Ï Öňüni alyş diplomatiýasynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Öňüni alyş diplomatiýasynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 670
Şu gün BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň mejlisler zalynda “Öňüni alyş diplomatiýasy dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekde netijeleri gazanmagyň ygtybarly guralydyr” ady bilen “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanda bellige alnan diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň, daşary döwletleriň ilçihanalarynyň wekilleri, halkara guramalarynyň, Türkmenistanyň DIM-niň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we beýlekileriň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar gün tertibiniň esasy meselesi boýunça pikir alyşmak bilen, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine we howplaryna garşy bilelikde hereket etmegiň ýollarynyň biri hökmünde türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan, gapma-garşylyklar ýaňy ýüze çykan wagty we dünýäniň dürli sebitlerinde döreýän jedelli meseleleri hem-de çylşyrymly ýagdaýlary çözmegiň has ygtybarly guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny ileri tutmak ýörelgesi iň bir kabul ederlikli usuldyr diýip nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde hereket etmekde, şol sanda BMG-niň sebitleýin we ählumumy ösüşe hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy öňe sürmäge täze itergi bermäge gönükdirilen Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi bilen bilelikde işlemeginiň baý tejribesi mysal getirildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ara alnyp maslahatlaşylan meseläniň möhümdigini nygtap, tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygyň we abadançylygyň strategiki maksatlaryna ýetmekde dünýä bileleşiginiň öňünde durýan möhüm meseleleri çözmek boýunça netijeli gepleşikleri dowam etdirmek baradaky pikire geldiler.