Asylly däbe görä, şu gün Türkmenistanyň garaşsyzlyk güni mynasybetli guralýan dabaralar Halkara atçylyk sport toplumynda dowam etdi.
Säher bilen Halkara atçylyk sport toplumynda ýokary ruhu göteriliş ýagdaýy höküm sürdi. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşen topluma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agazalary, Mejlisiň, Harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, biziň ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygynyň şanly baýramyna gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar, şeýle hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХV Maslahatyna gatnaşyjylar bar.
Dabaranyň başlanmagyna hemme zat taýýar edildi. Türkmenistanyň döwlet baýdaklary güýz şemalyna adaja pasyrdaýar. Diňe bir atşapyşyklarynyň geçirilýän ýeri däl, eýsem milli atçylyk sportuny wagyz etmek we ony ösdürmek üçin merkeze öwrülen ajaýyp toplumyň çägi dürli howa şarlary, lentalar we güller bilen bezelipdir.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda atçylygyň ösdürilmegi, türkmen halkynyň bu gadymy däbiniň täzeden dikeldilmegi döwlet Baştuanymyzyň hemişelik üns merkezinde durýar. Milli Liderimiz özüniň “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhartymyz” atly ylmy, taryhy maglumatlara we milli gymmatlgymyz bolan türkmen bedewiniň edebi ýazgylaryna esaslanýan kitabynda ahalteke bedewleriniň halkymyzyň durmuşyndaky ornuny kesgitleýär.
Türkmen halkynyň tutuş taryhy örän çeýe, ýyndam hem-de wepaly bedewler bilen baglanyşyklydyr. “Behişdi”, “Asman atlar” adyny alan türkmen bedewleri halkymyzyň hemişe hemrasyna öwrüldi. Ahalteke bedewleriniň gadymy şöhraty täzeden dikeldildi. Häzirki döwürde bu bedewlere gadyr goýýanlaryň sany Merkezi Aziýa, Ýewropa we Amerika ýurtlarynda has-da artdy. Türkmen güneşiniň, dag etekleriniň tenekar howasynyň hem-de mähriban topragyň ruhunyň esasynda ahalteke bedewleri özleriniň iň gowy görkezijilerini, tebigy aýratynlyklaryny saklap bilýär.
Gaarşsyzlyk ýyllary içinde türkmen bedewleri hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň tagallasy bilen bedewler hakyndaky alada has-da belende göterildi. Milli atşynaslyk däpleriniň saklanmagyna we onuň ösdürilmegine ykbalyny baglan adamlar biziň ýurdumyzda uly hormatdan peýdalanýarlar. Bu babatda maksada laýyk işleriň geçirilmegi netijesinde dünýä ýüzünde ahalteke bedewlerine bolan gyzyklanalara has-da artdy. Türkmen çapyksuwarlary abraýly halkara ýaryşaryna gatnaşyp, köp sanly ýokary sylaglara mynasyp boldy. Ahaltek bedewlerini mundan beýläk-de wagyz etmek we atçylyk sportunyň ösüşini höweslendirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap aýlawlar guruldy. Geçen ýyl bolsa Halkara atçylyk sport toplumy açyldy. Ol häzirki döwürde köp sanly atçylyk sportunyň muşdaklarynyň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.
Şunuň ýaly desgalaryň ulanmaga berilmegi bilen ýurdumyzda atçylyk sportunyň görnüşleriniň artmagyny, umuman bu pudagyň ösmegini şertlendirdi we ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilmegine itergi berdi. Döwrebap atçylyk sport toplumlary milli we halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň geçrilýän ýerine öwrüldi. Munuň özi atçylyk sportunyň ösmegini, ussat çapyksuwarlaryň taýýarlanmagyny, olaryň dünýä atçylyk sport giňişliginde mynasyp derejede çykyş etmegini şertlendrdi. Iň esasy bolsa bu çäreleriň ýaş nesilleriň türkmen halkynyň gadymy döredijilik däpleriniň esasynda terbiýelenmeginde möhüm orny bardyr.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda atçylyk düzümini ösdürmek boýunça ägirt uly işler ýaýbaňlandyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň at çapmaga ussatdygyny, ajaýyp ahalteke bedewlerine ýokary derejede gadyr goýýandygyny bellemeli. Ýurtda döwrebap aýlawlar ulgamynyň kemala gelmegi atçylyk sportunyň ösmeginde möhüm orny eýeledi. Olarda geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netije görkezýän çapyksuwarlaryň halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmäge bolan höwesi artýar. Şeýle hem Türkmenistanda halkara derejesindäki ýaryşlary guramak üçin ähli şertler döredilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň awgust aýynda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy esaslandyryldy. Onuň baş maksady ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny gorap saklamakdan, türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň taryhyna goşan ägirt uly gymmatlygy bolan bedewleriň gadymy şöhratyny artdyrmakdan, daşary ýurtlaryň ahalteke atçylyk assosiasiýalaryny bir bitewi gurama birikdirmekden ybaratdyr. Türkmenistanda bolşy ýaly, halkara giňişliginde ahalteke atşynaslygyny ösdürmek işine ägirt uly goşant goşan ХХI asyryň döwlet işgäri hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidentligie saýlanyldy.
Türkmen atşynaslygynyň halkara pudaklaýyn senagatyna goşulmagy diňe bir ahalteke bedewleriniň tohumçylyk binýadynyň giňeldilmegine däl, eýsem Türkmenistanyň dünýä atşynaslygynda öňdäki orny eýeleýändiginiň tassyk edilmeginde möhüm ädime öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça atşynaslardan, seýislerden, çapyksuwarlandan we atşynaslyga degişli beýleki hünärmenlerden düzülen türkmen wekiliýetiniň Fransiýa gitmegi, şeýle hem Parižiň “Ark de Triumf-2012” Gran-pri atçapşyklaryna gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 7-nji oktýabrynda Fransiýa bolan sapary atşynaslygyň milli mekdebini mundan beýläk-de ösdürmek, onuň toplumlaýyn ulgamyny giňeltmek bilen baglanyşyklydyr. Milli Liderimiz bu pudagyň ylmy-barlag işi, tohumçylyk-seçgi ýaly ugurlar boýunça ösdürilmegini ugur edinýär.
Ahalteke bedewiniň ägirt uly mümkinçilikleri bolup, ol geljekde dürli atçylyk sport ugurlarynda we marafon ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýelär. Bu ulgamda netijei üstünlikleri gazanmak üçin milli toparlaryň halkara ýaryşlaryna işjeň gatnaşmagy möhümdir.
Häzirki döwürde ahalteke bedewleriniň nesil ugurlary jikme-jik öwrenilýär, olaryň has netijeli önüm berijileri saýlanylýar. Munuň özi olaryň nesilleriniň ahaltke bedewleriniň gadymy ugurlaryna mynasyp bolmagy üçin şeýdilýär. Taýlar ýörite hünärmenleriň barlagyndan geçirilýär we olaryň arassa ganly bedewleriň hataryna goşulyp bilinjegi-bilinmejegi anyklanýar.
Ahalteke bedewleri bilen iş salyşmak üçin aýratyn ukyp we ussatlyk zerur. Çünki “Behişdi bedewler” özüne bolan çirksiz gatnaşygy talap edýär we çapyksuwaryň emrine wepaly dost kimin maýyl bolýar.
Türkmenistanda ahalteke bedewlerine ykbalyny baglan adamlar örän köp. Öz işiniň ussatlary, yhlasly seýisler ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirpdirler, olary kämillik derejesine göteripdirler. Häzirki döwürde türkmen atşynaslary şöhratly pederlerimiziň däplerini mynasyp dowam edýärler. Soňňy ýyllarda atçylyk pudagyny ýokary sport görkezijileri bolan kuwwatly, häzirki zaman we netijeli ulgama öwürmek üçin zerur bolan binýat döredilýär. Ahalteke bedewleri hakykatdan-da berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň baş nyşanyna öwrüldi.
... Şu günki baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi uly ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar hormatly Prezidentimize ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.
Ähli ýerde baýramçylyk dabarasy höküm sürýär, aýdym-sazlaryň sesi belentden ýaňlanýar, paýtagtymyzyň döredijilik toparlary öz çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar. Türkmen suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň we zergärleriniň işlerinden guralan sergi bu günki dabaranyň merkezine öwrüldi. Ol işler ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerine bagyşlanypdyr. Şeýle hem bu ýerde görkezilýän nepis halylar, bedewleriň bezew şaýlary, at esbaplary, dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekýär. B.Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň, Türkmen döwlet ýöriteleşdirilen çeperçilik mekdebiniň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň suratkeşleriniň işlerinden düzülen bölüm sergide aýratyn orny eýeleýär.
Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň we Şekillendiriş sungaty muzeýiniň türkmen halkynyň ruhy buýnsanjyna öwrülen ajaýyp gymmatlyklar görkezilýär.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýaşajyk suratkeşler bilen gürrüňdeş bolup, olaryň “behişdi bedewleri” şekillendiren eserleri we beýleki işleri bilen gyzyklandy. Ýaş zehinleriň başarnygyna, olaryň yhlasyna ýokary baha berip, milli Liderimiz öz gezeginde şunuň ýaly höwesjeň we maksada okgunly çagalar biziň geljekki kämil hünärmenlerimizdir, olar geljegimizi gurujylarydyr diýip belledi we ýaşajyk suratkeşlere halk çeperçiliginiň gadymy däplerini ösdürmek işlerini dowam etmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Atçylyk sport toplumynyň merkezinde ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän ak öýler oturdylypdyr. Bu künjekde aýdym-sazlaryň sesi belentden ýaňlanýar, bagşylar dessan aýdýar, ak öýleriň ýanynda bolsa zenanlar keçe basýarlar. Teatrlaşdyrylan çykyşlarda folklor toparlary, belli estrada aýdymçylary we çeper höwesjeňler joşgunly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Bu ýerde dürli görnüşdäki bäsleşikler guralypdyr we türkmen türgenleri sportuň milli görnüşleri, şeýle hem karate, uşu, wolebol, gimnastika, gylyçlaşmak boýunça görkezme çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow haly düşelen ýoda bilen toplumyň çägine geçdi. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşyp, merkezi münbere tarap geçýär. Köp sanly dabara gatnaşyjylar milli Liderimizi şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Soňra hormatly Prezidentimiz öi üçin niýetlenen ýere geçdi. “Galkynyş” toparynyň çapyksuwarlary uçganaklap duran ahlateke bedewlerinde milli sirk sungatynyň iň gowy däplerini görkezdiler. “Behişdi bedewleriň” gözelligi we çeýeligi, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde ýokary ussailyk görkezýän we gadym pederlerimizden bize miras galan at üstündäki oýunlary beýan edýän çapyksuwarlaryň ussatlygy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
Ahalteke bedewleriniň gözelligi asyrlaryň dowamynda tutuş dünýäni haýrana goýupdyr. Häzirki günlerde hem bu ajaýyp bedewler kämilligiň janly nyşany hasaplanýar. Ýalyn ýaly ýigitler milli at üstündäki oýunlaryň iň çylşyrymly we örän gyzykly görnüşlerini ýerine ýetirdiler. Mälim bolşy ýaly, at üstündäki oýunlaryň bu görnüşi ýokary kämilligi, bedewe düşünmek we ony duýmak ukybynyň ýokary derejesini talap edýär.
Soňra türkmen toýlarynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan at çapyşygyna orun berildi. Baýramçylyk mynasybetli guralan çapyşyklaryň 7-si hem baýrakly boldy. Birinji çapyşyk Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş baýragy ugrunda boldy. Oňa saýlama bedewleriň onusy gatnaşdy. 2800 metr aralyga goşulan bedewleriň içinden birinji orna Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda seýislenýän Dalbedew mynasyp boldy. Ol bu aralygy 3 minut 40,1 sekuntda geçmegi başardy. Ony ussat çapyksuwar B.Agamyradowa çapdy. Bäsleşikde ikinji ýere bu aralyga 3 minut 40,5 sekunt wagt görkezen Türkmenistanyň söwda we dokma toplumynyň Kerem atly bedewi düşdi. Ony ussat çapyksuwar B.Begliýew çapdy. Üçünji baýrakly orna bolsa 3 minut 41,2 sekunt wagt görkezen Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Merdana atly bedew mynasyp boldy. Ony ussat çapyksuwar E.Babalyýew çapdy. Baýrakly orunlara eýe bolan çapyksuwarlaryň üçüsine-de hormatly Prezidentimiziň baş baýragy bolan awtomobiller gowşuryldy.
Ikinji çapyşykda ahalteke bedewleriň 12-si 1600 metr aralykdan güýç synanyşdylar. Onda A.Amanowyň hojalygy degişli Garlawaç ýeňji boldy. Ol bu aralygy 2 minutda geçmegi başardy. Ony ussat çapyksuwar E. Hydyrow çapdy. Gözelobam atly bedew ussatçapyksuwar B.Agamyradowyň çapmagynda ikinji orna düşdi. Ol bu aralyk üçin 2 minut 00,1 sekunt wagt sarp etdi. Bu bäsleşikde M.Agamyradowyň çapan Gurgun atly bedewi ýurdumyzyň maliýe, ykdysadyýet we bank toplumynyň üçünji baýragyna mynasyp boldy. Gurgun bu aralygy 2 minut 03,1 sekuntda geçdi.
Bäsleşigiň üçünji çapyşygynda dört we uly ýaşar bedewleriň 12-si ýurdumyzyň nebitgaz, himiýa, balyk hojalygynyň toplumynyň baýragy ugrunda bäsleşdiler. Onda Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň Ýagmyr atly bedewi birinji geldi. Ol bu aralygy 5 minut 19,2 sekuntda geçdi. Ony ussatçapyksuwar A.Hydyrow çapdy. Ikinji bolup, üçünji derejeli çapyksuwar Y.Saparowyň çapan Şahymerdany geldi. Ol bu aralyga 5 minut 20,4 sekundy sarp etdi. Bu bäsleşikde üçünji orna bu aralyk üçin 5 minut 21,5 sekunt wagt sarp eden we ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň çapan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Karar atly bedewi mynasyp boldy.
Dördünji çapyşykda dört we ulyýaşar bedewler söwda we dokma toplumynyň baýragy ugrunda 3200 metr aralyga goşulyp, onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndan Gumman atly bedew birinji geldi. Ol bu aralygy 4 minut 09,5 sekuntda geçmegi başardy. Ony ussat çapyksuwar B.Agamyradow çapdy. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndan Garahan atly bedew bu aralygy 4 minut 13,2 sekuntda geçip, ikinji orna düşdi. Ony A.Bajamow çapdy. Bu bäsdeşikde üçünji orna B.Aýdogdyýewiň hojalygyna degişli ussat çapyksuwar B.Berdiýewiň çapan Keýmir atly bedewi mynasyp boldy. Keýmir bu aralyk üçin 4 minut 21,4 sekunt wagt sarp etdi.
Bäşinji çapyşykda ýurdumyzyň ulag we aragtanşyk toplumynyň baýragy ugrunda 2800 metr aralyk boýunça yglan edilen bäsleşikde Türkmenistanyň baş prokuraturasynyň Gindiguş atly bedewi birinji geldi. Ol bu aralygy 3 minut 38,5 sekuntda geçdi. Ony ussat çapyksuwar B.Agamyradow çapdy. Ç.Nurmuhammedowyň hojalygyna degişli Meleguş atly bedew 19 atyň içinden ikinji gelmegi başardy. Meleguş bu aralyga 3 minut 39 sekunt sarp etdi. Ony ussat çapyksuwar T.Babaýew çapdy. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň A.Durdymyradowyň çapan Guşganat atly bedewi üçünji geldi. Ol bu aralygy 3 minut 39,7 sekuntda geçmegi başardy.
Bäsleşigiň altynjy çapyşygynda üç we ulyýaşar atlar 2800 metr aralyk boýunça güýç synanyşdylar. Onda O.Orazgeldiýewiň hojalygyna degişli Bezirgen atly bedew birinji geldi. Ol bu aralygy 3 minut 34,2 sekuntda geçdi. Ony ussat çapyksuwar B.Begliýew çapdy. Ussat çapyksuwar M.Seýidowyň çapmagynda S.Orazsähedowyň hojalygyna degişli Gökdepe bu aralygy 3 minut 35,2 sekuntda geçip, ikinji orna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Dorgoňury bu bäsleşikde üçünji orna düşdi. Ol bu aralygy 3 minut 35,4 sekuntda geçmegi başardy. Ony ussat çapyksuwar T.Babaýew çapdy.
Bäsleşigiň ýedinji çapyşygyna gezek geleninde ony milli Garaşsyzlygymzyň 21 ýyllygy mynasybetli guralan dabaranyň jarçysy mälim etdi. Jarçynyň habaryna görä, ýedinji çapyşykda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň baýragyny almak ugrunda ikiýaşar bedewler güýç synanyşarlar. Onda halypa çapyksuwarlar öz ussatlyklaryny görkezerler. Bu çapyşykda halypa seýisler şu bäsleşige taýýarlan 14 bedewini çykardylar. Ýöne, ýaryşyň şertine görä oňa 7 bedew gatnaşmaly. Şonda isleg bildiren halypa seýsleriň arasynda türkmen halkynyň asylly däbine görä, ýörite bije atyldy. Bijesi çykan bedewler bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar. Şeýlelikde, türkmen toýlarynyň baş bezegi hasaplanýan at çapyşygynyň jemleýji we örän gyzykly pursady ýetip geldi.
Uçganaklap duran ikiýaşar bedewlere atlanan bedewleriň çapyşygyna badalga berildi. Toýçy märeke bu bäsleşige uly gyzyklanma hem-de tolgunma bilen tomaşa etdi. Aýlawyň pellehanasy çapyşygyň ýeňijilerini aýan etdi. Şeýlelikde, adaty bolmadyk, gyzykly bäsleşikde birinji orna S.A.Nyýazow adyndaky ahalteke athanasynyň Derkar atly bedew mynasyp boldy. Ony T.Babaýew çapdy. Onda ikinji orna M.Gurbangulyýewiň çapan Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň Garaşmaz atly bedewi düşdi. Bäsleşigiň üçünji baýragyna Türkmenistanyň “Senagatbank” döwlet täjirçilik bankynyň Gala atly bedewi mynasyp boldy. Ony K.Agamyradow çapdy.
Şu bäsleşikde birinji orna mynasyp bolana ABŞ-niň 30 müň dollary möçberindäki pul baýragy berildi. Ikinji we üçünji orny eýelänler degişlilikde, ABŞ-niň 20 müň we 10 müň dollaryna mynasyp boldular. Şeýle hem ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Türkmen halkynyň taryhynda ähli baýramçylyklarda, toýlarda atçapyşyklaryna aýratyn ähmiýet berlipdir. Şu gün bu asylly däp milli galkynyşyň aýratyn nyşany hökmünde özüniň asyl durkuna, köp asyrlyk dessurlaryň gözbaşyna dolandy we ol häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürildi. At çapyşyklary diňe bir bäsleşik bolman, eýsem ol ajaýyp hem-de gadymy ahalteke tohumyndaky bedewleriň gözelligine bolan tomaşadyr. Özüniň gaýtalanmajak gözelligi we çeýeligi bilen ahalteke bedewleri türkmen halkynyň buýsanjyna öwruldi. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri ahalteke bedewlerini kemala getiripdirler, onuň tohumyny kämilleşdiripdirler we onuň gözelligi, çeýeligi, ýyndamlygy hem-de duýgurlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk atlary dünýä beripdirler. Hut şonuň üçinem olar dünýäde iň kämil bedewler hasaplanýar. Ady rowaýata öwrülen bedewler häzirki döwürde hem halkymyzyň aýratyn buýsanjydyr, milli gymmatlygydyr.
Halkara atçylyk sport toplumynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabarasy tamam boldy. Türkmen bedewlerine bagyşlanan aýdym dabaranyň jemini jemledi. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gül desselerini gowşurdylar. Soňra döwlet Baştutanymyz olar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.