Ï Türkmenistanyň Prezidenti Yzgant obasynda täze desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Yzgant obasynda täze desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy

view-icon 1678
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň belent ýeňişlere, uly zähmet üstünliklerine beslenýän günlerinde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda täze, döwrebap desgalaryň açylyşy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy. Bu ýerde medeni-durmuş maksatly desgalaryň birbada birnäçesi ulanmaga berildi.

Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda täze, häzirki zaman keşbe eýe bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyna geldi. Bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär, aýdym-sazlar ýaňlanýar, türkmen baýdaklary al-asmanda pasyrdaýar.

Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň öňündäki meýdançada milli Liderimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän ilçihanalarynyň we Türkmenistanyň daşary ýurtdaky ilçihanalarynyň, Ahal welaýatynyň we etrap häkimlikleriniň, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ähli welaýatlardan gelen hormatly ýaşulular, ýaşlar, köpsanly myhmanlar uly ruhubelentlik bilen garşyladylar.

Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar. Asylly däbe görä, milli Liderimize duz-çörek hödür edildi. Din wekilleri ýurdumyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň berkarar bolmagyny, ösüşler ýoly bilen ynamly gadam urýan türkmen döwletini beýik ýeňişlere alyp barýan döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny hem-de ýurt parahatçylygyny dileg edip, aýt-töwir okadylar.

Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlary şu günki dabara bilen gutlady hem-de sözi dür, kelamy paýhas ýaşulular bilen gysgaça söhbet etdi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň ähli ýerlerinde giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagy ugrunda ähli zerur çäreleriň durmuşa geçiriljekdigini aýtmak bilen, il sylagly ýaşulularyň ýaşlara nusgalyk görelde bolmakda we olaryň ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmeginde ägirt uly işleri bitirýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu günki dabara gatnaşýan daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň ýolbaşçylary, wekilleri bilen gürrüňdeş bolup, olara ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara, milli senelerimiz mynasybetli guralýan dabaralara işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mekdebiň eýwanyna girip, ol ýerde oturdylan mähriban atasy, mugallym, esger, ilhalar adam Berdimuhamet Annaýewiň “Dowamat dowam bolsun, nesiller bagtyýar bolsun” diýen sözleri ýazylan heýkeline gül desselerini goýdy. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary we dabara gatnaşyjylaryň hemmesi döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, ýadygärlige ter gül desselerini goýdular. Biraz wagtdan özüniň çirksiz yhlasy, edermenligi bilen Watana wepaly gulluk etmegiň nusgalyk mekdebine öwrülen Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliginiň etegi ajaýyp güýz güllerine beslendi.

Beýik Ynsanyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy tamamlanansoň, döwlet Baştutanymyz bu ýerden berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sarsmaz binýadynyň, rowaç eýýamynyň nyşany bolan hem-de ajaýyp binagärlik keşbi bilen obanyň gözelligini artdyran döwrebap desgalaryň hatary bilen gurlup ulanmaga berilýän obanyň Medeniýet köşgüne tarap ugrady.

Obanyň bu künjünde Türkmenistanyň ösüşleriň we özgerişleriň ýurdy diýen ykrarnamany tassyk edýän birnäçe döwrebap binalar guruldy. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertiniň ýokarlandyrylmagyny ugur edinýän döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň aýdyň netijeleri bolan bu desgalaryň öňündäki meýdançalarda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary şu günki şanly waka mynasybetli aýdym-sazly çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Milli Liderimiz “Yzgant” oba geňeşliginiň täze binasynyň deňinden geçip, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň kaşaň binasy bolan Yzgant obasynyň Medeniýet köşgüniň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýeten derejesini, gazanýan üstünliklerini aýdyň wasp edýän teatrlaşdyrylan dabara görkezildi.

Ýeri gelende aýtsak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygynyň öňüsyrasynda gurlup ulanmaga berlen bu bina Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Mälikguly Berdimuhammedowyň ady dakyldy.

Şanly waka mynasybetli Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynyň Mälikguly Berdimuhammedow adyndaky Medeniýet köşgüniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhammedowyň heýkelini açmak dabarasy şu günki wakalara utgaşyp, oňa özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Döwlet Baştutanymyz Köşgüň öňündäki meýdançada oturdylan nurana heýkele baş atyp, kaşaň binanyň girelgesine tarap bardy. Milli Liderimiz baýramçylyk dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Mälikguly Berdimuhammedow adyndaky Medeniýet köşgüniň toý bagyny kesdi.

Binanyň eýwanynda ýaşajyk ýerine ýetirijileriň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Milli Liderimiz bina bilen tanyşlygy bu ýerde muzeý gymmatlyklaryndan düzülen sergiden başlady. Onda türkmen halkynyň gahrymançylygy, şöhratly geçen ýoly, hususan-da, hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhammet Annaýewiň we kakasy Mälikguly Berdimuhammedowyň halkymyzyň, ýurdumyzyň öňünde bitiren hyzmatlary, Watana gulluk etmegiň ajaýyp nusgasyna öwrülen işleri barada gürrüň berýän fotosuratlar, taryhy maglumatlar we degişli resminamalar goýlupdyr. Mundan başga-da, bu ýerde türkmen milletiniň geçmişde ulanan senetkärçilik esbaplary, öý-goşlarynyň, bezeg şaýlarynyň görnüşleri, bedew atlaryň esbaplary görkezilýär.

Hormatly Prezidentimiz muzeý gymmatlyklary bilen içgin tanşyp, ýurdumyzyň medeniýetinde görnükli orun eýeleýän muzeýleriň işini kämilleşdirmek, olar üçin döwrebap binalary gurmak babatda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýtdy we olara işlerinde uly üstünlikler arzuw edip, köşgüň indiki otagyna bardy.

Medeniýet Köşgüniň birinji gatynda 500 tomaşaça niýetlenen zaldan başga-da, çagalar üçin 150 orunlyk DWD zaly, Nikalar zaly we kitaphana bar. Bu ýerde Internet-kafe, Medeniýet köşgüniň hünärmenleri, artistleri we beýleki işgärleri üçin ähli zerur iş şertleri döredilen otaglar, 200 orunlyk naharhana we radiomerkez göz öňünde tutuldy.

Binanyň ikinji gatynda tans we gimnastika zallary, sazandalar üçin iş otaglary, taryhy wakalary we häzirki döwrümiziň üstünliklerini beýan edýän muzeý hem-de sergi zallary ýerleşdirildi.

Bu ýerde surat çekmegiň tilsimlerini öwredýän gurnak hereket edip, onda surat çekmäge höwesli çagalara sungatyň bu görnüşiniň inçe syrlaryny ele almagyna ýardam berýän işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzy surat çekmek bilen meşgullanyp oturan çagalar uly ruhubelentlik we güler ýüz bilen garşyladylar. Milli Liderimiz çagalaryň bu hünäri ele alyşlary, olaryň surat çekişleri bilen içgin gyzyklandy. Gurnaga gatnaşýan körpeler hormatly Prezidentimize öz eden işlerini höwes bilen görkezdiler we surat çekişleri, bu ýerde öwredilýän usullar barada gürrüň berdiler.

Döwlet Baştutanymyz suratkeş körpelere saýlap alan ugurlarynda üstünlik arzuw edip, köşgüň tans-horeografiýa zalyna bardy. Bu ýerdäki çagalar döwlet Baştutanymyzy uly şowhun bilen garşyladylar we özleriniň öwrenen tanslaryny höwes bilen ýerine ýetirdiler. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde çagalaryň tans etmäge bolan höwesleri, olaryň sungatyň inçe ugurlarynyň biri bolan tans etmegiň usullary bilen jikme-jik tanyşdy we çagalardan bir tans edip bermeklerini sorady. Gurnaga gatnaşýan körpeler döwlet Baştutanymyzyň bu sargydyny höwes bilen ýerine ýetirdiler. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ösüp barýan ýaş nesilleriň ukybyna görä, zerur bolan ähli şertleriň yzygiderli dörediljekdigini, körpeleriň höwes edýän hünärleri boýunça kämilleşmekleri ugrunda köpugurly mümkinçilikleriň üpjün ediljekdigini aýtdy we ýaşlara sungat äleminde uly üstünlik arzuw edip, köşgüň Maslahatlar zalyna bardy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde söz sözledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary mähriban Watanymyzda giňden we dabaraly bellenip geçilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllyk baýramy hem-de Yzgant obasynda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan medeni - durmuş maksatly binalaryň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen gutlady.

Biz gözel Diýarymyzy düýpli özgertmek boýunça uly möçberli maksatnamalary kabul edip, beýik we giň gerimli işleri amala aşyrýarys. Biziň şeýle tutumly işleri durmuşa geçirmegimiziň esasynda mukaddes Garaşsyzlygyň beren giň mümkinçilikleri bar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Garaşsyzlyk – türkmeniň iň naýbaşy baýramydyr. Ol merdana halkymyzyň erkinliginiň, asuda durmuşynyň we bagtyýar geljeginiň gözbaşydyr. Bu baýram biziň şöhratly ata-babalarymyzyň mähri we yhlasy, ýürek arzuwlary siňen ata Watanymyzyň, eziz topragymyzyň hakyky eýesi bolmagymyzyň beýik baýramydyr. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň çüwen bagtydyr, göterilen ykbalydyr, ýüzlerçe ýyllara ýaň salan köňül küýseginiň, göwün isleginiň wysalydyr.

Biziň halkymyz indi ýigrimi bir ýyl bäri mukaddes Garaşsyzlygyň hözirini görüp, bagtyýar döwürde, paýhas eýesi, akyldar şahyrymyz beýik Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin» diýip, köňlünde beslän isleg-arzuwynyň amala aşan ajap eýýamynda erkana durmuşda ýaşaýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly üstünliklere beslenip, täze, has uly sepgitlere tarap bedew bady bilen öňe barýar. Türkmenistanyň halkara abraýy hem barha artýar. Biziň Garaşsyz ýurdumyz ata-babalarymyzyň ajaýyp däp-dessurlaryna, dost-doganlyk ýörelgesine gyşarnyksyz eýermek bilen, oýlanyşykly we pähim-parasatly daşary syýasaty alyp barýar.

Türkmenistan iri we abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Ýer ýüzünde parahatçylyga, durnuklylyga, ösüşe, halklaryň dost-doganlygyna gönükdirilen, dünýä ýaň salýan ägirt uly işleri amala aşyrýar. Häzirki döwürde Türkmenistan Watanymyz dünýäniň köp sanly döwletleri bilen deň hukuklylyk esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy, hoşniýetli gatnaşyklary amala aşyrýar. Biziň döwletimiz Ýer ýüzüniň ähli ýurtlary we halklary bilen hyzmatdaşlyga giň ýol açýan «açyk gapylar» syýasatyny ýöredip gelýär.

Türkmen döwletiniň öňe sürýän, ählumumy parahatçylyga, hyzmatdaşlyga gönükdirilen başlangyçlary bütin dünýäde giňden goldanýar.

Siziň bilşiňiz ýaly, şu ýyl Türkmenistan Watanymyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda köp sanly möhüm çäreleri geçirmek göz öňünde tutuldy. Bu çäreleriň köpüsi eýýäm ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Noýabr aýynyň başynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy hem geçiriler. Ýokary derejedäki bu duşuşyk Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär!

Döwletimiziň dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna doly goşulýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýynyň barha gowulanmagy, bolelin we rahat ýaşamagy, işlemegi hem-de dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilen, gerimli maksatnamalaryň kabul edilendigini aýratyn nygtady.

Şol maksatnamalara laýyklykda, türkmen ülkesiniň ähli künjeklerinde, hatda iň çetki obalarda hem giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar, medeni-durmuş maksatly ýüzlerçe döwrebap binalar, köprüler, ýollar we beýleki örän möhüm desgalar yzygiderli gurulýar. Şeýle hem, täze suw hem-de elektrik geçirijileri, aragatnaşyk we gaz ulgamlary çekilýär.

Berkarar Watanymyzyň ähli ýerinde täze, döwrüň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen kuwwatly kärhanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Durmuşa geçirilýän ägirt uly bu işleriň ählisi biziň alyp barýan «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr!

Daşoguz welaýatynda Ruhubelent etrabynyň, Lebap welaýatynda Döwletli, Mary welaýatynda Altyn sähra etrabynyň we Bagtyýarlyk şäherçesiniň, Balkan welaýatynda Esenguly, Ahal welaýatynda Altyn asyr etraplarynyň döredilip, olaryň merkezi şäherçelerinde döwrebap täze binalaryň we desgalaryň onlarçasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýurdumyzda halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin ähli amatly şertleri bolan häzirki zaman obalarynyň we şäherçeleriniň, şäherleriniň gurulmagy ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan uly möçberli işlerimiziň netijesidir. Düýbünden täze keşbe eýe bolan Yzgant obasy hem ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrýan özgertmelerimiziň bir mysalydyr. Şu gün Yzgant obasynda döwrebap binalaryň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berilýär. Şol desgalaryň hatarynda 500 orunlyk Medeniýet köşgüni, häzirki döwrüň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen 350 orunlyk sport toplumyny, oba Geňeşiniň edara binasyny, şeýle hem ajaýyp Söwda merkezini görkezmek bolar diýip, hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bu döwrebap binalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen obasynyň keşbiniň düýpli özgerýändiginiň, onuň has-da galkynýandygynyň, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň şaýadydyr diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdan Yzgant obasynyň taryhyny gysgaça suratlandyrdy. Gumy etekläp oturan bu obanyň ady Ahal ýaýlasyndan has uzaklarda hem bellidir. Yzgant obasy özüniň taryhyny nesilbaşymyz Oguzhan Türkmeniň döwürlerinden alyp gaýdýandygyny ylmy çeşmeler tassyklaýar.

Alymlar bu obanyň has irki döwürlerde dörändigini, onuň taryhynyň asyrlaryň gatlaryna uzap gidýändigini belleýärler. Yzgant obasynyň adynyň «uz» bölegi aslynda «oguz» sözündendir, «gant» bolsa, «şäher» diýmegi aňladýar.

Yzgant obasynyň adyny gadymy oguz dilinden häzirki zaman türkmen diline geçirsek, mähriban halkymyza eziz we örän ýakymly bu adyň «Oguzlaryň şäheri», «Oguz şäheri» diýen manyny berýändigi öz-özünden düşnükli bolýar. Yzgant orta asyrlarda hem tutuş bir welaýatyň merkezi hökmünde belli bolupdyr.

Köp asyrlaryň şaýady bolan Yzgant belli şahsyýetleri bilen hem meşhurdyr. Bu obada doglup, önüp-ösen adamlaryň ençemesi özleriniň başarnygy we zehinleri bilen diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem beýleki ýurtlarda-da meşhurlyk gazanmagy başarypdyr. Örän sahawatly we bereketli ýerleri öz içine alan Yzgant obasynda ýaşaýan adamlar ekerançylyk bilenem, maldarçylyk bilenem asyrlarboýy meşgullanyp gelipdirler.

Bütin ömrüniň dowamynda yhlas bilen zähmet çekmäge uýgunlaşyp gelen adamlar toprakdan bol hasyl alypdyr, olaryň süri-süri mallary bolupdyr. Yzgant obasynyň adamlary ýer bilen bagry badaşan hakyky daýhan adamlaryň neslidir. Şunuň bilen bir hatarda, yzgantlylar ylym-bilime hem köp yhlas hem zähmet siňdiripdirler. Bu ýerde XIX asyryň ahyrlarynda «meýletin mekdepde» türkmen ilinde ilkinjileriň biri bolup, ene dilde hat-sowat öwredilipdir.

Geçen asyryň 20–30-njy ýyllarynda bolsa, yzgantly mugallymlar sowatsyzlygy ýok etmekde köp işleri bitirdiler. Şoňa görä-de, biz mugallymçylyk işiniň başyny başlan, ony esaslandyran, asly halal adamlaryň atlaryny hemişe alkyş we minnetdarlyk bilen tutýarys.

Gadymy Yzgant obasynda döwrebap medeni-durmuş maksatly binalaryň gurlup, ulanmaga berilmegi bilen indi bu ýerde täze durmuş başlanýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu gün özboluşly görke eýe bolan Yzgant Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýeten belent sepgitlerimizi, abadan we eşretli durmuşymyzy alamatlandyrýar.

Bu ýere ýygnanalary we tutuş türkmen halkyny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllyk baýramy hem-de Yzgant obasynda medeni-durmuş maksatly täze, döwrebap binalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimiz ähli watandaşlarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy şowhunly, dowamly elçarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra Yzgant obasynyň ýaşaýjysy çykyş edip, döwlet Baştutanymyza eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, şäherlerimiziň we obalarymyzyň günsaýyn gözelleşmegi, şeýle hem ýaşlar üçin mynasyp şertleriň döredilmegi, maşgalalaryň abadançylygy hem-de jemgyýetde ruhy gymmatlyklaryň we däp-dessurlaryň dowamat bolmagyna berýän ägirt uly ünsi üçin çuňňur hoşallygyny bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen düýpli durky täzelenen Babadurmaz obasyndan gelen zenana hem söz berildi. Ol öňi bilen hormatly Prezidentimiziň mübärek şagadamy düşen Babadurmazyň häzirki döwürde tanalmaz derejede özgerendigini aýdyp, tutuş oba adamlarynyň adyndan milli Liderimize tüýs ýürekden taňryýalkasyn aýtdy we özüniň haýyşynyň bardygyny mälim etdi. Bu zenan şu günkiki dabaralara gatnaşmak üçin bärik gaýdanynda özlerini eşretli eýýama ataran döwlet Baştutanymyza bolan çuňňur hormat-sarpa bildirmegiň we hoşallygyň nyşany hökmünde hem-de halkymyza berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň rowaçlyklary eçilýändigini nygtap, Babadurmazyň adyny üýtgedip, Berkarar diýen ady dakmak baradaky oba adamlarynyň haýyşyny kanagatlandyrmagy sorady.

Çykyşlar tamamlanan soň, döwlet Baştutanymyz Medeniýet köşgüne awtoulagy sowgat berdi. Soňra milli Liderimiz täzeden galkynan obanyň döwrebap keşbine özboluşly öwüşgin çaýan hem-de berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulýan häzirki zaman sport toplumyna bardy. Obanyň merkezinde gurlan bu binada köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli amatly şertler döredilipdir. Toplumda agyr atletika, boks, göreş we sportuň beýleki görünşelri bilen meşgullanmak üçin oňat mümkinçilikler bar. Bu ýerde 150 orunlyk ýapyk görnüşli zal, suwda ýüzülýän 70 orunlyk howuz we çagalara ýüzmegi öwretmek üçin howuz bar.

Bulardan başga-da, toplumyň düzümine futbol, basketbol, woleýbol, gandbol we sportuň beýleki görnüşleri bilen gyzyklanýanlar üçin açyk sport meýdançalary hem girýär.

Şu gün bu ýerde baýramçylyk dabarasy höküm sürýär, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy, täze binalaryň öňündäki meýdançalarda aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen bilelikde häzirki zamanyň kaşaň binasy bolan sport toplumynyň baş girelgesine geldi.

Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda ajaýyp binanyň toý bagyny kesýär we onuň içine girýär. Kaşaň binanyň nurana eýwanynda ýurdumyzyň türgenleriniň dürli döwürde gazanan üstünliklerine şaýatlyk edýän kuboklaryndan, hormat hatlaryndan, eýelän baýraklaryndan we diplomlaryndan ýörite sergi guralypdyr. Bu ýerde birnäçe halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenler döwlet Baştutanymyzy mähirli garşyladylar we hormatly Prezidentimize türkmen sportunyň has-da belende galmagy, ýurtda ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap binalaryň gurulmagy ugrunda edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz bedenterbiýe we sport halkymyzyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülmelidir, hut şonuň üçin hem ýurtda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar bolmagy, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň mundan beýläk-de batly depginler bilen ösdürilmegi ugrunda döwletimiziň yzygyiderli alada etjekdigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz türgenlere 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görmegi hem-de onda türgenleriň uly abraý gazanmaklaryny arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň boks, karate we başa-baş söweşiň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ýörite enjamlaşdyrylan zallaryna baryp gördi. Milli Liderimiz toplum bilen tanyşlygyň barşynda woleýbol oýnamak üçin niýetlenen zalda türgenleşik geçýän ýaşlar bilen gürrüňdeş boldy we olaryň sport äleminde uly abraý gazanmaklaryny, halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz toplumda türgenler üçin döredilen şertler, olaryň türgenleşik geçmekleri boýunça düzülen maksatnama bilen tanşyp, sportuň kiçi futbol, el pökgüsi, basketbol, futbol ýaly görnüşleri bilen diňe bir meşgullanmak däl, eýsem, dürli derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen meýdançalary hem synlady.

Döwlet Baştutanymyz türgenler bilen mähirli hoşlaşyp, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zaman usullarynyň sazlaşygyny özünde jemleýän döwrebap Söwda merkezine geldi.

Ýeri gelende aýtsak, iki gatly bu binada harytlardan, gök we miwe önümlerinden, azyk harytlaryndan başlap, dokma önümlerine, çagalar oýnawaçlaryna we gündelik durmuşda ulanylýan gap-gaçlara çenli ähli harytlaryň söwdasy guralan dükanlaryň 30-a golaýy bar. Bu ýerde şeýle hem hyzmatlaryň dürli görnüşleri hödürlenýär, 600 orunlyk toý zaly göz öňünde tutulypdyr.

Hormatly Prezidentimiz binanyň öňünde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly Söwda merkeziniň açylyş dabarasyna aýdym-sazly çykyşlar aýdyň öwüşgin çaýdy. Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda binanyň toý bagyny kesdi. Döwlet Baştutanymyz söwda hatarlarynyň ugry bilen ýöräp, bu ýerde tekjelerde ýerleşdirilen harytlaryň hili we bahalary, satyjylar we alyjylar üçin döredilen şertler bilen içgin gyzyklandy hem-de merkezde işleýän satyjylar bilen gürrüňdeş boldy.

Merkezde işleýän satyjylar we söwda hem-de hyzmat ediş ulgamynyň işgärleri döwlet Baştutanymyza oba ýerinde şular ýaly, ähli amatlyklary özünde jemleýän ajaýyp binany sowgat berendigine hem-de halkymyzyň eşretli durmuşy üçin ähli tagallalary edýändigine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz binanyň toý dabaralary geçirmek üçin niýetlenen ikinji gatyna galdy. Bu ýerde milli Liderimiz Söwda merkeziniň toý dabaralary üçin niýetlenen zalynda toý geçirýänler bilen gürrüňdeş boldy.

Döwlet Baştutanymyz Söwda merkezinden çykyp, şu günki dabaralara gatnaşyjylary ýene bir gezek gutlap, şunuň ýaly tutumly işleriň ýurdumyzyň ähli künjeklerinde yzygiderli dowam etdiriljekdigini, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagy ugrunda tutumly çäreleriň durmuşa geçiriljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimize Ahal welaýatynyň tutuş ilatynyň adyndan Batyrhan atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary bu günki şanly waka bilen ýene bir gezek gutlap, olara işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eşret ýolundan ynamly gadam urýan we soňky ýyllarda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilen ýeri bolan Yzgant obasynda şanly wakalar mynasybetli hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllyk toýunyň hormatyna, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň mübärek şa gadamynyň şanyna toýuň dabarasy belentden tutuldy. Toýçy märeke ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazlaryny höwes bilen diňlediler. Halkyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri bolsa bu günki dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Uçganaklap duran bedewlere atlanan milli lybasdaky çapyksuwarlar öz atlarynyň çeýeligini hem-de gözelligini äşgär etdiler.

Uludan tutulan toýda türkmen halkynyň asylly däbine görä, milli göreşe-de giň gerim berildi. Onda özüne göwni ýetýän pälwanlar orta çykyp, ezberligini görkezdiler. Göreşde ýeňiş gazanana ýaryşyň emini degişli baýraklary, sylaglary gowşurdy. Şeýle hem türkmen ruhuna çalymdaş belent başly hiňňillikleriň töweregi-de köp adamly boldy. Onda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň minnetdar nesilleri hyjuwa beslenip, hiňňillik uçdular. Umuman, bu künjekde guralan toýuň dabarasy dag aşdy, toýçy märekäniň şatlygynyň çägi bolmady.

Ýakyn-u-alysdan gelen myhmanlar, şu günki dabarany gurnaýjylar toý meýdançasynda atarylan gazanlarda taýýarlanan dürli tagamlardan datdylar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Olar milli Liderimizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän 21 ýyllygy bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza mähriban halkymyzyň umyt-arzuwlaryny hasyl etmek ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.