Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda Türkmenistanyň IV Halkara maýa goýum maslahaty öz işine başlady.
Onuň işine dünýäniň 26 ýurdundan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, ABŞ-dan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Türkiýeden, Germaniýadan, Hindistandan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Malaýziýadan, Awstriýadan, Özbegistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Gresiýadan, Belarus Respublikasyndan, Ukrainadan wekilçilikli toparlar gatnaşýar. Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda halkara düzümleriniň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, USAID-iň, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Yslam ösüş bankynyň, Halkara maliýe korporasiýasynyň, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon bankynyň, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň 65-den gowragynyň wekilleri bar.
400-den gowrak wekilleri özünde jemlän Aşgabat duşuşygyna gatnaşyjylaryň möçberi daşary ýurtly maýadarlaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa etmek boýunça giň möçberli maksatnamany durmuşa geçirýän we durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistana bolan ýokary gyzyklanmalaryna şaýatlyk edýär.
Türkmen tarapyndan foruma ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 67-siniň, döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň 2009-njy ýyldan bäri milli Liderimiziň başlangyjy bilen geçirilýän halkara maýa goýum forumy gysga döwrüň içinde maýa goýum ýaly möhüm ugurda ykdysady hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri boýunça işewür duşuşyklaryň we gepleşikleriň geçirilýän açyk meýdançasyna öwrüldi. Maýa goýum mümkinçiliklerini we bu pudakda ýetilen sepgitleri beýan etmek bilen bir hatarda bu wekilçilikli forum dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini we işjeňleşdirilmegini şertlendirýär.
Duşuşygyň işewür maksatnamasy ilkinji nobatda netijeli gatnaşyklar we pikir alyşmak, ahyrky netijede bolsa anyk netijeleri gazanmak ugruna gönükdirilendir. Üç günüň dowamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar türkmen döwletiniň maýa goýum mümkinçilik barada göni maglumat almak bilen çäklenmän, eýsem olar ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak boýunça öz tekliplerini hem hödürlärler.
Sergi köşgüniň maslahatlar zalynda geçirilen resmi açylyş dabarasynyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylary onuň işine başlamagy bilen gutlap, bu gezekki çäräniň türkmen döwletiniň häzirki döwürde gazananlaryny äşgär etmek we milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze maýa goýumlaryny çekmek jähetinde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Ilkinji plenar mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi, milli Liderimiziň başlangyjy bilen halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, ulag we aragatnaşyklar pudagynda, gurluşykda, obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän iri möçberli maksatnamalar hakynda gürrüň berýän wideo tanyşdyrylyş boldy. Onda biziň ýurdumyzyň halkara maýa goýum we milli taslamalary durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleri görkezildi we olaryň netijesinde Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň artýandygy we halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň, abadançylygynyň ýokarlanýandygy barada gürrüň berildi.
Şeýle hem çykyşlarda bellenilişi ýaly, türkmen döwleti durmuş-ykdysady ösüşiniň belent sepgitlerine tarap sazlaşykly gadam urýar. Türkmenistanyň okgunly ösüşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly makroykdysady syýasatynyň we oňyn özgertmeleriniň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen çäreleriň netijesidir.
Ýurduň ykdysady kuwwaty önümçilik serişdeleriniň artmagynyň, olary ulanmagyň usullarynyň we hiliniň ýokarlandyrylmagynyň we kämilleşdirilmeginiň hasabyna barha ýokarlanýar. Şunlukda, uzak möhletileýin maýa goýumlary Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň özenini düzýär. Hökümetimiziň bu babatdaky anyk ädimleri milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşini, ykdysady we önümçilik kuwwatlyklarynyň ýokarlanmagyny, häzirki zaman durmuş, ulag aragatnaşyk we inžernerçilik düzümleriniň kemala gelmegini şertlendirýär.
Maýa goýum syýasaty ykdysady strategiýanyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu pudakdaky syýasatyň esasy wezipeleri döwlete degişli bolmadyk ulgamyň maýa goýum ýagdaýynyň işjeňligini ýokarlandyrmakdan, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem möhüm önümçilige döwlet goldawyny bermek hem-de maýa goýumlarynyň netijelliligini ýokarlandyrmak üçin ýurdumyzyň hususy we daşary ýurt maýadarlaryny çekmekden ybaratdyr. Döwlet bu babatda maýadaryň, kepillendirijiniň we kadalaşdyryjynyň ornuny eýeleýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanda pugta maýa goýum mümkinilçigi bolan netijeli ykdysady ulgam döredildi. Munuň özi bütindünýä maliýe çökgünligi şertlerinde has-da derwaýysdyr. Şu jähetden biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň üstünliklere eýe bolýandyklary hakyndaky maglumatlar getirildi. Hususan-da, maýa goýumlarynyň möçberleri soňky ýyllarda 9 esseden gowrak artdy. Maýa goýumyň derejesi jemi içerki önümiň görkezijisine laýyklykda 44 götreime deň boldy. 2012-nji ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça makroykdysady görkezijilere laýyklykda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende milli ykdysadyýetini ösüşine gönükdirilen maýa goýumlarynyň özleşdiriliş möçberleri 134,7 göterime deň boldy.
Türkmen döwleti özüniň ägirt uly maýa goýum mmümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak boýunça durmuşa geçirilýän çärelere we millii ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi hem-de kämilleşmegi üçin ýurdumyza gelip gowuşýan daşary ýurt maýalaryna gözegçiligi kanunçylyk esasynda alyp barýar. Bu ugurda Türkmenistanyň “Daşary ýurt maýalary hakynda” Kanunyň kabul edilmegi, şeýle hem biziň ýurdumyzyň çäklerindäki daşary ýurt maýadarlarynyň işiniň hukuk esaslaryny kadalaşdyryjy kanunçylyk namalaryna birnäçe üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistanyň başlanygyjy bilen iri halkara ähmiýetli taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi sebitde işewürçilik ulgamynyň ösüşini şertlendirdi. Onuň hatarynda Hazaryň kenarynda döredilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy, “Türkmenistan - Hytaý” gaz geçirijisiniň gurluşygy we “Demirgazyk-Günorta” transmilli demirýol ulgamy bar.
Türkmenistan özüniň bitaraplyk derejesine daýanmak bilen birek-birege hormat goýmak we beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk esaslaryna daýanýan döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly köp ugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen daşary syýasat ugruny durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklarda bolşy ýaly, öňdebaryjy maliýe we ykdysady institutlar bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň çäklerini has-da giňeldip, halkara gatnaşyklaryndaky işini görnetin artdyrdy.
Taraplaryň gyzyklanmalaryny nazara almak bilen, daşary ýurt maýalaryň möçberlerini artdyrmagyň çäklerinde Türkmenistan bilen birnäçe döwletleriň arasynda deňhukukly, özara peýdaly gatnaşyklar esasynda degişli ylalaşyklar gazanyldy, ikitaraplaýyn ähtnamalar baglaşyldy. Bu bolsa öz gezeginde türkmen döwletiniň durnukly ösmegi üçin oňyn şertleriniň döredilmegine ýardam berýär, ähli pudaklarda we ugurlarda dünýä jemgyýetçiligi bilen uzakmöhletleýin netijeli gatnaşyklar üçin oňaýly mümkinçilikleri açýar.
Forumyň barşynda Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika ministri Mohammed Bin Daýen Al Hamiliniň, Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkiniň, BMG-niň Ýewropa üçin Ykdysda komissiýasynyň wekili Toni Bonniçiniň, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň başlygy Ronald Neşanyň we beýlekileriň çykyşlarynda ikitaraplaýyn hyzmatldaşlygyň meselelerine we döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegine giňden syn berildi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän “açyk gapylar” syýasaty we häzirki döwürde ýurdumyzda maýdarlar üçin has amatly şertleriň döredilmegi uzakmöhletleýin işewür gatnaşyklaryny ýola goýmakda derwaýys şert bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň geografiki taýdan amatly ýerleşişi, ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginleri, kuwwatly serişde-çig mal binýady, şeýle hem daşary ykdysady işiň ähli ugurlaryna laýyk gelýän derejede işlenip taýýarlanan we maýalaryň goraglylygyny kepillendirýän pugta kanunçylyk ulgam daşary ýurt maýalaryň işjeň çekilmegini şertlendirýär. Şu jähetden daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň häzirki döwürde dürli ulgamlarda daşary ýurt maýadarlaryň netijeli işleri üçin ähli zerur şertleri döredilen ýurdy bolan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy.
Ertir IV Halkara maýa goýum forumy öz işini dowam eder.