Ï Türkmenistanyň Prezidenti UEFA-nyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti UEFA-nyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 718
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtyna sapar bilen gelen Ýewropanyň futbol assosiasiýalary bileleşiginiň ýolbaşçysy Mişel Platinini kabul etdi.

Türkmen topragynda mähirli, myhmansöýerlik bilen garşylanandygy hem-de duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, UEFA-nyň prezidenti Türkmenistanyň halkara sport giňişliginde eýeleýän ornunyň giňelýändigini belledi. Türkmen futbolçylarynyň dünýä çempionatlarynyň we olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşmagy munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Ýewropanyň milli futbol assosiasiýalarynyň 53-sini öz içine alýan UEFA-nyň ýolbaşçysy hökmünde Mişel Platini diňe bir dünýäniň syýasy giňişliginde däl-de, eýsem, sport giňişliginde hem uly abraýa eýe bolan türkmen döwletiniň Baştutany bilen tanyşmak mümkinçiliginiň dörändigine begenýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýokary üstünlikler sportuny, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek, ýurdumyzyň sagdyn ýaş neslini terbiýelemek türkmen döwletiniň syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr diýip belledi. Türkmen paýtagtynda gysga döwürde gurlan, ýokary halkara ülňülerine gabat gelýän iri sport desgalary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol desgalaryň arasynda Olimpiýa suw sport toplumy, milli olimpiýa sport köşgi, gyşky oýunlar sport toplumy, şeýle hem ýakynda açylan, futbol üçin türgenleşik meýdançalary bolan 20 müň tomaşaçy orunlyk köp ugurly “Aşgabat” sport toplumy hem bar. Şeýle hem welaýat merkezleriniň her birinde häzirki zaman stadionlary we beýleki sport desgalary gurlup ulanmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiz sportuň adamlary dostlaşdyrýandygyny, halklary ýakynlaşdyrýandygyny nygtamak bilen, ýurdumyzda halkara derejesinde sportuň dürli görnüşleri, şol sanda futbol boýunça hem bäsleşikleriň guralýandygy barada aýtdy. Muňa mysal hökmünde ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda futbol boýunça guralan halkara ýaryşy görkezmek bolar.

Duşuşykda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda ýöredilýän syýasatyň ýurdumyza iri halkara sport wakalarynyň biri bolan ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge öz kandidaturasyny hödürlemäge mümkinçilik berendigi bellenildi. Şol oýunlar Aziýanyň olimpiýa geňeşiniň çözgüdine laýyklykda 2017-nji ýylda Orta Aziýa sebitinde ilkinji gezek Aşgabatda geçiriler. Olary üstünlikli geçirmek üçin türkmen paýtagtynda özboluşly Olimpiýa şäherjigi gurulýar. Onuň düzümine desgalaryň 30-dan gowragy girip, olar Halkara olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylar.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda sport ulgamynda geçirilýän özgertmelere ýokary baha bermek bilen, Ýewropanyň futbol assosiasiýalary bileleşiginiň baştutany gysga döwürde ulgamyň ösen düzüminiň döredilmegine haýran galandygyny aýtdy. Bu babatda şäherlerde we obalarda futbol meýdançalary bolan sport toplumlarynyň gurulmagy ähmiýetli orun eýeläp, ýurtda köpçülikleýin futbolyň has-da ösdürilmegine ýardam edýär. Sportuň, hususan-da, futbolyň giňden meşhurlygy barada aýtmak bilen, UEFA-nyň prezidenti Türkmenistanda gije-gündiz işleýän sport teleýaýlymynyň döredilmegini hem goldady. Bu teleýaýlym arkaly türkmenistanlylar dünýäniň esasy sport wakalaryna, şol sanda Ýewropanyň futbol boýunça ýaryşlaryna hem-de Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna göni ýaýlymda tomaşa etdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropanyň futbol assosiasiýalary bileleşiginiň (UEFA) arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça möhüm meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Munuň özi biziň ýurdumyzda futboluň has-da meşhur bolmagyna ýardam eder.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we UEFA-nyň ýolbaşçysy netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge islegiň uludygyny tassykladylar.