Ï Türkmenistan-Russiýa: habar beriş serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek ugry bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Russiýa: habar beriş serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek ugry bilen

view-icon 632
Şu gün “Interfaks” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary, GDA we Baltika ýurtlarynda Halkara habarlar topary gulluklarynyň prezidenti jenap Igor Porşnewiň Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň birnäçesinde, şol sanda Daşary işler ministrliginde, Türkmen döwlet habarlar gullugynda we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda duşuşyklar boldy.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda bolan duşuşygyň barşynda Russiýanyň iri habarlar agentliginiň wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda geçirilýän hem-de türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen oňyn özgertmeleriň okgunly depginine haýran galýandygyny beýan etdi.

Jenap Igor Porşnewiň belleýşi ýaly, GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumyna gatnaşmak üçin biziň ýurdumyzda saparda bolan wagtynda oňa Ýewropa Bileleşiginiň hem, ýakyn goňşularyň—Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň syýasy toparlarynda ykrar edilen hem-de uly abraýa eýe bolan türkmen Lideriniň özgertmeler işiniň netijeleri bilen tanyşmaga oňat mümkinçilik döredildi.

“Interfaksyň” ýokary wezipeli wekiliniň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda Russiýanyň habar beriş serişdelerinde dostlukly hem-de doganlyk Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri baradaky habarlaryň sany artýar. Duşuşykda nygtalyp geçilişi ýaly, Türkmenistanda maglumatlar giňişligini ösdürmek, garaşsyz habar beriş serişdelerini döretmek, multimediýa tehnologiýalaryny peýdalanmak, Internet ulgamyna aralaşmagy giňeltmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Şunda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyk etmäge we maglumatlar ulgamynda has möhüm ugurlar boýunça tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri babatda Russiýanyň žurnalistleriniň we hünärmenleriniň tejribesi hem peýdaly bolar diýlip nygtalyp geçildi.

Türkmen döwlet habarlar gullugynda bolan duşuşygyň barşynda maglumatlar babatda gatnaşyklary ýola goýmagyň geljegi hakynda gürrüň gozgalanda “Interfaks” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary özüniň ýolbaşçylyk edýän Halkara “Interfaks” maglumatlar topary gullugy öz işinde Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatlaryna ýygy-ýygydan ýüzlenýändigini, olaryň Türkmenistan hakyndaky möhüm täzelikleriň dogruçyl berilmegine ýardam edýändigini kanagatlanmak bilen belläp geçdi.

Duşuşygyň barşynda nygtalyp geçilişi ýaly, häzirki zaman türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň möhüm wakalary, halkara häsiýetindäki täzelikler hakyndaky maglumatlary taýýarlamak hem-de dünýäniň maglumatlar giňişligine ýaýratmak boýunça wezipeleri çözmek babatda Türkmen döwlet habarlar gullugy gatnaşyklary giňeltmegi, aýratyn hem daşary ýurtly habar beriş serişdeleri bilen hem, ýurdumyzyň Internet-neşirleri bilen hem hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine daýanmak bilen häzirki zaman interaktiw web-saýtlaryň görnüşinde maglumatlary alyşmagy maksat edinýär.

Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen ikitaraplaýyn oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmäge çalyşmak barada pikir aýdyldy.