Ï Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýur­du­my­zyň Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de eden ÇY­KY­ŞY
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýur­du­my­zyň Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de eden ÇY­KY­ŞY

view-icon 963
(Türk­men­ba­şy şä­he­ri, 2012-nji ýy­lyň 23-nji okt­ýab­ry)

Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar!
Mäh­ri­ban adam­lar!
Eziz wa­tan­daş­lar!


Şu gün biz ozal­dan gel­ýän däp­le­ri­mi­ze la­ýyk­lyk­da ýur­du­my­zyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­tyn­da alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zyň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin ýyg­nan­dyk. Şeý­le hem, mun­dan beý­läk dur­mu­şa ge­çir­me­gi göz öňün­de tut­ýan mak­sat­na­ma­la­ry­my­zy şu Mas­la­hat­da ma­kul­la­mak üçin si­ziň ga­ra­ma­gy­ňy­za hö­dür­le­ýä­ris.

Şu gün­ki Mas­la­ha­ty­myz däp bol­şy ýa­ly, tu­tuş ýur­du­my­zyň, bü­tin hal­ky­my­zyň uly ru­hu­be­lent­lik bi­len da­ba­ra­ly gar­şy­la­ma­ga taý­ýar­lyk gör­ýän şan­ly wa­ka­sy­nyň—Türk­me­nis­ta­nyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 21 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da geç­ýär.

Si­zi we si­ziň üs­tü­ňiz bi­len mäh­ri­ban hal­ky­my bu be­ýik baý­ram bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! Si­ziň äh­li­ňi­ze berk jan sag­lyk, aba­dan we bag­ty­ýar dur­muş, eziz Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­ri­ňiz­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin!

Hor­mat­ly adam­lar!

Bil­şi­ňiz ýa­ly, türk­me­niň to­ýy go­şa-go­şa­dan gel­ýär. Şu ýyl ýur­du­myz­da be­ýik Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň bel­len­ýän gün­le­ri­ne mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my hem ga­bat gel­ýär. Ne­sip bol­sa, biz ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my bi­len bir­lik­de eziz Di­ýa­ry­myz­da mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my­ny hem mil­li däp-des­sur­la­ry­my­za, ga­dy­my adat­la­ry­my­za la­ýyk­lyk­da, giň­den bel­läp ge­çe­ris.

Gur­ban baý­ra­my adam­za­dyň ah­lak-edep ýö­rel­ge­le­ri­ni, dog­ru­çyl­ly­gy we päk­li­gi ün­de­ýän ga­dy­my baý­ram­dyr.

Hä­zir­ki dö­wür­de Gur­ban baý­ra­my hal­ky­my­zyň je­bis­li­gi­ni we ro­waç­ly­gy­ny, mil­li-ru­hy gym­mat­ly­gy­my­za yzy­gi­der­li eýer­ýän­di­gi­mi­zi ala­mat­lan­dyr­ýar.

Men si­zi we si­ziň üs­tü­ňiz bi­len mäh­ri­ban hal­ky­my mu­sul­man dün­ýä­sin­de ga­dym­dan bä­ri bel­len­ýän, ru­hy tä­miz­li­giň we yn­san­per­wer­li­giň baý­ra­my bo­lan mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my bi­len hem tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn!

Mü­bä­rek Gur­ban baý­ra­my gün­le­rin­de ber­jek gur­ban­lyk sa­da­ka­la­ry­ňyz, mer­da­na hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi we aba­dan­çy­ly­gy, dün­ýä­de ab­ra­ýy bar­ha be­len­de gal­ýan ata Wa­ta­ny­my­zyň ber­ka­rar­ly­gy hem-de ro­waç­ly­gy üçin et­jek do­ga-di­leg­le­ri­ňiz, ýag­şy umyt-ar­zuw­la­ry­ňyz Be­ýik Bi­ri­ba­ryň der­gä­hin­de ka­bul bol­sun!

Hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar!
Eziz adam­lar!


Döw­le­ti­mi­ziň ha­ky­ky Ga­raş­syz­lyk ýo­lu­na düş­me­gi örän uly wa­ka­dyr. Bu wa­ka­nyň äh­mi­ýe­ti ýyl­la­ryň geç­me­gi bi­len bir­jik-de pe­sel­män, eý­sem, bar­ha art­ýar. Se­bä­bi döw­le­ti­mi­ziň Ga­raş­syz­ly­gy­ny al­ma­gy bi­ziň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyr­lar­bo­ýy eden iň uly ar­zuw­la­ry­nyň we iň ar­zy­ly umyt­la­ry­nyň ama­la aş­ma­gy­nyň ny­şa­ny­dyr. Ge­çi­len ýo­la ba­ha ber­mek bi­len, biz eziz Wa­ta­ny­myz­da giň ge­rim­li we tu­tum­ly iş­le­riň ama­la aşy­ry­lan­dy­gy­ny, örän uly üs­tün­lik­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy­ny buý­sanç bi­len bel­läp bi­le­ris. Se­bä­bi ta­ry­hy taý­dan örän gys­ga döw­rüň için­de biz Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­zi dö­ret­me­gi ba­şar­dyk we onuň ösüş­le­riň ak ýo­ly bi­len öňe git­me­gi­ni ga­zan­dyk.

Bi­ziň dö­re­den Ga­raş­syz döw­le­ti­miz berk hu­kuk bin­ýa­dy­na esas­lan­ýar, onuň kuw­wat­ly yk­dy­sa­dy we ru­hy-me­de­ni müm­kin­çi­lik­le­ri bar. Bu bol­sa, jem­gy­ýe­tiň dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da düýp­li öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Eziz Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz ösü­şi­niň üçün­ji on­ýyl­ly­gy­na ga­dam bas­ma­gy bi­len, biz ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň baş­la­nan­dy­gy­ny uly buý­sanç bi­len yg­lan et­dik. Bu bol­sa, sö­züň do­ly ma­ny­syn­da ka­nu­na­la­ýyk ýag­daý­dyr. Se­bä­bi, yk­dy­sa­dy we dur­muş öz­gert­me­le­ri­ni ama­la aşyr­mak­da uly üs­tün­lik­le­ri ga­za­nan ýur­du­myz­da örän gys­ga, ýö­ne giň ma­ny­ly «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen ýö­rel­ge ha­ky­ky ma­ny-maz­mu­na eýe bo­lup, öz anyk be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Hä­zir­ki dö­wür­de biz yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dur­muş mak­sat­la­ry­na ni­ýet­le­nen, ila­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni we dur­mu­şy­nyň hi­li­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len nus­ga­sy­ny iş ýü­zün­de ama­la aşyr­mak üçin äh­li ta­gal­la­la­ry ed­ýä­ris!

Hor­mat­ly Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!
Mäh­ri­ban wa­tan­daş­lar!


Men şu Mas­la­hat­da alyp bar­ýan içe­ri sy­ýa­sa­ty­my­zyň kä­bir me­se­le­le­ri ba­ra­da du­rup geç­mek is­le­ýä­rin, şeý­le hem gel­jek­de dur­mu­şa ge­çir­me­gi mak­sat edin­ýän tas­la­ma­la­ry­my­zy we ama­la aşyr­ma­ly iş­le­ri­mi­zi si­ziň bi­len ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gy göz öňün­de tut­ýa­ryn. Si­ziň bil­şi­ňiz ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de biz Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da ýur­du­myz­da tu­tum­ly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýä­ris. Bu mak­sat­na­ma­nyň esas­la­ry şu ýy­lyň few­ral aýyn­da ma­kul­lan­dy.

Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­sy ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň ýa­kyn bäş ýyl üçin ka­bul edi­len esa­sy mak­sat­na­ma­la­ry­ny özün­de bir­leş­dir­di.

Mak­sat­na­ma­nyň esa­sy mak­sa­dy Türk­me­nis­ta­ny, esa­san, ag­rar ýurt bo­lan­ly­gyn­dan se­na­gat taý­dan ösen döw­le­te, hä­zir­ki za­ma­nyň äh­li eş­ret­le­ri hal­ky­myz üçin el­ýe­ter­li bo­lan döw­le­te öwür­mek­den yba­rat­dyr.

Men şu ýy­lyň do­wa­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ren iş­le­ri­mi­zi sel­je­rip, hä­zir ola­ryň üs­tün­de jik­me-jik du­rup geç­mek­çi däl. Se­bä­bi biz ýa­ňy-ýa­kyn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de şu ýy­lyň 9 aýyn­da ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň jem­le­ri­ni jem­le­dik.

Siz şu dö­wür­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­mi­zi bil­ýän­si­ňiz. Döw­le­ti­mi­ziň ýe­ten be­lent sep­git­le­ri köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de hem giň­den be­ýan edil­di. Men hä­zir edi­len iş­le­riň möç­ber­le­ri­ni has do­ly açyp gör­kez­ýän kä­bir san­la­ry ge­ti­re­ýin.

Biz je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi­ni ýe­ter­lik de­re­je­de ýo­ka­ry dep­gin­de sak­la­ýa­rys. Ge­çen dö­wür­de je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi 11,1 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­dy. Oý­la­ny­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýan sy­ýa­sa­tyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­be­ri­niň ýyl­sa­ýyn art­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek is­le­ýä­rin. 2007-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­na go­ýul­ýan ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­be­ri 2,9 es­se ar­typ, ol hä­zir­ki dö­wür­de je­mi içer­ki önü­miň 48,8 gö­te­ri­mi­ne ba­ra­bar bol­dy.

Şu ýyl ýur­du­myz­da dür­li des­ga­la­ryň on­lar­ça­sy gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Aş­ga­bat­da gur­lan süý­ji-kö­ke önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän «Ha­sar» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­ni, Aba­dan şä­he­rin­dä­ki nah-egir­me fab­ri­gi­niň ikin­ji no­bat­da­ky­sy­ny, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­byn­da gur­lan ba­lyk ös­dü­rip ýe­tiş­dir­ýän we gaý­ta­dan iş­le­ýän önüm­çi­lik top­lu­my ýa­ly iri des­ga­la­ry, şeý­le hem Ser­dar şä­he­rin­de gur­lan de­mir ýol men­zi­li­ni, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da gur­lan myh­man­ha­na­la­ry, ins­ti­tut­la­ryň, mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň tä­ze bi­na­la­ry­ny we köp san­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar.

Hä­zir­ki dö­wür­de Bal­kan, Da­şo­guz we Ahal we­la­ýat­la­ryn­da ele­wa­tor­ly un ön­dür­ýän 3 sa­ny kär­ha­na­nyň gur­lu­şy­gy, şeý­le hem iri se­na­gat des­ga­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň gur­lu­şy­gy üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Le­bap we­la­ýa­tyn­da gu­rul­ýan ka­liý dö­kün­le­ri­ni ön­dür­ýän dag mag­dan top­lu­my­ny we se­ment za­wo­dy­ny, şeý­le hem beý­le­ki des­ga­la­ry gör­kez­mek bo­lar.

Ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz ýa­tak­la­ryn­da tä­ze des­ga­la­ryň bir­nä­çe­si, Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň dü­zü­min­de po­lip­ro­pi­len ör­tük­le­ri­ni ön­dür­ýän za­wod, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ru­ha­bat et­ra­byn­da dok­ma we bo­ýag fab­rik­ler top­lu­my gur­lup, ulan­ma­ga ber­ler. Şeý­le hem, Le­bap we­la­ýa­tyn­da­ky Ýyl­gy­na­gyz ma­şyn ka­na­ly­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek iş­le­ri, «Ga­za­gys­tan—Türk­me­nis­tan—Eý­ran» hal­ka­ra de­mir ýo­lu­nyň ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­den geç­ýän «Be­re­ket—Gy­zyl­ga­ýa—Ser­het­ýa­ka» bö­le­gi­niň we köp san­ly beý­le­ki des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy ta­mam­la­nar.

Oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler öz oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Bu çä­re­le­re la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da umu­my meý­da­ny 2 mil­lion 900 müň ine­dör­dül met­re go­laý ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, 114 sa­ny umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep, 82 sa­ny ça­ga­lar ba­gy, 125 sa­ny dur­muş mak­sat­ly des­ga we 11 müň 300 ki­lo­metr­den gow­rak in­že­ner­çi­lik des­ga­la­ry gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­di!

Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň hal-ýag­da­ýy hem dur­nuk­ly go­wu­lan­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, gel­jek ýyl­da döw­let eda­ra-kär­ha­na­la­ryn­da iş­le­ýän iş­gär­le­riň zäh­met hak­la­ry­nyň we döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň möç­be­ri 10 gö­te­rim, pen­si­ýa­la­ryň möç­ber­le­ri bol­sa, 15 gö­te­rim ar­tar. Diý­mek, baş mak­sa­dy­my­za ýet­mek—hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny dün­ýä­niň iň ösen ýurt­la­ry­nyň öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän de­re­jä çy­kar­mak üçin ýe­ne-de bir mö­hüm ädim ädi­ler!

Döw­le­ti­miz ila­ty­my­zyň dur­muş taý­dan ke­pil­len­di­ri­len go­ra­gy­ny üp­jün et­mek sy­ýa­sa­ty­ny do­wam ed­ýär. Bu sy­ýa­sa­tyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ne, hu­su­san-da, ila­ty­my­zyň elekt­rik ener­gi­ýa­sy, te­bi­gy gaz, agyz su­wy, na­har du­zy bi­len mugt üp­jün edil­me­gi, ýa­şa­ýyş jaý­la­ryn­dan, jem­gy­ýet­çi­lik ulag­la­ryn­dan peý­da­lan­mak üçin tö­leg­le­riň ujyp­syz bol­ma­gy we köp san­ly beý­le­ki ýe­ňil­lik­ler aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär!

Al­nyp ba­ryl­ýan oý­la­ny­şyk­ly sy­ýa­sa­tyň ne­ti­je­sin­de, ila­ty­my­zyň adam ba­şy­na düş­ýän gir­de­ji­le­ri her ýyl dur­nuk­ly art­ýar. Soň­ky dö­wür­de bir ho­ja­ly­gyň umu­my gir­de­ji­le­ri we pul gör­nü­şin­dä­ki gir­de­ji­le­ri 1,5 es­se art­dy, ha­ky­ky gir­de­ji­le­ri bol­sa, 1,4 es­se kö­pel­di.

Eý­ýäm hä­zir­ki dö­wür­de Bü­tin­dün­ýä ban­ky ýur­du­my­zy ila­ty­nyň jan ba­şy­na düş­ýän gir­de­ji­le­ri­niň de­re­je­si bo­ýun­ça or­ta­dan ýo­ka­ry gir­de­ji­li ýurt­la­ryň to­pa­ry­na goş­dy. Bu to­par­da bi­ziň ýur­du­myz­dan baş­ga-da, Rus­si­ýa, Hy­taý, Tür­ki­ýe, Eý­ran we bir­nä­çe beý­le­ki ýurt­lar bar.

Biz ar­ka­ýyn bol­ma­ly däl­di­ris, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gel­jek­de hem yh­las bi­len tu­tan­ýer­li zäh­met çek­me­li­di­ris!

Hor­mat­ly Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!
Ga­dyr­ly adam­lar!


Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­syn­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň önüm ön­dür­ýän pu­da­gy­ny ös­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen ma­ýa go­ýum­la­ry esa­sy mak­sa­da—yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ýan­gyç-çig mal se­riş­de­le­ri­ne ga­raş­ly bol­ma­gy­ny ara­dan aýyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Bu bol­sa, Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şin­de esa­sy ýö­rel­ge­dir. Bu ýö­rel­ge yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ýyl­sa­ýyn dü­züm taý­dan döw­re­bap ýag­da­ýa ge­tir­mek ýo­ly bi­len ynam­ly öňe git­mä­ge uly müm­kin­çi­lik ber­ýär.

2012-2016-njy ýyl­lar­da biz yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­le­te de­giş­li we döw­le­te da­hyl­ly däl pu­dak­la­ryn­da 200 mil­liard ma­nat­dan gow­rak ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­ni öz­leş­dir­me­gi mak­sat edin­ýä­ris, önüm­çi­lik we üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň des­ga­la­ry­nyň 450-den gow­ra­gy­ny gur­ma­gy we dur­ku­ny tä­ze­le­me­gi göz öňün­de tut­ýa­rys.

Ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­la­ry­nyň ýa­kyn bäş ýyl­da önüm­çi­lik pu­dak­la­ry­ny giň ge­rim­li di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň top­lum­la­ýyn ösü­şi­ni ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ril­me­gi bu mak­sat­na­ma­la­ryň mö­hüm aý­ra­tyn­ly­gy bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da ne­bi­ti we ga­zy çy­kar­mak bi­len bag­ly uly möç­ber­li tas­la­ma­lar bi­len bir ha­tar­da, hä­zir­ki dö­wür­de ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry hi­mi­ýa, gur­lu­şyk ma­te­rial­la­ry, der­man se­na­ga­ty we ýe­ňil se­na­gat ýa­ly pu­dak­lar­da hem üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Ýa­kyn bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da se­na­gat pu­da­gyn­da önüm­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­ýän önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry dö­re­dil­me­li­dir.

Şol kär­ha­na­lar­da ön­dü­ril­jek kaus­tik so­da, hlor we hlor önüm­le­ri, ka­liý dö­kün­le­ri, po­lip­ro­pi­len ör­tük­le­ri, po­liu­re­tan­dan gur­lu­şyk önüm­le­ri, ke­ra­mi­ki daş­ky ör­tük daş­la­ry, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly gur­lu­şyk aý­na­sy, gur­lu­şyk pu­da­gyn­da ula­nyl­ýan örän in­çe ba­zalt sü­ýü­min­den gyz­gyn ge­çir­me­ýän, kom­po­zi­sion se­riş­de­ler we beý­le­ki se­riş­de­ler önüm­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri­dir.

Ýur­du­myz­da ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň uly möç­be­ri azyk se­na­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge, azyk önüm­le­ri­niň tä­ze gör­nüş­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­ga ni­ýet­len­ýär.

Öň önüm­çi­li­gi ýo­la goý­lan we tä­ze se­na­gat önüm­le­ri­ni ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen ki­çi, or­ta we iri se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň 200-e go­la­ýy­nyň gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­me­gi we teh­ni­ki taý­dan döw­re­bap ýag­da­ýa ge­ti­ril­me­gi bi­ze goş­ma­ça iş orun­la­ry­nyň on­lar­ça mü­ňü­si­ni dö­ret­mä­ge, eks­por­ta ibe­ril­ýän ha­ryt­la­ryň dü­zü­mi­ni gi­ňelt­mä­ge, esa­sy gur­lu­şyk ma­te­rial­la­ry­nyň, iri möç­ber­li hi­mi­ýa önüm­le­ri­niň kä­bir gör­nüş­le­ri­niň we der­man se­riş­de­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni gu­rap, ola­ryň da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­me­gi­ni düýp­li azalt­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Mal­la­ry bak­ma­gy se­na­gat esa­syn­da ýo­la goý­ma­gyň, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni su­war­ma­gyň in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­gyň, su­wa­rym­ly ýer­le­riň dur­ku­ny tä­ze­le­me­giň tas­la­ma­la­ry ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar hök­mün­de oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­niň ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­sy­na go­şul­dy.

Ýur­du­my­zyň der­ýa­la­ry­nyň akym­la­ry­ny has do­ly saz­la­mak, döw­let tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça ekil­ýän ekin­ler­den ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, iri des­ga bo­lan Ga­raş­syz­ly­gyň 15 ýyl­ly­gy adyn­da­ky suw how­da­ny­nyň göw­rü­mi gi­ňel­dil­ýär we onuň no­bat­da­ky tap­gyr­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy ama­la aşy­ryl­ýar.

Şeý­le hem, Han­ho­wuz we Sa­ry­ýa­zy suw how­dan­la­ry­nyň göw­rü­mi­ni gi­ňelt­mek, Ga­ra­gum der­ýa­sy­nyň suw ge­çi­riş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, «Al­tyn asyr» Türk­men kö­lü­ni gur­mak iş­le­ri do­wam eder.

Ge­çi­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­sin­de, eý­ýäm şu gü­ne çen­li ýur­du­my­zyň eder­men pag­ta­çy daý­han­la­ry Wa­tan har­ma­ny­na 1 mil­lion ton­na­dan gow­rak pag­ta ha­sy­ly­ny tab­şyr­dy­lar.

Iri möç­ber­li ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­ta­nyň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň mö­hüm şert­le­ri hök­mün­de oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy­nyň düýp­li ýo­kar­lan­ma­gy­na, mal­lar­dan alyn­ýan önüm­le­riň möç­ber­le­ri­niň has-da art­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar!

Ulag ul­ga­myn­da ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­la­ry­nyň iş­jeň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­ni bi­te­wi yk­dy­sa­dy ul­ga­ma bir­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer, Türk­me­nis­ta­ny dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ýo­ka­ry dep­gin­ler bi­len ös­dür­mä­ge ýar­dam eder.

Bu ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry ulag ul­ga­my­nyň üs­ta­şyr ge­çi­riş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­ma­ga we pu­da­gyň dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry ul­ga­my­na mun­dan beý­läk-de go­şu­lyş­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len­dir.

Bu tas­la­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da «Ga­za­gys­tan—Türk­me­nis­tan—Eý­ran» hal­ka­ra de­mir ýo­ly ýa­ly mö­hüm des­ga­nyň, «Ga­zo­jak—Şa­se­nem—Da­şo­guz» we «Ata­my­rat—Ymam­na­zar» de­mir ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­ny, «Türk­men­ba­şy—Bek­daş—Ga­za­gys­ta­nyň ser­he­di», «Türk­me­na­bat—Ga­zo­jak—Da­şo­guz», şeý­le hem «Ma­ry—Ser­he­ta­bat» aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­me­gi gör­kez­mek bo­lar.

Suw ulag­la­ry pu­da­gy­ny we onuň üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­lar hem iş­jeň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Bu tas­la­ma­lar ne­bit gu­ýu­jy tan­ker­le­riň en­çe­me­si­ni gur­ma­ga, ba­lyk tu­tu­jy, söw­da, ýük flo­tu­ny ulan­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga ni­ýet­le­nen gä­mi abat­la­ýyş za­wo­dy­nyň gur­lu­şy­gy­ny ama­la aşyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Şeý­le hem, bu tas­la­ma­la­ryň çäk­le­rin­de Türk­men­ba­şy­nyň hal­ka­ra de­ňiz por­tun­da ulag-lo­gis­ti­ka (ha­ryt­la­ryň we hyz­mat­la­ryň ön­dü­ri­ji­ler­den sarp edi­ji­le­re ýe­ti­ril­me­gi­ni ne­ti­je­li ýo­la goý­mak) mer­ke­zi­ni gur­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­tyn­da tä­ze, iň hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün edi­len, uçuş­la­ryň howp­suz­ly­gy­ny ke­pil­len­dir­ýän we dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ho­wa men­zi­li­niň gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­me­gi ýur­du­my­zyň ho­wa ulag­la­ry­nyň bäs­le­şi­ge ukyp­ly bol­ma­gy­na şert dö­re­der. Uly yk­dy­sa­dy ösüş müm­kin­çi­lik­le­ri bo­lan Aş­ga­bat, Türk­me­na­bat, Da­şo­guz we Ata­my­rat şä­her­le­rin­de ho­wa men­zil­le­ri­ni gur­mak we bar bo­lan ho­wa men­zil­le­ri­niň dur­ku­ny tä­ze­le­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le hem, ho­wa gä­mi­le­ri­ni tä­ze­le­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler gel­jek­de üs­tün­lik­li al­nyp bar­lar.

Ara­gat­na­şyk we te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­myn­da mö­hüm tas­la­ma­ny ama­la aşyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu ýer­de gür­rüň mil­li eme­li hem­ra ul­ga­my­nyň tas­la­ma­sy­ny düz­mek, ony gur­mak we älem gi­ňiş­li­gi­ne çy­kar­mak ba­ra­da bar­ýar.

Öz eme­li hem­ra­my­zyň bol­ma­gy ýur­du­myz­da ara­gat­na­şyk we In­ter­net ul­gam­la­ry­nyň, te­le­wi­de­ni­ýä­niň ösü­şi­ni çalt­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer, şeý­le hem köp san­ly beý­le­ki mak­sat­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ze­rur bo­lan amat­ly şert­le­ri dö­re­der!

Biz ga­zy­lyp alyn­ýan peý­da­ly ga­ty mag­dan­la­ryň, mi­ne­ral­la­ryň tä­jir­çi­lik taý­dan äh­mi­ýet­li ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­me­giň ha­sa­by­na se­na­gat pu­da­gy­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýä­ris.Ga­ra­bo­gaz aý­la­gyn­da­ky be­je­riş mak­sat­la­ry üçin ula­nyl­ýan duz­ly suw­la­ryň gid­ro­mi­ne­ral se­riş­de­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek ar­ka­ly taý­ýar önüm­le­ri ön­dür­ýän za­wod­lar top­lu­my­ny tap­gyr­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­ma­gy göz öňün­de tut­ýa­rys.

Şeý­le hem oba ho­ja­lyk çig ma­ly­ny gaý­ta­dan iş­le­mek ar­ka­ly azyk we azyk däl ha­ryt­la­ry ön­dür­ýän önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dy­ra­rys.

Mil­li se­na­ga­tyň ge­ri­mi­ni düýp­li gi­ňelt­mek, onuň pu­dak­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len dep­gin­li ös­dür­mek üçin ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan hi­mi­ki se­riş­de­le­ri ön­dür­me­giň, şol san­da ug­le­wo­do­rod çig ma­ly­ny ulan­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny dün­ýä tej­ri­be­si gör­kez­ýär.

Ýur­du­myz­da ýo­ka­ry dü­züm­li eta­ny özün­de jem­le­ýän gaz ýa­tak­la­ry bar. Bu bol­sa, gaz­hi­mi­ýa pu­da­gy­ny giň ge­rim bi­len ös­dür­mek üçin amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär. My­sal üçin, gaz­hi­mi­ýa top­lu­my­nyň örän gys­ga döw­rüň için­de—4-5 ýy­lyň do­wa­myn­da gu­rul­ma­gy bi­ze po­lie­ti­le­niň we po­lip­ro­pi­le­niň giň möç­ber­li önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Bu önüm­çi­lik­le­riň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy bol­sa, se­na­gat önüm­le­ri­niň ýüz­ler­çe gör­nüş­le­ri­ni ön­dür­mek­de mö­hüm se­riş­de­ler hök­mün­de ula­nyl­ýan po­li­mer­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri­ni, şeý­le hem re­zin­teh­ni­ka we kau­çuk önüm­çi­li­gi­niň çig mal bin­ýa­dy bo­lup dur­ýan önüm­le­ri ön­dür­mä­ge şert dö­re­der.

Şo­nuň bi­len bir­lik­de, ösen gaz­hi­mi­ýa önüm­çi­li­gi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy te­bi­gy ga­zyň tur­ba­ge­çi­ri­ji­ler ar­ka­ly eks­port edil­me­gi­niň ýe­ri­ni tu­tup bil­jek beý­le­ki bir mö­hüm ugur­dyr.

Si­ziň bil­şi­ňiz ýa­ly, te­bi­gy ga­zyň tur­ba­ge­çi­ri­ji­ler bo­ýun­ça eks­port edil­me­gi­ne bol­sa, geo­sy­ýa­sy ýag­daý­lar, ne­bi­tiň nyrh­la­ry­nyň pe­se düş­me­gi öz ýa­ra­maz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ne­bi­tiň nyrh­la­ry bi­len bol­sa, bel­li bir de­re­je­de te­bi­gy ga­zyň nyrh­la­ry hem, dün­ýä­dä­ki ma­li­ýe çök­gün­li­gi hem bag­ly­dyr.

Ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry ýa­kyn on ýy­lyň do­wa­myn­da iri gaz­hi­mi­ýa we ne­bit­hi­mi­ýa pu­dak­la­ry­ny, şeý­le hem şol pu­dak­lar bi­len bag­ly se­na­gat we hyz­mat ed­ýän önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­me­giň iri we bi­te­wi tas­la­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň mak­sa­da­la­ýyk­dy­gy­ny öw­ren­me­li­dir­ler hem-de anyk kes­git­le­me­li­dir­ler.

Şeý­le hem, biz mun­dan beý­läk-de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny giň­den çek­mek bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­ri­mi­zi has-da güýç­len­dir­me­li­di­ris.

Bi­ziň ama­la aşyr­ýan «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­myz, şeý­le hem da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny go­ra­ma­gyň we kö­pelt­me­giň ka­nun­çy­lyk taý­dan ke­pil­len­di­ril­me­gi, Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­myz­da dö­re­di­len ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy şu mak­sat­la­ra ni­ýet­le­nen­dir.

Hor­mat­ly Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!
Ga­dyr­ly adam­lar!


Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­syn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni in­no­wa­sion ösüş ýo­lu­na ge­çir­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan örän uly we­zi­pe­ler biz­den ba­zar usul­la­ry­ny iş­jeň or­naş­dyr­ma­gy, ýer­li şert­ler­de sy­nag­dan ge­çen ne­ti­je­li da­şa­ry ýurt teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny giň­den peý­da­lan­ma­gy, çe­ýe karz-sal­gyt we güm­rük sy­ýa­sa­ty­ny ulan­ma­gy ta­lap ed­ýär.

Şeý­le hem, bu we­zi­pe­ler ýur­du­my­zyň äh­li yl­my-teh­ni­ki müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de we ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gy, aka­de­mi­ki we ýo­ka­ry mek­dep ylym ul­ga­my­ny ös­dür­me­gi, ile­ri tu­tul­ýan yl­my-bar­lag, tej­ri­be-sy­nag iş­le­ri­ni ma­li­ýe­leş­dir­me­gi, şol san­da ýö­ri­te ýar­dam se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na ma­li­ýe­leş­dir­me­gi göz öňün­de tut­ýar.

Biz yl­myň, bi­li­miň we te­le­ke­çi­li­giň örän ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk et­me­gi üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­me­li­di­ris. Bu bol­sa, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly önüm­çi­lik­le­ri gu­ra­ma­gyň, ýur­du­my­zyň dur­nuk­ly ösü­şi­niň şer­ti hök­mün­de aň-bi­lim, yl­my-teh­ni­ki müm­kin­çi­lik­le­ri ös­dür­me­giň we ne­ti­je­li ulan­ma­gyň gi­re­wi­dir. Şo­ňa gö­rä-de, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ýo­ka­ry taý­ýar­lyk­ly, ök­de hü­när­men­ler bi­len üp­jün et­mek bi­ziň esa­sy we ýa­kyn dö­wür üçin mö­hüm we­zi­pe­le­ri­mi­ziň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Şo­nuň üçin hem, 2013-nji ýyl­da biz bi­lim ul­ga­my­nyň äh­li bas­gan­çak­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn we yl­my-usu­ly bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gy hem-de kä­mil­leş­dir­me­gi do­wam et­me­li­di­ris.

Bi­lim ul­ga­my­ny dü­zü­mi bo­ýun­ça hem, maz­mu­ny bo­ýun­ça hem öz dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şin­de yl­my-teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da ýo­ka­ry sep­git­le­re ýe­ten döw­let­le­riň de­re­je­si­ne ýe­tir­mek ze­rur­dyr. Mu­nuň özi bi­lim ul­ga­my­nyň äh­li bas­gan­çak­la­ry­na: ça­ga­la­ra umu­mybi­lim ber­mä­ge hem, ýaş­la­ryň hü­när taý­ýar­ly­gy­na hem de­giş­li­dir.

Bi­lim ber­me­giň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak işi bi­lim ba­bat­da hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ýu­waş-ýu­waş­dan or­naş­dyr­mak, şol san­da da­şa­ry ýurt bi­lim eda­ra­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk­da or­naş­dyr­mak ar­ka­ly, äh­li bi­lim eda­ra­la­ry üçin In­ter­net ul­ga­my­nyň do­ly el­ýe­ter­li bol­ma­gy­ny ga­zan­mak ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ma­ly­dyr.

Biz eý­ýäm şu ýyl iki sa­ny tä­ze ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­ni—ök­de in­že­ner-gur­lu­şyk­çy­la­ry, bi­na­gär­le­ri we di­zaý­ner­le­ri hem-de şä­hergur­lu­şy­gyn­da iş­le­jek beý­le­ki ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ýan Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­ny, şeý­le hem mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň güýç­li dep­gin­ler bi­len ös­ýän ne­bit­gaz pu­da­gy­ny ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­ler bi­len üp­jün et­mek üçin, Türk­men döw­let ne­bit we gaz ins­ti­tu­ty­ny aç­mak ar­ka­ly bu ugur­da mö­hüm ädim ät­dik.

Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de şu ýyl 20 sa­ny tä­ze hü­när ug­ry gi­ri­zil­di, 5700-den gow­rak ta­lyp oku­wa ka­bul edil­di.

Bu bol­sa 2011-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 700 adam köp­dür. Or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne hem 5700-den gow­rak okuw­çy ka­bul edil­di.

Or­ta we ýo­ka­ry hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de we se­bit­le­rin­de amat­ly ýer­leş­di­ril­me­gi ola­ryň ila­ty­myz üçin el­ýe­ter­li bol­ma­gy­ny has ýo­kar­lan­dyr­dy.

Şo­nuň bi­len bir­lik­de, biz bi­lim­le­riň möç­be­ri­niň he­mi­şe art­ýan­dy­gy­na, ge­ri­mi­niň gi­ňel­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýän hal­ka­ra tej­ri­be­si­ni hem na­za­ra al­ma­ly­dy­rys. Bu bol­sa, öz no­ba­tyn­da, bi­lim­le­ri öz­leş­dir­mek üçin göz öňün­de tu­tu­lan wag­tyň art­dy­ryl­ma­gy­ny ta­lap ed­ýär. Umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­de bi­lim­le­ri öz­leş­dir­mek üçin azyn­dan 11-12 ýy­lyň ge­rek­di­gi­ni dün­ýä tej­ri­be­si gör­kez­ýär. Bi­li­miň bu bas­gan­ça­gy te­bi­gy-gu­ma­ni­tar ylym­la­ryň esas­la­ry­ny düýp­li öw­ren­me­gi hem, oku­wyň ta­mam­laý­jy tap­gy­ryn­da ugur­lar bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­rip okat­ma­gy hem öz içi­ne al­ýar.

Şo­ňa gö­rä-de, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ne bi­lim ul­ga­my­na in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça öň­de du­ran we­zi­pe­le­ri na­za­ra alyp, umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­ler­de oku­wyň maz­mu­ny­ny baý­laş­dyr­mak we möh­le­ti­ni 12 ýy­la çen­li uzalt­mak me­se­le­si­ne se­ret­me­gi tek­lip ed­ýä­rin.

Biz hä­zir­ki dö­wür­de da­şa­ry ýurt di­lin­de oka­dyl­ýan ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ni dö­ret­mek, şeý­le hem ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da tö­leg­li bi­lim eda­ra­la­ry­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça bi­lim ul­ga­myn­da öz­gert­me­le­ri ge­çir­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­ri çalt we ne­ti­je­li çöz­me­li­di­ris. Em­ma mu­ňa ga­ra­maz­dan, ýa­kyn gel­jek­de Türk­me­nis­ta­nyň bi­lim ul­ga­my­nyň esa­sy­ny, umu­man, tö­leg­siz döw­let bi­lim eda­ra­la­ry dü­zer.

Hä­zir­ki dö­wür­de tö­leg­li bi­lim eda­ra­la­ry­nyň işi­ni düz­gün­leş­dir­ýän we döw­let bi­lim eda­ra­la­ry­na býu­jet­den da­şa­ry se­riş­de­le­ri giň­den çek­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän ka­da­laş­dy­ry­jy-hu­kuk na­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak we ka­bul et­mek ze­rur­dyr.

Şo­nuň bi­len bir­lik­de, bi­li­miň hi­li­ni döw­let öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk ge­tir­mek mak­sa­dy bi­len, Bi­lim mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan eýe­çi­li­gi­niň gör­nü­şi­ne ga­ra­maz­dan, äh­li bi­lim eda­ra­la­ryn­da oku­wyň hi­li­ne berk gö­zeg­çi­lik edil­me­li­dir. Tö­leg­li okuw­la­ryň gi­ri­zil­me­gi yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da iş­le­ýän uly ýaş­ly adam­la­ra hem bi­lim al­mak, hü­när taý­dan kä­mil­leş­mek we ös­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­der.

Bi­ziň pi­ki­ri­miz­çe, bu okuw­lar gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän iş be­ri­ji­le­riň, şeý­le hem te­le­ke­çi­lik pu­da­gy­nyň ha­sa­by­na, şol san­da iş­gär­le­riň öz se­riş­de­le­ri­niň ýa-da bank eda­ra­la­ryn­dan bi­lim üçin alyn­ýan karz se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na ama­la aşy­ry­lyp bil­ner. Şo­ňa gö­rä-de, şu mak­sat­lar üçin bank eda­ra­la­ryn­dan alyn­ýan karz se­riş­de­le­ri el­ýe­ter­li bol­ma­ly­dyr.

Bi­lim mi­nistr­li­gi, Ma­li­ýe mi­nistr­li­gi, Mer­ke­zi bank bu me­se­le­le­ri düýp­li öw­ren­me­li we tö­leg­li okuw­la­ry gi­riz­me­gi 2013-2014-nji okuw ýy­lyn­dan baş­la­ma­gy göz öňün­de tu­tup, de­giş­li res­mi­na­ma­la­ry taý­ýar­la­ma­ly.

Hor­mat­ly Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!
Eziz adam­lar!


Bi­ziň yk­dy­sa­dy­ýet­de we beý­le­ki ugur­lar­da ama­la aşyr­ýan äh­li öz­gert­me­le­ri­mi­ziň esa­sy mak­sa­dy, il­kin­ji no­bat­da, ada­myň aba­dan­çy­ly­gy­dyr, bu öz­gert­me­ler her bir ada­myň bo­le­lin, eş­ret­li we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na hem-de ru­hy taý­dan ös­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir.

Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň ta­lap­la­ryn­dan ge­lip çyk­ýar we ra­ýat­la­ry­myz üçin dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni, ada­myň ösü­şi­niň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­le­ri­ni üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr.

Hä­zir­ki dö­wür­de döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan sy­ýa­sa­tyň esa­sy­ny hem şu ýö­rel­ge­ler düz­ýär. Bu sy­ýa­sat ra­ýat­la­ry­my­zyň ru­hy-me­de­ni we ah­lak taý­dan hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­me­gi­ne, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň mi­ra­sy­na aýaw­ly ga­ra­ma­ga, däp-des­sur­la­ry­my­zy ne­sil­den-nes­le ge­çir­mä­ge, mil­li hem-de ta­ry­hy däp­le­ri­mi­ziň, ene di­li­mi­ziň öz­bo­luş­ly­ly­gy­ny go­rap sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Türk­men hal­ky öz uzak ta­ry­hy­nyň do­wa­myn­da öz­bo­lu­ş­ly we baý me­de­ni­ýe­ti dö­ret­di. Bu me­de­ni­ýet mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň dur­muş ýö­rel­ge­sin­de, hä­si­ýe­tin­de, däp-des­sur­la­ryn­da we adat­la­ryn­da, alyp bar­ýan iş­le­rin­de, adam­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar­da, mil­li ga­ra­ýyş­lar­da we duý­gu­lar­da, hal­ky­my­zyň beý­le­ki halk­la­ra, baş­dan ge­çir­ýän wa­ka­la­ry­na, daş­ky gur­şa­wa bo­lan ga­raý­şyn­da aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Se­bä­bi akyl­dar­la­ry­myz: «Me­de­ni­ýet hal­kyň kal­by­dyr»—di­ýip, ýö­ne ýe­re aýt­man­dyr­lar.

Ýur­du­my­zyň ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler­de sak­la­nyp ga­lan köp­dür­li me­de­ni mi­ra­sy örän baý­dyr, aja­ýyp­dyr we be­ýik­dir. 1999-njy, 2005-nji we 2007-nji ýyl­lar­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO-nyň) ýö­ri­te ko­mi­te­ti ta­ra­pyn­dan Ga­dy­my Mer­wiň, Kö­neür­gen­jiň we Nu­sa­ýyň ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni Bü­tin­dün­ýä me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na goş­mak ba­ra­da­ky ka­ra­ryň ka­bul edil­me­gi hem, bi­ziň döw­le­ti­mi­ziň çäk­le­rin­de ýer­leş­ýän me­de­ni mi­ra­syň des­ga­la­ry­nyň örän uly äh­mi­ýe­ti­niň bar­dy­gy­na we ola­ryň hal­ka­ra de­re­je­sin­de yk­rar edi­len­di­gi­ne aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

In­di, bu ta­ry­hy şä­her­ler öz çäk­le­rin­de ýer­leş­ýän äh­li ýa­dy­gär­lik­ler bi­len bi­le­lik­de, umu­ma­dam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň gym­mat­ly baý­ly­gy hök­mün­de yk­rar edil­di.

Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­syn­da köp asyr­lyk ta­ry­hy bo­lan mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi gol­da­mak, şol san­da me­de­ni mak­sat­ly des­ga­la­ry gur­mak üçin goý­be­ril­ýän ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­niň möç­ber­le­ri­ni ep-es­li art­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­dy.

Bil­şi­ňiz ýa­ly, ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de, aý­ra­tyn hem, oba ýer­le­rin­de tä­ze mu­zeý­ler, me­de­ni­ýet öý­le­ri, klub­lar, ki­tap­ha­na­lar yzy­gi­der­li gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de we­la­ýat mer­kez­le­ri­niň her bi­rin­de döw­re­bap Ru­hy­ýet köş­gi, teatr­lar, ki­tap­ha­na­lar we me­de­ni mak­sat­ly beý­le­ki des­ga­lar bar. Örän gys­ga döw­rüň için­de gur­lan bu me­de­ni eda­ra­lar özü­niň bi­na­gär­li­gi we daş­ky be­ze­gi bo­ýun­ça dün­ýä­niň me­de­ni­ýet ojak­la­ryn­dan bir­jik-de pes­de dur­ma­ýar.

Mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň ös­me­gin­de dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň uly go­şan­dy bar. Biz geç­miş­de aja­ýyp eser­le­ri dö­re­den be­ýik akyl­dar­la­ry­my­za, hä­zir­ki dö­wür­de dö­re­di­ji­lik işi bi­len meş­gul­la­nyp gel­ýän, il­ha­lar we kä­mil eser­le­ri dö­red­ýän, hal­ky­my­zyň dün­ýä­ga­raý­şy­nyň ös­me­gi­ne öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän we uly go­şant goş­ýan, ka­bul edi­len iri möç­ber­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gal­kyn­dyr­ýan ze­hin­li ede­bi­ýat­çy­la­ryň, me­de­ni­ýet hem-de sun­gat iş­gär­le­ri­niň dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­ris we ola­ra örän uly hor­mat goý­ýa­rys!

Hä­zir­ki dö­wür­de biz mil­le­ti­mi­ziň örän baý me­de­ni mi­ra­sy­ny aýaw­ly go­rap sak­la­mak, di­kelt­mek, hem­me­ta­rap­la­ýyn öw­ren­mek we mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça äh­li ze­rur iş­le­ri ama­la aşyr­ýa­rys. Hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy di­ňe bir bi­ziň mil­li baý­ly­gy­myz bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, bü­tin adam­zat üçin hem uly gym­mat­ly­ga eýe­dir!

Jem­gy­ýet­çi­lik ösü­şi­niň umu­my hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy dün­ýä me­de­ni­ýet­le­ri­niň öza­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da güýç­len­dir­ýär. Biz mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň dün­ýä­niň ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­na has-da ýa­kyn­laş­ma­gy­na, ola­ryň öza­ra baý­laş­ma­gy­na, hal­ka­ra me­de­ni-bi­lim gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­ma­ga gö­nük­di­ri­len ne­ti­je­li iş­le­ri­mi­zi do­wam ede­ris. Mu­nuň üçin hal­ka­ra fes­ti­wal­la­ry­ny, fo­rum­la­ry we yl­my mas­la­hat­la­ry yzy­gi­der­li ge­çi­re­ris we hyz­mat­daş­ly­gyň beý­le­ki gör­nüş­le­ri­ni giň­den ula­na­rys. Bu çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şi­ne ägirt uly go­şant go­şan ata Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­ny öz­le­ri üçin aç­ma­ga beý­le­ki ýurt­la­ra müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Me­de­ni­ýe­ti mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, ýur­du­my­zyň ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ul­ga­my­na, ar­hiw we ne­şir­ýat işi­niň ös­me­gi­ne ýar­dam ber­mek, ki­tap­ha­na­la­ry komp­ýu­ter­leş­dir­mek we mag­lu­mat­lar ul­ga­my bi­len üp­jün et­mek, şeý­le hem köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ne elekt­ron we ne­şir ediş se­riş­de­le­ri­niň mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny giň­den or­naş­dyr­mak — bi­ziň ýa­kyn dö­wür­de öňü­miz­de du­ran esa­sy we­zi­pe­ler­dir.

Hor­mat­ly Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!
Eziz adam­lar!


Hal­ky­my­zyň sag­ly­gy ba­ra­da­ky ala­da Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­sy­nyň örän mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Bu Mak­sat­na­ma­nyň öňün­de goý­lan esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek, sag­dyn ýa­şa­ýyş-dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni has giň­den, yzy­gi­der­li or­naş­dyr­mak, adam­la­ryň sag­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak, il­kin­ji luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­me­giň usul­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek, maş­ga­la luk­man­la­ry we maş­ga­la­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ul­ga­my­ny ös­dür­mek, ila­ta tö­leg­siz luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň döw­let ta­ra­pyn­dan ke­pil­len­di­ri­len gör­nüş­le­ri­ni üp­jün et­mek me­se­le­le­ri bar.

Be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek, ada­myň ru­hy taý­dan kä­mil we be­den taý­dan sag­dyn bol­ma­gy­ny saz­la­şyk­ly ut­gaş­dyr­mak hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­na oňaý­ly tä­sir ed­ýän mö­hüm şert­ler­dir. Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­syn­da bu sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de öňe sü­rül­di.

Ýur­du­myz­da döw­let de­re­je­sin­de bel­len­ýän Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nü­niň baý­ram­la­ryň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi, «Sag­lyk» döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi mu­nuň aý­dyň my­sal­la­ry­dyr. «Sag­lyk» döw­let mak­sat­na­ma­syn­da ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da mö­hüm çä­re­le­riň bi­ri hök­mün­de ila­ty be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň­den çek­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

Biz sport ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş alyp bar­ýa­rys. Äh­li we­la­ýat­lar­da 10 müň to­ma­şa­çy orun­lyk kö­pu­gur­ly sta­dion­lar, şeý­le hem aw­tod­rom­lar, aý­law­lar, be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş top­lum­la­ry ýa­ly iri sport des­ga­la­ry gu­rul­dy.

Ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de gu­rul­ýan tä­ze mek­dep­ler­de we ça­ga­lar bag­la­ryn­da sport zal­la­ry, bas­ket­bol, wo­leý­bol, ten­nis oý­nal­ýan meý­dan­ça­lar, suw­da ýüz­mek üçin ho­wuz­lar göz öňün­de tu­tu­lan­dyr.

«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da gur­lup, ulan­ma­ga ber­len gä­mi gat­naw­ly eme­li der­ýa sport ga­ýyk­la­ryn­da kü­rek­le­mek, şeý­le hem ýel­ken­li gä­mi­ler­de ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek üçin aja­ýyp ýe­re öw­rül­di.

Bi­ziň alyp bar­ýan «Açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­myz, be­den­ter­bi­ýe we sport bo­ýun­ça ama­la aşyr­ýan giň ge­rim­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­myz, ýur­du­myz­da iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi we türk­men tür­gen­le­ri­niň olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ne gat­naş­ma­gy ýur­du­my­zyň sport ul­ga­my­nyň ösü­şi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­di.

Si­ziň bil­şi­ňiz ýa­ly, bu ugur­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň äh­li­si mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 20 ýyl­lyk şan­ly baý­ra­my­nyň bel­le­nen ýy­ly­nyň — 2011-nji ýy­lyň öňü­sy­ra­syn­da Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa ge­ňe­şi bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň Wa­ta­ny­my­zyň paý­tag­tyn­da 2017-nji ýyl­da ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­gat­la­ry bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ge­çir­mek ba­ra­da iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma gol çek­me­gi­ne ýar­dam et­di.

Öz ha­ta­ry­na 45 döw­le­ti bir­leş­dir­ýän Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa ge­ňe­şi­niň ka­bul eden çöz­gü­di ýur­du­my­zyň spor­ty we be­den­ter­bi­ýä­ni giň ge­rim bi­len ös­dür­mek, bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki iş­le­re gat­naş­mak bi­len bag­ly ta­gal­la­la­ry­nyň yk­rar edil­me­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy bol­dy.

Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­gat­la­ry bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň çäk­le­rin­de spor­tuň ýe­ňil we agyr at­le­ti­ka, bas­ket­bol, wo­leý­bol, gand­bol, ki­çi fut­bol, er­kin we nus­ga­wy gö­reş, dzýu­do, tek­wan­do, mil­li gö­reş, ten­nis we sto­luň üs­tün­de oý­nal­ýan ten­nis, gim­nas­ti­ka, we­lo­si­ped spor­ty ýa­ly gör­nüş­le­ri, şeý­le hem spor­tuň beý­le­ki gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ri­ler.

Biz şol ýa­ryş­lar­da us­sat tür­gen­le­ri­mi­ziň üs­tün­lik­li çy­kyş et­jek­di­gi­ne örän uly umyt bil­dir­ýä­ris we bil bag­la­ýa­rys. Olar öz tä­lim­çi­le­ri hem-de ýur­du­my­zyň sport pu­da­gy­nyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len bi­le­lik­de bu ýa­ryş­la­ra çen­li ga­lan wag­tyň do­wa­myn­da Azi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­ma­ga tu­tan­ýer­li we jo­gap­kär­çi­li­gi do­ly du­ýup, taý­ýar­lyk gör­me­li­dir­ler.

Şeý­le iri sport çä­re­sin­de tür­gen­le­ri ka­bul et­mek we bu çä­rä­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek üçin biz Mer­ke­zi Azi­ýa­da örän iri sport des­ga­la­ry­nyň top­lu­my­ny—Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­ni gur­ýa­rys. Bu top­lu­myň di­ňe bi­rin­ji tap­gy­ry sport des­ga­la­ry­nyň we dur­muş mak­sat­ly ul­gam­la­ryň 30-a go­la­ýy­ny öz içi­ne al­ýar. Bi­ziň Olim­pi­ýa şä­her­ji­gi­ni gur­mak üçin goý­ber­ýän se­riş­de­le­ri­miz ýur­du­myz­da spor­ty mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge, sag­dyn nes­li ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mä­ge, iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

El­bet­de, bu hal­ka­ra äh­mi­ýet­li wa­ka ýa­kyn ýyl­lar­da aý­ra­tyn üns be­re­ris. Ýö­ne, biz ça­ga­lar-ýet­gin­jek­ler sport mek­dep­le­ri­niň, be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek, hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ul­ga­myň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça alyp bar­ýan iş­le­ri­mi­zi hem do­wam ede­ris.

Bu bol­sa, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni has-da ös­dür­mä­ge tä­ze iter­gi be­rer. Ýur­du­myz­da spor­ty ýo­ka­ry de­re­jä gö­ter­mek üçin yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy dö­re­der.

Hor­mat­ly Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!
Eziz adam­lar!


Ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek, jem­gy­ýe­ti mun­dan beý­läk-de de­mok­ra­ti­ýa­laş­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýer­li hä­ki­mi­ýet ul­ga­my­ny ös­gert­me­gi, öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­me­gi ta­lap ed­ýär.

Şu mak­sat bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň do­lan­dy­ryş-çäk bir­lik­le­ri­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça göz öňün­de tu­tul­ýan çä­re­le­riň top­lu­my si­ziň ga­ra­ma­gy­ňy­za hö­dür­len­ýär. Bu me­se­lä de­giş­li äh­li res­mi­na­ma­lar si­ze be­ril­di. Siz olar bi­len tan­şan­sy­ňyz. Men şu ýer­de bu me­se­lä­niň düýp maz­mu­ny­ny ýat­la­dyp ge­çe­ýin.

Ýer­li öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, do­lan­dy­ryş çyk­da­jy­la­ry­ny azalt­mak, Ge­ňeş­le­riň Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da we ka­nun­la­ryn­da öz üs­tü­ne ýük­le­nen yg­ty­ýar­lyk­la­ry­ny ta­la­bala­ýyk ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­ri­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, ilat­ly ýer­le­ri amat­ly şert­ler­de, ta­la­bala­ýyk ýer­leş­dir­mek, do­lan­dy­ryş mer­kez­le­ri­niň oba ila­ty­nyň go­la­ýyn­da bol­ma­gy­ny ga­zan­mak, oba ila­ty­na ze­rur hyz­mat­la­ry do­ly el­ýe­ter­li et­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­ri ge­çir­mek tek­lip edil­ýär.

Şu mak­sat bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­ne we Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ne, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­ne ki­çi şä­her­çe­le­ri iri şä­her­çe­le­re bir­leş­dir­mek, şu çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek üçin hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­nyň de­re­je­sin­de ýa­şa­ýyş jaý­la­ry bo­lan şä­her nus­ga­ly tä­ze şä­her­çe­le­ri gur­mak we äh­li amat­lyk­la­ry bo­lan şol şä­her­çe­le­re ila­ty gö­çür­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri taý­ýar­la­mak tab­şy­ryl­ýar.

Tä­ze dö­re­dil­jek ge­ňeş­lik­le­riň Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çy­ly­gyn­da bel­le­nen we öz üs­tü­ne ýük­le­nen we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, ola­ry ho­ja­lyk taý­dan öz­baş­dak bo­lar­la­ry ýa­ly ze­rur ma­li­ýe se­riş­de­le­ri bi­len, şol san­da iri fer­mer ho­ja­lyk­la­ry­ny dö­ret­me­giň ha­sa­by­na üp­jün et­me­li.

Oba ila­ty­na öz wag­tyn­da we ýo­ka­ry hil­li je­ma­gat hyz­mat­la­ry­ny et­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Je­ma­gat ho­ja­ly­gy mi­nistr­li­gi­ne tä­ze dö­re­dil­jek şä­her nus­ga­ly şä­her­çe­le­re şert­na­ma esa­syn­da hyz­mat et­mek üçin ola­ry öz hyz­mat ediş çäk­le­ri­ne goş­mak tab­şy­ryl­ýar.

Şeý­le hem, Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk mi­nistr­li­gi­ne, Yk­dy­sa­dy­ýet we ösüş mi­nistr­li­gi­ne, Mer­ke­zi ban­ky­na, Baş döw­let sal­gyt gul­lu­gy­na, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­ne pes ha­syl ber­ýän ýer­le­ri öz­leş­dir­me­giň we ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.

Bu mak­sat­na­ma­da fer­mer ho­ja­lyk­la­ry­na we eýe­çi­li­gi­niň gör­nü­şi­ne ga­ra­maz­dan, ho­ja­ly­gy ýö­re­di­ji beý­le­ki ta­rap­la­ra ýe­ňil­lik­li karz­la­ry ber­me­gi we ýe­ňil­lik­li sal­gyt sal­ma­gy göz öňün­de tut­ma­ly. Şeý­le hem, ýer­den we suw­dan re­je­li peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek iň oňat tas­la­ma­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça bäs­le­şik yg­lan et­me­li.

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­ne we Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ne, we­la­ýat­la­ryň hä­kim­lik­le­ri­ne bu ugur­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, bel­le­nen çä­re­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni we äh­mi­ýe­ti­ni anyk­la­mak mak­sa­dy bi­len, her we­la­ýat­da bir et­ra­by sy­nag ge­çir­mek üçin kes­git­le­mek tek­lip edil­ýär.

Oba ila­ty­nyň dur­muş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak üçin, ine, şeý­le çä­re­ler tek­lip edil­ýär. Siz bu çä­re­le­ri gol­dar­sy­ňyz di­ýip, pi­kir ed­ýä­rin.

Hor­mat­ly Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!
Ga­dyr­ly adam­lar!


Türk­me­nis­ta­nyň iň tä­ze ta­ry­hyn­da mö­hüm wa­ka öw­rü­len şan­ly se­nä—Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ýu­bi­leý mej­li­sin­de «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik bi­ta­rap­ly­gy» ha­kyn­da­ky Re­zol­ýu­si­ýa­nyň ka­bul edi­len gü­nü­niň 17 ýyl­ly­gy­na çen­li iki aýa go­laý wagt bar.

Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­myz se­bit we dün­ýä sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň aý­ra­tyn or­nu­ny kes­git­le­ýär, ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ýo­la goý­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy hä­zir­ki za­man hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň tej­ri­be­sin­de tä­ze ýag­daý­dyr.

Ata Wa­ta­ny­my­zyň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe bo­lan­dan soň, top­lan äh­li sy­ýa­sy tej­ri­be­si ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gy sak­la­ma­ga we ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mä­ge ýo­ka­ry de­re­je­de ýar­dam ed­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Ýur­du­my­zyň adam­za­dyň dur­nuk­ly ösü­şi­ne, ony har­by we eko­lo­gik howp­lar­dan go­ra­ma­ga, dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de yna­nyş­mak ýag­da­ýy­ny we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry­na Mil­let­ler bi­le­le­şi­gi­niň ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­mak is­le­ýä­rin. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mün­be­rin­den Türk­me­nis­ta­nyň yg­lan eden baş­lan­gyç­la­ry­nyň dün­ýä­de örän giň ses­len­me dö­re­den­di­gi mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň ada­myň we ra­ýa­tyň hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny iň ýo­ka­ry dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da has-da gi­ňelt­mek bo­ýun­ça ed­ýän ta­gal­la­la­ry hem örän oňyn ka­bul edil­ýär.

Hu­su­san-da, ra­ýat­la­ryň sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ra er­kin bir­leş­me­gi, köp par­ti­ýa­ly­lyk ul­ga­my­nyň dö­re­dil­me­gi, döw­let hä­ki­mi­ýet we ýer­li öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­na saý­law­la­ryň ge­çi­ril­me­gi we bu saý­law­la­ryň do­wa­myn­da hä­ki­mi­ýet ug­run­da bäs­le­şik esa­syn­da gö­reş­mek üçin ha­ky­ky şert­ler we ke­pil­lik­ler göz öňün­de tu­tu­lan «Sy­ýa­sy par­ti­ýa­lar ha­kyn­da­ky» ka­nu­nyň ka­bul edil­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty ýur­du­my­zyň dün­ýä üçin giň­den açyk­ly­gy, mil­li bäh­bit­le­re eýer­ýän­di­gi, iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri­ni ne­ti­je­li çöz­mä­ge taý­ýar­dy­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dün­ýä­de dur­nuk­ly­ly­gy we howp­suz­ly­gy gol­da­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Şeý­le hem, bi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­myz dür­li döw­let­ler bi­len dost­luk­ly, öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ra, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge esas­lan­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň be­lent mün­be­rin­den yg­lan eden baş­lan­gyç­la­ry mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Di­ňe bir ýur­du­my­zyň içer­ki bäh­bit­le­ri­ne däl-de, eý­sem, se­bit we bü­tin dün­ýä de­re­je­sin­de hem ýurt­la­ryň we halk­la­ryň ösü­şi bi­len bag­ly örän mö­hüm me­se­le­le­ri çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi bu baş­lan­gyç­la­ryň mö­hüm aý­ra­tyn­ly­gy­dyr.

Hor­mat­ly Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry!
Mäh­ri­ban adam­lar!


Biz ýur­du­my­zyň ge­çen dö­wür­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri, ýe­ten be­lent sep­git­le­ri ba­ra­da du­rup geç­dik. Şeý­le hem, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we ata Wa­ta­ny­my­zyň, bü­tin hal­ky­my­zyň ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de be­ýik mak­sat­la­ra ta­rap mun­dan beý­läk-de öňe git­me­gi üçin ýa­kyn dö­wür­ler­de öňü­miz­de dur­ýan, ama­la aşy­ryl­ma­ly we­zi­pe­le­ri kes­git­le­dik. Öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça göz öňün­de tu­tu­lan mak­sat­na­ma­la­ry­my­zy gol­dar­sy­ňyz di­ýip, pi­kir ed­ýä­rin.

Bi­ziň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­miz bi­len bir­jik-de ar­ka­ýyn­laş­man, öňe git­jek­di­gi­mi­ze hem-de ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy we ru­hy - me­de­ni kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak üçin has uly möç­ber­li mak­sat­la­ry we be­lent we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­me­gi ba­şar­jak­dy­gy­my­za berk ynan­ýa­ryn!

«Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň dur­muş-ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň hem-de «Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň 2011-2030-njy ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» göz öňün­de tu­tu­lan stra­te­gik mak­sat­la­ryň do­ly we üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­jek­di­gi­ne men berk ynan­ýa­ryn!

Mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň iň ýo­ka­ry hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän şert­ler­de, bag­ty­ýar we aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­nyň ha­ty­ra­sy­na be­ýik iş­le­ri ama­la aşy­ra­lyň!

Hor­mat­ly adam­lar!

Eziz Wa­ta­ny­my­zyň—Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi üçin äh­li gu­jur-gaý­ra­ty­my­zy gaý­gyr­man, yh­las ede­liň!

Öňe, öňe, jan Wa­ta­nym, Türk­me­nis­tan!