(Aşgabat ş., 2012-nji ýylyň 15-nji oktýabry)
Gadyrly dostlar!
Belent mertebeli myhmanlar!
Güneşli Türkmenistana, gadymy türkmen topragyna, döwrebap durmuşly we täzeden galkynan medeniýetli ýurda hoş geldiňiz.
GDA ýurtlarynyň medeniýet we ylym ulgamlarynyň wekillerine berk jan saglyk, durmuşda we döredijilikde ruhubelentlik, Siziň geçirýän asylly çäräňize bolsa üstünlik hem-de netijeli gatnaşyklary arzuw edýärin.
Şeýle hem parahatçylygyň, döredijiligiň we ynsanperwerligiň bähbidine biziň halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna mynasyp goşant goşmaga bolan işjeň meýilleriňiz bilen siziň hemmäňizi tüýs ýürekden gutlamak isleýärin.
Hormatly döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleri!
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň dünýäniň geosyýasy kartasynda emele gelenine köp wagt geçenok. Onuň düzümine girýän özygtyýarly ýurtlar bilen bir wagtda kemala gelen bu Arkalaşyk şu geçen 20 ýylyň içinde biziň halklarymyzyň dostluk hem-de birek-birege hormat goýmak esaslaryna daýanýan taryhy umumylygy özünde jemledi.
Türkmenistan özüniň bitaraplyk derejesine eýermek bilen, GDA-nyň assosirlenen agzasy bolur durýar. Biziň bitaraplygymyzyň daşky dünýäden üzňeleşmek üçin döredilen haýat däldigini düşündirmek isleýärin. Munuň özi halkara bileleşigi we onuň abraýly edaralary tarapyndan ykrar edilen döwrüň meselelerine, ählumymy we sebitleýin çagyryşlara inçelik bilen garaýan parahatçylyk döredijilikli guraldyr.
Arkalaşyga bitaraplyk işjeň ýagdaý hökmünde baglydyr. Biziň ýurdumyzyň GDA başlyklyk edýän şu ýylynda amala aşyrylan çäreler muny tassyklaýar. Ykdysady, ekologiýa we gumanitar ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ugur edinýän birnäçe duşuşyklar we çäreler bu gezekki foruma bagyşlanandyr. Gadymy Merwiň taryhy
mirasdüşeri hasaplanýan Mary şäheri GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi we ol bu beýik derejä uly hormat bilen eýe boldy. Munuň şeýledigine siziň özüňiz göz ýetirersiňiz. Indiki aýda Aşgabatda GDA döwletleriň baştutanlarynyň ýygnanyşygy bolar. Ol duşuşyk Arkalaşygyň merkezi çäresi bolmak bilen, hyzmatdaşlygyň möhüm guraly hökmünde döwrüň möhüm meseleleriniň medeni hem-de ylmy taýdan sazlaşygyny emele getirer.
Gadyrly dostlar!
Bu gezekki duşuşyk birnäçe şanly wakalara beslenendir. Häzirki döwürde adamlaryň hereketiniň we tebigy güýjüň bitewüliginden emele gelen çuňňur çökgünlilik Ýer ýüzüni gurşap aldy. Soňky döwürde medeniýetleri, durmuş ýörelgelerini we ynam-ygtykady gapma-garşy goýmak häsiýetine eýe bolan ählumumy ýagdaý ýitileşdi.
Häzirki döwürde ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň derejesi parahatçylygyň we ylalaşygyň institusional, hukuk görnüşleri bilen berkidilen özara gatnaşyklar ulgamyny işläp taýýarlamak zerurlygy ýüze çykdy. Türkmenistan hut şunuň ýaly çemeleşme bilen çykyş edýär we onuň howpsuzlygyň bitewi görnüşini kemala getirmäge gönükdirilen ähli başlangyçlary BMG we beýleki halkara düzümleri tarapyndan goldanyldy.
Biziň Arkalaşygymyz syýasy-çäk düşünjesi bolan täze sebitleýin ýörelgelere esaslanmak bilen, örän möhüm taryhy-medeni artykmaçlyga eýedir. Biziň hemmämiz bir bitewi taryhyň tejribesinde taplandyk. Ol bizi kä birleşdirdi, kä aýyrlyşdyrdy, kähalatda bolsa aýratyn durmuş-taryhy bitewülige baglanyşdyrdy. Hut şonuň üçin hem bize dünýäniň täze ulgamlarynyň arasynda milli we köpugurly ylalaşygy tapmak ýeňil bolar.
Medeniýet özüniň kesgitlemesi boýunça bir wagtlaýyn, özbaşdak we köpugurly bolmak bilen jemgyýetçilik ösüşiniň merkezi bolup durýar we ol hem-de onuň maksady serişdelerde sazlaşygy emele getirýän çylşyrymly pursadynda goşulyşmagyň çözgüdini tapmaga kömek edýär. Syýasatyň tapgyry ösüşiň ilkibaşky kuwwatyny bermekden ýa-da lukmançylygyň dili bilen aýdylanda, medeniýeti sagdynlaşdyrmakdan ybaratdyr.
Biziň halklarymyzyň gatnaşyk, hoşniýetlilik, dostluk we birek-birege goldaw bermek boýunça örän baý tejribe toplandygyny ýene bir ýola bellemek isleýärin. Men Orta Aziýa halklarynyň medeni gatnaşyklaryndan güýç alan ahlak-etiki kökleri barada gürrüň hem etmäýin. Bularyň hemmesini täze döwre uýgunlaşdyrmak, jemgyýetçilik ylalaşygyny gazanmak maksady bilen dünýäniň çylşyrymly wezipelerini ösdürmek we kämilleşdirmek zerurdyr.
Biziň halklarymyzyň her birinde medeniýet ulgamynda ýeten ajaýyp sepgitleri bar. Olar umumadamzat ruhy ösüşine öz goşandyny goşdular. Taryhyň ölmez-ýitmez sahypalarynda milli şahsyýetleriň atlary ýazyldy. Olar özüniň döredijiligi bilen adamzadyň kalbyna aralaşyp, bakylyga öwrüldiler. Puşkin we Magtymguly, Azady we Nyzamy, Rudaki we Nowaýy, Jambyl we Taras Şewçenko, Saýat-Nowa we Ýanka Kupala, Berdi Kerbabaýew we Çingiz Aýtmatow, Ion Druse we Gework Emin, Hydyr Derýaýew we Wasil Bykow ... Bu sanawy entegem uzaltmak bolar, çünki beýik söz ussatlary bilen bir hatarda, görnükli sazandalar, suratkeşler, ýerine ýetirijiler, kino we teatr işgärleri medeniýeti tapladylar. Men ideologiýanyň üsti bilen milli hakydany öçürmek babatdaky islendik çemeleşmeleriň netijesizdigini bellemek isleýärin. Ähli eýýamlarda ynsanlaryň kalbynda söýginiň we hakykatyň gudratly çyragyny ýakýan zehinleriň güýjüne hormat goýýarlar.
Gadyrly dostlar!
Biziň hemmämiz taryhyň dürli döwürlerinde halklarymyz tarapyndan toplanan ägirt uly ruhy baýlygyň mirasdüşerleridiris. Siz şol baýlygyň eýeleri we adamzadyň esasynda durmuşyň baky gymmatlygy durýan medeni gazananlaryny artdyrmaga döredijilik ukyplaryňyzy bagyş edilen adamlarysyňyz.
Dünýäniň iň gadymy medeniýetleriniň biriniň ojagy bolan türkmen topragynda bolanyňyzda döwletiň medeni we ylmy merkezi hökmündäki derejä eýe bolan Aşgabat, biziň halkymyzyň myhmansöýerlik, hoşniýetlilik we açyklyk esaslaryna daýanýan dessurlary bilen tanşanyňyzda, ol size häzirki medeniýeti pederlerimiziň medeniýetinden we olaryň nesihatlaryndan hem-de dessurlaryndan aýry bolmadyk türkmen halkynyň kalbyna aralaşmaga mümkinçilik berer.
Gündogar halklarynda “Myhman Allanyň wekili”, “Myhman az iýer - köp synlar” diýen pähimler bar. Men sizi göwnüňiziň küýsän ýerine baryp görmäge çagyrýaryn. Başga bir nakylda bellenilişi ýaly, “Ýürekden çykan söz ýürege ýetýär” .
Men size ýene bir ýola bagtyýarlyk, berk jan saglyk, döredijilik üstüniklerini arzuw edýärin.