üstünlilkler gazandy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurduň obasenagat toplumynda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar, täze ykdysady gurallar önümçilige ornaşydyrylýar, obalaryň tehniki taýdan üpjünçiligi gowulanýar, döwrebap, ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň köp sanlysy satyn alynýar. Ýurtda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler maksatnamasy durmuş ulgamyny hem öz içine alýar. Ýurdumyzda suwarymly ýerleri özleşdirmek boýunça uly tejribe toplanyldy. Iri möçberli suw hojalyk taslamalary amala aşyrylýar. Suwaryş işleriniň derejesi ýokarlandy. Ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek, täze tarp ýerleri özleşdirmek boýunça giň maksatnama durmuşa geçirilýär.

Netijede Türkmenistan azyk bolçulygyny doly derejede üpjün etdi. Häzirki döwürde oba hojalyk we azyk pudaklarynyň ägirt uly eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek özgertmeleriň baş maksadydyr. Türkmenistan özara peýdaly hyzmatdaşlaryň yzygiderli ösdürilmeginiň tarapdarydyr we bu meselä açyk we döwrebap esaslarda çemeleşýändigini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe gezek belledi.

Türkmenistan daşary syýasat başlangyçlarynyň giden toplumyny, şol sanda ählumumy azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygy hakyndaky başlangyjy öňe sürdi.

Häzirki döwürde ýurtda azyk bolçulygynyň ylmy taýdan üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen alymlary pagtanyň we beýleki dänelik ekinleriniň agrotehnikasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, bagçylygy, gök ekerançylygy, üzümdarçylygy we bakja ekinlerini ösdürmek üçin pugta ylmy binýadyň döredilmeginiň, obasenagat topulymynyň netijelliligini ýokarlandyrmagyň, ekerançylygyň we topragyň hasyllylygyny artdyrmagyň, serişde tygşytlaýjy tehnologialaryň işlenip taýýarlanylmagynyň we olaryň önümçilige ornaşdyrylmagyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň üstünde işleýärler. Türkmenistanyň tebigy-howa şertleri ýylda iki we ondan hem köp hasyl almaga mümkinçilik berýär we oba hojalyk önümçiligini intensifikasiýa etmegiň giň mümkinçilikleri açylýar.

Maslahat alymlara we hünärmenlere dürli ýurtlardan gelen kärdeşleri bilen oňyn tejribeleri alyşmaga, azyk üpjünçiligi bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň çözgüdini anyklamaga mümkinçilik berdi. Munuň özi azyk ulgamy ýaly strategik taýdan möhüm halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine hyzmat eder.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda türkmen topragynda mähirli garşylanandygy we duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hoşallyk bildirdiler we bu çäräniň azyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna, täze netijeli we ylmy işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berjekdigini bellediler.