Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Russiýanyň ösüp barýan ýaş nesilleriniň ruhy-ahlak medeniýeti” toplumlaýyn maksatnamasynyň Howandarlyk geňeşiniň Başlygy Swetlana Medwedewany kabul etdi. Ol türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII Forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Swetlana Medwedewany Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň, medeni gumanitar ulgamdaky netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan ägirt uly goşandy üçin Türkmenistanyň ýokary sylag bolan “Ruhubelent” ordeniniň gowşurylmagy mynasybetli gutlady we oňa alyp barýan asylly jemgyýetçilik-bilim işinde üstünlik arzuw etdi.
Hanym Swetlana Medwedewa ýokary hormat bildirendikleri üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň işjeň döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýandygyny medeni-gumanitar ulgamdaky gatnaşyklar bolsa onuň möhüm bölegini düzýändigini belledi.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman özara gatnaşyklarynyň köp ýyllyk tejribe toplanan we dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin oňaýly mümkinçilikler bolan ulgamdaky türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigini aýtdylar. Şu jähetden baý milli taryhy-medeni mirasyň öwrenilmegi, saklanmagy we onuň dünýä ýüzünde wagyz edilmegi, bilim we ýaş nesilleri ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmegi ýaly ulgamlar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.
Gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we hanym Swetlana Medwedewa şu gün Aşgabatda açylan we döwletara derejesinde bolşy ýaly, köp ugurly görnüşde netijeli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna, Arkalaşygyň giňişliginde dostluk, özara düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklarynyň berkidilmegine gönükdirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII Forumynyň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda hanym Swetlana Medwedewa türkmen Liderine özüne Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagyny gowşurandygyny, şeýle hem türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz we myhman däp bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.