Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Türkmenistanyň ýokary sylaglarynyň biri bolan “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeniniň eýesi Oleg Kononenkony kabul etdi. Myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Döwlet Baştutanymyza duşuşmaga döreden mümkinçiligi we mähirli kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Oleg Kononenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly sene – ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy bilen gutlady hem-de milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna parahatçylyk, bagt we abadançylyk arzuw etdi.
Dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna girýän häzirki zaman Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine tüýs ýürekden haýran galýandygyny belläp, Oleg Kononenko nirede bolsa-da, öz kalbynda türkmen topragyna bolan söýgüni hemişe saklaýandygyny aýtdy.
“Meniň Watanymyň uly üstünlikleri gazanyp, täze belentliklere tarap barýandygy mende ägirt uly buýsanç duýgusyny döredýär. Bu ýolda oňa köp işleriň we ýeňişleriň garaşýandygyna ynanýaryn” diýip, uçarman-kosmonawt belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda Oleg Kononenkony älemi öwrenmek işini üstünlikli ýerine ýetirmegi bilen gutlap, oňa berk jan saglyk hem-de köp ugurly we asylly işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň kosmos giňişligini özleşdirmek bilen bagly taslamalara möhüm ähmiýet berýändigi bellenildi. Hususan-da, şu maksat bilen Milli kosmos agentligi döredildi, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamynda iri taslamany amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Gürrüň ýeriň emeli hemrasynyň milli ulgamynyň taslamasyny taýýarlamak, ony gurmak we äleme çykarmak barada barýar. Bu biziň ýurdumyzda aragatnaşyk we internet ulgamlaryny, telewideniýäni ösdürmegi çaltlandyrmaga mümkinçilik berer, şeýle hem köp sanly beýleki taslamalary amala aşyrmak üçin oňaýly şertleri döreder.
Şunuň bilen baglylykda, milli we halkara maksatnamalarynyň çäklerinde kosmos barlaglaryny, astronomiki gözegçilikleri geçirmek babatda Türkmenistana dünýäniň esasy ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin uly mümkinçilikler açylýar.
Duşuşygyň ahyrynda Oleg Kononenko döwlet Baştutanymyzy geljekde hem öz Watany bilen ýakyn gatnaşyklary saklajakdygyna, kösmos babatda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin özüne bagly bolan ähli zatlary etjekdigine ynandyrdy.