Şu gün paýtagtymyzdaky “Prezident” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda GDA-nyň Agrosenagat toplumynyň meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Arkalaşyga agza ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, bilermenler gatnaşdylar.
Bu forum 2012-nji ýylda Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda guraldy we däbe öwrülen ykdysady gatnaşyklaryň uly mümkinçiliklerini ulanmaga, köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda oba hojalygy ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Agrosenagat toplumynyň şu hökümetara geňeşiniň mejlisi, şeýle hem düýn türkmen paýtagtynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça halkara ylmy-amaly maslahat bu ugurda möhüm ädim boldy.
Şu günki mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar ylalaşykly agrosenagat syýasatyny kemala getirmegiň barşy, dünýädäki azyk bazarlarynyň ýagdaýyny kadalaşdyrmagyň häzirki zaman çäreleri barada pikir alyşdylar. Agrosenagat toplumynyň ösmegine ýardam bermek, şunuň bilen baglylykda Arkalaşygyň her bir ýurdunda görülýän çäreler baradaky meseleler beýan edildi, 2012-nji ýylda oba hojalyk pudagynyň işiniň deslapky netijelerine garaldy.
Bellenilişi ýaly, umumy azyk howpsuzlygynyň meselelerini çözmek üçin GDA-nyň agrosenagat önümçiliginiň kuwwatyny artdyrmak, Arkalaşygyň ähli ýurtlaryny azyk bilen durnukly üpjün etmek möhümdir. Munuň üçin özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny höweslendirmek boýunça çäreler, şol sanda kadalaşdyryjy-hukuk üpjünçiligi, şeýle hem GDA-nyň özünde guramaçylyk we düzümleýin özgertmelerine gönükdirilen anyk ädimler göz öňünde tutulandyr.
Umumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ilkinji nobatda, obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürmäge, innowasiýalary ornaşdyrmaga esaslanýar diýip, çykyş edenler bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň tejribesi oňyn mysal hökmünde getirildi. Ýurdumyz bu ulgamda uly üstünliklere eýe boldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň agrosenagat toplumy hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylyp başlandy, obalaryň tehniki üpjünçiligi gowulanýar, ýokary öndürijilikli häzirki zaman oba hojalyk maşynlarynyň iri tapgyrlary satyn alynýar, täze tehnologiýalar we innowasion agrotehnika ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ekerançylygynda uly terjribe toplanyldy, giň möçberli suw hojalyk taslamalary amala aşyrylýar.
Şunuň netijesinde Türkmenistan özüniň azyk bolçulygyny üpjün etdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň esasy maksady oba hojalyk pudagynyň ägirt uly eksport kuwwatyndan netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Türkmenistanda öndürilen önümleriň GDA ýurtlarynda uly isleg bildirilip alynýandygy gürrüňsizdir. Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ugrunda çykyş edýär, bu meselä oýlanyşykly we özboluşly çemeleşýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem bu barada ençeme gezek aýdypdy.
Mälim bolşy ýaly, GDA-nyň Agrosenagat toplumynyň meseleleri boýunça hökümetara geňeşi oba senagat ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygy meselelerini utgaşdyrmak maksadynda döredilipdi. Geňeş GDA ýurtlarynyň oba senagat meseleleri boýunça merkezi ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň ýolbaşçylygyndan düzülýär we döwletleriň oba senagat önümçiligini durnukly ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmäge ýardam etmelidir.
Şu jähetden bu forumda ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy maksady azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge we Arkalaşyga agza ýurtlaryň oba hojalyk önümleriniň we azyk önümleriniň bazarlaryny ösdürmäge ýardam etmekden ybaratdyr. Mejlise gatnaşyjylaryň pikirine görä, Aşgabat duşuşygy bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek hem-de innowasiýalary ornaşdyrmak, oba senagat toplumyna maýa goýumlaryny giňden çekmek işini işjeňleşdirmäge täze kuwwatly itergi berdi.
Mejlisiň barşynda Hökümetara geňeşiniň agzalary forumyň guralyşyna ýokary baha berip, onuň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler. Taraplar Aşgabatda GDA-nyň Agrosenagat toplumynyň meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň indiki mejlisini Belarus Respublikasynda geçirmek barada ylalaşdylar.