Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-britan söwda-senagat geňeşine başlyklyk ediji Ronald Neşi kabul etdi.
Ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli Beýik Britaniýanyň Patyşasy Ýelizaweta II-niň we onuň patyşa maşgalasynyň agzalarynyň milli Liderimize aýdan mähirli gutlaglaryny we ýurdy ösdürmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri gazanmak, şeýle hem türkmen halkyna parahatçylyk, rowaçlyk hakyndaky arzuwlaryny ýetirdi. Aşgabada nobatdaky sapar gelip görmäge we Türkmenistanyň IV Halkara maýa goýum maslahatyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilige örän şatdygyny bellemek bilen, Ronald Neş Türkmenistanyň sazlaşykly ykdysady ösüşi iki döwletleriň arasynda özara peýdaly gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar we dostlukly ýurduň işewür toparlary bilen oňyn gatnaşyklary ýola goýmaga hemişe taýýardygyny belledi.
Gürrüňdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman işjeň ýagdaýda ösdürilýän we ikitarapaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak bilen, birek-birege hormat goýmak, deňhukukly esasda ýola goýulýan türkmen-britan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygy barada pikir alyşdylar.
Söwda-ykdysady, maýa goýum pudagy, ýangyç-energetika ulgamy, gurluşyk, sport we beýleki ugurlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow britan hyzmatdaşlarynyň gatnaşyklaryň meselelerine işjeň we jogapkärli çemeleşmelerini oňlap, dostlukly ýurduň işewür toparlary sazlaşykly ösýän we geljegi uly türkmen bazarynda özlerini ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde tanatdylar diýip belledi we bu babatda britaniýaly hyzmatdaşlaryň tejribesiniň iki tarapa-da peýda getirjekdigini nygtady.
Sport we gurluşyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň täze sport desgalaryny, Türkmenistanyň meýilnamalaryna doly laýyk gelýän Olimpiýa şäherjigini gurmaga, ozal hereket edýän binalary abatlamaga gatnaşýandygyny tassyklady.
Biziň ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmek we sportuň ýokary gazananlaryny üpjün etmek babatda durmuşa geçirilýän oňyn syýasaty goldaýandygyny bellemek bilen, jenap Ronald Neş ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän ägirt uly işlere ýokary baha berdi. Şeýle hem jenap Ronald Neş Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistanda bu ulgam boýunça iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda ynam bildirendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň başlygy bildirilen ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň döwlet Baştutanymyza ozal beren tabşyryklaryny we sargytlaryny gysga möhletde ýerine ýetirmek we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda we badalga bermeginde alnyp barylýan ähli özgertmeler maksatnamasyna mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdy.
Duşuşyga Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kit Renni Allan gatnaşdy.