Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-rumyn daşary işler geňeşmeleri geçirildi. Duşuşyga Rumyniýanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary, Ýewropa işleri boýunça Döwlet sekretary jenap Bogdan Aureskunyň baştutanlygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Işewür ýagdaýda geçen duşuşygyň gün tertibine iki dostlukly ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmegiň meseleleri girizildi.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirine görä, Rumyniýanyň Prezidenti Traýan Beseskunyň ýakynda biziň ýurdumyza bolan resmi saparynyň barşynda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge hil taýdan täze itergi berildi. Saparyň barşynda gol çekilen resminamalar, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2013-2014-njii ýyllar üçin Işleriň meýilnamasy duşuşyga gatnaşyjylaryň ykrar etmegine görä, iki dostlukly ýurduň ileri tutulýan ugurlary we uzakmöhletleýin bähbitleri babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin mäkäm esasy goýdy.
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça oňyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge çalyşýandyklaryny tassykladylar hem-de özara bähbitli türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň maksatlaryna we wezipelerine gabat gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ädimlerini kesgitlediler.
Rumyniýanyň wekilçilikli toparynyň agzalary biziň ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine hem gatnaşarlar.