Ï Rumyniýanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Rumyniýanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy

view-icon 881
Şu gün Pumyniýanyň Prezidenti Traýan Beseskunyň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy. Habar berlişi ýaly, düýn Aşgabatda uly üstünlikli geçen ýokary derejedäki türkmen-rumyn gepleşiklerinde taraplaryň hoşniýetli erk-islegini hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen iki dostlukly ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygy tassyklandy.

Gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar, Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasyndaky soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan, häzirki döwrüň maksatlaryna we wezipelerine gabat gelýän strategiki hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bu saparyň möhüm ähmiýetiniň bolandygynyň subutnamasydyr. Saparyň barşynda ähli ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady ulgamynda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk, medeni-gumanitar ulgamlarynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyga täze itergi berjek resminamalaryň uly toplumyna hem gol çekildi.

Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň jemleri we tutuşlygyna alnanda Ýewropa sebitiniň beýleki ýurtlary bilen bolşy ýaly, türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň artýan depgini türkmen döwletiniň geljegi uly, ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hökmünde biziň ýurdumyzy esasly suratlandyrýan daşary syýasat strategiýasynyň möhümdigini hem-de oňa isleg bildirilýändigini tassyklaýar.

... Şu gün ir bilen Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Besesku paýtagtymyzyň täze işewür merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna gül desselerini goýdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň Taryh muzeýini özünde jemleýän bu ägirt uly binagärlik-çeperçilik toplumy Aşgabadyň ajaýyp künjegi bolmak bilen bilelikde ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy we medeni aň-bilim merkezine hem öwrüldi.

Rumyn Lideri muzeýe baryp gören mahaly bu ýerde saklanylýan taryhy-medeni gymmatlyklar bilen tanyşdy, şondan soň ýola goýlan däbe görä, hormatly myhmanlaryň seýilbagynda agaç nahalyny oturtdy.

Soňra belent mertebeli myhman üçin Türkmenistanyň Baş milli muzeýinde tanyşdyryş gezelenji guraldy, onuň barşynda Prezident Traýan Besesku türkmen halkynyň gadymy taryhyny we baý medeni mirasyny äşgär beýan edýän köpugurly gymmatlyklar bilen tanyşdy.

Rumyniýadan bolan belent mertebeli myhman Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyryp, Halkara atçylyk-sport toplumyna tarap ugrady. Rumyn Lideri Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän, sebitde deňi-taýy bolmadyk bu ägirt uly toplumy has gyzyklanmak bilen synlady, şol ýerde rumyn liderine ajaýyp atçylyk-sport tomaşasy – türkmen jigitleriniň çykyşlary guraldy. Bu ýerde ussat çapyksuwarlar gözelligi, okgunlylygy we çakganlylygy bilen haýran edýän at çapmagyň ýokary derejede taplanan ussatlygyny görkezdiler.

Öz gözelligi we gelşikliligi bilen deňsiz-taýsyz bolan ahalteke bedewleri türkmen halkymyzyň milli buýsanjy, onuň bäş müň ýyllyk baý taryhynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda atçylygy ösdürmek, onuň şöhratly däplerini dikeltmek we gorap saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy. Hormatly Prezidentimiziň gönüden-göni gatnaşmagy bilen we başlangyjy boýunça Türkmenistanda atçylyk sportunyň milli hem-de beýleki görnüşlerini höweslendirmek we ösdürmek boýunça anyk çäreler görülýär. “Behişdi bedewleriň” naýbaşy baş sanyny artdyrmak boýunça uly seçip alyş-tohumçylyk işleri geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi, her ýyl ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramçylygy dabaralara beslenýär, ähli welaýatlarda häzirki zaman, halkara ülňülerine laýyk gelýän atçylyk-sport toplumlary işleýär, iň oňat “ahalteke bedewleri” milli gözellik bäsleşiklerine gatnaşýar.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyz dünýäniň ahalteke atçylygyny ösdürmek meseleleri boýunça halkara maslahatlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan dünýäniň iri guramalary, meşhur atşynaslar, bu pudagyň hünärmenleri şöhratly “behişdi bedewleriň” gadymy watanyna gelýärler we olaryň tohumynyň arassalygyny gorap saklamak we bitin dünýäde ýaýratmak meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Türkmenistanyň başarjaň çapyksuwarlary we atşynaslary däp boýunça köp sanly abraýly halkara ýaryşlaryna we bäsleşiklere gatnaşyp olaryň hormatly myhmanlary bolup durýarlar.

Mysal üçin, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça türkmen atşynaslary, tejribeli çapyksuwarlar, seýisler we atçylyk babatda beýleki hünärmenler ýakynda Fransiýada boldular, şol ýerde meşhur “Lonşan” aýlawynda bütin dünýäde abraýly atçylyk ýaryşlarynyň biri bolan “Ark de Triumf-2012” çapyşygyna gatnaşyp, ajaýyp netijeler görkezdiler. Munuň özi türkmen atçylygynyň häzirki zaman halkara pudaklaýyn ugurda öňdäki orna çykandygygyň, ahalteke bedewlerini wagyz etmek babatda geçirilýän uly işleriň bolsa hil taýdan täze, ägirt uly derejä eýe bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Rumyn Lideri şöhratly tohumdan bolan naýbaşy bedewleriň gözelligine we gelşikliligine, şeýle hem türkmen çapyksuwarlarynyň görkezen ussatlygyna ýokary baha berdi.

Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Besesku Halkara atçylyk-sport toplumyndan Aşgabadyň Halkara howa menziline tarap ugrady, şol ýerden öz watanyna uçdy.