Ï Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy

view-icon 540
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ýurdumyzda bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryny alamatlandyrýan ählihalk ýowary geçirildi.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýän ähli zerur şertler döredilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşi we adamlaryň abadançylygynyň pugtalandyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň aýdyň netijesidir. Türkmenistanyň bagy-bossanlyga öwrülmegi ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler ýurtda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň möhüm bölegi bolup durýar.

Ählihalk ýowaryna gatnaşyjylar şu gün säher bilen paýtagtymyzyň günorta künjegine ýygnandylar. Sazalşykly ösýän we şäheriň işewürçilik merkeziniň kemala gelýän ýerinde, Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ählihalk ýowaryna badalga berildi. Belent başly dag gerişleriniň eteginde häzirki döwürde adam eli bilen döredilen ajaýyp gök zolaklar emele geldi. Şu gün bu ýeri däp boýunça tutuş ýurdumyzda her ýylda geçirilýän ählihalk ýowarynyň merkezine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ählihalk ýowarynyň geçirilýän ýerinde saklandy. Milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän ilçihanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň we habar beriş serişdeleriň wekilleri garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli görşüp, bag nahalyny oturtdy we ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen geçirilýän çärä badalga berdi. Bu ýere ýygnananlaryň hemmesi milli Liderimiziň göreldesine eýerip, bag ekmäge girişdiler. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň we ýurdumyzyň bähbidine durmuşa geçirilýän asylly işler ýurdumyzyň ilatynyň jebisligini we agzybirligini has-da pugtalandyrýar. Çünki biziň ýurdumyzda bag ekmek mukaddes iş hasaplanylýar we oňa halkymyz uly höwes bilen gatnaşýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan ýurdumyzyň çar künjeklerinde gök zolaklary döredýän we ýaşajyk bag nahallary bilen gurşalan ýaýlalary bilen görenleri haýrana goýýar. Ýurdumyzyň hemme ýerinde, esasan-da, türkmen paýtagtynyň günortasynda, dag eteklerinde adam eli bilen döredilen tokaý zolaklary ýaýbaňlandyryldy.

Giň möçberli maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýan umumy işe ýurdumyzyň ähli ilaty özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Şäherleriň we obalaryň töwereginde tokaý zolaklarynyň döredilmegi ýurdumyzda oňaýly howa şertlerini üpjün eder. Şeýle hem tokaý zolaklarynyň meýdanlarynyň artmagy bu ýerleriň bioköpdürlüligini şertlendirýär. Bu künjeklerde Türkmenistanyň haýwanat dünýäsiniň birnäçe wekilleri uýgunlaşýarlar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gök zolaklary döretmek işi yzygiderli häsiýete eýe bolmalydyr. Hut şonuň üçinem Türkmenistanda her ýylda tokaý zolaklaryny döretmek işlerine täzeden badalga berilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan ählihalk ýowaryna türkmenistanlylaryň 320 müňüsi gatnaşdy. Paýtagtymyzyň günorta künjeginde bolşy ýaly, ähli welaýatlarda bag nahallaryny ekmek işleri giň gerimde alnyp baryldy. Munuňözi halkymyzyň mähriban topraga bolan çäksiz söýgüsini alamatlandyrydy. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde 367 müňden gowrak saýaly we miweli bag nahallary oturdyldy. Şu günki ählihalk ýowarynda täze bag nahallaryny oturtmak işi bilen bir hatarda ozal bar bolanlaryna ideg etmek çäresine hem giň gerim berildi. Şeýlelikde, şu gün 980 müň bag nahallaryna ideg edildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 2-nji martynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Aşgabadyň töwereklerinde we Änew şäheriniň hem-de Baharly şäherçeleriniň aralygynda saýaly we miweli baglaryň 1,5 millionyny, welaýatlaryň çäklerinde hem 1,5 million bag nahallaryny oturtmak meýilleşdirildi.

Ählihalk ýowarynyň merkezine öwrülen bu künjekde türkmen halkynyň yrylmaz döwletiniň nyşany bolan ak öýler dikildi. Nurana öýleiň ýanyynda bolsa daşry ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň wekilleri özboluşly dabara guradylar. Olar milli lybaslaryny geýnip, öz ýurduna mahsus bezeg aýratynlyklaryny ulanmak arkaly milli tagamlaryny taýýarlap, ýowara gatnaşyjylara hödür etdiler. Döwlet Baştutanymyz hem daşary ýurtly myhmanlaryň taýýarlan tagamlaryndan dadyp gördi we olara ýurdumyzda guralýan çärelere işjeň gatnaşýandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Bu waka parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistana dünýä döwletleriniň uly gyzyklanma bildirýändiginiň, biziň ýurdumyzda dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaç alýandygynyň, şeýle hem gözel Diýarymyzda myhmana ýokary derejeli hormat goýulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ählihalk ýowary tamamlanan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýowara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.