Ï Türkmenistanda IV halkara maýa goýum maslahaty öz işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda IV halkara maýa goýum maslahaty öz işini tamamlady

view-icon 649
Şu gün Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň IV halkara maýa goýum maslahaty öz işini tamamlady, oňa dünýäniň 26 ýurdunyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Şeýle hem maslahatyň işine Birleşen Milletler Guramasy, USAID, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy, Ýewropanyň ykdysady guramasy, Yslam ösüş banky, Halkara maliýe korporasiýasy, Ýaponiýanyň halkarah hyzmatdaşlygy banky ýaly abraýly halkara düzümleriniň, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň 65-den gowragynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenlerig atnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan bu üç günlük forumyň işiniň barşynda dürli ýurtlaryň işewürlik we malie toparlarynyň wekilleriniň arasynda maýa goýumlary ýaly möhüm ähmiýetli ugur boýunça netijeli we gyzykly pikir alşyldy. Türkmenistanda işleýän firmalar we kompaniýalar özleriniň geljegine uly umyt baglaýan türkmen bazaryna, uly möçberli ykdysady taslamalara gatnaşmak arkaly toplan tejribesi barada gürrüň berdiler. Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin maýa goýumlary babatda ýöredýän oňaýly syýasaty bilen jikme-jik tanyşmaga mümkinçilik döredilendigini we munuň bilelikdäki täze maýa goýumly meýilnamalaryň işlenip taýýarlanylmagyna, netijeli işewurlik başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna ýardam berjekdigini bellediler.

Şu gün forumyň işiniň jemleýji gününde Aşgabada gelen wekiller Türkmenistanyň ministrilkleriniň we pudak edalaralynyň ýolbaşçylary bilen köp sanly duşuşyklary geçirdiler, şol duşuşyklaryň barşynda halkara guramalarynyň, banklaryň, maliýe korporasiýalarynyň wekilleri, bilermenler türkmen döwleriniň milli ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynda maýa goýumlary boýunça ýöredilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şelýe hem gepleşikleriň barşynda dürli ugurlar boýunça bilelikde işlemegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşdyldy.

Duşuşyklarda häzirki wagtda dünýäniň işewürlik bileleşiginiň Türkmenistana milli ykdysadýetiň maýa goumlary babatda özüne çekiji mümkinçilikleri bolan ýurt hökmünde baha berýändigi bellenildi. Soňky ýyllarda milli ykdysadyýetiň gurluşyk we ulag ulgamlaryna gönükdirilýän iri möçberli daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberleri ep-esli artdyryldy we munuň Türkmenistanyň maýa goýumlary babatda özüne çekijidigine şaýatlyk edýär.

Ýewropanyň we Aziýanyň ulag geçelgelerini birikdirmäge gönükdirilen Demirgazyk – Günorta transmilli demir ýolunyň gurluşygy, Türkmenistan – Hytaý we Türkmenistan – Eýran, şeýle hem Hazaryň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi häzirki döwrüň öz möçberleri boýunça iri taslamalar bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmekde uly ähmiýetek eýe bolan "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" üstünlikli amala aşyrmagyň çäklerinde gurluşyk desgalarynyň düzümine gönükdirilýän daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberleri birnäçe esse artdyryldy.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän bu forum düýpli özgertmelere, milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilmegine, hyzmatdaşlyga açyk we taýyn bolunmagyna esaslanýan ugruň üstünlige getirýändigini äşgär etdi.

Sergi köşgüniň mejlisler zalynda IV halkara maýa goýum maslahatynyň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şonda myhmansöýerlik, maýa gýoumlary halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen özara peýdaly gatnaşyklara degişli wajyp meseleler boýunça netijeli geplegigiň geçirilmegine oňaýly mümkinçilik döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.