Ï Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygyny—Ýerine Ýetiriji sekretaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygyny—Ýerine Ýetiriji sekretaryny kabul etdi

view-icon 822
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Maslahat Köşgünde biziň ýurdumyzyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine Ýetiriji sekretary S.Lebedewi kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi we hormatly Prezidentimize GDA-nyň çäklerinde däp bolan gumanitar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gönükdirilen bu iri forumyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda edilen tagalla üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy. Sergeý Lebedew Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk ediji ýurt hökmünde GDA-nyň giňişliginde netijeli, deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýar we umumy abadançylygyň hem-de ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän gatnaşyklaryň işjeňleşdirmegi bilen baglanyşykly meselelere jogapkärli çemeleşýär diýip belledi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlyk Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň GDA-nyň döwletleri bilen özara gatnaşyklar ugruna ygrarlydygyny we mundan beýläk-de ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraply görnüşdäki netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berjekdigini aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu ýyl Türkmenistan Arkalaşyga başlyklyk etmek bilen, GDA-nyň halklaryny baglanyşdyrýan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň pugtalandyrylmagyna, häzirki zamanyň talaplaryny we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy nazara almak bilen, özara peýdaly gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman duşuşygyň barşynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumynyň gün tertibine girizilen esasy meseleler boýunça pikir alşydylar we onuň medeni-gumanitar ulgamda ýola goýulýan gatnaşyklaryň tejribe alyşmalaryň giňeldilmegi, ylmy esasdaky hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegi üçin uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň başlygy --Ýerine Ýetiriji sekretary döwlet Baştutanymyza Arkalaşyga agza ýurtlaryň arasynda şu möhüm ugur boýunça ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berýändigi üçin hoşallyk bildirdi we türkmen Lideriniň forumyň açyylş dabarasyna hut özüniň gatnaşmagynyň munuň şeýledigini subut edýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman duşuşygyň ahyrynda şu gün Aşgabatda öz işine başlaýan forumyň hem-de Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän beýleki çäreleriň GDA-nyň ýurtlarynyň we halklarynyň bähbidine laýyk gelýän köp ugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine we ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.