Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 746
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň baýramçylyk mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi.

Hökümetiň mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň, hukuk goraýjy we harby edaralaryň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, onda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyna gabatlanyp geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabatlaryň diňleniljekdigini habar berdi.

Siziň bilşiňiz ýaly, biziň baş baýramymyz – ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk baýramy ýetip geldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlendi. Beýik Garaşsyzlyk biziň halkymyz we döwletimiz üçin mukaddes baýramdyr. Şu ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň bellenýän günlerine mukaddes Gurban baýramy hem gabat geldi. Nesip bolsa, biz bu goşa baýramy döwlet derejesinde, giňden we dabaraly belläp geçeris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen tutuş türkmen halkyny Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk baýramy, şeýle hem mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimiz ähli watandaşlarymyza berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we abadan durmuşy arzuw etdi. Mübärek Gurban baýramy günlerinde berjek sadakalaryňyz, halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, eziz Watanymyzyň berkararlygy we gülläp ösmegi üçin etjek doga-dilegleriňiz, ýagşy umyt-arzuwlaryňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun diýip, döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibine geçmezden öň, ýurdumyzda bellenýän mukaddes baýramlaryň öňüsyrasynda, köp ýyllaryň dowamynda halal we tutanýerli zähmet çeken hem-de zähmetde tapawutlanyp, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlaryň birnäçesine sylaglaryň gowşurjakdygyny aýtdy. Olaryň arasynda dünýä belli, meşhur alym Wiktor Sarianidi hem bar. Ol ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda netijeli ylmy işleri alyp barýar. Alym Türkmenistanda işlän döwründe ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende göteren köp sanly ylmy açyşlary etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Mälim bolşy ýaly, meşhur alym eziz Watanymyzyň ösen adamzat medeniýetiniň dörän mekanlarynyň biri, dünýä medeniýetiniň bäşinji merkezi hökmünde ykrar edilmegine öz mynasyp goşandyny goşdy. Meşhur alym ýurdumyzyň gadymy ýadygärliklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerine gatnaşyp, halkymyzyň taryhyna degişli gymmatly maglumatlary ýüze çykardy.

Şoňa görä-de, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan şöhratly taryhyny we örän baý medeni mirasyny düýpli öwrenmekde, dikeltmekde hem-de giňden dünýä ýaýmakda, ýurdumyzda taryh ylmyny ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky köptaraply ylmy hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge goşan şahsy goşandyny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk baýramy mynasybetli, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň geňeşçisi, taryh ylymlarynyň doktory, professor Wiktor Iwanowiç Sarianidi Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi we ol 10 000 amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglandy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň çözgüdi esasynda Wiktor Iwanowiç Sarianidä «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hormatly akademigi» diýen at dakyldy diýip, milli Liderimiz habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, ýurdumyzda belli alym, akademik Ata Jykiýew hem köp ýyllaryň dowamynda ylym ulgamynda yhlasly we netijeli zähmet çekip gelýändigini aýtdy. Ol öz ömrüni türkmen ylmyny ösdürmäge bagyşlan meşhur alymlaryň biridir. Ol möhüm ähmiýetli köp sanly ylmy açyşlary etdi. Ata aganyň halkymyzyň etnografiýasy, däp-dessurlary, durmuşy baradaky düýpli ylmy işleriniň taryh ylmyny ösdürmekde örän uly ähmiýeti bardyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şoňa görä-de, müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan şöhratly taryhymyzy, medeni mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy öwrenmäge we giňden dünýä ýaýmaga, ylmy işgärleri taýýarlamaga goşan saldamly goşandy, örän uly ähmiýetli ylmy işleri alyp barandygy, ýurdumyzda taryh ylmyny ösdürmekde aýratyn hyzmatlary bitirendigi üçin, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, tutanýerli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk baýramy mynasybetli, akademik Ata Jykiýewi «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordeni bilen sylaglamak barada karara geldik. Şeýle hem, ol «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi diýip yglan edildi we 5 000 amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglandy diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Bägül Nurmyradowanyň işine ünsi çekip, ol köp ýyllaryň dowamynda medeniýet ulgamynda işlemek bilen özüni ökde guramaçy, ukyply ýolbaşçy hökmünde görkezdi. Şoňa görä-de, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň özbaşdaklygyny we garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga goşan uly goşandy, ýurdumyzda medeniýeti ösdürmekde görkezen hyzmatlary, ajaýyp döredijilik üstünlikleri üçin, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we tutanýerli zähmetini göz öňünde tutup, şeýle hem döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk baýramy mynasybetli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bägül Nurmyradowany II derejeli «Altyn asyr» ordeni bilen sylaglaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra milli Liderimiz şowhunly elçarpyşmalar astynda, dabaraly ýagdaýda belli alymlar Wiktor Iwanowiç Sarianidä we Ata Jykiýewe, şeýle hem wise-premýer B.Nurmyradowa döwlet sylaglaryny we baýraklaryny gowşurdy.

Baýraklara mynasyp bolanlar belent buýsanç duýgusy we tolgunmak bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň elinden mynasyp bolan sylaglaryny kabul edýärler. Öz işlerine berlen ýokary baha üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, olar berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri biz üçin beýik we ajaýyp özgerişlikleriň, döredijilik ylhamynyň, halkyň ruhy taýdan gülläp ösmeginiň, döredijilikli zähmetiniň öz miwesini bermeginiň döwri boldy diýip bellediler.

Milli Liderimiz döwlet sylaglarynyň eýelerini mähirli gutlap, olara berk jan saglyk we alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, biz şu gün edilen işlere diňe ýokary baha bermek bilen çäklenmän, eýsem, öňde goýlan wezipeleri nazara alyp, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmeginiň ugurlaryny kesgitlemelidiris diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Ol maliýe-ykdysady ulgamyň edaralary we guramalary tarapyndan geçirilýän işler, orta we uzak möhlet üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksadynda görülýän çäreler barada hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer şeýle hem şu ýylyň 15-26-njy dekabrynda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada jikme-jik habar berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki güne çenli uçdantutma ýazuwyny üstünlikli geçirmek üçin hukuk, guramaçylyk, usulyýet we maddy-enjamlaýyn häsiýetli taýýarlyk işleriniň uly toplumy geçirildi. Jaýlaryň,öýleriň we öý hojalyklarynyň sanawyny düzmek işi tamamlandy. Tassyklanan meýilnama laýyklykda, şu ýylyň 14-24-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň ähli çäklerinde ýerleşýän 361 sany barmasy kyn bolan ýa-da uzakda ýerleşýän ýerlerde möhletinden öň ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirildi.

Bu giň möçberli çäräni geçirmek üçin ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplaryny, umumybilim berýän mekdepleriň mugallymlaryny, saglygy goraýyş edaralarynyň işgärlerini, sebitlerdäki ýerli häkimiýet edaralarynyň wekillerini çekmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, iş toparlarynyň agzalary we sanaýjylar üçin ýörite okuwlar guraldy. Ýazuw işine gatnaşjak adamlaryň ählisi degişli resminamalar we zerur bolan maddy-enjamlaýyn serişdeler bilen üpjün edildi.

Bu çäräni geçirmäge taýýarlyk görmegiň barşynda iň täze tehnologiýalary giňden ulanmak meselelerine uly üns berildi. Hususan-da, elektron görnüşde kartografiki materiallar bilen işlenilmegini we elektron karta zerur bolan statistiki maglumatlaryň girizilmegini üpjün etmek üçin Geografiki maglumatlar ulgamlary tehnologiýasyny ulanmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem noýabr aýynyň dowamynda ilata öňümizdäki çäräniň ähmiýetini düşündirmek boýunça işleri işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär. Şu maksatlar bilen ýörite taýýarlanylan wideoşekiller köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilatyň dykgatyna ýetiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynda geçiriljek bu çäräniň möhümdigini belläp, uçdantutma ýazuwyň netijeleriniň ilatyň demografiki düzümi, türkmenistanlylaryň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada takyk statistiki maglumatlary almaga hem-de türkmen döwletiniň mundan beýläk-de ösmegi we rowaçlanmagy üçin ygtybarly binýady goýmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady. Milli Liderimiz degişli düzümleriň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekip, bu giň möçberli çäräni üstünlikli geçirmek üçin degişli çäreleri görmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça Daşary işler ministrliginiň geçirýän işi, Hazar ekologiýa maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi, şol maslahat 5-6-njy noýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bolar.

Mälim bolşy ýaly, Hazar sebitinde daşky gurşawy goramagyň hem-de degişli teklipleri we maslahatlary işläp taýýarlamagyň meselelerine garamak üçin hemişelik işleýän edara hökmünde şeýle maslahaty guramak baradaky başlangyç hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçen ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň münberinden teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem giň oňyn gatnaşyklary ösdürmegi, şol sanda BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinen Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meselelerini we hususan-da, uly möçberli ekologiýa hyzmatdaşlygyny üpjün etmäge degişli sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamakda işjeň orny eýelemek bilen, bu ugurda anyk, netijeli çäreleri görýär. Muňa şu ýylyň iýunynda Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan teklibi aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmen döwletiniň Baştutany Bütindünýä sammitinde eden çykyşynda sebitleýin çäklerden çykýan aýratyn ähmiýetli meseleleriň hatarynda Hazar deňziniň ekologiýasyny, bu özboluşly suw ýatagynyň bioköpdürlüligini saklap galmagyň wajypdygyny belledi. Şeýlelikde, öňde boljak Hazar ekologiýa maslahaty bu ugurda netijeli sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder, munuň özi umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň geljekde-de bu möhüm ugurda oňyn halkara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga hem-de giňeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini aýtdy. Bu babatda döwlet Baştutany Hazar ekologiýa maslahatyna taýýarlyk görmäge degişli meseläniň üstünde durup geçmek bilen, Hazaryň bütin adamzadyň baýlygy bolup durýandygyny we munuň özi bu özboluşly tebigy toplumy gorap saklamak hem-de onuň baý serişdelerini rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleriň aýratyn möhümdigi bilen şertlendirilýär diýip nygtady.

Milli Liderimiz bu maslahatyň ähmiýetini belläp, onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa 23-nji oktýabrda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen TürkmenistanyňÝaşulular maslahatynyň netijeleri barada döwlet Baştutanyna habar berdi. Şol mejlisde mundan beýläk-de milli ösüşiň ilkinji nobatdaky meselelerine garaldy we olar ara alnyp maslahatlaşyldy, içeri we daşary syýasatyň ýakyn döwür üçin wezipeleri kesgitlenildi. Bularyň hemmesi ýurdumyzyň parlamentiniň kanunçykaryjylyk işi, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmek üçin möhüm ugurlardyr.

Milli Liderimiz demoktratik jemgyýeti we onuň edaralaryny ösdürmekde ýurdumyzyň ýokary kanun çykaryjylyk edarasyna möhüm orun berilýändigini nygtap, bellenilen maksatnamalaryň, şol sanda ýerli öz-özüňi dolandyryşy ösdürmek, türkmen obasynyň täze keşbini kemala getirmek boýunça, şeýle hem bilim, maýa goýumlary, senagat we ýurdumyzyň durmuşynyň beýleki ugurlary babatda döwlet syýasatyna degişli maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly Mejlisiň deputatlarynyň öňünde goýlan meseleleri düýpli seljermegiň zerurdygyny belledi.

Tutuşlygyna alnanda, döwlet Baştutany köp ugurlar boýunça işleri guramagyň ýörelgelerine gaýtadan seretmegiň möhümdigi barada aýdyp, bellenilen wezipeleri toplumlaýyn çözmek maksady degişli teklipleri taýýarlamak boýunça maslahatlary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem 19-njy oktýabrda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 10-njy mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, 2002-nji ýylda döredilen bu gurama öz işini kiçi we orta telekeçiligi goldamak we ösdürmek, sergi-ýarmarka işlerini işjeňleşdirmek ýaly ugurlar boýunça amala aşyrýar. Bellenilişi ýaly, Geňeşiň 10-njy mejlisiniň barşynda geçen döwürde edilen işleriň netijeleri jemlendi, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we netijeli işewür gatnaşyklary has-da giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň hem-de GDA gatnaşýan döwletleriň arasynda ýola goýlan ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanmak bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyz geljekde hem milli we umumy bähbitlere gabat gelýän dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berer diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň kuwwatyny doly amala aşyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmagyň möhümdigini aýtdy. Şonda Söwda-senagat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklara uly orun degişlidir. Olaryň işi netijeli gatnaşyklary giňeltmäge we häzirki zaman ýagdaýlary nazara almak bilen, onuň täze görnüşlerini işläp düzmäge ýardam etmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl GDA-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistan ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine ileri tutulýan ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyny berkitmäge we giňeltmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmäge çalyşýar diýip belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew öz gözegçilik edýän gurluşyk ulgamynda giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy, işlenip taýýarlanylýan we durmuşa geçirmäge taýýarlanan taslamalar, şu ýyl gurluşygy tamamlanmagy göz öňünde tutulýan desgalarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzda we tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzda gurluşyk işleri ýokary depginde gyzgalaňly dowam etdirilýän desgalaryň öz bellenilen möhletinde ýokary hilli ulanmaga tabşyrylmalydygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz awtomobil ýollarynyň ulgamyny döwrebaplaşdyrmak meselesini gozgamak bilen, bu babatda ähli ugurlarda öňdebaryjy tehnologiýalara, şol sanda degişli häzirki zaman düzümlerini döretmäge ugur almagyň zerurdygyny nygtady, ýol hereketiniň howpsuzlygyna aýratyn üns berdi. Amala aşyrylýan işleriň ählisiniň hili barada aýdylanda bolsa, ol iň ýokary ölçeglere laýyk gelmelidir. Şunda döwlet Baştutany daşary ýurtly gurluşyk kompaniýalarynyň öz hyzmatdaşlyk borçnamalaryny berjaý edişine berk gözegçiligiň zerurdygyny belledi.

Gurluşyk senagatynda isleg bildirilýän oňat hilli materiallary özbaşdak öndürmek boýunça kuwwatlyklary giňeltmek hem has möhümdir diýip. Döwlet Baştutany aýtdy. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti öňdebaryjy daşary ýurt tehnologiýalaryny peýdalanmagyň esasynda ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleri öndürilen mahaly ahyrky önümiň diňe bir kadalaşdyryjy hile däl, eýsem, ýerli howa şertlere-de doly laýyk gelmegini hökman nazara almagyň zerurdygyny aýratyn nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow öz gözegçilik edýän pudaklarynda—nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda we balyk hojalygynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatda “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan geljegi uly nebit we gaz meýdanlarynda geçirilýän gözleg-barlag işleri barada hem habar berildi.

Hususan-da, seýsmiki barlaglaryň, guýulary burawlamak işleriniň geçirilmegi netijesinde Hazar deňziniň ýalpaklygynda we kenar ýakasynda täze nebitgazly gatlaklaryň ýüze çykarylandygy bellenildi. Bu ýerde ýerleşýän Demirgazyk Goturdepede nebitiň senagat akymy alyndy.

Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Altyguýy diýen ýerindäki, Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabyndaky, ýurdumyzyň günorta-gündogarynda--Lebap welaýatynyň çäklerindäki ýataklarda giň gerimli gözleg işleri geçirilýär.

Burawlanan guýularda geologiýa-geofiziki barlaglaryň tutuş toplumy geçirilenden soň ýüze çykarylan ýangyç serişdeleriniň gorlarynyň möçberi baradaky anyk maglumatlar kesgitleniler. Mundan başga-da, käbir ýataklarda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly goşmaça geologiýa-gözleg işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu habary kanagatlanmak bilen diňläp, geologiýa-gözleg işleriniň işjeňleşdirilmeginiň ýurdumyzda bar bolan nebit we gaz ýataklarynyň sanynyň ep-esli artmagyny üpjün etjekdigini belledi. Geljegi uly täze gaz ýataklaryny çaltlandyrylan depginlerde özleşdirmek we senagat düzümlerini döretmek bilen bir hatarda, bu wezipe uglewodorod ýangyjynyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmaga, türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazara çykarmagyň köpugurly ygtybarly ugurlaryny kemala getirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere nebitgaz pudagynyň mümkinçiliklerini, şol sanda toplumyň kärhanalaryny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň we täze tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna durmuşa geçirmek barada anyk tabşyryklar berdi.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew gözegçilik edýän düzümleriniň işine, ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň birnäçesini jikme-jik beýan etdi.

Hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 22-nji oktýabrda bolan “Bütindünýä energetika forumy—2012”-niň netijeleri hakynda hasabat berildi, oňa dünýäniň 83 döwletinden, şol sanda Türkmenistandan wekilçilikli topar, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň we ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenip geçilişi ýaly, maslahatda giň möçberli ykdysadyýetiň möhüm ugry bolup durýan dünýäniň energetika bazaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy meselelerine syn berildi. Şeýle hem bütin dünýä energetika sazlaşygyny we energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, şu maksat bilen ylalaşylan söwda-ykdysady we innowasion tehnologiki syýasaty ýöretmäge degişli meselelere garaldy. Nebitgaz senagatynyň daşky gurşawa täsirine, alternatiw energetikany ösdürmäge, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmaga aýratyn üns berildi.

Forumyň işiniň çäklerinde oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçilikleri, biziň ýurdumyzyň ýangyç serişdelerini agtarmak, çykarmak we gaýtadan işlemek babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi, şeýle hem Ýewraziýa yklymynyň iri bazarlaryna energiýa serişdelerini ygtybarly we howpsuz ibermegi üpjün etmegi maksat edinýän energetika syýasaty hakynda jikme-jik habar berildi.

Bu babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň umumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda BMG-niň Baş Assambleýasynda beýan edilen halkara başlangyçlary ýokary baha mynasyp boldy. Hususan-da, munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirýän ýurtlaryň we sarp edijileriň hukuklaryny hem-de borçlaryny aýdyň düzgünleşdirýän netijeli hukuk usullaryny kemala getirjek gyzyklanýan döwletleriň, kompaniýalaryň, halkara maliýe edaralarynyň ählisiniň gatnaşmagy bilen Sebitara energetika edarasyny döretmäge degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşy diňlap, abraýly halkara bilermenleri tarapyndan tassyklanylan ägirt uly ýangyç kuwwatyna eýe bolmak bilen, Türkmenistanyň ony dünýä bileleşiginiň hyzmatynda goýmaga çalyşýandygyny we bu ugurda yzygiderli anyk çäreleri görýändigini nygtady.

Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegi kesgitleýän çynlakaý şert bolup durýar. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, biziň ýurdumyz energetika döwletiniň derejesine eýe bolmak bilen, mundan beýläk-de öz energetika syýasatyny milli bähbitlere laýyklykda, açyklyk we özara peýdalylyk ýörelgelerinde gurar, munuň özi ählumumy abadançylygyň hem-de sebitleýin we giň möçberlerde durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp görnüşli ulgamlaryny kemala getirmek we ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň daşary syýasat başlangyçlaryny dowam etdirmek bilen baglanyşykly mundan beýläkki çäreleriň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa söz berdi. Soňra ol döwlet Baştutanyna öz gözegçilik edýän ulgamynda durmuşa geçirilýän işler barada, 2012-2016-njy ýyllarda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işler, şeýle hem noýabr aýynda milli we halkara derejelerinde geçiriljek çäreler, durmuş-medeni maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi bilen baglanyşykly medeni maksatnama barada habar berdi. “Gadymy Merw” taryhy-medeni goraghanasynyň Gyzgala ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan täsin tapyndy baradaky habar hasabatyň aýratyn meselesi boldy.

Bellenilişi ýaly, milletiň Lideriniň tabşyrygy boýunça bu ýadygärligi has içgin öwrenmek maksady bilen Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdürligi tarapyndan degişli ylmy-barlag taslamasy işlenip düzüldi we ýörite ylmy ekspedisiýa guraldy. Onuň düzümine Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylygynda Goňurdepede geçirilýän gazuw-agtaryş işlerine gatnaşýan goraghananyň ýaş hünärmenleri we tejribeli alym--arheologlar girdiler. Gyzgalada geçirilen işleriň barşynda beýleki tapyndylar bilen bir hatarda, birnäçe bürünç şekiller hem ýüze çykaryldy. Olar kufi ýazgyly gadymy şaýy pullary, güljagaz şekillendirilen ýüzük we iň täsin tapyndy bolan hasyllylygyň zenan hudaýynyň kiçijik şekilidir. Ol gürrüňsiz suratda çeper we ylmy gymmatlyga eýedir.

Türkmen alymlaryny Marguş ýurdunyň gadymy syrly taryhynyň köp sahypalaryny täzeden açmaga ýardam berjek täsin tapyndylary ýüze çykarandyklary bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýadygärlikler toplumynyň açyk asmanyň astyndaky giň muzeý ekspozisiýasy, dünýäniň ähli ýurtlaryndan gelýän köp sanly jahankeşdeleri özüne çekýän özboluşly merkez, taryhyň jümmüşine aralaşmaga mümkinçilik berýän zyýaratçylyk künjegi bolup durýandygyny we şol bir wagtyň özünde ylmy işler we täze açyşlar üçin barlaghana bolup hyzmat edýändigini nygtady.

VI-VII asyrlarda düýbi tutulan Gyzgala ýadygärligi özüniň gaýtalanmajak binagärlik keşbi bilen haýran galdyrýar. Onuň kuwwatly diwarlarynyň ýykylan bölekleri, olaryň astyndaky medeni gatlaklar gyzyklanma bilen barlag geçirýän alymlara dünýä siwilizasiýasynyň bu örän gadymy ojagynyň geçmişi hakynda köp zatlary aýan ederler diýip, milletiň Lideri aýtdy.

“Gadymy Merw” arheologiýa toplumy milli taryhymyzyň özboluşly aýnasydyr diýip, döwlet Baştutany syýahatçylyk pudagyny, ylmy-barlag işlerini we medeni işleri mundan beýläk-de ösdürmek babatynda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Türkmenistanyň çäklerinde ägirt uly ylmy ähmiýeti bolan we jahankeşdeligi ösdürmäge giň mümkinçilik berýän gadymy şäherler we keramatly ýerler az däl diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Türkmen topragynyň köp sanly taryhy-medeni ajaýyp künjekleri barada aýtmak bilen, milletiň Lideri şeýle hem olaryň ýaş nesli ruhy-ahlak we watançylyk ruhunda terbiýelemek işinde ähmiýetini belläp, biziň milli taryhy mirasymyzy giňden wagyz etmäge, ýaş nesli türkmen medeniýetiniň gymmatlyklary bilen içgin tanyşdyrmaga gönükdirilen medeni--köpçülik işlerini guramakda täze usullary gözlemegi işjeňleşdirmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti öňde boljak täze desgalaryň açylyşlary we milli baýramçylyklar mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Medeniýet ulgamynda dünýä tejribesiniň we häzirki zaman işläp taýýarlamalaryň innowasiýalaryny peýdalanmagyň we öwrenmegiň möhüm ähmiýetini belläp, döwlet Baştutany özboluşly milli öwüşginleriniň biziň baýramçylyklarymyzyň esasy alamatlary bolmalydygyny nygtady.

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş etdi, ol “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” we Ýaşulular maslahatynyň ýakynda bolan mejlisinde kabul edilen çözgütlerde obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hususan-da, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmaga, oba hojalygyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, häzirki zaman obasenagat düzümlerini döretmek babatda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge degişli meseleler barada aýdyldy.

Şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda pagta ýygym möwsüminiň we güýzlük bugdaý ekşiniň dowam edýändigi hakynda jikme-jik hasabat berildi.

Türkmenistanyň Baştutany hasabaty diňläp, pudagyň düşewüntligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, onuň senagat düzümlerini döwrebaplaşdyrmagy, köp dürli ýokary hilli önümleri öndürmegiň möçberlerini artdyrmagy maksat edinen oba hojalygyny özgertmek babatda döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegi häzirki döwrüň möhüm meselesi bolup durýar diýip nygtady, olary çözmek üçin ähli ykdysady mümkinçilikleri ulanmak zerurdyr.

Şu mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygy ulgamynda bellenilen özgertmeleriň ähli taraplary takyk hasaplamalaryň esasynda eserdeňlik bilen işlenip geçilmelidir, ýurdumyzyň her bir welaýatynyň anyk mümkinçilikleri nazara alynmalydyr diýip belledi. Diňe ähli meseleleri toplumlaýyn çözmegi üpjün etmek arkaly türkmen obasyny hemmetaraplaýyn ösdürmegi gazanmak mümkindir diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýdylanda bolsa, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, oba hojalyk möwsümini we güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak, şeýle hem mallaryň oňat gyşladylmagy üçin ähli zerur şertleri döretmek zerurdyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew 5-7-nji noýabrda Aşgabat şäherinde “Bilim, sport we syýahatçylyk berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi.

Bellenip geçilişi ýaly, bilim ugry boýunça bu halkara çärelerine ineteraktiw kompýuter tehnikasyny, barlaghana we lingafon enjamlaryny, okuw-görkezme esbaplaryny we programma üpjünçiligini öndürmekde ýöriteleşen daşary ýurt kompaniýalarynyň 25-den gowragynyň, dünýäniň 12 ýurdundan halkara guramalarynyň we ylym-bilim merkezleriniň birnäçesiniň, şeýle hem ýurdumyzyň esasy bilim edaralarynyň we hususy kärhanalaryň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Sport we syýahatçylyk ugry boýunça daşary ýurtly syýahatçylyk firmalarynyň 20-den gowragynyň, şeýle hem sport enjamlaryny we egin-eşiklerini öndürmäge ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ylmy maslahatyň işine daşary ýurt döwletleriniň 30-syndan alymlaryň 60-dan gowragynyň we türkmen hünärmenleriniň 200-e golaýynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň halkara ülňüleriniň derejesinde häzirki zaman bilimini alyp bilmegi üçin ýokary bilimli, giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek, ýurdumyzyň halk hojalygyny hünärli işgärler bilen üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredilýär diýip belledi. Döwlet Baştutany häzirki wagtda biziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty, şeýle hem syýahatçylygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtap, türkmen döwletiniň Baştutany şunda iş ýüzünde ulanmak maksady bilen bu ugurlarda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň ähmiýetiniň ýokarydygyny, häzirki wagtda bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeň ösüşe eýe bolandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň bu işde nobatdaky netijeli çäre boljakdygyny, şonuň ýaly-da, bilim babatda, şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gazanylan üstünlikleri görkezjekdigini nygtap, olary ýokary derejede guramagy hem-de geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew özüniň gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, baýramçylyk günlerinde ýurdumyzda jemgyýetçilik ulaglarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyzda belleniljek baýramçylyk günlerinde ulaglar we aragatnaşyk toplumy tarapyndan ilatymyza we Garaşsyzlygyň 21 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen myhmanlara ýokary derejede ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, goşmaça howa gatnawlarynyň we demir ýol gatnawlarynyň ýola goýuljakdygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak, hödürlenýän häzirki zaman hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek milli aragatnaşyk düzümini döretmegiň esasy ugurlary bolup durýar diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda döwletiň ýurdumyzda köp ugurly we bäsleşige ukyply ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek meselesine hemmetaraplaýyn üns berýändigini nygtap, wise-premýere bu pudagyň kärhanalarynyň işiniň ýokary hilini üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz ulagyň we aragatnaşygyň ähli görnüşleriniň sazlaşykly hem-de bökdençsiz işlemeginiň möhümdigini belledi. Munuň özi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň wajyp ugry bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Olar möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda güýzlük galla ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy, mallary gyş möwsümine taýýarlamak bilen bagly işler barada hasabat berdiler.

Welaýatlaryň ýolbaşçylary sebitlerde gurulýan iri desgalarda işleriň ýagdaýy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, şol sanda milli Liderimiziň Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda öňde goýan wezipelerini çözmek babatda alnyp barylýan işler barada hem aýtdylar.

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyny we mukaddes Gurban baýramyny bellemegiň çäklerinde welaýatlarda geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary jemläp, gündelik oba hojalyk işlerini aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Daýhanlaryň maňlaý deri bilen ýetişdirilen pagta hasyly soňky übtügine çenli gysga möhletlerde ýygnalmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygynyň öňýanynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynyň jemleri barada durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça geçirilmeli işleriň möhümdigini belledi we her bir welaýat Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşandyny goşmalydyr diýip nygtady.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, welaýatlarda täze durmuş-ykdysady maksatly desgalaryň gurulmagy ozaly bilen türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip belledi. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary yglan etmek bilen, biz geljekde hem bu esasy ýörelgämize gyşarnyksyz eýereris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe hem-de röwşen Gurban baýramyna bagyşlanan ählihalk dabaralarynyň jebisleşdiriji ähmiýetini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ähli baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri B.Annameredow 16-17-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulaglary boýunça Geňeşiniň 57-nji maslahatynyň netijeleri barada hasabat berdi. Forumyň işine 150-ä golaý adam - degişli döwletara guramasyna girýän ýöriteleşdirilen edaralaryň, demir ýol edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem degişli halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Geňeşiň mejlisiniň gün tertibine ýük wagonlaryny ulanmagyň, bu ulgamda toplumlaýyn özara hasaplaşyklaryň, demir ýollarda ulanylýan enjamlaryň hilini üpjün etmegiň ylalaşykly kadalaryny işläp taýýarlamak we beýleki meseleler girizildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanda demir ýol ulgamyny ösdürmek berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip nygtady. Biziň ýurdumyz yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär we wajyp halkara ulag çatrygy hökmünde onuň ähmiýeti bu gün has artýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde üstaşyr ýük daşalyşynyň möçberlerini artdyrmakda Türkmenistanyň aýratyn ornuny belläp, ýurdumyzyň ulag ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, oňyn halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglylykda açylýan ägirt uly mümkinçiliklere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Goşa baýrama—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyna hem-de mukaddes Gurban baýramyna bagyşlanylan ählhalk dabaralarynyň ähmiýetini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jogapkär ýolbaşçylara ähli baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, degişli minitsrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň hemmesiniň işini utgaşdyrmagy üpjün etmek barada tabşyryk berdi.

Döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz degişli kararlary kabul etdi we birnäçe resminamalara gol çekdi. Ýolbaşçylary wezipelere bellemek bilen lagly meselelere garaldy - Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlary bilen W.Abdylhekimow Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministriniň orunbasary wezipesine, M.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk hem-de işde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.