Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 600
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi, oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan meseleleri, hususan-da, obasenagat we aragatnaşyk ulgamlarynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny ýerine ýetirmek babatda welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz öňi bilen göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Ministrlet Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýewiň hasabatyny diňledi. Ol gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamynda işleriň alnyp barlyşy hem-de habar beriş tehnologiýalaryny döwlet dolandyryş ulgamyna ornaşdyrmagyň ikinji tapgyrynyň, hususan-da, welaýatlaryň häkimleri bilen etraplaryň häkimleriniň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmak hakynda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty kanagatlanmak bilen diňläp, göni wideoaragatnaşygyň ikinji tapgyryny işe girizmäge rugsat berdi. Döwlet Baştutanymyz bu waka bilen gutlap, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça iri möçberli milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek aragatnaşyk serişdelerini we elektron gatnaşyklary mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça täze wezipeleri öňe sürýär diýip nygtady. Wideoşekilli aragatnaşygyň ikinji tapgyrynyň – welaýatlaryň häkimleri bilen etraplaryň häkimleriniň arasynda göni aragatnaşygyň ýola goýulmagy berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe elektron-hökümet dolanyşygy arkaly ähli derejelerdäki ýolbaşçylar bilen mydama wideoşekilli aragatnaşykda bolmak hem-de hemme ulgamlary gurşap almak barada durmuşa geçirilýän köptaraplaýyn işleriň möhüm netijesidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunda elektron-hökümet dolanyşygynyň häzirki zamanyň döwrebap we ösen tehnologiýalaryny hem-de nou-haularyny ornaşdyrmaga möhüm orun berilýär diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli ulgamyň bökdençsiz işlemegine, şeýle hem garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň işine gözegçilik etmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimize welaýatyň zähmetsöýer babadaýhanlarynyň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “ak altyn” taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny üstünlikli ýerine ýetirendigi hakynda hoş habary ýetirdi. Häkim ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmekde we ýokary depginler bilen ösdürmekde, ene topragymyzyň berekedini artdyrmakda, onuň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, ýerden bol hasyl almakda ata-babalarymyzdan miras galan baý tejribäni, ylmyň, agrotehnikanyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmakda, şeýle hem daýhanlar barada edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin milli Liderimize welaýatyň ähli zähmetkeşleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Ahal welaýatynyň pagtaçylarynyň şu ýyl yhlas bilen zähmet çekendigini belläp, döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekin meýdanlarynda pagtanyň bereketli hasylynyň ösdürilip ýetişdirilendigini we şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilendigini aýtdy. Gazanylan uly üstünlikde oba hojalygynyň ähli işgärleriniň, şol sanda daýhanlaryň we mehanizatorlaryň ägirt uly goşandy bar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Welaýatyň ekerançylaryny zähmet ýeňşi bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Wideoşekilli maslahatyň barşynda welaýatyň häkimi sebitde durmuşa geçirilýän işler, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň, pagtaçy-kärendeçileriň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen pagtanyň ýekeje übtügini hem isrip etmän ýygnamak işiniň we güýzlük däne ekişiniň barşy barada hasabat berdi. Welaýatyň ýolbaşçysy hasabatynyň çäklerinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak babatda öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hem aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygyna degişli meýdan işleri baradaky meselä ünsi çekip, ekerançylyk meýdanlaryndan “ak altynyň” ösdürilip ýetişdirilen ähli hasylyny gysga möhletde ýygnamak, şeýle hem güýzlük däne ekişini agronomçylyk kadalaryna laýyklykda öz möhletinde tamamlamak üçin ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak barada anyk tabşyryklary berdi. Şunda milli Liderimiz güýzlük däne ekinlerine ideg etmek boýunça degişli agrotehniki çäreleri oňat hilli geçirmegiň möhümdigini belledi, bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek gönüden-göni şoňa baglydyr. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäginde geljek ýylyň dowamynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň maksatnamasyny taýýarlamak barada tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýat häkimleri bilen etrap häkimleriniň arasynda wideoşekilli aragatnaşygyň işe girizilendigi mynasybetli ýerlerdäki ýagdaýlar bilen içgin tanyşmak hem-de şu maslahatyň barşynda berlen tabşyryklary etrap häkimlerine ýetirmek we soňra bolsa olaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat soramak hakynda tabşyryk berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowy çagyrdy. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy we möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň depginleri, hususan-da, “ak altynyň” hasylyny ýygnamagyň hem-de güýzlük bugdaý ekişiniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem geljek ýyl welaýatda gurulmagy meýilleşdiriýän desgalaryň gurluşyk maksatnamalaryny taýýarlamagyň barşy barada habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda galan pagta hasylyny doly ýygnamak boýunça ähli zerur çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň harmanhanalarynda pagtanyň ýygnalan hasylyny aýawly saklamagy tabşyrdy we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli aragatnaşygyň ikinji tapgyrynyň işe girizilendigini belläp, günbatar welaýatyň ýolbaşçysyna etraplaryň häkimleri bilen wideoşekilli iş maslahytyny geçirmegi hem-de berlen tabşyryklary olaryň dykgatyna ýetirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda şu ýyl gurlup gutarmagy meýilleşdirilen desgalaryň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, olaryň ählisinde gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmek barada tabşyryk berdi. Geljek ýyl üçin desgalary gurmagyň maksatnamasy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz bu meseläniň üstünde ykjam işlemegi we ýakyn wagtda anyk teklipleri bermegi tabşyrdy.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri, şol sanda pagta hasylyny tiz wagtda ýygnap almak we güýzlük galla ekişini öz wagtynda tamamlamak maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Ol şeýle-de dürli maksatly täze desgalaryň gurulmagyny öz içine alýan toplumlaýyn maksatnamalaryň sebitde amala aşyrylmagynyň barşy hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipelere ünsi çekdi. Şunda ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda bolşy ýaly, daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen pagta hasylyny doly ýygnamak we güýzlük galla ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak esasy talap bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Etraplaryň häkimleri bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän göni wideoaragatnaşygyň ikinji tapgyrynyň ýola goýlandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz demirgazyk welaýatyň häkimine etraplaryň ýolbaşçylary bilen yzygiderli maslahat geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz häkimden diňe bir oba hojalyk pudagynda däl, eýsem, welaýatyň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklarynda alnyp barylýan işleriň-de netijeli bolmagy üçin tagalla etmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz önümçilik we medeni – durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýan maksatnamany işläp taýýarlamak barada tabşyryk berdi.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowy çagyrdy.

Ol öz nobatynda welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem güýzlük däne ekişini we pagta ýygymy möwsümini öz wagtynda tamamlamak maksady bilen görülýän çäreler hakynda aýtdy. Şeýle hem häkim welaýatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabaralary, dürli maksatly täze desgalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýan toplumlaýyn ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz milli senenamamyzyň şanly senesiniň hormatyna guralan dabaralar ýurdumyzyň durmuşyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünliklere beslenendigini alamatlandyrdy, indi Watanymyzyň mundan beýläk-de abadançylygyny we gülläp ösüşinii üpjün etmek maksady bilen, bu üstünlikler has-da berkidilmelidir hem-de baýlaşdyrylmalydyr diýip belledi.

Milli Liderimiz soňra Lebap welaýatynyň oba hojalyk ulgamynyň işiniň ilkinji nobatdaky taraplaryna ünsi çekip, ähli güýçleri, şol sanda bar bolan degişli oba hojalyk tehnikasyny ekerançylyk meýdanlarynda galan pagtany ýygnamaga, şeýle hem güýzlük bugdaýyň ekişini tamamlamaga jemlemegiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu barada aýdyp, şunuň bilen baglanyşykly ähli meseleleri çözmäge guramaçylykly çemeleşmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň käbir etraplarynda oba hojalyk işleriniň, hususan-da, pagta ýygymynyň pes depginde alnyp barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyzy şunuň bilen baglylykda Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowa Döwletli etrabynyň häkimi A.Allaberenow bilen emele gelen ýagdaýy seljermegi we ony düzetmek boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.

Häkim Döwletli etrabynda işleriň ýagdaýy, pagta ýygymynyň we güýzlük galla ekişiniň depginleri barada habar berip, döwlet Baştutanymyzy daýhanlaryň ösdürip ýetişdiren pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnaljakdygyna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçirilýän işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça degişli çäreleri görmegi berk talap etdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem welaýatyň häkimine göni aragatnaşyk arkaly etraplaryň häkimleriniň hasabatlaryny diňlemek bilen welaýatda işleriň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli göni aragatnaşyk boýunça geçirilýäen iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowyň hasabatyny diňledi. Häkim welaýatda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler, şol sanda pagta ýygymynyň we güýzlük galla ekişiniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem täze desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak barada görülýän çäreler, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň hormatyna welaýatda guralan baýramçylyk çäreleri hakynda habar berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, ähli güýçleri, şol sanda bar bolan oba hojalyk tehnikasyny meýdanlarda galan pagta hasylyny ýygnamaga, güýzlük galla ekişini öz wagtynda tamamlamaga gönükdirmegiň, şeýle hem “ak altynyň” hasylyny welaýatyň harmanhanalarynda aýawly saklamagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ähli meseleleri çözmäge guramaçylykly çemeleşmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda gurulýan iri desgalaryň käbirinde işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, gurluşygyň depginlerini ýokarlandyrmak we işleriň ýokary hilini üpjün etmek boýunça ähli çäreleri görmegiň möhümdigini aýtdy. Geljek ýylda senagat we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyny göz öňünde tutýan maksatnamany işläp taýýarlamagyň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň häkimine birnäçe görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilen söhbetdeşligiň jemini jemläp, şu günki seredilen meseleleriň möhümdigini nygtady we şol wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, halkyň abadan, ähli babatda mynasyp durmuşy üçin uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara işde hem-de beýik maksatlary durmuşa geçirmäge we ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.