Ï Pahatçylyk syýasatynyň mümkinçiligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pahatçylyk syýasatynyň mümkinçiligi

view-icon 585
BMG-niň Sekretariatynyň syýasy meselelr boýunça Departamentiniň syýasat we dellalçylyk müdirliginiň direktory, ilçi MehmetLewent Bilman Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit mewkezine bolan iş saparynyň çäklerinde öňüni alyş diplomatiýasynyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň syýasaty amala aşyrmak boýunça departamentiň işiniň esasy ugurlaryny beýan edýän gysgaça maglumat bilen çykyş etdi. Soňra jenap Bilman bu ýere ýygnanlaryň soraglaryna jogap berdi.

Ilçiniň aýtmagyna görä, bu günki gün dellalçylyk dawalaryň öňüni almakda, düzgünleşdirmekde we çözmekde iň bir netijeli hereket edýän usulllaryň biri bolup durýar. Eger-de öňler dünýä jemgyýetçiliginiň tagallary parahatçylygy goldamaga gönükdirilen bolsa, indi oňa ýol bermezlik maksady bilen, dawanyň bolmagy barada öňünden habar bermek we çäreleri görmek üçin öňüni alyş diplomatiýasyna gönükdi. Öňüni alyş diplomatiýasy dünýäde hawpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek işiniň netijeliligini gazanmak üçin gural bolup hyzmat edýär.

Bu günki gün BMG agza ýurtlaryň ählisi öňüni alyş diplomatiýasyna gyzyklanma bildirýärler, ilçiň belleýşi ýaly, häzirki wagtda onuň mümkinçilkileri epesli artdy. BMG-niň Sekretariatynyň syýasy meseleler boýunça Departamenti bu işleriň merkezinde durýar. Bu ugurda BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezleri möhüm institut bolup çykyş edýärler. Olaryň dünýäde üç sanysy bar, onuň biri bolsa Aşgabatda ýerleşýär. Ilçiniň nygtaýşy ýaly, bu merkez bolup biläýjek dawalaryň öňüni almakda sowatly işlenilip taýýarlanylan usullary netijeli peýdalanýar we ony biziň departamentimize berýär.

Jenap Bilman öňüni alyş diplomatiýasy syýasatyny geçirmekde köpçülikleýin habat beriş serişdeleriniň orny barada jogap bermek bilen, biziň döwrümizde habar beriş serişdeleriniň maglumatlar mükinçilikleri örän möhüm orny eýeläp bilerler. Ilkinji nobatda ol jemgyýetde öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetlerini ýaýratmakda jemlenýär. Indiki pursat ony çözmekde BMG-niň tutýan ornuny dogruçyl beýan etmäge degişli bolup durýar.

Mehmet Lewent Bilman sözüniň ahyrynda BMG Türkmenistanda oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýän, wajyp meselelri çözmekde oýlanyşykly çemeleşýän ynamdar we jogapkärli hyzmatdaşy görýär diýip, nygtady.