Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.
Myhman wagt tapyp, kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy golaýda bellenilip geçilen uly baýramçylyk-Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygy bilen gutlady we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Jenap Sergeý Lebedewiň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan özüniň döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen bütin dünýäde tanalýar. Bu syýasat ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösmegini we onuň halkara giňişliginde abraýynyň barha artmagyny şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl GDA başlyklyk edýän türkmen döwletiniň Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, umumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýandygy nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, biziň ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygyny tassyklady. Munuň özi milli daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan GDA agza ýurtlar bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýýar hem-de öz tarapyndan mundan beýlä-de bu gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy we ösdürmegi göz öňünde tutýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesinde GDA-nyň çäklerinde gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady, şeýle hem ynsanperwerlik-medeni gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we GDA agza ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek mejlisleri bilen baglanyşykly mesele aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň teklibi boýunça olaryň geçirilmeli senesi dekabr aýynyň başyna geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ýokary derejedäki möhüm forumy hem-de onuň öň ýanynda guraljak GDA agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisini geçirmäge doly taýýardygy nygtaldy. Onuň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde köp ugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri giriziler.
Şe jähtden, jenap Sergeý Lebedew milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän çäreleri guramaga ýakyndan we hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu çäreleriň her biri ýokary guramaçylyk derejesi we netijeli häsiýeti bilen tapawutlanýar diýip aýratyn belledi.
Hoşlaşanlarynda Türkmenistanyň Prezidenti we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişligindäki taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanýan we deň hukuklylyk, birek-berege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda hem-de milli we umumy bähbitleri nazara almak bilen guralýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyk tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz Ruhyýet köşgünden çykyp, “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady. Ýol ugrunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň ýanyndaky Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň käbirine, Aşgabat şäheriniň häkimine we beýleki ýolbaşçylara paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmaga we bagy-bossanlyga öwürmäge, ýurdumyzyň baş şäherinde arassaçylygy hem-de tertip-düzgüni üpjün etmäge degişli anyk tabşyryklary berdi. Şunda hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin oňaýly şäherleriň biri diýlip ykrar edilen paýtagtymyzyň ähli görkezijiler babatda nusga bolmalydygyny hem-de türkmen döwletiniň täze taryhy eýýamynyň—berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhuny we belent ýörelgelerini şöhlelendirmelidigini nygtady.
Şu günüň ikinji ýarymynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy-Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşygyň barşynda 2012-nji ýylyň biziň ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi we ýokarda agzalan möhüm çärelere taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly gaýragoýulmasyz meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem GDA giňişliginde oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşyldy.

* * *