Ï Türkiýäniň wekiliýetiniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkiýäniň wekiliýetiniň sapary

view-icon 622
Şu gün Türkiýe Respublikasynyň Eskişäher şäheriniň häkimi jenap Kadyr Koçdemiriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň biziň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň käbir ministrliklerinde we edaralarynda, şol sanda Bilim ministrliginde we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklaryň barşynda bellenilşi ýaly, netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şol sanda gumanitar ulgamyndaky gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin açylan täze mümkinçilikleri nazara almak bilen, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda oňyn häsiýete eýe boldy.

Şunuň bilen baglylykda, nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna ýakynda bolan sapary we ýokary derejede üstünlikli geçirilen gepleşikler bar bolan ägirt uly ykdysady, serişde we medeni-gumanitar mümkinçilikleri nazara almak bilen, iki doganlyk ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga, onuň işewür we netijeli mazmunyna nobatdaky gezek kuwwatly itergi berdi.

Türkmen-türk gatnaşyklaryny berkitmek işinde gumanitar hyzmatdaşlygyna möhüm ornuň degişlidigine aýratyn bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylar Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň, şeýle hem biziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkiýeli raýatlaryň sanynyň yzygiderli artmagyny, türk alymlarynyň, medeniýet we bilim ulgamynyň işgärleriniň Türkmenistanda geçirilýän dürli gumanitar forumlaryna, maslahatlaryna we seminarlaryna işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanmak bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň gadymy şäherleriniň biriniň häkimi şu ugurda bilelikdäki gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etmegiň gerekdigini aýtdy.

Türk wekiliýetiniň saparynyň barşynda paýtagtymyzyň häkimliginde, Mary şäheriniň häkimliginde we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde hem duşuşyklar geçirildi.

Myhmanlar Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabadyň we Marynyň taryhy-medeni gözellikleri we muzeýleri bilen tanyşdylar.