Şu günler ýurduň umumy bugdaý ekiljek 860 müň gektar meýdanynda ekiş möwsümi tamamlanyp barýar. Häzirki güne çenli 750 müň gektara bugdaý ekilip, bugdaý ekmek işleri 90 göterim ýerine ýetirildi.
Şol sanda, Ahal welaýatynda 225 müň gektar meýdanyň 195 müň gektary ekildi, Mary welaýatynda 200 müň gektaryň 170 müň gektary, Daşoguz welaýatynda ekilmeli 180 müň gektaryň 160 müň gektary, Lebap welaýatynda ekilmeli 175 müň gektaryň 155 müňden gowrak gektary, Balkan welaýatynda 80 müň gektaryň 55 müň gektary ekildi.
Umumylykda, şu ýylyň awgust aýynyň ortalaryna badal berilen ekiş möwsüminiň maşyndan bäri 165 müň tonna bugdaýyň meşhur tohumy ekildi. Esasan hem türkmen bugdaýynyň ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän bugdaýyň ýumşak we gaty görnüşleri howanyň pes derejelerine dutnukly, çalt ýetişýänligi, ýokary hasyllylygy, kesele durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Olardan „Batko“, „Sähraýy“, „Ýolöten-1“, „Bitarap“, „Juwan“, „Türkmenbaşy 1“ we beýleki görnüşlerini görkezmek bolar.
Jogapkärli möwsümiň bütin dowamynda „Türkmenobahyzmat“ we „Gallaönümleri“ assosiýalarynyň hünärmenleri netijeli işleri alyp bardylar. Olar ekiş möwsüminiň ýokary guramaçalykly geçirlmegine mynasyp goşant goşýarlar. Bugdaý ekilýän meýdanlarda „Jon Dir“, „Keýs“, „Belarus“, „Klass“ ýaly kysymly traktorlaryň 5 müňden gowragy we 2 müň sany däne ekiji tehnika sazlaşykly işledilýär. Ekin meýdanlarynda göçme abatlaýyş ussahanalary, ýöriteleşdirilen hyzmat ediş awtoulaglary, ýangyç daşaýan awtoulaglar özüne tabşyrylan işleri üstünlikli ýerine ýetirýärler.
Ekiş möwsüminiň tamamlanmagyna sanlyja gün galdy. Öňde daýhanlar üçin zähmeti köp talap edýän bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek işleri garaşýar. Öňde duran agrotehniki çärelere olar häzirki günlerden taýýarlyk görýärler. Sebäbi geljekki bol hasylyň binýady häzirki günlerde geçirilýän çärelere köp babatda bagly bolup durýar.
Ekişiň öň ýüzünden geçirilýän çäreler barada aýdylanda bolsa, olar talaba laýyk geçirilmelidir. Ekin ekiljek meýdanlarad sürüm işleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirildi. Topraga goşmaça gerek mukdarda mineral we ýerli dökünler berildi.
Öňden habar berilşi ýaly, ak ekin ussatlary indiki ýyl watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million 600 müň tonnasyny tabşyrmagy maksat edinýärler.