Ï Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wekiliýetiniň sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wekiliýetiniň sapary

view-icon 640
Şu gün Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Sabin Ulman Şaban tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýetiň agzalary türkmen paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda kabul edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşykda şu ýylyň oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şweýsariýa Konfederasiýasyna resmi saparynyň barşynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmak bilen baglylykda türkmen-şweýsar hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna degişli meselelere garaldy. Duşuşyga gatnaşyjylar uzakmöhletleýin we deň hukukly esasda ösýän iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň sazlaşykly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmalydygyny we giňeldilmelidigini nygtadylar.

Döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşmagyň barşynda bar bolan örän uly mümkinçiliklerden has doly peýdalanmagyň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem abraýly halkara düzümleriniň çäklerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygy tassyklanyldy hem-de bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimler kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetinde geçirilen duşuşyk mahalynda syýahatçylyk ulgamynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmak baradaky gürrüň dowam etdirildi. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň kenar ýakasynda halkara derejeli şypahananyň--"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi bilen baglylykda örän uly mümkinçilikleriň bardygy bellnildi. Mälim bolşy ýaly, Şweýsariýa syýahatçylygy ösdürýän ýurt bolmak bilen, Ýewropada bu ugurda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär hem-de şweýsar hyzmatdaşlaryň tejribesi Türkmenistana peýdaly bolup biler.

Saparyň barşynda wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşarlar.